Öz gezeginde, türkmenlerde nesilbaşy Salyr Gazanyñ garagalpak baýynyñ gyzyna öýlenendigi barada rowaýat bar. Şeýlelikde A. Jykyýewiñ ýazyşy ýaly, häzirki salyrlar ene tarapdan garyndaş bolup, özlerini garagalpaklaryñ ýegenleri hasap edýärler(61).
Türkmenleriñ etnik täsiri tatarlarda we başgyrlarda hem duşýar. Eýýäm IX asyrda Aralyñ kenarynda, Ural we Wolga derýalarynyñ aralygynda oguz taýpalary öz düzümlerine bajgardlary (başgyrlary) goşupdyrlar, emma, haçanda oguzlaryñ esasy bölegi günorta we günbatara tarap ýönelenlerinde, käbir bölekleri şol ýerlerde galypdyr(62).
Häzirki zaman dilçileri tatar diliniñ günbatar we başgyr diliniñ demirgazyk-gündogar gepleşiklerinde oguz gatlagyñ bardygyny belleýärler. Gelip çykyşy boýunça türkmeniñki bolan 30-dan gowrak tire-taýpa atlary başgyr halkynyñ düzüminde duşýar ㅡ aýy, kumly, gireý, eksi, taz, garaman, akman. Öz gözbaşyny hun döwründen alyp gaýdýan meñzeşlikler hem bar: başg. ýesirgen ㅡ türkm. ýesir (teke saryk), başg. baýlar ㅡ türkm. baý (teke, garadaşly, ärsary, ata, mukry, saryk, salyr, ýomut, ýemreli), başg. aýlan ㅡ türkm. aýlak (ýomut, abdal), başg. zoran ㅡ türkm. zorra (ärsary, saryk), başg. bakaý ㅡ türkm. bakaýa (teke), başg. telten ㅡ türkm. telter (hatyp, mukry), başg. saraly ㅡ türkm. saryly (ärsary) we ş.m(63).
Başgyrlarda hatda türkmenleriñ uruglary (tireleri) hem bellige alynýar ㅡ gypjak we gara türkmen.
Başgyrlaryñ ýaşaýan ýerlerinde oguz taýpalarynyñ täsiriniñ nähili güýçli bolandygyny gadymy başgyrlaryñ türkmen-oguz eposynyñ gahrymany Gorkut atanyñ ady agzalýan däp-dessury mifiki aýdymlaryndan hem görmek bolýar: (64)

Eý, ruh, eý, ruh,
Çagyrlan wagtyñ gel.
Gaýgylynyñ we keselliniñ ýanyndan
Tap we getir hojaýyny (ýagny ruhy)
Meniñ ruhumyñ hökümi
We Gorkut atanyñ jany bilen.

Tatarlar barada aýdylanda, kimiñ ýazandygy belli bolmadyk ''Hudud al-Alam'' (X a.) atly işde berlişi ýaly, tatarlar ㅡ tokuz-guzlaryñ bir taýpasydyr(65). Powol£ýäniñ tatarlarynyñ ataㅡbabasy gadymy bulgurlar we gypjaklar bolup durýar.
Bulgarlar baradaky ilkinji maglumatlar hunlar zamanasynda, haçanda olar b.e.ö. IV asyrda onogur we kutrigur ady bilen belli bolup başlanlarynda ýüze çykýar. ''Ogur'' sözi ''oguz'' sözüniñ bulgar gepleşik görnüşi hasap edilýär, hatda dilleriñ ''oguz - bulgar toparjygy'' (häzirki zaman gökoguzlar, balkan türküleri) hem bölünýär, olara çekimsiz ''z'' sesini ''r'' sesine çalyşmak häsiýetlidir ( deñeşdir: türkmen etnonimi ''ogry'', ''ogurjaly'').
Gunlaryñ Merkezi Aziýadaky imperiýasy synanyndan soñ, bulgarlar Gadymy türki imperiýasynyñ, soñkular bolsa VII asyryñ harabaçylygynda iki sany täze Hazar (Hazar ýakasynda) we Bulgar (Aral ýakasynda) birleşme emele gelen Günbatartürki kaganatynyñ düzümine girýärler. Ioann Nikiussyñ ''Hronikasynda'' (VII a.) we Nikiforyñ ''Gysga taryhynda'' (VII a.) bulgarlaryñ başynda onogur taýpasyndan bolan Kubrat hanyñ ㅡ türkmen-oguz begi Orhanyñ ýegeniniñ durandygyny görkezýärler. Kubrat 632-nji ýylda öz häkimiýetine köp sanly bulgar uruglaryny birleşdirýär we Beýik Bulgar atly döwlet döredýär. Kubrat ýogalandan soñ (VIII a. 20-nji ýyllary), bu döwlet synýar. Nikiforyñ aýtmagyna görä, Kubratyñ bäş ogly ''kakalarynyñ wesýeti barada az alada edip, kän wagt geçmänkä biri-birinden aýrylyp, özlerine düşen halkyñ bölegini aýryp alypdyrlar''(66).
Bulgar taýpalarynyñ biri Wolga tarap gidýär we Wolga Bulgarlarynyñ patyşalygyny emele getirýärler. Olaryñ arasynda Powol£ýede sawir, awar abdal taýpalary agzalýar. Abdallar häzir hem gökleñleriñ düzüminde bar. Awarlar hem türkmen-oguzlarda awa görnüşinde ýatlanylýar. VIII asyryñ çeşmelerinde wolga bulgarlarynyñ şu taýplary bellenilýär: çakar, kuwaýar, ýupan, ohsun, kurigir, eskil, siwan.
Bulgar taýpasynyñ kurigir ady türkmen-oguz taýpasynyñ karkyr ady; siwan ㅡ türkmeniñ suwan urugy (ärsary); çakar ㅡ çekir (ärsary, gökleñ, salyr, sakar); eskil ㅡ türkmen taýpasy eski bilen meñzeş hasaplamak bolar. Kuwaýar bolsa kawarlar bilen deñeşdirmek bolar. S. P. Tolstow kawarlary horezmlilere (hwaryñ, howaryñ üsti bilen) eltýär(67).
Filologlaryñ gelen netijeleri hem gyzyklydyr. A. P. Kowalewskiý ''bulgar'' (bolgar) etnonimini bulgar-burgar-burkaz bilen deñ hasaplaýar.
W. W. Polosin, ýörite ''bulgar'' etnonimini öwrenip, arap ýazuwynyñ dört sany meñzeş: bulgar, bulkar, burgaz, burjan ýazgylaryny berýändigini anyklaýar. Bu sözleriñ hemmesiniñ diñe bir ýazylyşy boýunça däl-de, eýsem geografik ýerleşişi boýunça-da şol bir halkyñ adydyr we dogry okalýan görnüşi ''burgaz'' diýip hasap edýär. Şeýle-de taryhy çeşmelerde köp duşýan ''bulgar'' formasy wizantiýa awtory Zakariýa Ritoryñ (VI a.) ýatlan ''burgar'' umumy gadymy etnoniminiñ gepleşik görnüşidir. Burgar - bulgar we burgar - burgaz dialekt üýtgeşmeleri türki dilleriniñ taryhy fonerikasynda añsat düşündirilýär (68).
Şeýlelikde, ''bulgar'' etnoniminiñ özi hem burkaz tiresi (tekeleriñ düzüminde) bolan türkmen halkynyñ arasynda duşýar. Arap syýahatçysy Ibn Fadlan (X a.) oguz serkerdesi Etrek Kataganyñ wolga bulgarlarynyñ patyşasy Almuşy özüniñ giýewisi hasap edendigini belleýär (69).
XIII asyrda wolga bulgarlary Çingiz hanyñ imperiýasynyñ düzümine girýärler. Wolgadaky bulgar mazarlaryny öwrenijiler W. F. Geniýng we A. H. Halikow Wolga Bulgarlarynyñ döwletiniñ düzüminde başgyrlaryñ, peçenegleriñ we oguzlaryñ bolandygyny belleýär(70).
Şeýlelikde, oguz elementleriniñ bulgar-tatar düzümine we tersine, özara aralaşmagy bolup geçýär. Powol£ýede öñki bulgar mazarlygynda ''Torkman Muhammet, Ýakubyñ ogly'' diýen ýazgyly mazar daşynyñ (XIV a.) tapylmagy hem gyzyklydyr(71).
Orta asyr türkmen-oguz taýpalary gyrgyz halkynyñ emele gelmeginde hem uly hyzmaty bitiripdirler. Sekiz oguzlar ㅡ naýmanlar gyrgyzlaryñ iñ uly bölümi bolup durýarlar. Gyrgyzlaryñ düzümine şeýle-de halaçlar we garlyklar (üç oguzlaryñ birleşigi) giripdir. Belli bolşy ýaly Mahmyt Kaşgarly (XI a.) garlyklary türkmenler diýip atlandyrypdyr(72).
''Gyrgyz'' adynyñ özi ''kyrkyryñ'' gepleşik formasydyr (z-r ses çalşygy). XVI asyrda ýazylyp alnan gyrgyz rowaýatlary, gyrgyz halkynyñ ata watany diýip Kyrkyr welaýatyny hasap edýärler. ''Manas'' eposynyñ baş gahrymanynyñ ýigitleri kyrkyrlar diýip atlandyrylýar(73). Kyryk taýpasy 24 oguz taýpalarynyñ belli bolan sanawynda-da duşýar, ''gyrgyz'' adynyñ özi bolsa ''kyryg'' + ''uz'', ýagny '' gyzyl oguzlar'' diýip düşündirilýär(74). Gyrgyzlaryñ dürli şejere rowaýatlarynda Oguz han, onuñ 6 ogly, 24 agtygy duşýar, olaryñ birinden bolsa Gyrgyz dogulýar(75).
Görnükli gyrgyz etnografy I. B. Moldobaýew gyrgyzlaryñ türkmenler bilen bellibir etnik baglanyşygynyñ bardygy özboluşly görnüşde ''Manas'' eposynda görkezilýär diýip ýazýar. Belli bolşy ýaly, Orta Aziýanyñ ähli halklaryndan oguzlar türkmen halkynyñ emele gelmegine has köp goşany goşýarlar. Emma ''türkmen-oguz toparynyñ taýpalarynyñ bölegi gyrgyzlaryñ düzümine girýär'' (S. G. Agajanow). Bu gyrgyz eposynyñ maglumatlary bilen hem tassyklanýar, onda Oguz han Manasyñ özüniñ şejere daragtynda ýatlanylýar. Eger gyrgyzlaryñ we türkmenleriñ urug-taýpa düzümine seredilse, onda şeýle meñzeşlik duşýar: kesek (türk. kese), £agalmaý (ýagaltaý), kara tuma, ak tuma (tana), kuşçu, kutçu (kuşçi, kutçi), £eti uruk, balykçy (balyksylar), tazdar (taz, daz) merkit, kyzyl baş we beýlekiler... Bu gatnaşyklaryñ gözbaşy gyrgyzlaryñ we türkmenleriñ oguz komponentiniñ esasyndaky etnomedeni birligine eltýär(76).
Sanawyñ üstüni etnonimleriñ atlaryndaky meñzeşlikler bilen ýetirmek bolýar: gyrg. aryk ㅡ türkm. aryk (ärsary, ata, ýomut, salyr, teke, çowdur), gyrg. adigine ㅡ türkm. adykbaý (ýomut), gyrg. bagyş ㅡ türkm. bagşy (ärsary, teke, saryk, salyr, sakar, hatap), gyrg. belek ㅡ bilekge (sakar), gyrg. kasek ㅡ türkm. kesik (salyr), gyrg. sary ㅡ türkm. sary (alili, teke, ärsary, ýemreli, salyr, igdir, änewli), gyrg. sarybagyş ㅡ türkm. sarybaky (esgi), gyrg. munduz ㅡ türkm. munduz (ärsary), gyrg. esengul ㅡ türkm. orus (olam, ýomut, salyr) (77). Manas urugy igdir we çowdur türkmenlerinde duşýar(78).
Oguz zamany halklaryñ arasynda has güýçli etnik gatnaşyklaryñ döwri bolupdyr. Oguz-garlyk taýplary özbek taýpalarynyñ hem tutuş toparynyñ esasyny düzüpdirler. Häzir hem garlyklar ㅡ iñ uly özbek taýpalarynyñ biri. Özbek etnology K. S. Şaniýazowyñ bellemegine görä, oguzlar, peçenegler, saryklar, abdallar we mukrylar özbek halkynyñ emele gelme gelmegine gatnaşypdyrlar(79).
Akademik A. Ý. Ýakubowskiý Şaşda (Taşkentiñ töweregi ㅡ Ö.G.) oguz elementiniñ näderejede güýçli bolandygy özbek folklorynda-da öz beýanyny tapýar, oña laýyklykda, oguzlar häzirki zaman özbekleriñ ata-babasy hökmünde ýatlanylýar diýip belleýär(80).
Özbegistandaky orta asyr etnik ýagdaýy etnolog G. P. Wasilýewa, ine, şeýle dogry belleýär. Ol türkmenler we olaryb ata-babalary oguzlar gadymy döwürde Horezmiñ ilatynyñ emele gelmeginde uly hyzmaty bitiren ýarym çarwa özbekler bu ýerde peýda bolanlaryndan has öñ, bellenilişi ýaly, XVI asyryñ başyndan, oazisiñ çäginde we onuñ gyralarynda ýaşapdyrlar. Türkmenler 1504 ㅡ 1505-nji ýyllarda Ürgenji Şeýbany handan goramaga gatnaşypdyrlar we özbeklerden öñki Horezmiñ ilaty bilen etnik baglanyşykda bolupdyrlar. XIII asyrda, A. Ý. Ýakubowskiniñ ýazyşy ýaly, ''tutuş ekerançylyk Horezmde diýen ýaly, şol sanda şäherlerinde hem guzça (türkmençe) gepläpdirler''.
Horezmlileriñ etnogenezinde uly oguz gatlagynyñ bolandygyna, häzirki günorta horezm gepleşiginiñ özbek diline seredeniñde, türkmen diline has ýakyndygy hem şaýatlyk edýär. Onda köp oguz sözleri duşýar (81).
Özbek filology F. Jumanyýazow özbek halkynyñ emele gelmek ýagdaýyna oguz komponentiniñ gatnaşygyny üç döwre bölmegi teklip edýär: 1) IX ㅡ X asyrlarda ㅡ türkmen-oguzlaryñ günorta-gündogar Aral ýakasyna, Keles sähralygyna, Angren we Çarçyk derýalarynyñ jülgelerine, Çatkal we Ugam dag gerişleriniñ eteklerine göçüp barmaklary; 2) XI ㅡ XII asyrlardaㅡ oguzlaryñ täsiriniñ Horezmde, Şaşda, Syrderýanyñ aşak böleginde güýçlenmegi; oguzlara kañly we garlyk taýpalarynyñ goşulmagy; 3) XIII asyr ㅡ oguzlaryñ etnik toparlarynyñ özbek halkynyñ emele gelen ýerinde (Horezmde, Buharada, Çaçda, Ýediçeşmede, Kaşaderýada we beýlekilerde) ýerleşmekleriㅡoguz toponimikasynyñ bolmagy.
Türkmen-oguz gepleşigi häzirki döwürde Horezmiñ çäginde, Buhara welaýatynyñ Karakul we Alat etraparynda giñden ýaýrapdyr.
Şeýlelikde, özbek halkynyñ emele gelmeginde oguz komponentiniñ uly hyzmaty bitirendigini bellemek gerek diýip anyk aýtmak bolar. Özbekleriñ etnogenezi we etnik taryhy oguz halklary, şol sanda doganlyk türkmenler bilen berk baglanyşykly bolupdyr diýip, F. Jumanyýazow netijä gelýär(82).
Biziñ pikirimizçe, türkmenleriñ özbekler bilen etnik gatnaşygynyñ soñky asyrlarda-da dowam edendigini aýtmak has dogry bolar. Ilkibaşdan ''özbek'' sözi syýasy manyda diñe milli bölünişikden soñ ulanylmaga başlanýar, W.W.Bartoldyñ aýtmagyna görä, özbekler diýip özlerini sartlaryñ, türkmenleriñ, uýgurlaryñ we beýlekileriñ bir bölegi atlandyryp başlapdyrlar(83).
Özbegistanyñ türkmenlerini şertleýin, horezm, buhara we nurata ýaly toparlara bölýärler. Birinji topar ㅡ çowdurlar, arabaçylar, şyhlar, ýomutlar, hydyrililer demirgazykda Aýbugyrdan gündogarda Zaunguz Garagumyna çenli we günbatarda Üstýurtdan we Sarygamyşdan Amyderýanyñ sag kenaryna çenli giñ ýerde (türkmenleriñ ýaşaýan gadymy etraplary) mekan tutýarlar. Ikinji topar ㅡ buhara türkmenleri Günorta Özbegistanyñ çägini häzirki ㅡ Surhanderýa we Buhara welaýatlaryny we Türkmenistanyñ gündogarynyñ beýleki ýerlerini (ärsary, şyh, hoja, hydyrili) dagynyk eýeleýärler. Üçünji topar ㅡ nurata türkmenleri. Olary özbek hasaplasalar-da, olar özlerine türkmen diýýärler(84).
Türkmenler Günorta Özbegistanyñ özbeklerden öñki ýerli ilaty bolup durýarlar. Türkmenleriñ bu ýerlere göçmeginiñ üç tolkuny ㅡ XII, XVII we XVIII asyrlarda bellenilýär. XX asyryñ 20-nji ýyllarynda göçýär. Horezmde bu emigrasiýa köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Sowet häkimiýetiniñ antitürkmen syýasatynyñ netijesinde, türkmenleriñ köp bölegini Bölünişik boýunça komissiýa özbek diýip ýazýar. Şeýdip, hydyrili türkmenleri özbekleriñ hataryna geçirýärler(85). Kaşkaderýa welaýatynda ''çandyr turkmanlary'' diýip atlandyrylýan türkmenler ýaşaýarlar. Olaryñ köp maşgalalary Buhara welaýatynyñ etraplaryna hem göçüpdirler. Alym O. £urakulow, şol türkmenleriñ wekili bolmak bilen, onuñ bölümçeleriniñ atlaryny getirýär: begler,dabbalar, malar, luççaklar, mankalar, karlar, işanlar, çopiklar, başlar, çuntiler, çakanlar, çuptekler, kagdanlar,ýangibaýlar, inakalar. Dogrusy, ol bu türkmenleriñ köpüsiniñ özbek diýip ýazylandygyny hem aýdyp geçýär(86).
Nurata türkmenleri Nur Ata diýen ýerde X asyrda mekan tutýarlar we Mawerannahryñ (Orta Aziýa derýa aralygynda) taryhy ykbalynda uly hyzmaty ýerine ýetirýärler. Soñky asyrlarda syrderýa we horezm türkmenleri yzygiderli Mawerannahra göçüp barypdyrlar we özbekleriñ düzüminde özleriniñ ''türkmen'' adyny saklapdyrlar.
XVI asyrda olar Seýfeddin Ahsikentiñ ''Majmu at-tawarih'' diýen işinde 92 sany esasy özbek taýpalarynyñ düzüminde duşýarlar. ''Nurata'' türkmenleriniñ özbekleriñ düzümine girizilmegi ㅡ olaryñ etnik ösüşinde kanuny zat, sebäbi inkorporasiýada, ýagny urug-taýpa birleşiginiñ düzümine deñ derejede täze etnik elementleriniñ kabul edilmegi we olary özboluşly taýpa, urug ýa-da urug bölümleri hökmünde däp bolan şejerä hökman goşmak dessurynda belli bolşy ýaly, etnik birleşikleriniñ özboluşlygy bardyr(87).
Nurata türkmenleri iki sany iri birleşige bölünýärler. Ilkinji birleşik ㅡ ýigrimi dört (ýigirma tort) taýpadan durýar: gazaýakly, kanjigaly, aýtamgaly, bogajeli (koşamgaly, jaman ㅡ turkman, kara-turkman we ş.m.). Ikinji birleşik ㅡ beş ata mangyşlau şu taýpalardan durýar: kunyş, çilikli, anna, taz, bogajat(88).
Özbekleriñ ýene-de bir taýpasy turkman-juzy diýip atlandyrylýar, olar Garlykderýanyñ suwy bilen suwarylýan Türkmen sährasynda (Türkmendeşt), Surhanyñ sag kenarynyñ merkezi bölegini eýeleýärler. Rowaýatlar juzlaryñ (ýuzlaryñ) ol ýerlere XII asyrda, haçanda Soltan Sanjar ol ýere göçende, ýüz sany türkmen maşgalasyny alyp barandygy barada gürrüñ berýärler. Turkman-juzlar Surhanderýa welaýatynyñ özbeklerden öñki ilaty bolup durýarlar, Şeýbanylara goşulyp, XVI asyrda we XX asyryñ başynda iñ iri özbek taýpalarynyñ biri bolupdyrlar. Olar 16 sany iri uruga (on alty ata) bölünýär we deñ derejede şeýle toparlara girýärler: 8 wahtamgaly (kazaýakly, kuztamgaly, kesauli, balgaly, kazak, jarykbaş, alifli, bataş), 8 sany jilantamgaly (patas, karga, ýurga, egarçi, balahur, kosa, tarakly, ýas). Häzirki wagtda olaryb hemmesi özbek diliniñ joklaýan dialektleriniñ birinde gepleşýärler(89).
Özbegistanyñ türkmenleri we özbek halkynyñ düzümine giren türkmenler özbek edebiýatyna uly medeni gatlagy girizýärler. Belli türkolog A. Samoýlowiç ''Şeýbany han'' diýen özbek poemasynda türkmen romany ''Bozoglanyñ'' uly täsiriniñ duýulýandygyny, beýleki ''Teke begi Zaman'' atly özbek poemasyndaky XVIII asyryñ türkmen gahrymany özbekleriñki hasap edýärler. Emma dessançylar onuñ gahrymanynyñ türkmendigini anyk görkezýärler. Ine, özbek halk şahyrynyñ nurata türkmenleriniñki wekili Ergaş Jumanbulbulyñ dilinden ýazylyp alnan ''Göroglynyñ'' bölegi: (91)

Gadymy döwürde,
Buharadan uzakda,
Mukaddes kybla tarapda,
Teke-ýomut ilinde,
Teke halkynyñ ýaşaýan ýerinde
Görogly ýaşapdyr we hökümdarlyk edipdir.
Çambil depesiniñ häkimi
Ol duşmanlaryna uzak wagtlyk temmi beripdir.

Özbek eposy ''Alpamyş'' hem ''Gorkut ata'' türkmen-oguz eposynyñ täsirine sezewar bolupdyr. Milli türkmen-özbek şahyry hökmünde beýik Magtymgula hormat goýýarlar. Ol Kamil Horezmi, Islam Şair, Murido, Orzu, Bodil, Şeýhzadi, Mirtemir, Şuhrat, Abdulla Oripow, Mirza Kenjabekow we beýleki belli özbek şahyrlarynyñ döredijilikleriniñ ruhlandyryjysy bolupdyr. Özbek filology E. Oçilow ''Özbegistanda bir wagtdan bäri Magtymgulyny öwrenişiñ ýörite mekdebi emele geldi we işjeñ hereket edýär'' diýip belleýär (92).
Gadymy döwürden bäri umumy ata-babalary ㅡ massagetler, sogdylar, eftalitler (abdallar) bolan türkmenler bilen täjikleriñ arasynda hem taryhy we etnik gatnaşyk dowam edýär. X asyrda Täjigistana türkmen-oguz taýpalary göçüp barýarlar. Olar XII asyrda Huttalýanda (Kulýab welaýatynda) we Balh töwereginde uly güýji emele getiripdirler (Mirhondyñ maglumatyna görä, ''40 müñ çadyr''). Türkmenleriñ Täjigistana migrasiýasy XIX asyra çenli, tä Jilikuldan Kurgan-Týubä çenli ýerler eýelenýänçä dowam edipdir.
M. B. Durdyýew ''Ilkinji türkmen toparlarynyñ Täjigistana eýýäm X ㅡ XI asyryñ başynda göçüp barypdyrlar diýip hasap etmäge doly esas bar, ýagny şol döwürde türkmen etnosynyñ emele gelmegi bolup geçýär. Şonub üçin Täjigistanyñ çägini türkmen etnogeneziniñ arealyna goşmak bolar'' diýip ýazýar(93).
Alymlaryñ belleýşi ýaly, türkmenleriñ käbir toparlary köp ýüzýyllyklarda täjikleşipdirler, emma olary türkmenlere häsiýetli nagyşly halylary dokaýyşlary we öz antropologik tiplerini ㅡ uzynkelle ýewropeoidleriñ zakaspiý jynsyny saklandyklary boýunça tanamak bolýar.
Hingoý derýasynyñ orta akymynda özlerini ''tukriýa'' diýip atlandyrýan täjikler ýaşaýarlar ㅡ bu türkmenleriñ assimilirleşen toparydyr.
Käbir täjik şäherlerinde Türkmenistanyñ obalarynyñ ady bilen atlandyrylan türkmen etraplary emele gelipdir. Şeýlelikde, Serahsyñ salyrlary Ura-Týubede Sarahsiýön kwartalyny esaslandyrypdyrlar. Serabat begliginde 12 sany türkmen obasy bolupdyr, olaryñ iñ irisi Şyh obada şyh türkmenler ýaşapdyrlar. Kurgantübe welaýatynda Uzundan Jilikul kölüne çenli iri türkmen massiwi (giñişligi) döreýär, onda ärsarylar köp bolupdyr (olar merkezi Garaturkmen). Oba hojalygynyñ kollektiwizasiýasynyñ geçirilmegi bilen baglanyşykly XX asyryñ 20-nji ýyllarynda Täjigistanyñ türkmenleri Owganystana köpçülikleýin göçüpdirler. Ilat ýazuwynyñ maglumatlaryna görä, 1989-njy ýylda Täjigistanda 20 müñ türkmen bolupdyr(94).
Bu bölümi belli täjik gündogarşynasy B.G. Gafurowyñ sözleri bilen tamamlamak isleýäris. Ol şu gün ylymda bar bolan maglumatlar Merkezi Aziýanyñ halklarynyñ bir-birleri bilen elmydama berk gatnaşykda bolandygyny anyk görkezýär, olar umumy medeni baýlyklary döredipdirler, bitewi däp-dessury emele getiripdirler, ykdysadyýetde, durmuş düzüminde, syýasy gurluşda . . . köp meñzeş häsiýetlere eýe bolupdyrlar. Bu ýurtlaryñ çäklerinde dünýädäki gadymy ekerançylyk siwilizasiýasynyñ ojaklarynyb biri, täze görnüşli ㅡ öndüriji ykdysadyýetiñ dörän wajyp merkezi ýerleşipdir(95).



Edebiýatlar


1. Abuseitowa M. H. i dr. Istoriýa Kazahstana i sentralnoý Azii. Almaty, 2001. ㅡ S.3.
2. Okladnikow A. P. Paleolit i mezolit Sredneý Azii // Srednýaýa Aziýa w epohu kamnýa i ýuronzyㅡM., L., 1966ㅡS.22
3. Şol ýerdeㅡS.74
4. Istoriýa Turkmenskoý SSR. S drewneýşih wremen do welikoý Oktýabrskoý sosialistiçeskoý rewolýusii.ㅡ Aşhabad, 1955.ㅡ T.1.ㅡS.20 ㅡ 22.
5.Şol ýerde ㅡ S.22.
6. Masson W.N. Neolitiçeskiýe ohotniki i sobirateli //Srednýaýa Aziýa w epohu kamnýa i bronzy. ㅡ M., L.,1966ㅡS.144.
7. Istoriýa KirgiziiㅡFrunze, 1963.ㅡT.I.ㅡS.64.
8. Istoriýa tad£ikskogo naroda /pod red. B. A. Litwinskogo i W. A. Ranowa. Duşanbe, 1998 - T.1. ㅡ S.149.
9. Itina M. A. Iz istorii naseleniýa stepnoý polosy Sredneaziatskogo Me£dureçýa w epohu bronzy//Arheologiçeskoýe izuçeniýe Sredneý Azii. ㅡ Kratkoýe sobşeniýa. ㅡ M., 1970. ㅡ No122. ㅡ S. 52 - 53.
10. Masson W. M. Srednýaýa Aziýa i Drewniý Wostok. ㅡ M.,L., 1964 ㅡ S.186-187.
11. Aýdogdyýew M., Gundogdyýew O. Turkmeny i ih gosudarstwa: ot drewnih wremen k zolotomu weku//Neýtralnyý Turkmenistan. ㅡ 23.08.2000.
12. Suleýmenow O. Az i Ýa. Alma-Ata, 1990. - S.542-560.
13. Petrow K. I. Oçerki prosho£deniýa kirgizskogo naroda. Frunze, 1963. - S.5.
14. Gundogdyýew O. A. O ýazyke ''sarskih skifow''// Westnik uniwersiteta ''Kaýnar''.ㅡAlmaty, 1997. - No.3. - S.16 - 17.
15. Aýdogdyýew M., Gündogdyýew Ö. Türkmenler we olaryñ döwletleri //Türkmenistan. ㅡ 15.08.2000.
16. Alekseýew W. Predki týurkskih narodow //Nauka i £izn.ㅡ M., 1971. ㅡNo.5. ㅡs.33.
17. Aýdogdyýew M., Gundogdyýew O. Goaudarstwa, obrazowannyýe oguzami ㅡ turkmenami //Neýtralnyý Turkmenistan ㅡ 26.08.2000.
18. Şol ýerde. Gundogdyýew O. Turkmeny i narody Wostoka//Standart, hil we howpsuzlyk. ㅡ Aşgabat, 1998. ㅡNo.2. ㅡ S.16.
19. Ataniýazow S. Slowar turkmenskih etnonimow. ㅡ Aşhabad, 1988.ㅡ 180 s.
20. Çebokarow N. N. Problemy proisho£deniýa drewnih i sowremennyh narodow ㅡ M.,1964. ㅡ S.18ㅡ19.
21. Gundogdyýew O. A. Etniçeskiýe swýazi turkmen s narodami Wostoka // Kulturnyýe sennostiㅡMe£dunarodnyý ýe£egodnik.ㅡSpb, 1999.ㅡS.205.
22. Muhammedowa Z.B.Islledowaniýa po istorii turkmenskogo ýazyka XI ㅡ XIV ww. ㅡAşhabad,1973.ㅡ S.11.
23. Izwleçeniýa ㅡ iz ''Kitab murud£ azㅡzahab'' al-Masudi//Materialy po istorii turkmen i Turkmenii.ㅡ M.,L.,1939ㅡT.1.ㅡS.166.
24. Şol ýerde ㅡ s.220.
25. Kumekow B. Ýe.Gosudarstwa rannego i razwitogo srednewekowýa//Istoriýa Kazahstana s drewneýşih wremen do naşih dneýㅡAlmaty, 1993.ㅡS.63
26. Bartold W.W. Obzor istorii týurkskih narodow//soç.ㅡM.,1966.ㅡT.V.ㅡS.428.
27. Izwleçeniýa iz ''Diwan luga tat ㅡ týurk'' Mahmuda Kaşgarskogo//Materialy po istorii turkmen i Turkmenii.ㅡM.,L.,1939. ㅡ T.I.ㅡ S.309ㅡ310.
28. Izwleçeneiýe iz ''Nusrat al ㅡ fatra wa usart al - fitra //Materily....S.232.
29. Istoriýa Kazahstana. - Almaty, 1996. T.1. - S.320.
30. Bartold W. W. Tureskiý epos i Kawakaz//Kniga moýego deda Korkuda. - M.,L., - S.117-119.
31. Çykgyt alyndy: Gundogdyýew O. Swýatoý Gorkut Ata //Wozro£deniýe. - Aşhabad, 1999 No-9. S.7.
32. Şol ýerde. - s.7.
33. Tursunow Ýe. Ýedinstwo estetiçeskogo opyta koçewyh i nekoçewyh narodow//Koçewniki. Estetika. ㅡ Almaty, 1993. - S.107.
34. Durdyýew M., Kadyrow Ş. Turkmeny mira (istoriko - demografiçeskih obzor). ㅡ Aşhabad, 1991. - s.37.
35. D£ikiýew A. Narodnyýe predaniýa o proizho£denii turkmen // Problemy etnogeneza turkmenskogo naroda. ㅡ Aşhabad, 1977. -S.127.
36. Galiýew A. Tradisionnyýe mirowozzreniýe kazahow. ㅡ Almaty, 1997. ㅡ S. 60.
37. A£igali S. Ýe. U beregow prikaspiýskoý istorii. ㅡ Almaty, 2000. S.66.
38. Ataniýazow S. Ukaz.rab. ㅡ S.20,62
39. Gundogdyýew O. Turkmeny i hazahi//Aşgabat. ㅡ 22.02.1997.
40. Tolybekow S. Kazak şejiresi ㅡ Almaty, 1992. ㅡ S.63 - 66,100.
41. Gundogdyew O. Etniçeskiýe swýazi turkmen i kazahow//Neýtralnyý Turkmenistan ㅡ 12.09.2007.
42. Agad£anow S. G. Nowoýe izwestiýe o srednewekowyh týurkah//Izwestiýa AN TSSR. ㅡ SON. Aşhabad, 1965. S.22.
43. Şol ýerde ㅡ S.22.
44. Gundogdyýew O. Skazaniýa o welikom Oguz-hane //Aşgabat.-25.09.1997.
45. Aýdogdyýew M., Gundogdyýew O. Görkezilen makala.
46. Alekseýew W. P. Gohman I.I. Antropologiýa aziatskoý çasti SSSR. ㅡ M.,1984. ㅡ .S.75.
47. Ataniýazow S. Görkezilen iş. S. 102; Kamanil L. G. Sibir i Dalniý Wostok//Istoriýa otkrytiýa i issledowaniýa Sowetskoý Azii. ㅡ M., 1969. ㅡ S.220; Potapow L. P. Etnonim tele i altaýsy//Týurkologiçeskiý sbornik. ㅡ M.,1971. ㅡ S.233 ㅡ 237.
48. Uşniskiý W. Kangly ㅡ predki kangalassew - http://www.sakha.ru.
49. Ataniýazow S. Görkezilen iş. ㅡ S.50.77.
50. Uşniskiý W. Görkezilen iş.
51. Kuznesowa A. Uçebnik turkmenskogo ýazyka dlýa amerikansew//Turkmenskaýa iskra. ㅡ 10.05.1994.
52. Esbergenow H. Woprosy etniçeskoý istorii i tradisionnaýa kultura karakalpakow//Etniçeskaýa istoriýa i tradisionnaýa kultura narodow Sredneý Azii i Kazahstana. ㅡ Nikus, 1989. ㅡ S.56-57.
53. Tolstowa L. S. Istoriçeskiýe predaniýa Ýu£nogo Priaralýa (k istorii rannyh etnokulturnyh swýazeý narodow Aralo ㅡ Kaspiýskogo regiona). M., 1984. ㅡ S.65.
54. Ataniýazow S. Görzkezilen iş. - S.60-135.
55. Gundogdyýew O. A. Proşloýe turkmen. - M., 1998. - S.265 -266.
56. Awezklyçewa S.Wliýaniýe stihow Mahtumkuli. - S.435-436. £arimbetow K. Mahtumkuli i karakalpakskaýa poeziýa XIX weka. ㅡ S.397; Orazymbetow K. Estetiçeskiý mir Mahtumkuli (sistema hudo£estwennoý formy stihow Mahtumkuli i ýeýe wliýaniýe na tworçestwo karakalpakskih poetow). ㅡ S.412 - 413. Oteniýazowa H. Bytowaýa leksika w proizwedeniýah Mahtumkuli (turkmeno - karakalpakskiýe paralleli). ㅡ S.407; karakalpakskih şkolah - S.437; Pahratdinow D. Poeziýa Mahtumkuli - ''akademiýa poezii'' S.435; Sarkow A. Mahtumkuli i tworçestwo karakalpakskogo poeta Mahtumkuli w karakalpakskom perewode. - S.379 - Wse//Mahtumkuli i duhowno - kulturnyýe sennosti mira.ㅡ Mater. Me£dun. nauçn. konf.ㅡAşhabad, 2008.
57. Ignatew N.P. Zametki o Hiwinskom hanstwe. ㅡ Gosudarstwennyh arhiw RF. ㅡ F.730, op. 1, d.318. - L.2.
58. Dospanow O. O. turkmenskih slowah w dialektah karakalpakskogo ýazyka // Mahtumkuli i duhowno - kulturnyýe sennosti mira...S.377.
59. Tolstowa L. S. Istoriçeskiý folklor karakalpakow kak istoçnik dlýa izuçeniýa etnogeneza i etnokulturnyh swýazeý etogo naroda//Etniçeskaýa istoriýa i folklor. - M. 1971, - S.162.
60. D£ikiýew A. Etnografiçeskiý oçerk naseleniýa Ýugo-Wostoçnogo Turkmenistana. ㅡ Aşhabad, 1972.-S.15.
61. Agad£anow S. G. K etniçeskoý istorii oguzskih plemen Sredneý Azii i Kazahstana//Etniçeskiýe i istoriko- kulturnyýe swýazi týurkskih narodow SSSR. - Alma-Ata, 1976. - S.9.-10.
62. Ataniýazow S. Gör. iş. - 14,27-28,67,72,87,104,112.
63. Kaskabasow S. A. Kolybel iskusstwa - Alma-Ata, 1992. - S.105.
64. Petrow K.I. gör. iş. S.-84.
65. Gundogdyýew O. Turkmeny i wol£skiýe bolgary // Aşgabat. - 22.04.1997.
66. Şol ýerde.
67. Polosin W. W. Etnonim ''bulgary'' w arabskih istoçnikah // Kratkiýe soobşeniýa VII nauç Sessi Leningradskogo otdeleniýa Instituta wotokowedeniýa AN SSSR. ㅡ L.,1971. ㅡ S.92-93.
68. Gundogdyýew O., Oçarçinakiý B. turkmeny i bolgary: puti iatorii//Wsemirnaýa arheologiýa. www.press ㅡ uz.info.ㅡ 2007.
69. Gening W. F., Halikow A. H. Rannyýe bolgary na Wolge (Bolşe Tarhanskiý mogolnik). ㅡ M., 1964. ㅡ S.172.
70. Halikow A. H., Muhamedowa R.G. Istoriçeskiýe istoki etnokulturnyh paralleleý me£du turkmenami i tatarami Powol£ýa i Priuralýa //Problemy etnogeneza i turkmenskogo naroda. ㅡ Aşhabad, 1977. ㅡ S.158.
71. Bartold W. W. Istoriýa turesko-mongolskih narodow//Soç.-M.,1966. ㅡ T.V. - S.206.
72. Istoriýa Kirgizii ㅡ Frunze, 1963.-T.I. ㅡ S.239.
73. Petrow K.I. Görkezilen iş.ㅡS.17.50.
74. Abramzon S. M. Folklornyýe motiwy w kirgizskih predaniýah genealogiçeskogo sikla//Folklor i etnografiýa. - L., 1977.-S.156.
75. Moldobaýew I. B. Epos ''Manas'' ob etniçeskih swýazýah kyrgyzow s drugimi narodami//Narody Sredneý Azii: wremýa i tradisii ㅡ Tezisy dokl. nauçn. konf. - Aşhabad, 1993.- S.16.
76. Walihanow Ç. Ç. Pismo professoru I. N. Berezinu // o kirgizah// Soç. - Alma - ata, 1985. - T.2.- S.42; Ataniýazow S. Görkezilen iş. - S. 27.-94; Istoriýa kirgizii...S.243, 246.
77. Ataniýazow S. Gör. iş. - 85.
78. Şaniýazow K. Ş. K woprosu o týurkoýazyçnyh komponentah w slo£enii uzbekskoý narodnosti//Istoriýa narodow Uzbekistana. ㅡ Taşkent, 1950. - S.126.
79. Ýakubowskiý A. Ýu. Rannefeodalnoýe obşestwo w Mawerannahre XI - XII ww.//Istoriýa narodow Uzbekistana . . . S.269.
80. Wasilýewa G. P. Preobrazowaniýe byta i etniçeskiýe prosessy w Sewernom Turkmenistane. - M., 1969. - S. 21.
81. D£umaniýazowa F. K. woprosu ob oguzskom komponente uzbekskogo naroda // Kulturnoýe naslediýe ㅡ istoçnik izuçeniýa istorii, kulturnogo i duhownogo wozro£deniýa mira. ㅡ Mater. me£dun. nauç. konf. ㅡ Aşhabad, 2008. S.3798 ㅡ 379.
82. Bartold W. W. Soçineniýa. ㅡ M., 1966. - T.V. - S.594.
83. Durdyýew M., Kadyrow Ş. Turkmeny mira. ㅡ Aşhabad, 1991.-S.30-31.
84. Durdyýew M. Turkmeny Sentralnoý Azii. - Aşhabad, 1993. - S.26-27.
85. £urakulow O. Çandir turkmanlari. - Toşkent, 1992.- s.16.-17.
86. Karmyşewa B. H. K etniçeskoý istorii turkmen Sredneaziatskogo Me£dureçýa//Turkmeny w sredneaziatskom me£dureçýe. - Aşhabad, 1989 - s.16-17.
87. Şol ýerde . - S.19.
88. Şol ýerde - 22-23.
89. Samoýlowiç A. Şeýbani - han i Boz - oglan//Turkmenowedeniýe.-Aşhabad, 1929.-No.6-7. S.- 40-41.
90. Der£awin W. Drewniý put. Izbrannyýe perewody iz uzbekskoý poezii. Taşkent, 1978.ㅡ S.5.
91. Oçilow E. Izuçeniýe £izni i tworçestwa Mahtumkuli w Uzbekistane//Mahtumkuli i duhowno ㅡ kulturnyýe sennosti mira. ㅡ Mater. me£d. nuaç. konf. ㅡ Aşhabad, 2008.-s.395.
92. Durdyýew M. Turkmeny Sentralnoý Azii. - S.19.
93. Şol ýerde - S.21-22.
94. Gafurow B. G. Nekotoryýe problemy erniçeskoý istorii narodow Sentralnoý Azii w drewneýşih period//Etniçeskiýe problemy istorii Sentralnoý Azii w drewnosti (II tysýaçeletiýe do. n.e.) ㅡ M.,1981. ㅡ S.53.




Öwez GÜNDOGDYÝEW

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir