Günbatar Ýewropada feodal gatnaşyklarynyň ýüze çykmagy


Rim imperiýasynda gul eýeçilik gurluşynyň dargap baş­ lamagy. Rim imperiýasynda ekerançylyk, senetçilik we söwda ösen- di. Iri gul eýeçilik hojalygy önüm öndürmäge ukyplydy. Ortaýer deňzinde daşary söwda gatnaşyklary ösen derejelere ýetipdi. Emma eýýäm III asyrda imperiýada hojalyk durgunlygynyň alamatlary ýüze çykdy, soňra bolsa çökgünlik başlady. Söwdanyň gerimi da- raldy, şäher durmuşy togtady. Bu çökgünligiň sebäpleri gul eýeçilik önümçiliginiň pese düşmegi bilen baglanyşyklydy.
Gul eýeçilik gurluşynda ykdysadyýetiň ösmegi üçin juda çäkli mümkinçilikler bardy. Gul öz zähmetiniň netijesi bilen gyzyklan- mandyr, şonuň üçin hem zähmet gurallaryny kämilleşdirmek, önüm- çiligi giňeltmek bilen asylha gyzyklanmandyr. Gul eýeçilik hojalygy ykdysady taýdan diňe arzan işçi güýjüni edinmekde we peýdalan- makda amatlydy. Emma hojalygy ýöretmegiň bu usuly gul eýeçi- lik hojalygynda işçi güýjüni köpeltmäge mümkinçilik bermeýärdi. Guluň maşgalasy ýokdy, ol agyr zähmet zerarly tiz güýçden gaçyp, ir aradan çykýardy. Şonuň üçin hem hojalygy işçi güýji bilen üp- jün etmek üçin gullaryň hemişe getirilip durulmagy zerurdy, munuň üçin bolsa üstünlikli uruşlary, talaňçylykly ýörişleri geçirmelidi, gul söwdasyny alyp barmalydy. Emma ykdysady krizisiň netijesinde Rim imperiýasynyň harby kuwwatynyň peselmegi we ýörişlerden goranyşa geçilmegi gullaryň üstüni ýetirip durmaga mümkinçilik ber- meýärdi. Gullaryň bahasy gymmatlady we hojalygy ýöretmegiň has amatly, täze usulynyň ýola goýulmagynyň zerurlygy ýüze çykdy. Gul eýeleri hojalygy ýöretmegiň täze usulyny gözleýärdiler. Olar gullara ýer bölüp berýärdiler. Şunuň bilen bir hatarda, iri ýer eýeleri boş ýer- lere erkin kärendeçileri çekmäge çalşypdyrlar.
Kolonat. Rim imperiýasynda ownuk daýhan ekerançylygy gul eýeleriniň iri ýer eýeçiligi bilen bäsleşip bilmändir. Daýhanlar çök- der döwlet salgytlarynyň salynmagy zerarly tozýardylar, agyr bergi- borja batýardylar we öz ýerlerine bolan hukuklaryny ýitirýärdiler. Olar ýa ykmandalara öwrülmelidiler ýa-da öz ýerlerinde hemişelik kärendeçiniň (prekarist) ýagdaýynda galmalydylar. Ýersiz adamlar boş ýerleri kolonat hukugy bilen erkin kärendeçilige alyp bilýärdi- ler. Eýeçiligiň hut şu görnüşi giçki Rim imperiýasynda iň köp ýaýran görnüşine öwrülýär. Kolonat eýeçiligi iri ýer eýelerine boş ýatan ýerleri özleri üçin has amatly şertlerde kärendeçilere bermäge müm- kinçilik döredipdir. Ýer eýesi köplenç halatlarda göçüp gelene (ko- lon) zähmet gurallaryny, iş mallaryny beripdir, bu bolsa öndürilen önümiň has köp bölegini eýelemäge mümkinçilik beripdir. Başda ko- lon erkin adam bolupdy we islän wagty ýerini taşlap gidip bilýärdi. Emma eýýäm IV asyrda kolonlar ýere berkidilipdir we şol ýerleriň mirasdüşerlerine öwrülipdirler. Konstantin I-niň 332-nji ýyldaky permany bilen ähli kärendeçiler ýere hemişelik berkidilýär. Perman boýunça gaçgak kolonlar tutulma- ga we yzyna gaýtarylyp getirilmäge degişli edilipdir. Kolonlar raýat- lyk hukuklaryny ýitiripdirler, döwlet wezipelerine we dini derejelere eýe bolup bilmändirler. Şeýdip olar ýere berkidilen gullar ýaly ýag- daýa sezewar bolupdyrlar. Kähalatlarda rim kanunçylygy olary gullar bilen bir hatarda goýýardy. Emma kolon hojalyk taýdan barybir gul däldi, onuň özbaşdak hojalyk ýöretmäge hukugy bardy, ýerine ýetir- meli borçlary kanun boýunça kesgitlenilipdi. Kolonlar döwlet salgyt- laryny töleýärdiler, goşun gullugyna alynýardy we olary ýersiz satyp bolmaýardy. Şeýlelikde, kolonyň iki hili ýagdaýy bardy: bir tarapdan ol guly ýada salýardy, sebäbi çäksiz emläk edinip bilmeýärdi. Ikinji bir tarapdan, hukuk taýdan ol erkin hasap edilipdir we ol borçlary ýerine ýetirmäge borçly edilen döwlet raýatydy. Olary ýer eýeleri we döwlet häkimiýeti peýdalanýardylar. Ýere berkidilen kolonlar eýýäm orta asyrlaryň garaşly daýhanlaryna meňzeýärdiler.
Eger-de kolonlar gullaryň derejesine çenli peseldilýän bolsa, onda tersine, gul hojalyk babatynda kolonyň derejesine çenli ýokary göte- rilipdir. Orta asyrlar eýýamyna geçilmegi bilen önüm öndürijileriň bu iki topary öňki Rim imperiýasynyň çäklerinde hukuksyz we garaşly daýhanlar (krepostnoý) gatlagynyň döremegi üçin esasy çeşme bolup hyzmat etdi.
Kolonatdan başga-da Rim imperiýasynyň giçki döwründe ýere eýeçilik etmekligiň prekariý we emftewsis (eýesi emftewt) ýaly görnüşleri-de bardy. Ownuk prekariýleriň eýeleri ýeri dürli şertlerde alyp bilipdirler. Eýeçiligiň möhleti ýer eýesi tarapyndan kesgitlenilip- dir, ýöne giçki prekariýler uzak möhlet bilen berlipdir we olaryň eýe- leri kolonlardan az tapawut edipdirler. Emftewsis käbir alamatlary boýunça orta asyrlaryň şertli eýeçiligine meňzeýärdi. Onuň eýeleri ýer eýelerine her ýylda kesgitli tölegleri töleýärdiler we öz ýerleri- ne giň hukuklardan peýdalanýardylar: emftewsisi kärendesine berip, satyp we miras galdyryp bolýardy. Ýer eýesi şol ýeri diňe emftewt tölegi üç ýylyň dowamynda töläp bilmedik ýagdaýynda ýa-da aradan çykandan soň mirasdüşeri bolmadyk halatynda, şeýle hem eýeçiligiň möhleti dolandan soň gaýtaryp alyp bilýärdi. Dolandyryş ulgamyndaky üýtgeşmeler. Gul eýeçilik gur- luşynyň dargamagy Rim imperiýasynyň dolandyryş ulgamyna-da uly täsir etdi. Imperiýanyň dargamak howpunyň güýçlenýän, çar- wa taýpalaryň çozuşlarynyň artýan döwründe häkimiýetiň dominat görnüşi ýüze çykýar. Döwleti dolandyrmaklyk imperatoryň we onuň döwlet edarasynyň ygtyýaryna geçýär. Senatyň ähmiýeti bütinleý gaçýar. Şäher munisipileriniň içki özbaşdaklyk (awtonom) hukuklary ýok edilýär. Aglaba bölegi çarwa taýpalardan düzülen hakynatutma goşunyň sany artýar. Döwlet edarasyny we goşuny eklemek üçin ägirt köp serişdeler talap edilipdir, şol serişdeleri bolsa, döwlet salgytlaryň mukdaryny artdyrmak ýoly bilen jemläpdir. Imperator Diokletianyň 293-nji ýyldaky edikti boýunça senetçiler we täjirler kollegiýala- ra berkidilipdir. Kollegiýalar natural salgytlaryň tabşyrylmagy üçin döwletiň öňünde jogap berýärdiler. Kuriallaryň boýnuna (şäher kuriýalarynyň agzalary) munisipal etraplardan gelmeli salgytlary tölemek borjy ýüklenilipdir. Salgydyň tölenilmedik bölegini olar öz- leri doldurmaly bolýardylar. Olara öz şäherlerini taşlap gitmeklik jeza çärelerini ulanmak howpy bilen gadagan edilipdir. Kuriallaryň gat- lagyna ýeri 25 ýugerden1 az bolmadyk şäherli ýer eýeleriniň ählisi girizilipdir. Agyr salgytlardan halas bolmak üçin kuriallar tokaýlarda, dag jülgelerinde gizlenipdirler we monastyrlara gidipdirler, kolonlara öwrülipdirler.
Harby-býurokratik döwlet edarasynyň berkemegi we wela- ýatlaryň üstünden häkimiýetiň güýçlenmegi Rim imperiýasynyň dargamagynyň öňüni alyp bilmeýärdi. Imperator Diokletian impe- riýany dört sany dolandyryjynyň arasynda paýlady. Rim özüniň bir wagtky ähmiýetinden mahrum boldy we imperiýanyň paýtagty huku- gyny bütinleý diýen ýaly ýitirdi. 395-nji ýylda imperiýa Günbatar we Gündogar böleklerine gutarnykly bölündi.
Günbatar Rim imperiýasynda ekerançy begzadalaryň kuwwaty hem-de täsiri artýardy, welaýatlarda merkezden bölünip aýrylmak meýilleri güýçlenýärdi. Hökümetiň köne usullar bilen ilatyň üstün- den hökümdarlyk etmäge güýji ýetmeýärdi, şonuň üçin hem kömek sorap kuwwatly magnatlara ýüzlenmäge mejbur bolýardy. Iri ýer eýeleriniň boýnuna kolonlaryň yzygider salgyt tölemegini gazanmak jogapkärçiligi ýüklenilipdir. Ýer eýeleri öz dolandyryş edaralaryny döredýärdiler we öz şahsy goşun bölümlerini saklaýardylar. Şeýdip döwlet dolandyryş ulgamynyň dargamak we magnatlaryň şahsy häkimiýetiniň döremek hadysasy başlaýar. Şunuň bilen bir hatarda, syýasy häkimiýetiň dargamagy hem dowam edýärdi. Welaýatlary do- landyrmaklyk öňler merkezi häkimiýetiň adyndan emeldarlar tara- pyndan amala aşyrylan bolsa, indi ol ýerli senator begzadalaryň eline geçýär. Bu döwürde goşun serkerdeleri has uly ähmiýete eýe bolýar. Munuň özi rim gul eýeçilik döwletiniň feodallaşyp başlanlygyndan habar berýärdi.
Hristian buthanasy. Ýewropa yklymy Rim imperiýasyndanhris- tiançylygy miras alypdyr. Başky döwürde hristiançylyk ezilýänleriň dini bolanlygyndan, IV asyrda resmi dine öwrülýär. Imperator Kons- tantin hristiançylygy döwlet dini hökmünde ykrar edýär we ol 313-nji ýylyň Milan edikti bilen berkidilýär. Bu döwre çenli hristiançylyk imperiýanyň ähli ýerlerine diýen ýaly ýaýrapdyr. Netijede, hristian buthanasy kuwwatly ykdysady, syýasy we ideologiki häkimiýete eýe bolýar. Ýepiskoplar diňe bir buthana diosezlerini (etrapça) dolandyr- mak bilen çäklenmän, eýsem öz mülklerinde kazyýet-dolandyryş hä- kimiýetine-de eýe bolýardylar.
Hristiançylygyň agalyk ediji dine öwrülmegi dindarlaryň ara- synda agzalalyklaryň döremegine, hristiançylykda akymlaryň, ýereti- ki (resmi din bilen ylalaşmaýan) dini taglymatlaryň döremegine sebäp bolýar. Eýýäm 325-nji ýylyň Nikeý soborynda imperiýanyň gündogar welaýatlarynda ýaýrap başlan we Iisusyň (Isa pygamber) hudaýy sy- patyny inkär edýän ariançylyk ýeretiki dini taglymaty näletlenilýär. Bu akym Rim imperiýasyna gyýa göz bilen garaýan wagşy taýpalaryň arasyna aralaşypdyr.
V asyrda imperiýanyň gündogaryna Iisusyň diňe hudaý sypaty- ny ykrar edýän monofzitçilik ýeretiki dini taglymaty hem ýaýraýar. Monofzitçiler ruhanylary ýer üstüniň ähli lezzetlerinden ýüz öwrüp, pukara durmuşda ýaşamaga çagyrypdyrlar. Rim imperiýasynyň Afrikadaky mülklerinde hristian buthanasynyň özgerdilmegini, hristiançylygyň başky döwürdäki deňligini, emlägiň umumylygyny, diniň döwlete tabynlygynyň ýatyrylmagyny talap edýän donatistleriň dini taglymaty hem ýaýraýar. Resmi hristian buthanasy we döwlet häkimiýeti tarapyndan yzarlanylandygyna garamazdan, ýeresleriň ýaýramagy dowam edýärdi. Sebäbi olar dowam edýän gul eýeçilik gurluşyna çuňňur nägilelik bildirýärdiler.
Rim imperiýasy bilen goňşuçylykdaky wagşy taýpalar. Wagşy taýpalar diýip Rim imperiýasynyň çäginden daşarda ýaşaýan, latyn dilini we rim medeniýetini bilmeýän halklary atlandyrypdyrlar. Rim imperiýasy bilen belli bir derejede gatnaşyk saklan wagşy halklaryň has ululary keltler, germanlar we slawýanlar bolupdyrlar. Keltler Demirgazyk Italiýada, Galliýada, Ispaniýada, Britaniýada we Irlan- diýada ýaşapdyrlar. Germaniýada olaryň düşelgelerine tä Odere çenli aralykda duş gelmek bolýardy. Rim imperiýasy Demirgazyk Italiýany, Galliýany we Ispaniýany basyp alypdyr we bu ýerleriň ilaty rimliler bilen garyşyp bir halky (gallo-rim we gallo-ispan) emele getiripdir- ler. Rimliler tarapyndan Britaniýanyň ilatynyň hem agramly bölegi boýun egdirilipdir, emma olar romanlaşdyrylmandyrlar we özleriniň patriarhal durmuşyny saklap galypdyrlar. Rimlileriň basybalyşlaryna sezewar edilmedik Irlandiýanyň we Şotlandiýanyň keltleri öz milli aýratynlyklaryny doly saklap galypdyrlar.
Keltler orta asyr Ýewropasynyň halklary bolan iňlisleriň, fransuzlaryň, ispanlaryň etnogenezinde uly orun eýeläpdirler. Olar Günbatar Ýewropa ýurtlarynda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň we maddy medeniýetiň ösüşine uly täsir edipdirler.
Biziň eýýamymyzyň ilkinji asyrlarynda slawýan taýpalary Wisla- dan Wolga we Oka derýalarynyň ýokary akymlaryna, Baltikanyň ke- narlaryndan Gara deňze,Aşaky we Ýokarky Dunaýa çenli aralykdaky ägirt uly giňişliklerde ýaşapdyrlar.Antiki döwrüň taryhy çeşmelerinde olar wenedler ady bilen tanalýar. Ykdysady we jemgyýetçilik ösüşiniň derejesi boýunça slawýanlar beýleki wagşy taýpalaryndan, aýratyn hem germanlardan känbir tapawut etmändirler. Bu döwür- de slawýanlaryň hojalygy esasan ekerançylyga esaslanypdyr, ýöne maldarçylyk, aw awlamak we balykçylyk hem hojalykda uly ähmiýe- te eýe bolupdyr. Slawýanlar magdan gazyp almakda we demir işläp bejermekde, külalçylykda we dokmaçylykda uly üstünliklere eýe bolupdyrlar. Esasy hojalyk birligi hökmünde maşgala hereket edip, maşgalalar uruglara, uruglar tirelere we olar hem öz gezeginde taý palara birleşipdirler. Möhüm meseleler weçe diýlip atlandyrylan halk ýygnagynda ara alnyp maslahatlaşylypdyr. Slawýanlarda družinasy (nökerleri) bolan knýazlar uly abraýdan peýdalanypdyrlar.
Halklaryň beýik göçhä-göçlügi döwründe slawýanlar german taýpalaryny gysyp has günbatara tarap süýşüpdirler. Olar Wizantiýa ýerlerine-de çozup giripdirler. Indi olaryň araçägi Elba we Dunaý derýalary boýunça geçýärdi. Kähalatlarda slawýanlar Elbadan gün- batara we Dunaýdan günorta çenli geçipdirler, soňra bolsa tutuş Bal- kan ýarym adasyny eýeläpdirler. VI asyrda wizantiýa çeşmeleri olaryň Dunaý bilen Dnestriň arasynda ýaşaýanlaryny sklawin we slowen, Dnepriň boýlaryndakylary ant, Wislanyň boýlarynda we Baltikanyň kenarlarynda ýaşaýanlaryny bolsa wenet diýip atlandyrypdyrlar.
Gadymy germanlar. Gadymy germanlar, olaryň hojalyk, sosi- al we syýasy gurluşy, edil şonuň ýaly-da jemgyýetçilik ýaşaýşynyň beýleki ugurlary bilen esasan Sezaryň we Tasitiň bize berýän maglu- matlary boýunça tanşyp bolýar. Gaý Ýuliý Sezar (b.e. öňki 100–44) Rimiň meşhur syýasy işgäri we tanymal serkerdesidir. Ol b. e. öňki 58–52-nji ýyllarda Galliýanyň (häzirki Fransiýa) dikmesi bolup, onuň basylyp alnyşyny özüniň «Gal urşy hakyndaky ýazgylar» eserinde beýan edýär. Eserde germanlaryň hojalygy, jemgyýetçilik gurluşy, et- nografýasy we german taýpalary bilen uruşlar beýan edilýär. Şeýle mazmundaky maglumatlary rimli taryhçylaryň iň görnüklileriniň biri bolan Publiý Korneliý Tasit (takmynan b.e. 58–117) habar berýär. B.e.89–93-nji ýyllarynda Tasit Belgikanyň (häzirki Demirgazyk- Gündogar Fransiýanyň we Belgiýanyň ýerleri) dikmesi bolup gul- luk edende, şol welaýatyň serhetlerinde ýaşan german taýpalarynyň durmuşyny öwrenýär. Tasit meşhur rim taryhçysy Plininiň biziň gün- lerimize gelip ýetmedik «German uruşlary» diýen işini öwrenipdir. Gulluk borjy boýunça Tasit rim serkerdesi Mark Agrippa tarapyndan düzülen Reýn ýerleriniň kartasy bilen hem tanşypdyr. Netijede Tasitiň german taýpalary hakynda öz garaýyşlary döreýär, şolary hem ol b.e. 98-nji ýylynda ýazan «Germanlaryň gelip çykyşy we ýaşan ýerleri» atly eserinde beýan edýär. Eserde Tasit german taýpalary babatynda «wagşy» adalgasyny ulanýar.
Rim awtorlary Dunaý derýasyndan demirgazykda tä Skandina- wiýa ýarym adasyna, Reýn derýasyndan gündogarda tä Wisla derýasy na çenli aralykda ýaşan taýpalary germanlar diýip atlandyrypdyr- lar. Elba (Laba) derýasyndan gündogarda günbatar slawýanlary ýaşapdyrlar, ýöne soňra olar germanlar tarapyndan bu ýerlerden gysy- lyp çykarylýar.
German taýpalary üç topara bölünýärdiler. Germanlaryň bi- rinjisi günbatarlylar bolup, olar Reýn hem-de Oder derýalarynyň aralygynda ýaşapdyrlar. Bu ýerlerde ýaşaýan germanlaryň arasynda taýpa bileleşikleri döräp, şolaryň iň ulusy Reýniň ýokarky akymyndan tä Elba çenli aralykda ýaşan swew taýpa bileleşigi bolupdyr. Bu ýer- lerde diňe swewler ornaşypdyrlar. Bu taýpa bileleşigine swinonlar, germandarlar, markomanlar, langobardlar giripdirler.
Reýniň orta akymynda german taýpalarynyň ikinji topary bolan sugambrlar we marslar agdyklyk edipdirler we olar hat, herusk, ba- taw taýpalaryny özlerine tabyn edýärler. Bu taýpalaryň ählisi diýen ýaly Reýniň aňyrsyndaky belg taýpasy bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklap gelipdirler, olaryň bir bölegi bolsa Reýniň çep kenaryna göçüp gidýärler.
Reýniň aşak akymlarynda we Demirgazyk deňziň kenarynda german taýpalarynyň üçünji topary ýaşaýardylar. Olara frizler, hawk- lar, angllar, sakslar, tewtonlar, burgundlar, gotlar, wandallar we gaut- lar degişli bolupdyrlar. Şeýlelikde, german taýpalary demirgazykda German we Baltika deňizleri, günortada – Dunaý, günbatarda – Reýn, gündogarda – Elba çenli ägirt uly ýerleri öz içine alan giňişliklerde ýaşapdyrlar.
Germanlaryň hojalygy. German taýpalarynyň esasy kesbi-käri maldarçylyk we aw awlamak bolup, olaryň käbirleri ýygnaýjylyk bilen hem meşgullanypdyrlar. Täze eýýama geçilýän döwürde eke- rançylyk germanlarda ýaňy ýüze çykyp ugrapdyr. Onuň hem esasy sebäbi olar entäk doly oturymlylyga geçmändiler. Hiç kimde belli bir çäk goýlan hususy ýerler bolmandyr. Her ýyl taýpa serdarlary aýry- aýry uruglara we tirelere zerur mukdarda ýerleri bölüp beripdirler we ýylyň tamamlanmagy bilen olara başga bir ýerden ýer bölüp berip- dirler. Emma giçki döwürlerde germanlaryň ykdysady durmuşynda ekerançylyk hem uly orny eýeläp başlaýar. Olar süle, bugdaý, arpa, dary, çowdary, kenep ýaly ekinleri ekipdirler. Elbetde, rimiň ekeran çylyk medeniýeti bilen deňeşdirilende germanlaryň ekerançylygy pes derejededi. Germanlarda entäk bakjaçylyk we miweçilik ýokdy.
Germanlar ekerançylygyň perelog1 usulyna daýanyp, eksten- siw2 hojalyk ýöredýärdiler. Olar tarp ýerleri özleşdirýärdiler we esa- san galla ekýärdiler. Ekin ekilýän ýeri soňra taşlaýardylar we sürüm üçin täze ýer alýardylar. Eger-de, öňki döwürlerde ekin meýdany bi- len bilelikde ekerançy hem öz ýaşaýan ýerini üýtgeden bolsa, indi jemgyýetiň agzasy özüniň hojalyk ygtyýarlyklarynyň çäklendirilýän- digi zerarly bir ýerde oturmaga mejbur bolýardy. Çünki sürüm ýer- leri heniz hususy eýeçiligiň serişdesine, hususy emlägiň görnüşine öwrülip bilmändi. Tasitiň sözlerine görä, baýlygyň ýeke-täk görnüşi diňe mal bolup galýardy. Munuň hem esasy sebäbi natural hojalygyň şertlerinde taýpalaryň köpüsinde pul alyş-çalşygyň serişdesi bolup bilmändir, şonuň üçin hem töleg serişdesi hökmünde mal giňden ula- nylypdyr.
Şeýlelik bilen, gadymy germanlaryň jemgyýetçilik gurluşynda düýpli özgerişler bolup geçipdir. Hojalyk durmuşynda indi maldar- çylyk esasy orny eýelemändir, olar bir ýerde ymykly mesgen tutup, çarwa durmuşyndan daşlaşypdyrlar. Germanlar ekerançylygy we maldarçylygy başarnykly utgaşdyrmaga başlaýarlar. Hususy ýer eýe- çiligi we ýeri ulanmagyň perelog usuly bilen bagly bolan urug ýa-da maşgala ýer eýeçiligi-de döreýär.
Germanlaryň jemgyýetçilik gurluşy. Täze eýýama geçilýän döwürde germanlarda entek urug jemagatçylyk gurluşy agalyk edip- dir. Esasy syýasy birleşme hojalyk, syýasy we dini umumylygy emele getirýän taýpa bolupdyr. Her bir taýpada aýratyn dini dessurlar we adaty kanunlar höküm sürüpdir. Möhüm meseleler diňe erkek adam- lar gatnaşýan halk ýygnagynda çözülipdir. Şeýle ýygnaklarda harby serdarlary (rex) we taýpa kethudalary (dux) saýlanypdyr. Harby ser- darlar uruşlar döwründe, kethudalar bolsa parahatçylyk döwründe häkimlik edipdirler. Kethudalar aýry-aýry hojalyklara ýer bölüp be ripdirler, jedelleri çözüpdirler, kazyýet işlerinde başlyklyk edipdirler. Taýpanyň ähli agzalary erkin we deňhukukly bolupdyrlar.
German taýpalary endogam bolup, nika adatça aýry-aýry uruglaryň arasynda baglaşylypdyr. Maşgala monogam häsiýetde bolupdyr. Diňe käbir taýpa serdarlary birnäçe aýala öýlenip bilip- dirler. Germanlaryň durmuşynda urug gatnaşyklary uly ähmiýete eýe bolupdyr. Ýakyn garyndaşlar uly maşgalany – patronomiýany emele getirip, hojalygy bileleşip ýöredipdirler. Urug jemagaty eke- rançylyk jemagatyna öwrülipdir. Iş maly, gullar, zähmet gurallary we söweş ýaraglary maşgala we şahsy eýeçiliginde galypdyr. Her bir urug garyndaşlaryň topary hökmünde öz agzalaryna ýakyndan ýardam edipdir. Gan almaklyk olarda hun bilen çalşyrylypdyr. Urug gatnaşyklary esasy harby gurama bolup, harby tertipler maşgala-urug alamaty esasynda düzülipdir we söweşler döwründe her urugyň öz durmaly ýeri bar eken.
Germanlaryň jemgyýetçilik gurluşy harby demokratiýanyň ýörel- gelerine esaslanypdyr. Ozalkylary ýaly aýgytly orun halk ýygnagyna degişli bolup, wezipeli adamlar hemişe olary saýlaýan esgerleriň gö- zegçiligi astynda bolupdyrlar. Halk ýygnagynda jemgyýetiň her bir agzasynyň teklibi, pikiri ähmiýetine we ynandyryjylygyna görä kabul edilýärdi. Munuň özi germanlarda entek dolandyryjy ygtyýarlyklary özünde jemleýän hökümet guramasynyň bolmandygyny we döwletiň wezipelerini halk köpçüliginiň özüniň amala aşyrýandygyny görkez- ýärdi. Bu ýagdaý urug toparlarynyň kem-kemden syýasy bütewülige jebisleşmegine ýardam eden iň möhüm şert bolupdyr we germanlarda umumy döwlet guramasynyň ilkinji alamatlarynyň döremegine geti- ripdir.Tasitiň şaýatlyk etmegine görä, germanlarda gullar hem bo-
lupdyr we olary ilkinji nobatda hojalykda – ýaýlalarda we ekin meý- danlarynda, şeýle hem guluň eýesiniň öýünde ulanypdyrlar. Gul hu- kuksyz bolup, onuň nähilidir bir emläk edinmäge hukugy bolmandyr. Gul eýesi onuň bilen beýleki şahsy zatlara garaýşy ýaly çemeleşip bilipdir: ony sowgat hökmünde berip, çalşyp, girewe goýup bolýardy. Gul diňe hojaýynyň razylygy bilen öýlenip bilipdir we onuň aýaly, çagalary we ähli emlägi gul eýesine degişli bolupdyr. Emma bütinleý hukuksyzlygyna garamazdan, german gullarynyň ýagdaýy hakykatda rim gullarynyňkydan ýeňil bolupdyr. Olaryň sany az bolupdyr, şonuň üçin hem işçi güýji hökmünde gullaryň gadyryny bilipdirler. Sebä- bi gula aýawly garamak hojaýynyň özüniň bähbitlerine doly laýyk gelipdir. «Jenaplaryň öz guluny ýençmegi, zynjyrlap daňmagy ýa-da etmişi üçin agyr jeza bermegi seýrek bolýar» diýip Tasit ýazypdyr. Germanlarda aýratyn ýer paýyny edinip, özbaşdak hojalyk ýoredýän we jenabynyň hojalygynda ýaşamaýan gullar hem bolupdyr. Köplenç olary litler (ýarym erkinler) diýip atlandyrypdyrlar. Olar öz jenaplary- na önüm (natural) salgydyny töläpdirler.
Uruşlar döwründe halk ýygnagy taýpa serdarlaryny – gersogy saýlapdyr. Gersog saýlananda, onuň gelip çykyşy bilen bir hatarda, şahsy sypatlaryna hem uly üns berlipdir. Diňe uruş döwri üçin wagt- laýyn saýlanýan gersog, wagtyň geçmegi bilen taýpanyň hemişelik harby baştutanyna, soňra bolsa korola öwrülýär. Netijede, gersog öz häkimiýetini kem-kemden taýpanyň jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlaryna-da ýaýradyp, onuň daşarky durmuşynyň gorag- çysyndan, içerki durmuşynyň goragçysyna hem öwrülýär. Halk ýyg- nagynda kämillik ýaşyna ýeten german ýaş ýigidi taýpa baştutany- nyň, atasynyň ýa-da garyndaşynyň elinden galkan we naýza alýardy, şeýdibem jemgyýetiň doly hukukly agzasyna öwrülýärdi.
Germanlaryň dini ynançlary. Germanlaryň dini ynançlary ba- rada aýdylanda, olar juda ýönekeý bolupdyr. Germanlar tebigatyň gudratlaryna, Güne, Aýa, oda sežde edipdirler. Hudaýlaryň arasynda esasy çokunylýanlary Wodan, Donar, Siu we Idis bolupdyr. Has giç- kiräk döwürde Wodan1 ýokary hudaý alamatlaryna eýe bolupdyr, Donar gök gürrüldisiniň hudaýy, Siu bolsa urşuň hudaýy bolupdyr. Gadymy germanlarda ybadathanalar we hudaýlaryň butlary bol- mandyr. Olar hudaýlary belent bir sypatlarda göz öňüne getiripdirler, şonuň üçin hem hudaýlary adamlaryň keşbinde ýa-da başga bir janly- jandaryň şekilinde beýan etmeklik günä hasap edilipdir. Germanlarda ybadathanalaryň ornuny keramatly ýerler (jülgeler we dag belentlik- leri) çalşyrypdyr. Şol ýerlerde haýwanlary (kähalatlarda adamlary hem) gurban beripdirler. Bir kökden dörän, ýöne soňra biri-birinden bölünip aýrylan garyndaş taýpalar ýeke-täk umumy hudaýa uýupdyr. lar. Germanlaryň dini dessurlary olaryň ähli taýpalarynyň Tunskon atly hudaýdan doglan ýeke-täk Mannadan dörändigini tassyk edýär.
Germanlarda žresler we gurrandaz aýallar uly hormatdan peýda- lanypdyrlar. Žresler diňe bir ybadat işleri bilen däl, eýsem jemgyýet- çilik-syýasy meseleleri we kazyýeti amala aşyrmak bilen hem meşgullanypdyrlar. Erkin germanlaryň ählisi diňe şolara doly tabynlyk bildiripdirler; olaryň karary boýunça ölüm jezasy berlipdir we günä bildirilýänler tussag edilipdir. Germanlar bilgiç aýallaryň halk ýyg- nagynda öňe çykyp atýan pallaryna hem edil şonuň ýaly çäksiz ynam edipdirler. Eger olaryň atýan pallary harby ýörişiň şowsuzlygyny öňünden duýdurýan bolsa, onda şol ýöriş başga möhlete geçirilipdir. Bilgiç aýallar beýleki halklarda hem edil şunuň ýaly uly abraýa eýe bolupdyrlar.
Günbatar Ýewropanyň taryhynda gadymy germanlaryň taryhy ähmiýeti örän uludyr. Olar Ýewropany gaýtadan janlandyrypdyrlar we onuň ösüşine düýbünden täzeçe öwüşgin beripdirler. German hem-de rim medeniýetleriniň garyşyp-gatyşmagyndan orta asyr Ýewropasy döräpdir.
German taýpalarynyň Rim bilen gatnaşyklary. Germanlaryň günbatara tarap öňe süýşmekleri Rim bilen uruşlara getiripdir. Ilkinji çaknyşyklar baryp b.e. öňki II asyrda bolup geçýär. B.e. öňki 113– 101-nji ýyllarda tewton we kimwr taýpalary Galliýanyň we Demirga- zyk Italiýanyň üstüne çozuş edýärler emma olar rimli serkerde Mariý tarapyndan derbi-dagyn edilipdir. Swewleriň Gündogar Galliýadaky ýerleri basyp almaga eden synanyşyklary hem olaryň ýeňlişi bilen ta- mamlanypdyr. Ýuliý Sezar olary derbi-dagyn edip, Reýniň aňyrsyna kowýar, b.e. öňki 55-nji ýylda bolsa hatda Reýnden geçip, gysga wagtlyk germanlaryň ýurduna-da çozup girýär.
Tiz wagtdan german taýpalarynyň özleri Rimiň uruşparaz syýa- satyna sezewar edilýär. Germanlaryň ýurduny boýun egdirmek mak- sady bilen rim serkerdeleriniň ýörişleri guralýar. Birnäçe wagtdan german taýpalarynyň serdarlary Reýnden Elba çenli ähli ýerlerde rim imperatorynyň häkimiýetini ykrar etmäge mejbur bolupdyrlar. Emma germanlaryň tutanýerli garşylyk görkezmeginiň netijesinde olaryň ýerlerini imperiýanyň düzümine girizmek başartmandyr. Täze eýýamyň ilkinji ýyllaryndaWezer derýasynyň töwereklerin- de herusk taýpasynyň serdary Armininiň baştutanlygynda rime garşy taýpa bileleşigi döreýär. Netijede rimlilere garşy ählumumy gozgalaň turýar. Biziň eýýamymyzyň 9-njy ýylynda Waryň serkerdeligindäki rim legionlary gabawa düşýärler we Tewtoburg tokaýynda germanlar tarapyndan ýok edilýär. Şundan soň rim hemişelik goranyşa geçýär. Demirgazyk deňziň kenarlaryndan Dunaýyň deňze guýýan ýerine çenli giňişlikleri öz içine alýan goranyş ulgamy gurulýar. Reýniň we Dunaýyň ýokary akymlarynyň arasynda (Maýnsdan Regensburga çenli) seňňer (Lines Romanus) gurulýar. Munuň özi birnäçe asyrlaryň dowamynda Rime germanlaryň okgunly hüjümlerini saklamaga mümkinçilik berýär.
Emma germanlaryň rim welaýatlaryna çozuşlary güýçlenip- dir. Reýniň aňyrsynda rimlileriň goranyşyny böwüsmegi we baý welaýatlary eýelemegi maksat edinýän taýpa bileleşikleri döreýär. 165–180-nji ýyllarda Markoman urşy başlaýar. German taýpalarynyň ägirt uly goşunlary – markomanlar, kwadlar, wandallar, germandarlar – Resiýa, Norige, Pannoniýa, Dakiýa, Illiriýa çozup girýärler we De- mirgazyk Italiýa baryp ýetýärler. Imperator Mark Awreliý olara berk zarba urup, çozup gelen käbir taýpalary özüne boýun egdirýär. Emma bu rim ýaragynyň iň soňky ýeňşi bolup galypdyr. Mundan beýläk imperiýa germanlaryň öňünde sapalak atmaga, olara özleriniň käbir ýerlerini bermäge mejbur bolýar. Imperatorlar käbir taýpalara rimiň ýaranlary (federatlar) we hakynatutma goşunlar hökmünde serhetde ýurt tutunmaga ygtyýar edýärler.
Rimli iri ýer eýeleri göçüp gelýän germanlary göwünjeňlik bi- len kabul edipdirler we olary boş ýerlerde ýerleşdiripdirler. Rimiň ýerli ilatynyň arasynda ýaşamak bilen germanlar olaryň maddy we ruhy medeniýeti bilen baglanyşykly köp gymmatlyklaryny kabul edip alypdyrlar. Bu bolsa german jemgyýetinde urug-jemagatçy- lyk gurluşynyň dargamagyny, rim kanunlarynyň girizilmegini, hu- susy eýeçiligiň berkemegini çaltlandyrypdyr. Öz gezeginde german taýpalarynyň göçüp gelmegi rimiň serhetýaka welaýatlarynyň dur- muş-ykdysadytaýdanösüşinegowytäsiredipdir.Erkinekerançyilatyň möçberi artypdyr, gul zähmetiniň ähmiýeti peselipdir. Federatlardan düzülen german hakynatutma goşunlarynyň ähmiýeti hem artypdyr. German serkerdeleri rim gullugyna durmak bilen döwletiň syýasy durmuşyna täsir edipdirler, köşk adamlarynyň häkimiýet ugrundaky göreşlerine gatnaşypdyrlar. Şeýlelikde, biri-biri bilen baglanyşykly iki hili ýagdaý bolup geçipdir: serhet welaýatlarynda ýaşaýan ger- manlar romanlaşypdyrlar, Rim imperiýasy bolsa «wagşylaşypdyr». Bu ýagdaýyň ikisi hem germanlaryň peýdasyna bolupdyr, sebäbi germanlaryň ýagdaýy berkäpdir we olaryň rimiň welaýatlaryny eýelemeklerini ýeňilleşdiripdir.


Jumadurdy ANNAORAZOW

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir