GADYMY TÜRKMENLERIÑ "ÝADA DAŞYNYÑ" JADYLY GÜÝJI



 Iññän gadymy döwürlerden bäri: "Türkleriñ atalaryna asmandan inen jadyly daş sowgat edilipdir. Bu daş elmydama türk şamanlarynda we beýik türk serkerdelerinde saklanypdyr" diýen ynanç dowam edip gelýär. Özem iñ gyzykly ýeri häli-häzirem bu daşyñ belli şaman ruhanylarynda saklanýandygyny öñe sürýänler bar. Bu aýdylýanlaryñ ýöne bir ynançdan ýa-da myş-myşdan ybarat däldigine müñlerçe ýyl owalky hytaý senenamalary güwä geçýär. "Türkleriñ medeni kökleri" atly kitabymda-da jikme-jik aýdyp geçişim ýaly gadymy türk(men)lerde şeýle daşyñ (ýada daşy) bolandygy barada köpsanly taryhy çeşmeler bar. Hytaý çeşmeleri türkleriñ bu daş arkaly islän wagtlary ýagyş-gar ýagdyryp bilendiklerini ençeme ýerde belläp geçýär. Ata-babalarymyzyñ islän wagtlary ýagyş, gar, çabga ýagdyryp, ýel öwüsdirip bilendikleri barada, hatda harasat turuzandyklaryna degişli ilkinji taryhy maglumat şudur: Türkleriñ nesilbaşysy hunlaryñ demirgazygynda ýaşaýan So neberesindendi. Oýmagyñ kethudasy Anan-bu bolupdyr. Olar ýetmiş dogan eken. Birinjisi urkaçy möjekden emele gelip, adyna Içjini-nişibu diýer ekenler. Içjini-nişibu adatdan daşary tebigy hadysalara erk edip bilipdir. Ýagyş ýagdyryp, tupan turuzyp başarypdyr.[23] Şeýle-de hytaý çeşmelerinde 449-njy ýylda ýüze çykan söweş barada gürrüñ berilende, bu mesele bilen baglanşykly şeýle setirlere duş gelinýär: "...Demirgazyk hunlaryñ tabynlygyndaky Ýüje-ban jemagatynda şeýle ruhanylar bardy; duşmana garşy garşylyklaýyn hüjüme geçenlerinde, güýçli ýagyş ýagdyrdylar, harasat turuzdylar. Duşmanyñ her ondan üçüsi suw-sile gark boldy, sowuklap öldi. Yslam çeşmelerinde türk(men)lerde birmahallar bolan bu daşa, "ýagyş daşy" manysyny berýän "Hajer-ül Matar" ýa-da "Seng-y Jede" diýen at berilipdir. Yslam çeşmelerinde ýazylanlara siññin seredilende, türk(men)leriñ by jadyly daşy bilen musulmanlaryñ ýakyndan gyzyklanandygyny görmek bolýar. Yslam taryhçysy Ibnül Fakyhyñ ýazmagyna görä, abbasy halyfy Mamun bu hikmetli daşy öwrenmek üçun Nuh ibn Esed atly birine ýörite tabşyryk beripdir. Nuh ibn Esed türk(men)leriñ arasynda bolanda, daş barada aýdylýanlaryñ hakykatdygyny, ýöne munuñ nähili bolýandygyna akyl ýetirmändigini halyfa habar beripdir.Ibnül Fakyh taryhy ýazgylarynda Horasanyñ emiri Ysmaýyl ibn Ahmediñ Ebul Abbasa aýdan sözlerine ýer beripdir: "Ýigrimi müñ atly bilen tür(men)lere garşy garpyşyga çykdym. Garşymyzda boýdan-başa ýaraglanan altmyş müñ türk bardy. Olaryñ käbiri biziñ tarapymyza geçdi. Biziñ tarapymyza geçenler türk(men)leriñ ýagyş ýagdyrjakdyklaryny aýtdylar. Biz bolsa olara: "Siziñ kalbymyzdan küfür henizem çykmandyr, beýle işleri adam başarmaz" diýdik. Olar: "Biziñki aýtmak, size duýdurýarys. Olaryñ taýynlanýan wagtlary ertir säher çagydyr. Serediñ ýagdaýyñyza..." diýdiler. Dañ atdy. Gorkunç gara bulutlar üstümizi gurşap aldy. Hemmeler gorka düşdi. Görlüp-eşdilmedik çabga başlady". Ibnül Fakyh bu hadysanyñ dowamynda Ysmaýyl ibn Ahmediñ iki rekagat namaz okap bu çabgany türk(men)leriñ öz üstüne gönükdirendigini ýazýar. Şol wagtlar arap yslam goşunlarynyñ "Allanyñ esgerleri" diýen ady göterýändikleri üçin at-abraýdan gaçmaklaryna sebäp boljak bular ýaly hadysalara duçar bolmaklary ylalaşyp boljak zat däldi. Şonuñ üçin agzalýan ýagyş çabgasyny, gaý-tupany namaz okap türk(men)leriñ öz üstüne gaýtarmagyna geñ galyp oturmagyñ hajaty ýok. Daşly gürrüñimize dolanyp geleliñ... Gadymy türki mifologiýasynyñ esasyny düzýän köpsanly legendalarda-da bu daşdan söz açylýar. Hatda ol daşym ulanylyşy barada-da gyýtaklaýyn aýdylýan ýerler bar... Sözümize mysal hökmünde "Är Gökje" dessanyndan bir parçany okalyñ: "...Ýamndaky adamlar suwsady. Är Kosaýa suwdan kösenýändiklerimi aýtdylar. Är Kosaý salpy gulakly sary atynyñ eýeriniñ aşagyndan "jaý daşyny" çekip çykardy. Hallan atdyra-atdyra ýere taşlady. Asmandan ýagyş ýagdy. Ýagyş suwundan gandylar". Abdylkadyr Inan "Gadymy türk dininiñ taryhy" atly kitabynda "El-Lügatün Newiýýe" diýen köne kitapda "ýada daşy" barada şeýle maglumatyñ bardygyny ýazýar: "Ýagyş monjugy" diýilýän bir daşjagaz bar. Oña gurban edilen malyñ gany sürtülýär welin, yagyş ýagyp başlaýar". Bu syrly daş barada bize mälim bolan ähli maglumatlary seljerenimizde, ulanmak üçin daşy suwuñ içine goýulýandygyny, suwuñ üstüne sallap goýulýandygyny, biri-birine sürtýändiklerini ýa-da daşyñ saga-çepe hallan atdyrylyp ýere taşlanýandygyny görýäris. Bu barada pars dilinde biziñ günlerimize çenli gelip ýeten bir şygyrda "ýada daşynyñ" ulanylyşy baradaky gyzykly maglumaty türkmen diline edilen çeper terjimesinde siziñ bilen paýlaşýaryn: "Ol şekilli daşa doga edilse, Gök ýarylar, jemlenişer bulutlar. Ýagyş ýagar suw-sil edip dünýäni, Bu işleri köp edýärler türkler".[24] Bu aýdylanlardan çen tutsak, daşyñ ulanylyş metodlary bilen añ energiýasynyñ ony herekete getirmeginiñ arasynda örän ýygy baglanşyk bardygyny bilmek kyn däl. Diýmek biz pikirler bilen hereketlendirilen jisim häsiýetli daş bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Daşyñ iñ soñky gezek haçan ulanylandygy anyk belli däl, ýöne bu daşdan Osmanlylaryñ hem habarlydyklaryny taryhy çeşmeler habar berýär. Şaban Şypaýynyñ Mehmet IV soltana ýazan "Risale-i şifaiýýe fi beýjini enwa-i ahjar" atly eseriniñ 14-nji sahypasynda bu daş barada gymmatly maglumatlary berýär: "Asmanda ýekeje übtük bulut ýokka "ýada daşy" bilen geçirilen tilsimden iki sagat geçensoñ bulutlar peýda bolup başlar. Yzyndanam bereketli ýagyşlar ýagar. Näçe ýagyşa zerurlyk bolsa, şonçarak ýagdyrmak ýadaçynyñ ussatlygyna baglydyr. Daşlar dürli reñkli bolup bilýär. Esasanam goñras reñkli daşlaryñ üstünde gyzyl menekler bar. Ak reñkli daşlarda-da gyzyl menekleriñ bolýandygyna gabat gelnipdir. Daşyñ ululygy ýumurtganyñ ululygynda bolupdyr". Bu aýdylanlar Mahmyt Kaşgarlynyñ berýän maglumatlaryna birme-bir gabat gelip dur. Mahmyt Kaşgarly agzalýan daşyñ iki dürli bolýandygyny we käbir ýerlerde onuñ birine "Örünk gaş", beýlekisine "Gara gaş" diýilýändigini ýazýar. "Örünk" sözi köne türkmen dilinden häzirki dilimize geçirilende "ak" diýmegi añladýar. Güýçli jalalardan ekin meýdanlaryny goramak üçin daş ýokardan bir ýerden asylyp goýlupdyr we oña el degrilmändir. Ony diñe bu işiñ syryny bilýän ýadaçylar ellämege we ulanmaga haky bolupdyr. Daşlaryñ biri-birine sürtülmegi we bir gap doly suwuñ içine atylmagy netijesinde bu iş amala aşyrylypdyr. Ýöne bu işleri diñe onuñ syrlaryna belet adamlar (ýadaçylar) etmeli eken. Eger başga kişiler bu işi etmäge çalyşsa, hiç hili netije gazanmandyr. Daşy suwa atanyñ bilen işiñ bitdigi bolmandyr... Indi bolsa bu daşy ulanylyş metodlaryny doly ýerine ýetirmän ulanylanda, nähili netije bilen tamamlanandygyny görkezýän, XIII asyrda bolup geçen we taryhy çeşmelere anyk fakt bolup geçen bir hadysany siziñ bilen paýlaşmak isleýärin: "Welaşgerdiñ etegine gelenimizde ýerli halk bize jokrama yssy, guraklyk we janly-jandarlary bimaza edýän siñekler barada aýtdylar. Netijede daşlaryñ kömegi arkaly ýagyş ýagdyrmak barada karara gelindi. Çäräni soltanyñ hut özi gözegçiligine aldy. Ilkibaşda men muña ynanmaýardym. Emma soñra munuñ birnäçe tejribeler arkaly hakykatdygyny gözüm bilen gördüm" diýen S.A.Nesewi wakanyñ dowamyny şeýle beýan edýär: "Bu gezek gije-gündizläp üznüksiz ýagan ýagyşlardan ýaña halk näderini bilmän aljyrap başlady. Hemmeler ýagyş jadysyny etdirendikleri üçin puşman etdiler. Şeýle bir güýçli ýagyş ýagdy welin, çar tarap palçyga we batgalyga bürendi. Soltan çadyryna-da girip bilmedi. Ýagyş diñjegem bolanokdy. Sil-suw dünýäni weýran etdi. Şol ikiarada soltanyñ enesiniñ oña şeýle diýenini eşitdim: "Sen älemiñ hudawendigärisiñ... Emma ýagyş ýagdyrmagyñ däl... Bu gaý-tupany turuzyp ýalñyşdyñ... Seniñ deregiñe başga biri bolsa muny etmezdi, diñe gerekli mukdarda ýagdyrardy". Daşlary nädogry ulanmagynyñ nähili netijelere äkitjekdigi ýokardaky maglumatdanam aýdyñ görünýär. Galyberse-de bu daşlara Atlantisde ulanylanlaryñ kiçijik mysaly hökmünde seretsek, onda Atlantisdäki şeýlekin daşlaryñ äpet energiýa merkezleriniñ negatiw gurşawyndaky hereketiniñ niçiksi tebigy katastrofalara sebäp bolandygyny çaklabarmeli.

Ergun JANDAN.

www.kitapcy.ga

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir