ADAMLARYÑ UZAK WAGTLAP UNUDAN ULY SYRY:
▶ "OÝ-PIKIR ENERGIÝASYNYÑ BELLI BIR NOKADA GÖNÜKMEGI "MAGIKI KADALARY" HEREKETLENDIRÝÄR.." Magiýanyñ köki birnäçe kosmiki kadalaryñ ulanylmagyna esaslanýar diýipdik. Bu kadalaryñ ulanylmagynda we bu kadalaryñ hereketlenmeginde oý-pikir energiýasynyñ belli bir nokada gönükmeginiñ juda möhüm hyzmaty bardyr. Magiýanyñ nämedigine göz ýetirmek üçin ilkinji nobatda pikirlerimiziñ belli bir nokada, belli bir wagtlap gönükmegi bilen nähili netijeleriñ ýüze çykjakdygyny gowy bilmegimiz gerek. Pikir diýilýän zada dar manyda birnäçe pikirleriñ aklymyzdan gelip-geçmegi diýip düşünmeli däl. Biz her hili pikir çemeleşmelerimiz bilen ýygjam energiýa "transformatoryna" öwrülýäris. Bu energiýalary belli bir wagtlap belli bir ýygylykda belli bir nokada gönükdirsek, onda birnäçe tapawutly netijeleri gazanmagymyz mümkindir. Mysal üçin, egin-eşiklere el degirmän hereket etdirip ýa-da kellesi agyrýan haýsydyr bir dostuñyzyñ agyrysyny özüñize geçirip bilersiñiz. Ýa-da, munuñ tersine, garşymyzda duran adama tarap ýöränimizde bu metod bilen oña zyýan ýetirup bilersiñiz. Hut ençeme asyr owal ezoterik çeşmelerde saklanyp galan "pikirleriñiz üçinem jogap bermeli bolarsyñyz" diýen jümläniñ asyl manysy, ynha, şundadyr... Şu ýerde bir zady aýratyn belläp geçeliñ, "göz degmesin" diýen ynanjyñ gelip çykyşy-da şu prinsipe esaslanýar. Pikir energiýasynyñ belli bir nokada gönükdirilmegi bilen fiziki jisimleri nähili hereketlendirýän, şonuñ ýaly-da, ýañam aýdyşymyz ýaly "Kosmiki kadalary" hereketlendirip bilersiñiz. Emma pikirlerimizi belli bir ugra gönükdirmek, ýagny erk etmek pikir edilişi ýaly añsat zat däldir. Bu barada oýlanmaga başlap-başlamanka aklymyza şobada birtopar başga pikirleriñ kürsäp urýandygyna şaýatdyrys. Munjñ esasy sebäbi bolsa, pikirlerimize hojaýynlyk edip bilmeýänligimizdendir. Ýagny erkimiziñ gowşaklygyndadyr. Pikirleriñ belli bir nokada, belli bir wagtlap gönükmegi üçin erk-ygtyýar ukybynyñ kämilleşdirilmegi hökmanydyr. Şonuñ üçinem parapsihologik işlerde-de, gadymy magiki işlerde-de erk etme ukybyna aýratyn üns berlerdi. ▶ TUMARLARYÑ MAGIKI TILSIMLERDÄKI ORNY: Biz pikir hereketlerimiz bilen daş-töweregimize ýygy energiýa tolkunyny ýaýradýarys diýipdik. Bu energiýalar töweregimize ýaýran wagtynda galtaşan jisimlerine birikýärler. Ýagny pikirlerimizde emele gelen "energiýalar" töweregimize akyp, gözümiñ görüp duran predmetlerine we egin-eşiklere siñýär. Çünki maddanyñ iñ esasy aýratynlyklarynyñ biri: täsirlenme aýratynlygynyñ barlygydyr. Madda diýilýän ýygjam energiýa her dürli pikir energiýasyny özünde jemläp bilýär. Tumarlaryñ orta çykyşy şuña esaslanýar. Belli bir maksat bilen tumar hökmünde peýdalanmaga niýetlenen predmete ýygjam pozitiw ýa-da negatiw energiýa utgaşdyrmak tumarlaryñ döremegine sebäp bolupdyr. Tumar diýip atlandyrylan bu predmete gönükdirilen pozitiw ýa-da negatiw täsirler berlen adamyna geçýändigi üçin bu tilsim dünýädäki birnäçe jemgyýet tarapyndan uzak wagtlap ulanylypdyr. Ezoterik çeşmeler juda gadymy zamanlarda ulanylan tumarlaryñ Musanyñ hasasynda bolşy ýaly ýörite maksatly jisimlerden ýasalýandygyny nygtaýarlar. Gürrüñimizi uzaldyp durman, kelte keseliñ... Netijede häzirki wagtda ýiteñkirlän we gelip çykyşy undulan magiki tilsimleriñ birmahallar adamzadyñ hem peýdasyna, hem zyýanyny ulanylandygyny aýdyp bileris. Ýogsa-da, bu tilsimler undulmadyk bolsa näme bolardyka?.. Geliñ, şu ýerde bir pursatlyk pikir edip göreliñ: Häzirki adamlar gürrüñi edilen magiki kadalary ulanyp bilse nämeleri ederdi eýse?!.. Muny göz öñüne getirmegem iniñi jümşüldedýär! Gorkunç!.. "...HÄZIRKI WAGTDA BU TILSIMLERIÑ DOLY DIÝEN ÝALY UNDULMAGY, ASLYNDA ADAMZADYÑ ÖZI ÜÇIN BAHASYNA ÝETIP BOLMAJAK BAGTDYR..." Biz söhbetimizi ýene-de şol ýyllara tarap yza dolalyñ we taryhyñ akymyny bilelikde yzarlamaga dowam edeliñ... Musa pygamberden soñ sebitdäki birnäçe ruhany täze pygamberiñ gelýändigini adamlara buşlap başlapdylar... Şeýlelikde, Musa pygamberiñ öñden görüjiliginiñ amala aşmagyna az wagt galypdy...
Ergun Jandan
www.kitapcy.ga