Türkmen diline terjime edilende "jady" manysyny berýän magiki tilsimleriñ taryhy dünýä taryhynyñ iññän gadymy döwürlerine çenli uzaýar... Emma gadymy döwürlerdäki jadygöýlige bolan garaýyş bilen biziñ döwürlerimizdäki garaýyşyñ arasybda düýpli tapawutlar bar. Gadymy jemgyýetleriñ ählisinde "din, jady we durmuş" biri-biri bile aýrylmaz baglanşyklylyk görkezýärdi. Mysal: gadymy türki kowumlaryñ dini ynanjy bolan şamanizmde, gadymy müsür dininde, Kristof Kolumbdan öñki astek-ink maýalarynyñ siwilizasiýalarynda, indeýlerde, Kalde we Babyl urp-adatlarynda, harranly sabilerde, hindi we tibet dinleriniñ ählisinde jadygöýlik birinji orunda durupdyr. Şol döwürler magiýanyñ dürli-dürli ulanylyş ugry bardy. Magiýanyñ gurşap alýan çägi gadymy döwürlerde ümmülmez giñişlige eýedi... Eýsem bu giñişligiñ içinde näme bardy? 1. Kosmiki täsirleriñ dep edilmegi üçin ýerine ýetirilen rituallarda; 2. Tebigy hadysalara erk etmekde; 3. Keselleriñ dep edilmeginde, ýagny tebipçilikde; 4. Adamyñ özündäki ruhy mümkinçilikleri hereketlendirmekde;5. Jansyz jisimlerden ýardam almakda we ş.m... Ynha, şu sanalanlaryñ ählisinde "magiki kadalaryñ" hyzmatyndan peýdalanýardylar. Gadymy jemgyýetleriñ gündelik durmuşyna aralaşan magiki tilsimleriñ adamlaryñ sosial gatnaşyklarynda-da möhüm orny bardy. Magiýa birmahallar sözüñ doly manysyndaky hakyky ylymdy... Okkultistik-kosmiki kada-kanunlar görnüşinde ulanylan magiýa wagtyñ geçmegi bilen bozulmaga (вырождаться) başlapdyr. ♣ Indi bu syrlar ýatdan çykyşypdyr...Adamlaryñ biri-birlerine garşy doga-jady edýändikleri baradaky çekişmeler bilen hemmämize tanyş bolsa gerek. Kimdir biri kimdir birine jadynyñ güýji bilen bir zat etmek islese: "Ol kişiniñ saçynyñ bir taryny ýa-da dyrnagynyñ bir bölegini alyp gel" diýýändir. Munuñ düýp manysy "Bölek bitewilige degişlidir" diýen düzgüne esaslanýar. Kosmiki kadalardan biri bolan bu düzgün bir wagtlar bir synada jem bolan närseleriñ soñ aýry-aýry ýere düşäýen ýagdaýynda-da, jisim böleginiñ başyna gelen bir işiñ, bitewi synany hem täsirine alyp biljekdigi baradaky prinsipe esaslanýar. Saç we dyrnak ýaly bölekler bedenimiziñ bir parçasy bolup durýandygy üçin saça edilen haýsydyr bir täsiriñ şol saçyñ eýesini-de öz täsirine alyp biljekdigi baradaky ynanjyñ asyl gelip çykyşy etimologik taýdan undulanam bolsa, halkymyzyñ añynda dowam edip gelýän bir tilsim bolup biziñ garşymyza çykýar. Köp adamlar tarapyndan ynanylmaýanam bolsa, halk ynançlarynyñ agramly böleginiñ añyrsynda ýokardaky tilsim ýatandyr. "PARÇA BITEWILIGE DEGIŞLIDIR WE PARÇANYÑ BAŞYNA GELN BITINIÑ BAŞYNA-DA GELÝÄR" prinsipi magiýanyñ iñ möhün kadalaryndan biri bolup durýar. Başgaça aýdylanda, magiýanyñ orta çykmagyna şert döredýän iñ esasy prinsiplerden biridir. Magiýanyñ düýbünde ýatan başga-da bir "kosmiki kada" bar: "MEÑZEŞLIK MEÑZEŞLIGI EMELE GETIRER". Bu kadadan, ýagny meñzeş usulyñ meñzeş netijeleri döretjekdigi baradaky formuladan peýdalanyp, dürli hadysalary döretmäge çytraşylypdyr. Bu babatda, aýratynam geçmişde diýseñ üstünlikli netijeler gazanyp bilipdirler. Gepiñ kelte ýeri, magiýanyñ esaslarynyñ iki kosmiki kada esaslanýandygyny aýdyp bileris: 1. Parça bitine degişlidir we parçanyñ başyna gelen iş bitini-de öz içine gurşap alar. 2. Meñzeş bir usul meñzeş netijäni emele getirer. Añyrsy juda gadymy döwürlere uzaýan bu tilsimleriñ Müsürden häzirki günlere çenli gelip ýetendigini görýäris. Müsür magiýa ylmyny adaty durmuş formasy hökmünde kabul eden döwri başdan geçiripdir. Şol döwürler magiýa öwredilýän we öwrenilýän zatlaryñ biridi... Düzgünleri, usullary, özüne mahsus matematikasy, özüne mahsus prinsipleri bardy... Müsür ruhanylary magiýanyñ düzgünlerini öwrenip bu tilsimleri ele alýardylar. Müsürde döredilen we biziñ günlerimize çenli gelip ýeten ieroglifleriñ, ýazgylaryñ, freskalaryñ aglaba bölegi dini çärelere däl-de, magiýa çärelerine degişlidir. Muña mysal hökmünde Müsürde ýaşan we Müsüriñ syrlaryna inisiýasirlenen grek alymy Pifagoryñ bu ylmyñ inçeliklerini kämil derejede öwrenendigini görkezmek bolar... Musa pygamber barada aýdanymyzda bolsa... Musa pygamber hem bu syrlara inisiýasirlenen Osiris ruhanysydy. Musanyñ görkezen mugjyzalarynyñ añyrsynda köki Müsüre uzaýan magiki tilsimler bardyr. Emma gynansak-da, Onuñ (a.s) bu tarapyna üns berilmändir we Onuñ bu aýratynlygy adamlara ýeterli derejede düşnükli bolman galypdyr. Birnäçe ugurda magiýadan peýdalanan gadymy müsürliler şol bir wagtyñ özünde piramidalaryñ gurluşygynda-da şular ýaly magiki tilsimlerden peýdalanandyklaryny görkezýän birnäçe subutnamalar bar. Mysal üçin arap taryhçysy Abu Zeýd al-Balki müsürli ruhanylaryñ läheñ daş bloklarynyñ üstüne goýýan birnäçe papirus bölekleri bilen jadyly güýji döredýändiklerini we daşlaryñ öz-özünden ýokary göterilýändigini ýazypdyr... Antigrawitasion kadany, ýagny ýeriñ dartyş güýjüni hereketsizleşdiren käbir tilsimatlary müsürleriñ özleşdirendikleri barada bizde ýeterli sagdyn subutnamalar başga-da kän. Diñe müsürlilerde däl, gadymy Atlantis medeniýetiniñ yzlaryny özünde saklaýan gadymy siwilizasiýalaryñ birnäçesinde muña meñzeş deliller bar. Edil Tibetde bolşy ýaly... Tibetde Lhassadan üç kilometr uzaklykda ýerleşen "Khaldan monastyrynda" ynanyp bolmajak mugjyza bolup geçdi. Bu ýer buddistleriñ we Tibet lamalarynyñ mukaddes hasaplaýan ýeridir. Ýylyñ ýylyna müñlerçe adam bu monastyra zyýarata gelýär. Monastyryñ aýratynlygy bu ýerde XIV asyrda ölen bir buddist ruhanysynyñ meýdiniñ saklanmagydyr. Jeset mazaryñ içinde däl. Ol mumyýalanan görnüşde hiç hiki fiziki galtaşma bolmazdan ýerden 1,5 metr ýokarda howada asyl-asyl bolup dur. Ruhanynyñ jesedi tutuş alty asyrlap howada hiç hili goldawsyz dur. Emma 1970-nji ýyldan başlap "Khaldan monastyrynyñ" ruhanylary tarapyndan howada asyl-asyl bolup duran meýdiñ ýerleşen otagyna gelýän her dürli syýahatçylara ýapylandygy üçin bu mugjyzanyñ häli-häzirem dowam edip-etmeýändigi belli däl... Mysallary ýene-de köpeldip bileris... Emma mysallar bilen gürrüñimizi uzaltmagyñ deregine, bu meseleler baradaky pikirini gysgaça beýan eden genial alym Eýnşteýniñ sözlerini sitata alyp, makalamyzy jemlemek isleýärin: "Gadymkylar biziñ bilmeýän käbir syrlarymyzy bilýärdiler..." Magiýanyñ dünýäde "ak" we "gara" magiýa görnüşinde ulanylmaga başlanan döwri Atlantis eýýamyna gabat gelýär. Hut Müsüre magiýanyñ aralaşmagy-da, Atlantisden gelen bosgunlardan soñ başlanýar. 


Ergün Jandan

www.kitapcy.ga

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir