Türkmenler we Merkezi Aziýanyñ halklary
Merkezi Aziýa giñişlik ㅡ geografiýa babatda ýeterlik derejede birmeñzeş sebit bolmak bilen, Aziýanyñ we Ýewropanyñ arasynda baglanyşdyryjy halkanyñ hyzmatyny ýerine ýetirýär.
Merkezi Aziýanyñ müñýyllyklaryñ dowamynda öwrenilýän ykballarynyñ umumylygy, diñe bir çäkleriniñ ýakynlygy we özara täsirleri arkaly däl-de, eýsem meñzeş tebigy-howa şertleri we bu sebitiñ yzygiderli umumy medeni-taryhy ösüşiñ täsirine düşendigi bilen şertlenýär... diñe bir etnomedeni ýagdaýlar esasy wajyp hyzmaty ýerine ýetirmän, eýsem özara araçäkleriñ bolmazlygy hem sebitiñ içinde hemişelik we giñ möçberli gatnaşyklaryñ bolmagyna getiripdir. Hut şonuñ üçin Merkezi Aziýa anyk görnüp duran özboluşly medeni-taryhy ýagdaýly, elmydama özüni oñarýan we bitewi sebit bolupdyr. Merkezi Aziýanyñ giñ territoriýasynda biri-biriniñ üstüni ýetirýän ''siwilizasiýalaryñ'' täsin ㅡ bir tarapdan, dürli şäherleri, senetçiligi, dini, ýazuwy, edebiýaty we suwaryş ulgamy bolan ösen şäherli oturumly-ekerançylyk, ikinji tarapdan ㅡ çarwa ㅡ dagynyk ýaşamagyñ ulgamy emele gelipdir(1).
Merkezi Aziýanyñ çägi ýer togalagynyñ has gadymy adamlarynyñ ýaşaýan zolagynda ýerleşipdir. Türkmenistanda adam ýaşaýşynyñ iñ irki subutnamalary aşaky paleolite (aşel medeniýeti), ýagny ýurduñ günbatarynda gadymy daş asyryna degişlidir. Artefaktlaryñ senesi b.e.öñki 500 ㅡ 300 müñ ýyldyr. Eýýäm şol wagtda Merkezi Aziýada iki medeniýet tapawutlandyrylýar: günorta ㅡ nusgawy görnüşdäki el daşpaltasynyñ medeniýeti, gündogarda we demirgazykda ㅡ çopperleriñ (giñ ýüzli daşpaltalar) medeniýeti. Olaryñ birinjisi şertleýin ''ortaýerdeñiz'', ikinjisi ㅡ ''gündogaraziýa'' diýip atlandyrylýar(2). Bu jähtden Merkezi Aziýa eýsem has gadymy Günorta-Gündogar, Gündogar, Merkezi, Alynky we Günorta Aziýanyñ medeniýetleriniñ ilkinji gezek aragatnaşyk edip başlan merkezidir.
Orta (mustýer döwri), ýokarky paleolit, mezolitde (orta daş asyry) we neolitde (täze daş asyry) sebitiñ medeni-taryhy aragatnaşygy has işjeñleşýär. Günbatar Türkmenistan Kesgir Bulak, Gara Teñir, Dam-dam Çeşme, Gaýly we beýleki ýadygärlikleriniñ Özbegistanyñ, Täjigistanyñ, Günorta Gazagystanyñ ýadygärlikleri bilen meñzeşligi bar. Merkezi Aziýanyñ häzirki zaman adamynyñ emele gelen giñ zolaklarynyñ ýerli aýratynlyklaryna seretmezden, beýleki taýplaryñ eýeleýän ýerleriniñ içinden ''kem-kemden geçip'', örän giñ aralyklarda arkaýyn hereket edýän gadymy taýpalaryñ arasynda gatnaşygy görmek bolýar.
Bu barada ilkidurmuş ýadygärlikleri boýunça iri hünärmenleriñ biri A.P.Okladnikow, ine, şeýle ýazýar: ''Mezolit döwründe Hazar ýakasynda, Amyderýanyñ jülgesinde özüniñ ýaýrawynda Aziýanyñ günortasyny, Ýewropany, Afrikany, hatda uzakdaky Awtraliýany hem gurşap alan, geometrik görnüşli gurally mikrolotik medeniýetleriñ örän uly ýeriniñ düzüji bölegi bolup duran mikrolitik medeniýet ösýär. Bu medeniýetiñ kökleri günorta ''hazar'' paleolitine barýar. Beýleki tarapdan, Orta Aziýanyñ gündogarynda uzak wagtlap Týan-Şanyñ we Pamiriñ daglylarynyñ medeniýeti bolýar. Ol gelip çykyşy boýunça Merkezi, Demirgazyk we Gündogar Aziýanyñ çopperleriniñ (giñ ýüzli daşpaltalarynyñ) medeniýeti bilen baglanyşyklydyr. Eýýäm ilki başdan, aşaky we orta paleolitden bäri bu medeniýetler diñe bir galtaşman, eýsem garyşyp, biri-birine täsir edipdirler we gatlaklary emele getiripdirler. Aralyk ýa-da ''gibrid'' medeniýetleriñ ýüze çykan bolmagy hem ahmal''(3).
B.e.öñki IV ㅡ III müñýyllyklarda Merkezi Aziýanyñ köp ýeri günortada gadymy ekerançylar (jeýtun, änew we beýleki medeniýetleriñ ýadygärlikleri) kelteminar medeniýetine girýänler tarapyndan eýelenipdir. Soñky Demirgazyk Türkmenistany (ilki şu ýerde şol medeniýet açylypdyr), Günbatar Gazagystany, Özbegistany eýelän ýesir alnan toparlaryñ medeniýetini birleşdirýär(4). Kelteminar medeniýeti gödek ýasalan keramika (külal) (düýbi çüñkli we baý nagyşlanan), uly ýer kümeler we beýlekiler bilen häsiýetlenýär. Kelteminaryñ territoriýalaýyn görnüşleri tapawutlanýar (Akça-darýa, Uzboý, günbatar Gazagystan, Gyzylgum, aşaky Zerewşan).
,,Kelteminarlylar'' diñe biri-birinden däl, eýsem has daşdaky ýerleriñ ilatyndan hem üzñe bolmandyrlar. Kelteminar obalaryndan gelip çykan keramika Uralda, Günbatar Sibiriñ tokaýly ýerlerinde (tä Ob we Ýeniseý derýalaryna çenli) we Günorta Sibiriñ sähralarynda ýaşan taýpalar bilen aragatnaşygyñ bolandygyny subut edýär(5).
Kelteminar medeniýetiniñ Günbatar Türkmenistanyñ awçy-balykçy taýpalarynyñ, Günorta Türkmenistanyñ ekerançy taýpalarynyñ we has gadymt ýerli medeniýetleriñ esasynda emele gelen digi anyklanyldy(6).
Günorta türkmenistanly taýpalar Merkezi Aziýanyñ täsin medeniýetiniñ emele gelmeginde uly hyzmaty ýerine ýetiripdirler, olaryñ täsiri Özbegistanda, Täjigistanda, Owganystanda, Gyrgyzystanda duşýar. Olaryñ gündogardaky iñ daşky etraby Ferganadaky çust medeniýetiniñ obalary bolupdyr(7).
Eneolit we mis zamanlarynyñ günorta türkmenistanly ekerançy taýpalarynyñ ösen ilkinji şäher medeniýeti (Altyn depe, Namazgadepe, Marguşyñ obalary we beýlekiler) Merkezi Aziýanyñ günortasynda bolup geçen taryhy wakalaryñ bütin geçişine täsir edipdirler. Şol döwürde sebitiñ demirgazygynda ''sähra misi'' atlandyrylan medeniýet emele gelipdir. Onda esasy orun taýpalaryñ köp hereketini üpjün edýän çarwaçylyga degişli bolupdyr. ''Sähra misi'' medeniýetiniñ taýplary iki sany esasy medeni-taryhy umumylyklar ㅡ günbatarda ''çapylan'' we gündogarda ''andronow'' bilen berilýär. Olar özleriniñ günorta çetinde uly aýratynlyklary we arheologik toplumlarynyñ dürlüligi bilen tapawutlanýarlar(8).
B.e.öñki II müñýyllygyñ ortasynda ''çapylanlar'' we ''andronowlylar'' Merkezi Aziýanyñ günorta etraplaryna aralaşypdyrlar we ilki şäher siwilizasiýasynyñ çetki ''nadan'' bölegini emele getirip, gadymy ekerançy ilat bilen gatnaşyk açypdyrlar. Günorta siwilizasiýanyñ sähra taýpalarynyñ medeniýetine täsiri yzygiderli bolupdyr we Ýewraziýanyñ galtaşýan ýerlerinde ýaşaýan ilatyñky bilen deñeşdireniñde, olar has ýokary medeniýetiñ ösmegine ýardam edipdir(9).
Horezmiñ Täzebagýap ýadygärlikleri Gazagystanyñ we Günorta Sibiriñ giñ territoriýalaryny öz içine alan andronow medeniýetiniñ bir görnüşi bolup durýar. Olar ''kelteminarlylaryñ'' nebereleri bilen garyşypdyrlar, bu bolsa Merkezi Aziýada täze ekerançylyk jülgesiniñ ㅡ demir asyryñ Horezminiñ emele gelmegine getiripdir. Andronow görnüşindäki medeniýet beýleki bir has iri merkeziñ ㅡ Sogduñ emele gelmegine esas bolupdyr. Ol ýerde bu hadysalaryñ çalt bolup geçmegine Günorta Türkmenistanyñ gadymy ekerançylyk jülgeleri bilen gatnaşyklar hem täsir edipdir. Şeýle ýagdaýlara biz Ferganada hem duşýarys; olaryñ ýene-de bir gadymy ýurduñ ㅡ Baktriýanyñ ösmegine itergi beren bolmagy hem ahmaldyr.
Şeýlelikde, W. M. Massonyñ ýazmagyna görä b.e.öñki I müñýyllyga çenli Orta Aziýanyñ dürli ýerlerinde dürli ýollar bilen bolup geçen taryhy hadysalar Parfiýa, Margiana, Girkaniýa, Horezm, Sogd, Baktriýa we Fergana siwilizasiýalarynyñ döremegi bilen tamamlanýar... B.e.öñki IV ㅡ III müñýyllyklarda taýpalar... Orta Aziýanyñ ajaýyp medeniýetiniñ döremegine esas bolan hakyky taryhy gurşaw bolupdyrlar. Sähralyk we çöllük ýerlerde tebigy şertler sebäpli ekerançylyk ösmedik käbir andronow taýpalarynyñ esasynda irki çarwalar emele gelipdir(10).
B.e.ö. II müñýyllykda Merkezi Aziýanyñ syýasy arenasyna atlary Awestada duşýan iki sany has iri etnosyýasy birleşme ㅡ turlar we ariýler çykýar. Has dogrusy, olar Merkezi Aziýada taryhy emele gelen iki medeni dünýäni ㅡ oturumly ekerançylygy we çarwadarçylygy emele getirenler bolup durýar. Olar etnogeneziñ umumykontinental hadysalarda, dilleriñ hem Ýewropanyñ we Aziýanyñ häzirki zaman halklarynyñ emele gelmeginde wajyp hyzmaty ýerine ýetiripdirler. Hut Dünýäniñ halklarynyñ ykbalynda wajyp hyzmat degişlidir. Bu ýerde hindiýewropa, uralaltaý we drawid maşgalalaryna degişli dilleriñ ''täzeden eredilip guýulmagy'' bolup geçýär, bu ýerde ýewropeoid, mongoloid we drawidoid jynslarynyñ dürli görnüşleriniñ, her hili dini akymlaryñ we hojalygyñ dürli görnüşleriniñ ''duşuşýan ýeri'' bolupdyr. ''Turlar'' (turanlylar) we ''ariýler'' ady bilen tutuş Ýewraziýa kontinentine işjeñ göçüp baran Merkezi Aziýa etnoslarynyñ bir topary gizlenip ýatyr. Awesta turan taýpalarynyñ käbiriniñ adyny getirýär ㅡ daha, dana, saýrima, saina,hion. Şular antik awtorlaryna skifler we massagetler hökmünde belli bolan etnik konglomerat bolupdyr. Olaryñ etnik degişliligi baradaky mesele köp onýyllyklaryñ dowamynda öwrenilýär. Ýewropa ylmynda bu etnoslaryñ ählisiniñ eýran dillidikleri baradaky pikir agdyklyk edýär. Emma bu ýagdaý alymlaryñ köp böleginiñ has gadymy döwürlerde gadymy türki dilleriniñ Merkezi Aziýa ýaýrandygy baradaky pikir bilen ylalaşmak islemeýändikleri bilen baglanyşykly birtopar gapma-garşylygyñ bolmagyna getirýär. Biz üçin turan dünýäsiniñ etnoslarynyñ dili baradaky mesele ㅡ sebitiñ, şol sanda Türkmenistanyñ ilatynyñ etno-medeni düzümi baradaky mesele hem bolup durýar. Etimologiýa taýdan ''turlary'' ''türkülerden'' tapawutlandyrmak kyn,sebäbi ''türk'' sözi ''tur'' ㅡ ''tür''+k (köplük sanyñ goşulmasy) sözüniñ görnüşi bolup durýar, ýagny ''türk'' sözi diñe ''köp tur'' diýmegi añladýar. Türküleriñ özleri ''Turan'' we ''Turkestan'' sözlerini meñzeş hasaplapdyrlar. Tä XIX asyryñ ahyryna çenli türkmenler öz ýurduny Turan diýip atlandyrypdyrlar. Turanlylar ilki bolup harby işde atly goşuny ulanýarlar. Bu olaryñ köp asyrlap söweşlerde we jeñlerde artykmaçlygyny görkezipdir. Aty eldekileşdirip we Aziýanyñ ägirt uly çäklerinde hereket etmäge mümkinçilik alyp, turanlylar Günorta, Günorta-Günbatar, Alynky we Kiçi Aziýanyñ ýurtlaryna barypdyrlar. Käbir taýpalar sähralyk guşaklygy bilen Gazagystanyñ we Gyrgyzystanyñ üsti bilen has uzak gündogara we demirgazyga gidipdirler. Sebitiñ günortasyndaky turanlylaryñ demirgazyk-gündogara tarap hereketi arheologiýada bellige alnandyr (mysal üçin, Gyrgyzystanda Togar medeniýetiniñ düşelgeleri). Bu soñra b.e.ö. I müñýyllykda Beýik gunlar imperiýasynyñ emele gelmegine getiripdir, onda turanlylar, sibir we mongol taýpalaryny birleşdirip, başda durupdyrlar.
Merkezi Aziýada turanlylar ''massagetler'' ady bilen belli bolupdyrlar we olar bilen ''Massaget Turany'' diýen adalga baglanyşyklydyr. Gadymy çeşmeler massagetleriñ horasmiýa (horezmliler), horasniýa (horasanlylar), apasiaki (pasianlar), asiýa, sakarawaka, toharlar-dahlar, atasiýa, augaslar ýaly taýpalaryny görkezýärler. Bu etnonimleriñ hemmesi gijiräk türkmen-oguzlarynyñ düzüminde ýüze çykarylýar. Mysal üçin S.P. Tolstow dah-torah diýen massaget-turab etnonimini oguz taýpasy bolan duker (häzirki zamandaky düker, tuwer, togar), pasiany ㅡ oguz taýpasy peçeneg, sakarawakany ㅡ türkmen taýpasy sakar, asiýany ㅡ oguz taýpasy ýazyr (häzirki zamandaky asy, ýasy) bilen meñzeş hadap edýär. Derñew geçiji G.P. Karpow massaget taýpasy atasiýleri türkmen taýpasy ata, astabenleri türkmeniñ düzüm bölegi bolan atabaýlar (ýomutlar), amirgiý saklaryny oguz taýpasy eýmir we häzirki zaman türkmen taýpasy ýemreli bilen deñeşdirýär. Iñ soñunda S. P. Tolstow biz üçin wajyp netijä gelýär: ol ''augas'' diýen turan-massaget etnonimini ''oguz'' ady bilen deñeşdirýär (Amyderýanyñ gadymy ady ''Oksy'' onuñ orta asyrdaky ady ''Oguz'' ㅡ Uzboý bilen deñeşdireliñ). Bu ''türk'' we ''oguz'' etnonimleriniñ eýýäm b.e.ö. I müñýyllykda taryhy çeşmelerde bile we orta asyrlarda türkmen-oguz döwletiniñ dörän ýerinde duşýandygyna şaýatlyk edýär. Ýöneligine XI-XII asyrlardaky has iri türkmen döwletleriniñ hökümdarlary Garahanlylar we Seljuklar öz şejerelerini gadymy turlaryñ patyşasyndan ㅡ Afrasyýapdan alyp gaýdýan hasaplamandyrlar(11).
''Sak'' we ''skif'' diýip hem atlandyrylýan massaget-turan taýpalary b.e.ö. VII asyrda, gadymy dünýäni gozgalaña salyp, Gündogar Ýewropa, Zakawkaziýa, Kiçi we Alynky Aziýa urup girýärler. ''Skif'' sözi ''skut'' diýen grek sözüniñ rusça interpretasiýasy (düşündirilişi) bolup durýar. Kiçi Aziýada olar ''işkut'', ''işkuz'' ady bilen belli bolupdyr. Olarda O. Suleýmenow ''iç oguz'' (ýagny, ''içki oguzlar'') diýen sözi görýär we şonuñ bilen skifleriñ massaget-turan dünýäsine we şol bir wagtda-da olaryñ türkmen-oguz toparynyñ taýpalaryna degişlidigi baradaky tezisi tassyklaýar(12).
Çeşmeleriñ derñewi kimmeriýleriñ, skifleriñ, meotlaryñ, sarmatlaryñ, alanlaryñ hemmesiniñ bir etnik substrata degişli taýpalardygyny görkezýär. Bu taýpalaryñ hemmesini şertleýin has gadymy (arhaik) ''turlar'' diýen adyny aýryp, ''skifler diýen bir umumy kabul edilen adalga bilen atlandyrmak bolar. Diñe bir zady ýatda saklamak gerek ㅡ ''skif'' ㅡ bu köp sanly taýpalaryñ biri, hatda oguzlar (işkuzlar) özleriniñ güýçlerini ýitiren wagtlary hem taýpalar skifler diýip atlandyrylypdyr. Elbetde, tutuş ''skif'' arealynyñ medeniýeti, hatda Türkmenistanyñ çäginde hem, özüniñ ýerli aýratynlygyna eýedir. Emma ''eger halkyñ käbir toparlarynyñ dürli hojalyk alyp barýandygy, dürli tipli we görnüşli jaýlarda ýaşaýandyklary, dürli eşik geýýändikleri we ş.m. üçin bitewiligini ýitirmeýändigini'' ýatda saklamak gerek(13).
Antik awtorlarynyñ ''skifleriñ'' ýaşaýyşlary barada eden ähli beýanlary ''eýran dilli'' halklaryñ hiç birinde duşmaýar. Şol bir wagtda olar dürli döwürlerdäki türki dilli halklaryñky bilen meñzeşlik tapýar: baýtallary ''tüýdük görnüşli'' süñk turbajyklaryñ kömegi bilen sagmak (skifler we häzirki zaman altaý türküleri), eti mallaryñ garnynda gaýnadyp bişirmek (skifler we häzirki zaman gazaklar, balklarlar we beýlekiler), çybykda pal atmak (skifler we balkarlar), atlary jaýlaga ''heýkel'' çykarmak arkaly ugratmak (skifler we gunlar, peçenegler, oguzlar), duşmanyñ kelleçanagyndan jam ýasamak (skifler we gunlar,peçenegler), getirilen duşman kelleleri üçin töleg (skifler we oguzlar, mongollar), gumus içmek (skifler we gunlar, türküler, oguzlar, gazaklar, gyrgyzlar, altaýlylar we ş.m.), ata-babalarynyñ mazarlarynyñ üstünde daşdan ýasalan adam şekilini goýmak (skifler we oguzlar, gypjaklar, gyrgyzlar, gadymy türküler), ýalan yza çekilmek, känler we ş.m. ulanylýan harby usul (skifler we ähli türküler), gurlan we göçme gara öýleriñ ulanylmagy (skifler we ähli türküler), keçe önümlerini taýýarlamak (skifler we ähli türküler) we ş.m(14).
Skif-massaget taýpalarynyñ dürli atlarynyñ köp bolmagyny antik awtorlarynyñ maglumatlary dürli çeşmelerden alandyklary bilen düşündirmek bolar we olaryñ käbirinde ýoýulan atlar täze etnoslaryñ ady hökmünde kabul edilipdir. Käwagt gadymy awtorlar taýpanyñ, urugyñ we etnosyñ adyny bile goýupdyrlar.
B.e.ö. II ㅡ I müñýyllyklarda Merkezi Aziýanyñ halklary Ýewraziýa kontinentiniñ çäginde birbada uly döwletleri döredýärler. Emma, adatça, etnoslar garraýarlar we belli bir wagtdan soñ, ýene-de täzeden döreýärler. B.e.ö I müñýyllygyñ ikinji ýarymynda massaget-turanlar eýýäm köne etnos hasaplanýar, olaryñ bir bölegi parslaryñ we grekleriñ, gündogarda bolsa Hytaýyñ täsirine düşüpdirler. Henize çenli ylma halklary täzeden oýanmaga we unudylmakdan dynyp, taryhy arena çykmaklaryna eltýän mehanizm belli däl, ýöne hut b.e.ö. III asyrda turanlylar Aziýanyñ giñişliklerinde ýene-de kuwwatly imperiýa döredip, özlerini tanadýarlar. Aziýa we Ýewropa halklarynyñ ykbalynda belli hyzmaty ýerine ýetiren dünýä möçberindäki döwetler (Parfiýa, Beýik Kuşanlar, Gadymy Horezm, Gun döwleti) emele gelýär. Turanlylaryñ kuwwatynyñ güýji 450 ㅡ 500 ýyla ýetýär, soñra Merkezi Aziýanyñ beýik imperiýalarynyñ birbada diýen ýaly synmagy bolup geçýär. B.e.ö. III asyra çenli turanlylaryñ etnik güýjüniñ ''dargamak'' ýagdaýy bolup geçýär. Parfiýa, Horezm, Kuşanlar wagtlaýynça Eýran Sasanylarynyñ, Gun döwleti bolsa ㅡ Hytaýyñ protektoratynyñ astyna düşýärler. B.e.ö. IV asyrda massaget-turan taýpalary Eftalitleriñ (Abdallaryñ), Afragidleriñ (Horezm) berk döwletlerini, Kawkazyñ, Gündogar we Merkezi Ýewropanyñ çäklerinde bolsa efemer köp milletli döwletleri ㅡ Gun imperiýasyny we Awar kaganatyny döredýärler.
Gadymy türki dilli etnoslar tarapyndan döredilen döwletleriñ hatarynda Turan döwletini (b.e.ö. III ㅡ II a.), Het we Troýan patyşalyklary (b.e.ö II a.), Massagetleriñ döwletini (b.e.ö. VII ㅡ IV a.), Gadymy Horezm patyşalygyny (b.e.ö. II a. ahyry ㅡ I a.), Parfiýa imperiýasyny (b.e.ö. 245 - nji ý. ㅡ b.e.226-njy ý.), Beýik Kuşanlar döwletini (b.e.ö. 130-njy ý. ㅡ b.e. III asyry), Kañüý döwletini (Horezm, b.e.ö. III a. ㅡ b.e. III a.), Beýik Gunlar imperiýasyny (b.e.ö III a. ㅡ b.e. II asyry), Sarmatlaryñ-Alanlaryñ döwletini (b.e.ö. IV a. ㅡ b.e. III asyry), Horezmdäki Afrigidleriñ döwletini (b.e. IV a. ㅡ b.e. VIII a.), Beýik Gun imperiýasyny (IV a. ㅡ b.e. V a. ortasy), Awar kaganatyny (V ㅡ VII a.), Abdallar döwletini (IV ㅡ VI a.) agzamak bolar. Bu döwletleriñ döredilen we bolan ýerleri Altaýdan Ortaýer deñzine, Hytaýdan Merkezi Ýewropa çenli aralygy tutupdyr(15).
Şumerler, ariýler, kimmeriýliler, skifler, saklar, sarmatlar, dahlar, massagetler, parfiýanlar, alanlar, aslar, gunlar, abdallar ㅡ ine, gadymy etnoslaryñ doly däl sanawy. Olar türkmen halkynyñ emele gelmeginde esasy özen bolupdyrlar. Emma olar Ýewropanyñ we Aziýanyñ, ilki bilen, Merkezi Aziýanyñ beýleki halklarynyñ hem ata-babalary bolup durýarlar. Merkezi Aziýanyñ halkary öz aralarynda taryhy ykballarynyñ birligi, genetiki ýakyn medeniýeti, dili (täjikler eýran dillidikleri bilen tapawutlanýarlar), etnik psihologiýasy bilen baglanyşyklydyr. W. Alekseýewiñ ýazyşy ýaly, türki halklarynyñ we dilleriniñ gözbaşyny has irki döwürden, biziñ eramyzyñ çäginden ýa-da ondan hem öñ, skif döwründen gözlemegiñ gerekdigi bellidir(16).
Orta asyr etnik hadysalaryñ täze joşguny bilen bellidir. 561-nji ýylda dünýä Gadymy türki imperiýasynyñ dörändigi baradaky habary eşidýär. Bary-ýogy 10 ýylyñ içinde türküler Koreý aýlagyndan Gara deñze baryp ýetýärler. Emma Asinleriñ (Aşinleriñ) Kagan urugynyñ köp sanly agzalary häkimiýete ymtylyp, VI asyryñ 80-nji ýyllarynda döwleti ikä ㅡ gündogara we günbatara bölýärler. Haçanda 630-njy ýylda içki garşylyklara çydaman, Beýik türk imperiýasy synanda, iki sany ㅡ Günbatartürki we Gündogartürki kaganat emele gelýär. Soñkusy Hytaý imperiýasynyñ kaganatynyñ tabynlygynda diýen ýaly bolýar. Günbatar kaganat bolsa 20 ýyla golaý dowam edýär we ol hem patyşa nebere dinastiýasynyñ wekilleri tarapyndan bölünýär. Öñki beýik imperiýanyñ böleklerinde bir topar döwlet emele gelýär ㅡ Türgeş kaganaty, Kimak kaganaty, Hazar kaganaty. Türgeşler (''türk'' + ''kişi'' ㅡ ''türki adamlar'') iki sany güýçli taýpadan ㅡ abarlardan we mukrylardan emele gelipdirler (türkmenlerde häzire çenli mukry tiresiniñ bardygyny bellemek gerek). Türgeşler gündogar türküleri bilen dinastiýa nikalaryny gyýypdyrlar. Olar araplaryñ çozuşyna (agressiýasyna) garşy durupdyrlar. VIII asyryñ ikinji ýarymynda türgeşler Syrderýa tarap süýşýärler we beýleki oguz taýpalary bilen garyşýarlar.
Hazar kaganaty ilki başda Hazar deñziniñ Demirgazyk, Demirgazyk-Günbatar we Demirgazyk-Gündogar kenaryny eýeleýärler hem öz agalyklaryna horezmlileri, bolgarlary, peçenegleri, wengerleriñ bir bölegini, gunlary ㅡ sawyrlary, käbir oguz urug bölümlerini birldirýärler. X asyrda kaganat dargaýar we hazarlaryñ bir bölegi Mangyşlaga gaýdyp, oguz-ýazyrlara birleşýär. ''Hazar'' etnonimini häzir türküleşdirilen ''gajar'' görnüşinde Eýranda we Türkmenistanda görmek bolar. Biz olaryñ adyny hyzyr ýa-da ''hazar halky'' diýen türkmen taýpasynyñ adynda hem görýäris.
Gimak kaganaty barada aýdylanda, ony Yrtyş derýasynda ilkinji ýedi taýpa döredýär: gaýy, baýandyr, imir (ýemreli), imak, lanikaz, gypjak, tatar. Onuñ ady iki sany esasy agalyk edýän gaýy we imak taýpalarynyñ adynyñ goşulmagy bilen emele gelýär. Biz bu ýerde üç sany oguz taýpasyny (gaýy, baýandyr, imir) görýäris, üstesine-de döwletde gaýy agalyk edipdir. Oguzlaryñ däbi boýunça oguz patyşalary gaýylaryñ ilinden gelip çykypdyrlar (olardan Oguz ýabgularynyñ, Gaznalylaryñ we Osmanlylaryñ dinastiýalary çykypdyr). Arap awtorlary gimaklaryñ öz garyndaşlary ㅡ IX asyrda Syrderýada öz döwletlerini döreden beýleki oguzlar bilen adatdan daşary dostluk gatnaşyklarynyñ bolandygyny belleýärler. Gimaklaryñ mekanlary Hazar deñziniñ käwagt gimaklaryñky diýip atlandyrylýan demirgazyk kenaryna çenli barypdyr. Gimaklaryñ yzlaryny biz Demirgazyk Kawkaz halky bolan gumyklarda görýäris, olar Beýik Seljuklar imperiýasynyñ we Gypjak hanlygynyñ düzümine giripdirler(17).
VII asyryñ ahyrynda Merkezi Aziýanyñ Gündogartürki kaganatynyñ esasynda Türki kaganaty täzeden döreýär. Ol ikinji kagant ýene-de Köktürk döwleti diýen at bilen hem bellidir. Bu ýerde ''kök'' sözi ''düýp'', ''esas'' diýmegi añladýar. Hut ''hakyky'' türküler hytaý zulumyna garşy göreşe başlaýarlar, döwleti, esasan, Bilge han hökmünde belli bolan Mogilýan han (716-734-nji ýyllarda dolandyran) has berkidýär. Merkezi Aziýanyñ günbataryny we gündogaryny eýýäm öz ellerinden gidiren bolsalar hem, gündogar welaýatlary ýene-de 100 ýyllap türküleriñ gol astynda bolupdyrlar(18).
XIII asyrda Merkezi Aziýanyñ halklary Çingizleriñ döwleti tarapyndan ýene-de bir bitewi imperiýa birleşdirilende, mongol, tungus-mançur we türk taýpalarynyñ köp bölegi herekete gelipdir. Ýene-de diñe bir Merkezi Aziýanyñ däl, eýsem Ýakyn we Orta Gündogaryñ hem etnik kartalary täzeden düzülýär. Hut orta asyr zamanasynda gadymy etnoslaryñ (türkmenleriñ, gyrgyzlaryñ, uýgurlaryñ, täjikleriñ) emele gelmegi tamamlanýar we öz düzümlerine gadymy etnik toparlary girizen täze etnoslar (gazaklar, özbekler, garagalpaklar) emele gelýär.
Beýleki türki halklary ýaly, türkmenler ýüzlerçe ýyllap urug-taýpa gatnaşyklaryny saklap gelipdirler. Bu olaryñ asyrlar boýy dowam eden harby-çarwa ýaşaýyş düzgünleri bilen düşündirilýär. Urugyñ we taýpanyñ ady ýeterlik derejede mana baýdyr. Par, pälwanly, pelwert, dahly, düker ýaly türkmen etnonimleri dah-parfiýa elementi baradaky maglumaty özünde saklaýar, olam, alili, ýazyr, as, ýazy we ş.m. taýpalaryñ atlary olaryñ alan-sarmat gelip çykyşyny görkezýär(19).
Etnonimleriñ aýratyn has uly gatlagy türki döwrüne degişlidir, onda-da olaryñ atlary beýleki türki halklarynyñ ㅡ gazaklaryñ, gyrgyzlaryñ, özbekleriñ, altaý türküleriniñ we beýlekileriñ düzüminde hem duşýar. Şeýle, mysal üçin, etnonimler türki (türküler); abdal (eftalitler); beçene, kañly, goñur (kañar-peçenegler); gypjak (kypjaklar); mongol, merkit, garamgol, tatar (tatarlar we mongollar); oguz taýpalarynyñ atlary.
Türkmenlerde häzirki zaman gündogar halklary bilen baglanyşykly taýpalaryñ atlary hem duşýar. Bu saryklaryñ, tekeleriñ, baýatlaryñ, hataplaryñ gazak; tekeleriñ, salyrlaryñ, ärsarylaryñ gürji (gruzin); alilileriñ jöhit (ýewreý); tekeleriñ, olamlaryñ, ýomutlaryñ, garadaşlylaryñ we beýlekileriñ kürt; ýomutlaryñ we gökleñleriñ pars (pars, eýranly); ýomutlaryñ tatar; saryklaryñ tibet; tekeleriñ, gökleñleriñ, şyhlaryñ tazik we täjik (täjikler); ärsarylaryñ gabardy(kabardinler); atalaryñ, gökleñleriñ, ýemrelileriñ, ýomutlaryñ, sakarlaryñ, çowdurlaryñ, ärsarylaryñ galmyk (kalmyklar); tekeleriñ, ärsarylaryñ, esgileriñ, salyrlaryñ we beýlekileriñ arap; salyrlaryñ, alilileriñ, surhularyñ, hataplaryñ mugal, mongoljyklar (mongollar); hataplaryñ nogaý (nogaýlylar); ärsarylaryñ, atalaryñ we beýlekileriñ owgan taýpalarydyr(20).
Bu barada bir giñişleýin pikiri getirmek ýerlikli bolar. N.N. Çeboksarow öz derñewiniñ netijesinde şeýle ýazýar: ''Umuman, dürli döwürleriñ köp iri etnik birleşmeleri ㅡ taýpalar toparlary, halklar we milletler, düzgün boýunça, düzümlerine özleriniñ antropologik sypaty boýunça örän tapawutlanýan gadymy halklaryñ has köp wekilleriniñ neberelerini birleşdiripdirler. Munuñ bilen baglanyşykly bu mirasyñ ähli fiziki ata-babalaryna onuñ etnogenezine gatnaşan hökmünde seretmek bolarmy diýen sorag ýüze çykýar. Biziñ pikirimizçe, islendik halkyñ etnogenezi derñelende, diñe kollektiw pederlerini göz öñünde tutmak gerek. Berlen halkyñ etnik toparlary diýip, biz ilki olaryñ düzümine haýsydyr bir özbaşdak birleşik hökmünde giren, soñra bolsa, bir tarapdan, onuñ aýratyn häsiýetlerini ösýän etnik topara berip, hiç bolmanda, berlen çäkde ýok bolup giden etnik toparlary hasap edip bileris''(21).
Gadymy etnoslar özbaşdak etnik birlikler hökmünde ýitipdirler we türki dilli hem eýran dilli halklaryñ (parslaryñ, täjikleriñ, owganlaryñ, kürtleriñ) düzümine giripdirler. Öz atlarynda häzirki zaman halklaryñ adyny saklaýan etnik toparlar bolsa türkmenleriñ düzüminde eýýäm orta asyrlarda giripdirler. Haçanda olar uly döwletleri döredenlerinde, özlerine boýun egdirilen halklaryñ käbir toparlaryny hem birleşdiripdirler, şeýle-de türkmenlerde baglaşylan şertnamalaryñ esasynda birleşen taýpalar bolupdyr. Türkmenlerde bu etnonimleriñ bolmagy, olaryñ birlän-ikilän däl-de, eýsem tutuşş etnik toparlar bolandygyny görkezýär. Şunuñ bilen birlikde, adyny saklasa-da, urugyñ öz düzüminiñ üýtgemändigini añlatmaýar. Urugyñ ady şertlidir we ol diñe türkmen gurşawyna dürli elementleriñ girendigine şaýatlyk edýär. Uruglaryñ ilkinji düzümi eýýäm birnäçe gezek üýtgäpdir we türkmenleriñ arasynda dürli toparlar işjeñ garyşypdyrlar. Şu nukdaýnazardan, bitewi türkmen milleti barada aýtmak bolar(22).
Dünýäde izolýasiýada ýaşaýan halklar ýok diýen ýalydyr. Türkmenler bilen gazaklaryñ arasynda örän ýakyn etnik gatnaşyk bolupdyr. Gazagystanyñ türkmen ilatynyñ emele gelşi gowşak öwrenilipdir. Syrderýanyñ jülgesiniñ etraplary türkmen etnogeneziniñ arealynyñ gyrak-bujagy bolupdyr, hut şu ýerde taryhy çeşmeleriñ Köne we Täze Guziýasynyñ ýerleşendigi we olaryñ paýtagtynyñ Ýañykent bolandygy bellidir.
Türkmenler gönüden-göni gypjak taýpalary (gazaklaryñ esasy etnik düzümi) bilen goñşuçylykda ýaşapdyrlar, biri-birlerine hem etnik, hem medeni taýdan täsir edipdirler. Häzirki zaman türkmen edebi dilinde gypjak formalarynyñ bolmagy, şol bir wagtda-da türkmen diliniñ köp gepleşiklerinde oguz diliniñ ýüze çykarylmagy hem gyzyklydyr(23).
Musulman awtorlary Gazagystanyñ çägindäki türkmen-oguz ýerlerini şeýle beýan edýärler. X asyryñ awtorlary al-Masudi ''Kitab muruj az-zahab'' diýen işinde, onda (Aral deñziniñ kenarynda ㅡ Ö.G.) türkülere degişli şäher bar, ol Täze şäher (Ýañykent ㅡ Ö. G.)diýip atlandyrylýar, onda musulmanlar ýaşaýarlar. Bu ýerde türküleriñ arasynda (bir bölegi) çarwa, (bir bölegi) oturumly guzlar agdyklyk edýär diýip ýazýar (24).
Al-Idrisiñ (1099 ㅡ 1165) şäherleriñ oguz-ýaşaýjylary we oguz-çarwalar barada aýdanlary hem üns bererlikdir. ''Guzlaryñ şäherleri köpsanly, olar biri-birleriniñ yzyndan demirgazyga we gündogara uzap gidýärler, guzlaryñ türküleriñ bir görnüşi bolup, bilelikde ýaşaýyşlary boýunça berberlere meñzeş. Bolýan ýerleri mes otly sähralyk; Olaryñ öýleri keçeden. Bu kölüñ (Aralyñ ㅡ Ö. G.) gündogarynda han daglaryñ ㅡ batyr hem garaşsyz guz halklarynyñ ýurdy ýatyr'' diýip ýazýar (25).
Halk rowaýatlaryna görä, salyrlaryñ Garaman we Akman uruglary Hoja Ahmet Ýasawy döwründe Türküstanda ýaşapdyrlar. XII asyryñ başyna çenli Kazygurdyñ töwereginde garagoýunly türkmenler, günbatarragynda bolsa gireýli taýpasynyñ türkmenleri ýaşapdyrlar. IX ㅡ XII asyrlarda türkmen-oguz taýpalary Syrderýanyñ orta akymyndan Wolganyñ aşaky akymyna çenli örän giñ territoriýada oturupdyrlar. Oguzlaryñ ýaşaýan ýerleri Irgiz, Ural, Embe, Uilu boýunça, Syrderýanyñ Garadagynyñ eteginde, Isfijabyñ çägine çenli ýerleşipdir. Demirgazyk Hazaryñ kenarynyñ sähralyklary, Merkezi, Zaungus, günorta-gündogar Garagum we aralýaka Gyzylgum ''Oguzlaryñ sährasy'' (Deşt-i Oguz) diýip atlandyrylypdyr(26).
Ähli türki dilli halklaryñ ykbalynda türkmen-oguzlaryñ nähili ähmiýetiniñ bolandygy barada ýazuw çeşmeleri habar berýär. Hytaý senenamalary türküleriñ (takýularyñ) ''Hunnu öýlerinden'' gelip çykandygyny görkezýän bolsa, şol bir wagtda gadymy türki kagan ýazgysy: ''Meniñ halkym ㅡ tokuz oguz'' diýýär. Hunlaryñ (gunlaryñ) ㅡ türküler-oguzlar bilen baglanyşygyny Gündogar halklaryñ we, ilki bilen, Merkezi Aziýanyñ taryhynda ägirt uly ähmiýete eýe bolan esas düzüji etnos görkezýär. Özlerini ''türk'' diýip atlandyran etnik topar, gelip çykyşy boýunça oguz bolupdyr. Akademik W.W. Bartold ''Orhon türküleri we oguzlar ㅡ şol bir halkdyr'' (diýip ㅡ g.b.) örän aýdyñ tassyklapdyr(27).
Şol bir wagtda, Mahmyt Kaşgarly (XI a.) türkmenleriñ oguz taýpasydygy barada örän anyk ýazýar(28). Ymameddin Ysfahany (XII a.) hem guzlaryñ adalatsyzlygy ýigrenýän türkmen taýpasydygyny belleýär(28).
''Gazagystanyñ taryhy'' oguzlaryñ gazk halkynyñ etnogenezine gatnaşanlaryñ biridigini görkezýär(30). Gazaklarda türkmen-oguz eposynyñ gahrymany Gorkut ata baradaky rowaýatlar örän meşhurdyr. W. W. Bartold gazaklar oguzlardan gypjaklaryñ üsti bilen Gorkudyñ kultuny özleşdiripdirler. Oguzlar bolsa halk pähimini aýdyjy we saklaýjy baradaky rowaýaty Syrderýanyñ kenaryndan günbatara, hatda Alynky Aziýa çenli eltipdirler(29).
Özi barada Gorkut ata şeýle diýipdir: ''Men Gorkut ata, muny biziñ günümize çenli ýaşamagymdan öñ aýtdym. Ynanyñ maña, eger-de men muny gören bolsam, men ㅡ Oguzyñ nesli''!(32).
Gorkut Atanyñ guburyny (gazakça ''auliýe Horkut'') XIX asyryñ soñunda rus awtorlarynyñ onlarça golaýy görüpdir we beýan edipdir. Ol oguzlaryñ gadymy ýaşan ýerleriniñ merkezinde Syrderýanyñ aşaky akymynyñ kenarynda Horkut obasyndan 1,5 km Gyzyl Orda bilen Kazalinskiniñ arasynda ýerleşipdir.
Etnograf A. Diwaýew 1898-nji ýylda Gorkut atabyñ mazary barada şeýle ýazýar: ''Ol toýundan, uçlary uçly şekiller bilen tamamlanýan alty-sekiz çüñkli, üsti hökman gümmezli. Şol ýerde atyñ gara ýalynyñ çugdamy we dürli reñkli matadan baýdak asylan agaç hem dikilipdir''(33).
Häzirki döwürde Syrderýa mazary ýuwudypdyr diýen ýaly. Gazak şamanlarynyñ porhanlygynda bu gün hem Gorkut atanyñ we Oguz hanyñ atlary Gazagystanyñ etnik taryhynda oguzlaryñ uly hyzmatynyñ bolandygynyñ şaýady hökmünde görkezilýär(33).
Baýan-obanyñ depesinden
Keramatly Konyr,
Oguz daglarynyñ depesinden
Keramatly Oguz,
Ol ㅡ kimi öli hasaplap bolmaýar, ㅡ
Ol ㅡ kimi diri hasaplap bolmaýar, ㅡ
Keramatly ata Korkut . . .
Türkmen-oguzlaryñ köp böleginiñ XI ㅡ XII asyrlarda günorta-günbatara göçendigine seretmezden, Syrderýada 15 müñe golaý türkmeniñ ýaşandygyny XX asyrda A. Wamberi görkezipdir. Türkmenleriñ Gazagystanda ýerleşen esasy ýerleri Gurýewsk (313 adam), Çimkent (553 adam), Karaganda (1222 adam) welaýatlary we Almaty şäheri (492 adam) ㅡ ähli maglumatlar 1989-njy ýylyñkydyr(35).
Rowaýata görä, Türkmen bilen Gazak siam ekizleri bolupdyrlar. Olary müñlerçe ýyl mundan ozal tygyñ kömegi bilen bölüpdirler(36). Gazak folklorynyñ iñ belli gahrymanlarynyñ biriniñ ㅡ Alaş hanyñ adyny türkmen pälwany Salyr Gazanyñ ogly ㅡ Ulaş bilen hem baglanyşdyrýarlar(37). Gazaklaryñ baýuly ㅡ taýpalar topary bolan Kiçi £u£a girýän adaý taýpasynyñ türkmenler bilen çuñ etnik gatnaşygy bar. Gazak arheology S. Ý. A£igalynyñ ýazyşy ýaly, dahlaryñ (daýlaryñ) taýpasy Hazar ýakasynyñ etno- we toponimiýasynda öz yzlaryny goýupdyrlar. Ine, olaryñ ady bilen orta asyr Türkmenistanyñ Dehistan toponimi baglanyşyklydygy görnüp dur. Köp alymlar Wiwýen de Sen-Martiniñ türkmen ''teke'' taýpasynyñ adynyñ ''dahyñ'' deriwaty hökmünde görmek pikirini goldaýarlar. Biziñ pikirimizçe, ''dahyñ (daýynyñ)'' Mankystauda, Ustýurtda, Emba derýasynyñ jülgesinde ýaşaýan gazaklaryñ ''adaý'' urugynyñ ady bilen has aýdyñ baglanyşygy bar. Bu fakty bellän käbir alymlar dahlary gazaklaryñ adaý urugynyñ özbaşdak substraty hasap etmekleri esassyz däl(38).
Baýuly toparyna 12 sany taýpa girýär, olaryñ içinde iñ ulusy taz we alaşadyr. Olaryñ etnonimleri türkmenleriñ daz (ýomutlarda, salyrlarda, tekelerde, nurata türkmenlerinde) we alaşa (saryklarda) tireleri bilen meñzeşlige eýedir(39).
Mundan başga-da, türkmenleriñ we gazaklaryñ arasynda bir topar meñzeş urug atlary duşýar (togtamyş, tazlar, gireý, gypjak, kanly, kongur, tana, saryk, abdal we ş.m.). Gazaklarda ''torkpen'', ''turikpen'' ýaly taýpa bölemçeleri hem bellidir. Ýediçeşmäniñ torkpenleri Türkmenistandan alty arka mundan öñ gelipdirler we kadyreýli, nogaý, mamak, auly, baýetişolak ýaly uruglara bölünýärler. Häzirki wagtda olar (300 maşgaladan gowrak) £alair taýpasynyñ düzümine girýärler we özlerini gazak hasaplaýarlar(40).
Turikpen (türkmen) bölümçesi tileu, alkara, týuktiýurt, £arylgapt ýaly dört sany ownuk uruga bölünýän esasy Uly £uzuñ düzüminde hem bar. Turikpen urugy Kiçi £uzuñ tortkara taýpasynyñ düzümine girýär. Uly £uzuñ uýsin taýpasynyñ düzüminde iki sany türkmen bölümçesi ㅡ garakoýly we akkoýly duşýar (41).
Gazaklarda iki sany serdaryñ ㅡ Ärsary türkmeniñ we Erkosaý gazagyñ dostlugy baradaky rowaýat saklanyp galypdyr. Ärsara Erkosaý öz 19 ýaşly gyzy Patmany durmuşa çykarypdyr. Olaryñ nikasyndan 6 sany ogul doglupdyr we olardan Kiçi £uzyñ adaý-türkmen bölümçesi öz adyny alyp gaýdýar(42).
Türkmenler etnik taýdan uýgurlar bilen hem ýakyndyr. Hususan-da, taryhçy Muhammet Şabangarwy (1293-1358) özüniñ ''Madjma-al-ansab'' (''Genologiýanyñ ýygyndysy'') diýen işinde olardan (türkülerden ㅡ Ö. G.) iri taýpa (kabile) özleriniñ köp sanlylygy bilen tapawutlanýan guzlaryñ taýpasydyr. Olar (guzlar) on iki taýpadan (kabileden) durýarlar ㅡ olaryñ bir bölegini guzlar, beýlekisini uýgurlar diýip atlandyrýarlar. Türkmenler uýgur taýpasyndan (kabileden) gelip çykýar. Türkmen bolan seljuklaryñ neberesi bu halkdan (kowumdan) gelip çykýar diýip belleýär(43).
Bu barada XVI asyryñ awtory Sadyk Ysfahany hem uýgurlaryñ türki ýa-da türkmen taýpasydygy barada habar berýär(44). Şeýle subutnamalar iki halkyñ has ýakyn gatnaşyklary barada habar berýär. Reşideddiniñ (XVI a.) we Abylgazynyñ (XVII a.) işlerinde uýgurlar oguzlaryñ ýakyn garyndaşlary we bilelikdeşleri hökmünde ýatlanylýar, ''Oguznamanyñ'' uýgur görnüşi, türkmenleriñ we uýgurlaryñ taryhynyñ ajaýyp ýadygärligi bolup durýar(45). Uýgurlar sekiz-oguz taýpalary bilen VIII ㅡ IX asyrda Ýeniseý bilen Yrtyşyñ aralygynyñ günorta tarapynda ýerleşýän dokuz-oguzlaryñ döwletini emele getiripdirler. Sekiz-oguzlar naýmanlar (türküçe sekiz ㅡ mongolça naýman) ady bilen Çingiz hanyñ goşunyna giripdirler. K. Petrow uýgurlaryñ oguzdan gelip çykandygy ... umuman, bir wagt anyk edilen we hemmelere bellidir diýip belleýär(46).
Türkmen-oguzlaryñ tutuş etnik gatlagy sibir türkülerinde ýüze çykýar. Bu diñe bir Merkezi Aziýa türküleriniñ täze territoriýalara göçmekleri bilen däl-de, eýsem Günorta we Günbatar Sibiriñ we Altaý-Saýan daglygynyñ türküçe geplemeýän taýpalaryñ türküleşdirilmek ýagdaýy bilen hem baglydyr(47). Türkmenleriñ teleutlar, hakaslar we ýakutlar bilen garyndaşlygy hem bellenilýär. Ýakutlaryñ ''saha'' diýip atlandyrylmagynyñ özi hem türkmeniñ saky (ärsarylarda) diýen bölümçesi bilen meñzeşlige eýedir. XI ㅡ XIII asyrda Lenanyñ orta akymyndaky düzlüge göçüp baran has iri ýakut taýpasy bolan kurykanyñ ady bolsa, oguz taýpasy karkyn we häzirki zaman aliliniñ we ärsarynyñ düzüminde bolan garkyn bölümçesi bilen berk baglanyşygynyñ bardygy barada aýdýar(48). Saha halkynyñ özenini kañalaslar düzýär. Olary türkologlar (G. F. Ksenofontow, A. I. Gogolew, W. O. Dolgih, S. G. Klýaştornyý) Horezmden gelip çykan orta asyr etnosy kañly, ýagny ýazuw çeşmelerindäki kañýuýlar we kañarlar bilen berk baglaýarlar. Olar bolsa, öz gezeklerinde, 24 türkmen-oguz taýpalarynyñ biri bolan peçenegler hasap edilýär. Kañly, kañarlar-kongurlar, kengelesler häzirki zaman türki halklarynyñ köpüsiniñ (49), şol sanda türkmenleriñ goñur (tekelerde), goñurly (ärsarylarda), keneges (sakarlarda)(50) düzüminde duşýar. Kañalaslaryñ urug bölümleri türkmen etnonimlerine hem gabat gelýär: kañal nahar ㅡ türkm. taýpasy nohur, kañal. betun ㅡ türkm. beden (saryklarda), kañal. jarhan ㅡ türkmen. çaryh (gökleñlerde we nohurlarda), kaña. hodor ㅡ türkm. hetdar (arabaçyda), kañal. baiaut ㅡ türkmen. oguz. baýat, kañal. horin ㅡ türkmen. horran (gökleñlerde) w haryn (ärsaryda we tekede), kañal. tumat ㅡ türkm. tumaç (ýomutlarda), kañal. hengeldir ㅡ türkmen. hangeldi (tekelerde we gökleñlerde). Ýakutlaryñ-sahlaryñ mifiki jümleleri hem gyzykly, onda ''Ogus buolan aan doýdoga aýaataabyt uraanhaý ㅡ sahalar bu bihigi bu baarbyt'' (Şol uranhaýlar ㅡ saha, oguz bolup, bütin dünýä, biz şolardyrys, diýip jar edipdirler.)(51) diýilýär. Dilçi L. Klarkyñ şaýatlyk etmegine görä, singarmonizm (çekimli sesleriñ özboluşly naganyşygy) türki dilleriñ ählisiniñ içinden diñe türkmen we ýakut dillerinde saklanypdyr(52).
Oguz we gypjak taýpalarynyñ birleşmegi garagalpaklaryñ ýüze çykmagynyñ başyny goýupdyr. Onda-da olaryñ esasy özenini türkmen-oguzlar düzüpdir(53). Däp boýunça, garagalpaklar iki sany uly ganata-bölümlere (aryslara): kongrat we on tort uru diýenlere bölünipdir. Kongratlaryñ düzümine kostamgaly, kazaýakly, kendekli, kramoýyn, yrgykly we beýlekiler giripdir(54). Şeýle etnonimleri biz türkmenlerde hem görýäris ㅡ goñur (tekede), goştamgaly (nurata türkmenleri), gazaýakly (nurata türkmenleri), händekli (salyrlar, handag oguzlary), garaboýun (ýemreli, ýomut, saryk, ärsary, müjewür) yglaklar (salyr), gypjak (alili), keneges (sakar), mangyt (ärsary)(55).
''Kyrk gyz'' garagalpak eposy bilen ''Gorkut ata'' türkmen-oguz eposynda-da meñzeşlik duşýar, onda kyrk söweşiji gyzyñ başynda Salyryñ aýaly Burla hatyn durýar, şeýle-de türkmen eposy ''Görogly'' bilen ondaky batyr Gülaýym garagalpak gahrymany Gülaýyma meñzedilýär(56).
Garagalpak şahyrlary belli türkmen şahyry Magtymgulynyñ şygryýetini ''Poeziýanyñ akademiýasy'' hasap edýärler. Garagalpak halky Magtymgulyny garagalpak şygryýetiniñ nusgawy şahyrlary Kunho£a, A£iniýaz, Berdah, Uteş bilen deñ hatarda hormat goýýarlar.
Magtymgulynyñ şygryýeti garagalpak nusgawy edebiýatynyb emele gelmegine örän uly täsir edipdir. Türkmenleriñ .we garagalpaklaryñ etnik ýakynlygy olaryñ dünýägaraýyşlarynda, daş-töwerege bolan estetiki gatnaşyklarynda hem ýüze çykýar. Iki halkyñ has çuñ umumy genetiki köklerini görnüşi we manysy boýunça gabat gelýän durmuş leksikasy hem görkezýär. Magtymgulynyñ aforizmleri, ganatly jümleleri garagalpak halk nakyllaryna we atalar sözlerine öwrülipdirler. Garagalpak alymlary Magtymgulynyñ eserlerini öwrenmek bilim almagyñ hökmany şerti bolup durýar, munuñ üçin Garagalpagystanyñ umumybilim berýän mekdepleriniñ maksatnamasyna Magtymgulynyñ döredijiligini öwrenmek girizildi diýip görkezýärler(57).
Eýýäm XIX asyryñ ahyrynda general N. P. Ignatýew Kuñrad we Hojaili etraplarynda türkmen-çowdurlaryñ we garagalpaklaryñ garyşyk obalary barada ýazypdyr(58).
Dilçiler garagalpak diliniñ günorta gepleşigine türkmen diliniñ eden uly täsirini belleýärler. Iki diliñ täsiri has hem Garagalpagystanyñ Taza Kelteminar (Akkamys, Akbasly), Turtkul (Amirabad), Ellikkala, Beruni (Işan aul) we beýleki etraplarynda duşýar(59).
Rowaýatlar hem iki halkyñ etnik garyndaşlygyna-da şaýatlyk edýär. Buhara welaýatynyñ Kenimeh etrabynyñ garagalpaklary ''iñ gadymy ata-baba ㅡ Maýkybiý. Maýkybiýden £ailhan we Seilhan gelip çykypdyr. £ailhandan garagalpaklar, Seýilhandan ㅡ teke we ýomut gelip çykýar'' diýip gürrüñ beripdirler(60).
(dowamy bar)