Gadymy Eýran Jahan taryhynda onuň orny we ähmiýeti
Eýran ýeriniň üstüni esasan daglar eýeleyär. Ýurduň demirgazyk bölegni Elbrus dag ulgamy tutýar. Ondan gündogara türkmen Horasan (Köpetdag) daglary uzalyp gidýär. Demirgazyk- günbatardan, günorta – gündogara Zagros dag gerişeri ýaýlyp ýatyr. Ýurduň merkezinde ägirt uly meýdany ekerançylyk üçin ýaramsyz çöllük eýeleýär. Eýranyň ekin üçin ýaramly ýerleriniň esasy bölegni suwarymly ekerançylyga mätäçdir. Ýurduň suw bilen has gowy üpjün böleg günorta –günbatardaky Huristan welaýatydyr.Bu ýerden Karyn we Kerha derýalary akyp geçýär we ol ýerleriň topragy ekin üçin has ýaramlydyr.
Günbatar Eyranyň gadymy ilaty Elam, Lulubeý, Kuti we Kassif taýpalardan düzülip olar dilleriniň ýakynlygy boýunça Kaspiý toparyna giripdirler. Olardan dne Elam dili hakynda käbir maglumatlar galypdyr. Bu dil öz tebigaty boyunça Hindistan ýarym adasynda ýaşan taýpalaryň diline çalymdaş bolupdyr. Has ep-esli gijiräk döwürde bu ýerlere arylar diýip atlandyrylan hindi-eyran taýpalary ýaýrapdyr. Ýurduň ady hem Ariýanam-“arylaryň ýurdy” diýen sözüň gysgaldylan görnüşi bolup Eýran diýlip atlandyrylyp ugrapdyr. Soňky gelen ilat bilen öň oturan ilat garyşyp eýran dilleriniň dürli lehçelerinde gepläp ugrapdyr.
M.öň. I müňýyllygyň dowamynda Eýranyň ep- esli bölegi we Orta Aziýanyň ilaty eýran dilinde gepläpdirler. M.öň.IV-III asyrlarda midiýalylar, persler we Orta Aziýany öz içine alan gündogar eýran toparlary (Bakriýa, Sogda, Horezm we çarwa sak taýpalary) gadymy eýran diliniň dürli lehçelerinde gürläpdirler. Eýranyň günorta-günbataryny gadymy wagtlarda Elam diýip atlandyrypdyrlar. Soňra bu ýerde Elam döwleti emele gelipdir. Onuň merkezi (paýtagty) “Suzy” şäheri bolupdyr. Elam Eýranyň beýleki ýerlerinden öňürti ekerançylyk we maldarçylyk hojalygyna geçipdir. Bu ýeriň ön saýlanmagyna bu ýerde mis magdan känleriniň bolmagy itergi beripdir diýip çak edilýär.
M.öň VI müňýyllykda bu ýerde misden iňňebagjyklar we monjuklar taýýarlanypdyr. Küýze gap-gaçlaryň ýüzine dürli nagyşly çyzgylar haywanlaryň suratlary çekilipdir.
Şeýlelikde Karun we Kerha derýalarynyň ýakasynda ýaşaýan ilat başga ýerlerden ýokary saýlanyp başlapdyr. Bu ýerde senetçilik ösüpdir – keramika metaldan guýlup ýasalan paltalar, tegelek möhürler peýda bolupdyr.
Jemgyýet gatlaklara bölünip barlylar serdarlar hökümdaralar öňe saýlanyp ugrapdyrlar, hökümdaralar ýörite gabyrlarda jaýlanypdyr. Welaýatyň düzlik bölegi Suzanna ösen ekerançylyk meýdanyna öwrülipdir. Ol ýerde esasan arpa we miweler ösdürilip ýetişdirilipdir. M.öň. 3 müňinji döwürde potamiýa bilen ysnyşykly söwda aragatnaşyklary ýola goýulýar. Gadymy Eyranda Elamdan başgada Awan, Anşan, Simas we Kimaş döwletleri höküm sürüpdirler.
Elamyň taryhy 2 kiderýa aralygy Mesopatamiýanyň taryhy bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. M.öň. XXIV-XXIII asyrlarda Elam gös- göni Akkad patyşalygyna elgaram ýagdaýda ýerleşipdir.
M.öň. III-II müňýyllyklarynyň dowamynda özboluşly Elam döwlet edarasy kemala gelipdir. Ýokary hökümdar şukkalmah diýen şumar titulyny (unwanyny) göteripdir we Suzi şäherinde oturypdyr. Döwleti onuň dogany (erkek) we orunbasary sukkal dolandyrypdyr. Ýokary hökümdar ölen halatynda onuň ornuny çalşypdyr. Elamyň patyşa maşgalasyna öz uýasyna öýlenmek we dakylma adat bolupdyr. Patyşa ölen halatynda onuň dogany we mirasdary patyşanyň dul aýalyna öýlenmeli bolupdyr we tagty eýelemäge hukuk gazanypdyr. M.öň. XIV asyra çenli Elam derýaralygy hökümdaralaryndan garaşsyz ýagdaýda galypdyr. Emma M.öň XIII asyrda Wawilonlar tarapyndan basylyp alnypdyr.
M.öň. 1115-nji ýylda Wawilon goşunlary NowuhodonosorI baştutanlygynda Elama güýçli zarba urupdyr.M.öň. VIII asyrda Elam goşunlary Assiriýadan garaşsyzlyk ugrunda çykyş edýän wawilonyň tarapynda çykyş edipdirler we dynuwsyz bir uruş hereketlerine çekilipdirler.
Assiriýa patyşasy Aşsurbanapol Wawilony derbi-dagyn edenden soň Elama çozupdyr we onuň ýurduny we paýtagty Suzi şäherini basyp alypdyr. (M.öň.639)
M.öň III müňýyllykda Elm jemgyýetiniň esasyny oba jemagatlary düzüpdir. Oňa ýürduň ähli erkin ilaty giripdir. M.öň. III müňýyllygyn ähli erkin ilaty giripdir. M.öň. III müňyyllygyň başlaryndan başlap Elamda gul zähmeti ulanylýan hususy eýeçilik çalt depgin bilen ösüp başlaýar. Oba jemagatlarynyň ýerine garyndaşlyk ilteglerine daýanýan maşgala jemagatçylyk birlikleri emele gelýär.
Ep-esli soňrak Elamda jemagatçylyk we hususy hojalyk bilen bir hatarda patyşa mükleri we buthana ýerleri peýda bolyar.
Ilki-ilkiler alyş-beriş söwda gatnaşyklary ýazuwsyz alnyp barylypdyr. Emma m.öň. II müňýyllykdan başlap bu gatnaşyklar hat üsti bilen berkidilidir.
Elamlylaryň düşünjesine görä kanunlar Hudaýlar tarapyndan döredilýär we olaryň bozulmagu gün Hudaýynyň Nahkunteniň gahar – gazabyna duçar edýär. Patyşalar Zresleriň (ruhanylaryň) kömegi bilen özlerini hudaýlaryň ýerdäki wekilleri hökmünde görkezmäge olaryň erkini ýerine ýetirenler görnüşinde ündemä geçalşypdyrlar. Hammurapynyň kanunlary Elamda birnäçe ýüzýyllaryň dowamynda hereket edipdir. Ýuwaş-ýuwaşdan sukkal edara ediş ulgamy tagtyň atadan uly ogluna miras geçiş dessury bilen çalşyrylypdyr. Elamda aýallar ýokary durmuş we ykdysady dereje eýeläpdirler.
M.öň. 3 müňýyllyk töwereginde elamlylar piktografik (surat) hatyny döredipdirler. Ol hat şol tertipde düzülen Şumer hatyndan tapawutlanypdyr.Onuň 150-den gowrak bellikleri ol bellikler aýry-aýry sözleri we tutuş düşünjeleri aňladypdyr.
Emma hatlar henize çenli okalan däldir. M.öň. 3 müňýýllygyň ikinji ýarymynda elam çyzyk hatlary emele gelipdir. Ol hatyň 80-e golay belligi onda hojalyk dokumentleri syýasy we din hatlary ýazuw geçirmek mümkin bolupdyr. Basym ol hat akkat- şumer klinopis hatlary bilen çalşyrylypdyr. Soňra olar elam klinopisleri bilen çalşyrylypdyr we tä m.öň V asyra çenli ýaşapdyr.
Elam jemgyýetiniň aňyýet düşünjesinde din agalyk ediji orny eýeläpdir. Ýurduň dini merkezi Suzi şäheri bolupdyr. Elam hudaýlarynyň ýokary basgançagynda ähli hudaýlaryň enesi hasaplanýan beýik hudaý “Prinekir” durupdyr. Onuň hormatyna baýramçylyk guralypdyr. Suzi şäheriniň penakäri ýerasty hudaýy Insuşinaka hem uly kermatdan peýdalanypdyr. Şeýle hem Elamlar aý hudaýy Napira, suw hudaýy Şaziýa, ot hudaýy Nusku, ýeňişleriň hudaýy Norinba çokunypdyrlar. Şolar bilen bir hatarda köp sanly ýerli hudaýlara hem uýupdyrlar.
Entek m.öň. IV müňýyllykda Elamyň topraklarynda örän özboluyşly sungat emele gelipdir.Şol wagtlaryň elam küýzeleri örän owadan nagyşlar we haýwanlaryň suratlary bilen bezelipdir. M.öň. III-II müňýyllyklarda elamyň sungatyna Şumer we Wawilon şekillendiriş sungaty uly täsir edipdir. Grizifonlaryň, ganatly şirleriň we döwleriň şekilleri çekilidir. Elam sungatynyň ajaýyp ýadygärlikleriniň
biri patyşa aýal Napirasyn bürünç heýkeli örän ezberlik bilen döredilen işleriň biridir. Şol döwrüň iň gözle ymaratlyk ýadygärligi Suzinyň golaýyndaky Dur-Uritaş zikkuratydyr.
Midiýa döwleti Eýranyň demirgazyk- günorta bölegni eýeläpdir. Midiýanyň Assiriýa bilen araçäkleşýän günbatar bölegi Midiýa Adopaten gündogar tekizlik bölegi bolsa beýik Midiýa diýip atlandyrylypdyr. M.öň. III-II müňýyllyklarda bu ýerde Elam dilinde oturymly ekerançy we çarwa maldar elam kassit kutin hurrit we başga dillerde gepleýän taýpalar ýaşapdyrlar. Midiýalylaryň özleri we olar bilen garyndaş persler eýran diliniň dürli lehçelerinde gepläpdirler.
Bu taraplaryň ata-babalary gündogar Ýewropadan Midiýa Kawkazyň üsti bilen göçüp gelen we Hazar deňziniň kenarynda ornaşan çarwa maldarçy taýpalar bolupdyr diýen çaklamalar bar. Bu taýpalar Eýranda takmynan m.öň. XII-XI asyrlarda peýda bolupdyrlar. Bu göçhä-göçlük parahatçylyk ýagdaýda bolup geçipdir we ýerli ilat bilen garyşmagyň netijesinde hasyl bolypdyr. Midiýanyň ilaty m.öň. VIII asyryň ahyryna çenli doly garyşypdyr we ýeke-täk eýranly diýilýän ilat kemala gelipdir. Şol wagtyň mazarlarynda atly goşunyň ýarag esbaplary köp gabat gelýär. Olarda atçylyk käri giňden ýaýrapdyr. M.öň.VIII asyrda Midiýa dagynyk ýagdaýda bolupdyr we Assiriýa elgarama bolupdyr, oňa paç töläpdir. M.öň. VIII asyryň ahyrlarynda Midiýada bir döwlete birleşmek meýilleri güýçlenip ugraýar.
Nury Gajarow
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti