3. TELEKINEZIÝA UKYBY
Isa pygamber añ energiýasyna doly erk etmek bilen janly we jansyz maddalara-da hökmüni ýöredip bilýärdi... Häzirki wagtda parapsihologiýa ylmynda "telekineziýa" diýip düşündirilýän şeýle ukybyñ Isa pygamberde bolandygyna şaýatlyk edenleriñ arasynda iñ ýakyn hawarileri bolupdyr. Matta gözi bilen gören wakasyny Injilde şeýle gürrüñ berýär: "...Isa säher çagy şähere dolananda ajykdy. Ýoluñ gyrasynda duran injir agajyny görüp onuñ ýanyna bardy, ýöne onda ýaprakdan başga zat ýokdy. Isa agaja ýüzlenip: "Mundan buýana senden hemişelik miwe önmesin". Injir agajy şobada gurady. Şägirtleri muny görüp: "Nädip injir agajy şobada gurady?" diýip geñ galdylar. Isa olara şeýle diýdi: "Dogrusyny aýdaýyn. Eger sübhelenmän imanyñyzy sagdyn tutsañyz, diñe şu injir agajyna bolanlary däl, şu duran daga-da "Ýeriñse tur, deñize gir" diýseñiz, amal edip bilersiñiz. Dogada iman edip näme dileg etseñiz amal bolýandyr". ("Matta", Bab: 21/18-22). Ilki-ilkiler çagalara gürrüñ berilen ertekipisint bu hekaýatlaryñ hakykatda bolup geçen wakalardygy parapsihologiýa laboratoriýalarynyñ praktiki barlaglarynda doly subut edildi. Hakykatdanam añ energiýasy dogry ulanylyp başarylanda we tilsimine laýyk erk edilende janly-jansyz maddalarda her hili üýtgeşme emele gelýär. Doganyñ özeni añ energiýasynyñ erkine esaslanýar diýipdik. Ynha, Isa pygamberiñ ýokarda aýdan sözlerinde-de, bu hakykatyñ hawarilerine mälim edilendigini aýdyñ görýäris. Pygamberiñ "dogada iman etmek" sözi hut şony añladýar. Erk etme güýjüne ýaramaz täsir edýän iñ güýçli urgy "şübhe" owuntyklarydyr. Ol hawarilerine şek-şübhä düşmezlikleri üçin ýörite sargapdyr. Hristian dünýäsinde bu meseläni çuññur barlap, öñe sürülýänleri delillendirip boljakdygyny ýa-da däldigini anyklamaga çalşanlaram bolupdyr. Olardan biri hem Hindistanda we Tibetde geçiren barlaglary bilen tanalan alym Aleksandr Kannon. Doktor A.Kannon "Göze görünmeýän täsir" atly kitabynda tanymal bir professoryñ adyny agzaýar. Ol professor Kannondan Isa pygamberiñ injir agajyny guradyp guratmandygyna bolan pikirini we ol hadysany edil häzir "mugjyza" hökmünde görüp-görmeýändigini sorapdyr. Professor soñra Kannony golaýdaky baglyga äkidipdir. Ol garry bir agajyñ ýanyna baryp: "Oñat ömür sürdüñ, ýaşaýşyñ kynçylyklaryna döş gerdiñ. Indi öl we gaýdyp janlanaýma!" diýipdir. Agaç bir salymdan guraýar. Agajyñ gurap barýan pursatlary sekuntma-sekunt fotosurata alynýar. 1970-nji ýylda bolup geçen bu wakanyñ suratlaryny Kannon kärdeşlerine görkezýär. Bu hadysa şol wagtlar gyzgyn seslenme döredýär. Bu barada Kannon kitabynda şeýle diýýär: "Injir agajynyñ ýekeje görkezme bilen guramagyna sebäp bolan zat Hezreti Isany añydyr. Bular ýaly mugjyza indi Hindistanda ee Tibetiñ çet ýerlerinde meniñem şaýat bolşum ýaly, ýygy-ýygydan bolup durýar".
Ergun JANDAN.
kitapcy.ga