Türkmenler imperializm zamanynda

Türkmen halkynyñ we onuñ Russiýa imperiýasyna birikdirilişiniñ taryhy


Türkmenistan, onuñ ýurdy we ilaty(1)


Türkmen halky, onunjy we on birinji asyrlarda yslam dinini kabul etmezinden öñ, ''oguz'' ady bilen tanalyp, Amyderýanyñ, Kaspi deñziniñ, Owgan Türküstanynyñ, Hyrat mantagasynyñ we Horasan hem Astrabat welaýatlarynyñ aralygyndaky 10. 000 kwadrat mil çemesindäki giñişlikde güzeran görüpdir. Şol ýurda hem Türkmenistan diýip beripdirler. Türkmenistanyñ esasy oturumly ýerleri: Mañgyşlak, Üstýurt, Uzboý, Köpetdag we Etrek, Tejen we Murgap dolalary hem-de Garagum diýilýän eýmenç çöllük bolupdyr.
Mañgyşlak (müñ gyşlak) we Üstýurt (Ýokarly ýurt) ruslar gelmezinden öñ çarwa türkmenleriniñ iñ bir ýaýnap ýaşaýan ýerleri eken. Mañgyşlakda iki sany dag ulgamy ㅡ Ak baýyr (Ak tau) Gara baýyr (Gara tau) bolup, olaryñ beýikligi 2500 futa ýetipdir we deñizden Goçak aýlagyna çenli, ondanam añryk Gara Keçe(2) aýlagyna barýança elli mile çenli uzalyp gidipdir. Dagyñ dere we jülgelerinde bol suwly çeşmeler we otluk öri meýdanlary bolupdyr. Mañgyşlak düzlüginiñ suw üpjünçiligi bolsa galapyn suwy ýogyn kölleriñ we köp sanly guýularyñ(3) hasabyna bolupdyr.
Mañgyşlagyñ deñiz kenarlary 400 mile çenli uzalyp gidensoñ we deñiz aýlaglary çölüñ içine çuñ aralaşansoñ, onuñ howasy ýumşak bolaýmaly ýaly, emma bu beýle däl. Tomsuna howanyñ temperaturasy gaty ýokary, aýratyn-da ürgün çägeli böleklerinde şeýle, Hatda tomsuna şol ýerdäki ýalpak guýular hem gurap galýar. Tomsuna galapyn günorta-gündogardan ýel öwüsýän bolsa, gyşyna ýel demirgazyk-gündogardan öwüsýär. Bu ýerde ygal ㅡ garu-ýagyş gaty az ýagýar. Bu ýerde agaç-bag, otluk-çemenlik beýle-de dursun, asla gözüñe ýakar ýaly gök zat ýok. Bitýän çöp-ýowşan, ýylak, ýandak, olaram selçeñ, emma onda-da düýe, goýun hem-de türkmen gylýallary üçin örän oñat iým bolup bilýär.
Deñiz kenar ýakasynda Düýp Garagan burnagyndan Balkan aýlagyna çenli süýji suw bar, ýöne ol ýer astynda esli çuñlukda ýatyr. Bu kenardaky gämi örklenip biljek ýerler: Aleksandrowsk duralgasy (Aleksandro aýlagy), Kinderlinsk, Balkan we Mihaýlowsk aýlagy, Esenguly aýlagy, bu aýlaga Etrek derýasy gelip guýýar, ýöne onuñ çuñlugy diñe üç fut we özüne-de durşuna gamyş örüpdir(5).
Üstýurt ㅡ añyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giñ düzlük, ol gejli, çagylly, agyr toýun toprakly, şol we çäge gatyşyklydyr(6). Bu düzlükde ajy suwly köller gabat gelýär, beýle çuñ bolmadyk ýerasty gatlaklarda az-owlak süýji suw hem bar, olar çuñlugy otuz fut guýulardan çykýar. Günortasynda, günbatar-günortasynda Üstýurdyñ kert eññitleri bolup, olaryñ hemme ýerinden diýen ýaly örän oñat geçelgeleri bar. Üstýurt düzlügi ruslar tarapyndan, eger Orenburgdan Hywa ýöriş edilse, üstünden geçäýmäge amatly üýtgeşik punktlaryñ biri hökmünde nazarda tutulýardy (7).
Üstýurdyñ günorta gyrasynda bir uly gorp uzalyp gidýär, onuñ düýbünden bolsa duzly kölleriñ giden bir ulgamy gabat gelýär. Çaklanyşyna görä, bir wagt bu ýerden Amyderýa akypdyr, türkmenler muña Uzboý diýip at berýärler. Uzboý Sarygamyş kölüniñ uly çöketliginiñ günorta-günbatar çüñkünden başlanyp, Üstýurdyñ kertiniñ daş daş gyrasy bilen aýlanýardy, Igdeli guýusyna barýar (6). Bu ýerde ol günbatara tarap öwrüm edýär hem-de Uly we Kiçi Balkanyñ arasyndan geçip, Aýdyñ guýusynyñ ýanynda ahyrsoñy Balkan aýlagyna goşulyp gidýär (9).
Uzboý derýasy çarwa türkmenleri üçin örän wajyp ýerdi, çünki ol çölüN içinde ajaýyp öri meýdanyny emele getirýärdi (ýöne Balkan daglaryna ýakynladygyça ösümligiñ gürlügi birneme kemelýärdi) we bu ýerlerde, adatça, guýularyñ suwy bol bolýardy(10).
Uzboýdan demirgazyga tarap gitseñ, Uly Balkan daglarynyñ günorta we günbatar eteklerine barýarsyñ, Balkan aýlagynyñ, agzyndan Burajy guýularyna çenli. Uzboýuñ günorta tarapynda Kiçi Balkan ýerleşýär, bu bolsa Köpetdagyñ ulgamyna utgaşyp gidýär. Etrek derýasynyñ, Köpetdagyñ, Kiçi Balkanyñ we Kaspi deñziniñ aralygyndaky meýdan bolsa ýa ürgün çäge bilen ýa-da şor bilen örtülendir(12).
Köpetdagyñ gerişleri günorta-gündogara beýgelip gidýär we Bamynyñ ýanyna geçelge bolup, ol hem deñiz derejesinden 2000 fut beýiklikde ýerleşýär. Gökdepäniñ garşysyna onuñ beýikligi 3500 futa golaý barýar. Dagyñ esasy gerşiniñ demirgazyga eññidi gysga, kert, emma beýleki tarapa eññidi altmyş mile çenli uzalyp gidýär. Gürgen derýasynyñ gapdaly bilen şol dag gerişleri kem-kemden daşlyk çöllükden oñat toprakly düzlügiñ içine süsñäp gidýär. Etrek derýasy Eýranyñ Daraggez diýen welaýatyndan öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Ol baýyrlyklaryñ-daglyklaryñ arasyndan geçip, Çat obasynyñ ýanynda düzlüge çykýar, şol ýerde-de onuñ iñ uly goly bolan Sumbar derýasy goşulýar(13). Sumbaryñ Etrek derýasyna guýýan ýeriniñ otuz üç mil ýokarsynda, Düz olumda, oña bu ýerdäki dag çeşmeleriniñ iñ ulusy bolan Çendir goşulýar(14). Bu etraplaryñ jugrafiýasynyñ iñ bir ajaýyp bellemeli zady ㅡ Köpetdagyñ kert gaýalarydyr, olar gündogardan günbatara tarap Köpetdagyñ esasy gerşine tas parallel diýen ýaly uzalyp, demirgazykdan we demirgazyk-gündogardan ösýän sowuk ýellerden her bir deräni, her bir jülgäni gorap saklaýar. Köpetdag beýle bir belent bolmasa-da, ýurduñ günorta tarapyny şol sowuk ýellerden gorap saklaýar (15). Şoña görä-de, Köpetdag bilen Elbrusyñ aralygyndan ýerler dünýäde iñ bir şypaly ýerleriñ biridir. Şu etraplara syýahat edenleriñ hemmesi şu aralygyñ iñ bir jana ýakymly we baý ýurtdugyny nygtap geçýärler (16).
Köpetdagyñ demirgazygynda Ahal oazisi ýerleşýär we bu ýerleri Köpetdagdan inýän köp sanly çeşmeleriñ we çaýlaryñ suwy bilen suwlulandyrylýar. Köpetdagyñ bu ulgamy günorta-gündogar çetine tarap ep-esli beýgelip gidýär we uly çeşmeler bu ýerleri suw bilen üpjün edýär. Şonuñ netijesinde, türkmen ilatynyñ gürlügi Gökdepe bilen Gäwersiñ aralygynda Gökdepe bilen Gyzylarbat aralygyndakysyndan has ýokary (17).
Kuropatkiniñ ýazyşyna görä, türkmen çöllüginiñ eýçenç çägelikleriniñ we ýüzüñi-gözüñi açdyrmaýan myrtar tozanly-çañly alalarynyñ içinden geçip, birden Ahal etrapyna düşen adama Ahalyñ ajaýyp tebigaty biçak uly täsir edýär(18).
Oazisde miweli baglar, hoz agaçlary burk açýar, üzümli haýatlar biri-birine sepleşip gidýär we miweli baglaryñ aralarynda bolsa bol hasylly gök ekerançylyk ýaýylyp ýatyr.
Beýleki bir tarapdan seretseñ, Garagumdan epgek ýeliñ gaty köp ösmegi bu jelagaýda kynçylyk döredýär, şonuñ üçin-de daglardan akýan derýadyr çaýlar gözbaşyndan diñe gysga aralyga akyp ýetýär. Başga-da bir bellemeli zat oaziziñ ininiñ darlygydyr, aýratyn-da onuñ günbatar çetinde şeýledir, onsoñam bu ýerde oba hojalygy büs-bütin suwarylyşa bagly bolup durýar we örän kän suw talap edýär(19).
Ýaplaryñ suwy ekin meýdanlaryna tutulýanlygy üçin, olaryñ akymy barha azalýar we gaty ujypsyz mukdary gumuñ içine siñip gidýär.
Ondan Gündogara tarap gitseñ, Tejen derýasy bar, bu derýa Köpetdagyñ etegine ugurdaş diýen ýaly akýar we ondan añyrda-da uly Murgap derýasy bar, onuñ suwy Mary etrabyny suw bilen üpjün edýär. Bu ýerler Mary oazisi diýlip atlandyrylýar. Bu ýeriñ şertleri Ahal oazisindäkiden düýpgöter tapawutlanýar.
Marynyñ töweregine ürgün çägelikler aýlaw berip, onuñ howasyny çydar eder ýaly däl ýagdaýda ýaramazlaşdyrýar. Bu oazis, indi 130 milden 260 mile çenli ýaýylyp gidýän çöl-beýewanlyga gurşalany zerarly, beýleki ähli ekerançylyk zolaklaryndaky bütin ýurduñ topragy we ösümligi birmeñzeş diýen ýalydyr(20).

Eger şu aralykda suw bolan bolsa, bu çöl-beýewanlyk hem Mary oazisi ýaly bol hasylly bolardy. 1860-njy ýylda eýranlylary ýeñensoñ teke türkmenleri Gowşut hanyñ ýolbaşçylygy astynda Murgap derýasynda bent gurdular we bu bolsa ekerançylykly ýerleriñ çygryny ep-esli giñeltdi(21).
Şol wagtlar Mary oazisi toýunsow düzlükli, kä ýerlerine-de çägelik aralaşýardy (22) we ol kyrk kwadrat mile barabar diýen ýalydy. Murgap iki deñ bölege: demirgazyk-gündogar we günorta-günbatar bölege bölünýärdi, derýanyñ oazise girýän nokadynda bolsa Gowşut hanyñ gurduran bendi ýerleşýärdi. Bu bent derýañ suwuny oazisiñ deñ mukdarda iki tarapyndan iki kanal bilen: Utamyş (derýanyñ çep tarapynda) we Togtamyş (derýanyñ sag tarapynda) kanallary bilen akdyryp, derýanyñ özünde-de az mukdarda suw galdyrýar. Ganallaryñ her biriniñ-de öz gollary bolup, olardanam ýüzlerçe suwaryş ýaplary aýrylýar we bütin oazisi birmeñzeş suw aryklary eriş-argaç bolup örtýär. Kanallaryñ arasyndaky meýdanlar bolsa palçyk haýatlar bilen bölünip, olara bugdaý, arpa, jöwen, gowaça (23) ekilýär. Bu ýerde süýji gawun pelleri we meşhur üzüm baglary we miweli baglar hem bar. Grodekowyñ ýazyşyna görä, Türkmenistanyñ howa ýagdaýy esasan yssy we howasy örän gury, emma esasy aýratynlygy temperaturanyñ biçak tapawutlylygydyr(24).
Gyşyna temperatura gündizlerine çydamsyz ýokary, emma gün ýaşan dessine aşak gaçýar, ir säher wagty bolsa 28 C (63F), tomsuna temperatura 60 C (135 F) çenli ýokary galýar(25). Ýeliñ öwüsýän ugry hem örän tapawutly, demirgazyk-gündogar ýeli temperaturany peseldýär, sentýabrda gündizki temperatura 27 C (80 F) bolýan bolsa, demirgazyk-gündogardan iki gün ýel öwsenden soñ ol 6 C (13 F) çenli peselýär. Ýel ýatan dessine bolsa temperatura ýene-de ýokary galýar(26). Bu demirgazyk-gündogar şemaly hemişe gurak, eger-de bu ýel ýygy-ýygydan öwsüberse, demgysma keseliniñ döremegine getirýär. Demirgazyk ýeli deñiz deñiz tarapyndan öwsensoñ, käte howany çygly edýär we ýagyn getirýär(27).
Wamberi türkmen çölüniñ yssy tomsuny şeýle suratlandyrýar: ''Günüñ şöhleleri köplenç gury çägäni bir fut çuñluga çenli gyzdyrýar we ýer şeýle bir gyzýar, hatda Orta Aziýanyñ ýaban ýaşaýajysy aýagyna zat geýmän, büs-bütin äsgermezlik edýän däbe eýerýän bolsa-da, şol hem dabanyñ aşagyna sandal görnüşindäki bir bölek hamy sarap gezýär(28).
Köpetdagyñ, Marynyñ, Hywanyñ we Uzboýuñ aralygynda beýik çäge ummany ㅡ Garagum çöllügi ýatyr, bu çölüb üstünden geçmek ýylyñ her paslynda-da gaty kyn(29).
Bu ýerlerde ygal düşüşi hem temperatura ýaly ýyl gelşine görä üýtgäp durýar. Dekabr - aprel ygally möwsüm hasap edilse-de, käte bir aýlap ýagyn ýagmaýar diýen ýaly(30). Kä wagtlar bolsa ýagyş dynman ýagýar, sil gelýär we emele gelen uly köller birnäçe aýlap guraman galýar.
On dokuzynjy asyrda oñat ýollar (Ýewropadaky ýaly ýollar) Türkmenistanyñ çöllerinde we beýewanlyklarynda örän selçeñdi. Ýollar galapyn kerwen ýollarydy, käýerleriniñ geçmesi juda kyn bolýardy, özleri-de guýudan guýa çenli menzilme-menzil ýöremelidi. Süýji suwly guýular at bilen ýa-da düýe bilen geçilýän bir günlik ýol aralygynda bolup, ýoluñ ugruny örän oñat kesgitleýärdi.

Türkmenistanyñ iñ ähmiýetli ýollary şulardyr

1. Aleksandrowsk Fortdan Krasnawodskä (Gyzylsuwa) barýan ýoluñ uzynlygy 412 mil çemesi bolup, ony kerwen bilen ýigrimi üç günden bärde geçip bolmaýar ýa-da ýeñil atly ýöriş etseñ, iki hepde-de geçse bolýar(31). Bu ýoluñ ugrunda ýigrimi gonalga bolup, olaryñ hem süýji we bol suwly guýulary bar.
2. Aleksandrowsk Fortdan Hywa gidýän ýol Mañgyşlagyñ we Üstýurduñ üstünden geçýär, uzynlygy bolsa 676 mile golaýdyr, onsoñam bu ýol Kaspi deñziniñ gündogar kenaryndan geçýän iñ oñat ýollaryñ biridir(32).
Guýulary ýeterlik we olaryñ suwy hem bol, ýöne tagamy birneme şorrak diýäýmeseñ.
3. Kuropatkiniñ ýazyşyna görä, bu jelagaýlarda Krasnowodskden Hywa gidýän dört ýol bar(33).
Olardan iñ gowusy Gözli atañ, Aglamyşyñ, Dekçäñ, Köneürgenjiñ we Gazawatyñ üstünden geçýär, özüniñ-de uzynlygy 533 mil. Bu ýoluñ ilkinjisi 200 millik aralygynda suw ýeterlik mukdarda bar, emma ýoluñ galan böleginde suw kemlik edýär.
4. Krasnowodskden Çekişlere gidýän ýol Balkan aýlagynyñ gyrasy bilen we Mollagaranyñ üsti bilen gidýär. Bu ýoluñ uzynlygy 249 mil töweregi, guýulary beýle çuñ däl, ýöne süýji suw bilen üpjünçiligi gowy(34).
5. Krasnowodskden Gyzylarbada gidýän ýoluñ uzynlygy 270 mil, bu ýol Mollagarañ, Kuşoluñ we Aýdyñ guýusynyñ üsti bilen hem-de Uly we Kiçi Balkanlaryñ aralygy bilen geçip, Gyzylarbada barýar, Gyzylarbat bolsa Köpetdagyñ günorta eteginde ýerleşýär(35).
6. Çekişlerden Uzboýuñ üsti bilen Igdeli guýularyna barýan ýoluñ uzynlygy 281 mil. Şol ýoluñ bir bölegi Ak baýryñ gyrasy bilen, soñ Uly we Kiçi Balkanlaryñ arasy bilen gidýär we ahyrsoñunda Uzboýuñ hanasy bilen ugurdaş gidýär. Bu jelegaýlaryñ çägeli, toýunly we şor ala topragy bar.
7. Çekişlerden Gyzylarbada gidýän ýoluñ uzynlygy 220 mil we süýji suw bilen doly suratda üpjün. Bu ýol Çekişlerden çykyp, günorta tarapa ýigrimi mil gidenden soñ, Etrek derýasynyñ sag kenaryna geçýär we Sumbaryñ Etrek derýasyna goşulýan ýeri bolan Çatyñ üsti bilen Sumbaryñ Etrek derýasyna goşulýan ýeri bolan Çatyñ üsti bilen Sumbaryñ sag kenaryny yzarlaýar. Etrek we Sumbar derýalarynyñ sag kenarynyñ ýerligi düzlük we ösümlige garyp, Köpetdagyñ golaýynda ýol daglyga aralaşýar, baýyrlyklaryñ arasynda ýol ikä bölünýär, biri Gyzylarbat oazisine alyp barýar, ol Düz olumyñ üsti bilen geçip, Öwlüýä çeşmä we Guşluk çeşmä barýar we bu ýerde deñiz derejesinden 2000 fut beýiklikde bolan dag geçelgesinden geçýär, beýleki biri bolsa Düz olumdan Tersakana gidýär we soñ Bendesen geçelgesinden geçip, Bama çykýar(36).
8. Gökdepeden Hywa gidýän ýol Köne Gökdepeden çykyp, Ilek, Salyh, Mämmetýar, Derbent, Leýli we Gyzylja guýularynyñ üsti bilen Yzmukşire çykýar we uzynlygy 410 mile barabardyr. Suwsuz aralyklarynyñ iñ uzagy 128 mildir. Ýol ürgün çägeligiñ üsti bilen geçýär, ýoluñ ot-iými ýeterlik (37).
9. Ahal-teke oazisiniñ üstünden geçýän ýol Gyzylarbatda başlanýar, soñ Köpetdagyñ etegindäki gala barýar, ondan añryk Ahalyñ iñ çetki obasy bolan Gäwerse eltýär. 162 miliñ dowamynda ol ýol oazisiñ bagly-bakjaly meýdanlarynyñ içi bilen geçýär. Bu ýol tä Abiwerde çenli dowam edýär, şol ýerde-de ol ikä bölünýär ㅡ biri Mary etrabyna barýar, beýlekisi bolsa Saragta sowulýar(38). Bu oñat ýol obadan oba baryp gidip otyr we baýyrlyklardan akýan suwly ýaplaryñ ençemesiniñ üsti bilen geçýär. Bu köp ýörelýän suwly-guýuly ýol bolup, onda kynçylyklara duş gelmeýärsiñ.
10. Napiýeriñ ýazyşyna görä, şu aşakdakylar Horasanyñ esasy ýollary we Horasandan Türkmenistana gidýän ýollar(39)
Astrabatdan Etrege çenli ㅡ kyrk üç mil.
Esengulydan Garrygala çenli ㅡ 160 mil.
Büjnürtden Garrygalañ üsti bilen Gyzylarbada çenli ㅡ 114 mil töweregi.
Büjnürtden Gürgeniñ üsti bilen Astrabada çenli ㅡ 198 mil töweregi.
Maşatdan Goçandyñ üsti bilen Büjnürde çenli 656 mil,
Goçantdan Allahu Ekber geçelgesiniñ üsti bilen Daraggeze 108 mil,
Daraggezden Änewiñ we Gyzylarbadyñ üsti bilen Balkana çenli ㅡ 380 mil.
Daraggezden Saragta çenli 110 mil.
Maşatdan Radkanyñ üsti bilen Daraggeze 128 mil.
Maşatdan Saragta çenli 124 mil.
11. Şu aşakdakylar bolsa Mara barýan esasy ýollar:
Daraggezden Mara çenli 155 mil töweregi
Hyratdan Mara çenli 230 mil töweregi(40).
Aşgabatdan Kakanyñ (Etegiñ) üsti bilen Mara çenli ㅡ 222 mil çemesi.
Grodekowyñ ýazyşyna görä, bu ýol Ahaldan Mara gidýän iñ oñat ýol hasaplanýar(41).
12. Mara gidýän beýleki uly ýollar şular: Hywadan Mara çenli 360 mil çemesi we Buharadan Mara çenli 270 mil töweregi(42).
Saragtdan Mara gidýän ýol uzak däl, emma suwsuz ýerlerden geçýänligi üçin bu ýol agyr(43).

Türkmen ilaty: Taýpalar we olaryñ bölünişi

Russiýa basyp almazyndan öñ, Türkmenistanyñ ilaty 1.150.000 çemesidi. Syýahatçylaryñ ýazyşlaryna we şol wagtky maglumat çeşmeleriniñ görkezişlerine görä, türkmenler taýpalara, tirelere we uruglara bölünipdir. Türkmenistanyñ esasy taýpalary şulardyr:

1. Alili
2. Ata
3. Çowdur
4. Ýemreli
5. Ärsary
6. Gökleñ
7. Sakar
8. Salyr
9. Saryk
10. Teke
11. Ýomut

1. Alili türkmenleri esasan Owganystanyñ demirgazyk serhedine Andhoý welaýatynda ýaşaýarlar, emma bu taýpanyñ kiçijik bölegi Eýranyñ Goçant we Daraggez welaýatlarynyñ demirgazyk araçäklerinde hem ýaşaýar. Bular 30. 000-e golaý maşgala (hemmesiniñ sany 150.000 adam) we bular Owganystan emiriniñ raýatlarydyr(44).
2. Ata türkmenleri Hywa bilen Igdeli guýusynyñ arasyndaky ýol boýunda ýaşaýarlar we olaryñ maşgala sany 3000-den gowrak bolmaly (hemme jan sany 15.000)(45), Murawýewiñ ýazyşyna görä, olar dört şaha bölünýär: 1. Nurata; 2. Gusul ata; 3. Omar ata; 4.Oýmak ata.
3. Çowdur türkmenleri. Mangyşlak bilen Hywanyñ aralygynda ýaşaýarlar we olaryñ sany 10.000-e golaý maşgala bolmaly (hemme jan sany 50. 000 adam)(47). Türkmenleriñ bu topary ruslar bilen hemmelerden öñ gatnaşyk edip ugrapdyr. Bular ýedi şaha bölünýär: 1. Çowdur; 2. Igdir; 3. Abdal; 4. Burunjyk 5. Bosajy; 6 Esenli; 7. Şeýuh (48).
4. Ýemreli türkmenleri Amyderýanyñ gündogar tarapynda Hywanyñ golaýynda ýaşaýarlar. Bu ýerde 5.000-e golaý maşgala (hemme jan sany 25000 adam) (49) ýaşaýar. Olar 1873-nji ýyldan soñ Russiýa hökümetine paç töläp başlaýarlar.
5. Ärsary türkmenleri Amyderýanyñ çep kenarynda Buharadan tä Owgan territoriýasyndaky uzak Balh welaýatyna çenli aralykda ýaşaýarlar. Ärsarylar Orta Aziýadaky türkmen taýpalarynyñ iñ köp sanlylaryndan biridir. Türküstany Russiýa basyp alandan soñra ärsarylar Buharanyñ üsti bilen Russiýa hökümetiniñ raýatyna geçdiler we az sanly bölegi Owganystanyñ raýatynda galdy. Ärsarylaryñ sany 50.000-e golaý maşgala (hemme jan sany 250.000 adam) hasaplanylýar (50). Olaryñ galapyn köpüsi oturumly, olar Buhara hanlygy bilen Owganystanyñ arasyndaky gatnaşyklarda örän möhüm roly oýnadylar. Olar dört sany esasy şaha bölünýär: 1. Gara; 2. Bekewül; 3 Alaça; 4. Uka(51).
6. Gökleñ türkmenleri Gürgen jülgesinde: Köpetdag bilen Elbrus daglarynyñ arasynda ýaşaýarlar, bu ýerleri demirgazyk Horasanyñ iñ bir gözel etekleriniñ biridir. Şonuñ üçin-de bular bu gözel mekanda parahatçylykda ýaşap bilmändirler, sebäbi, eýranlylar olaryñ üstüne üznüksiz çozuş edip durupdyrlar. Eýran hökümeti tä olary öz raýatyna alýança, üstüne Horasanyñ hany Ata Muhammet han we Hywa hany Muhammet Rahym han çozuş edip, ýurtlaryny weýran edipdirler(52). Gökleñleriñ 1840-njy ýyllaryñ başlarynda Eýran şasyna raýat bolmakdan çykalgalary bolmandyr. Gökleñler teke türkmenleri ýaly güýçli taýpa bolsalar-da, Eýran şasynyñ gol astyna düşenleri sebäpli, ikinji derejeli, taýpa bolup galyberýärler. Bu taýpa 12. 000 töweregi maşgaladan ybaratdy (hemmesiniñ jan sany 60.000 adam) (53). Syýahatçylaryñ ýazyşlaryna görä, gökleñler türkmenleriñ iñ bir bilimdar we oturumly taýpasy bolupdyr(54). Sekiz şaha bölünipdir. 1. Ýangak; 2. Çakyr begdili; 3. Kirik; 4. Kaýy; 5. Aýderwiş; 6. Baýandyr; 7. Erkekli; 8. Garyp Alyhan(55).
7. Sakar (Gara) türkmenleri kiçijik taýpa bolup, olar Andhoý bilen Marynyñ aralygyndaky çölüñ içinde guýularyñ töwereginde ýaşaýarlar. Olar 2000-e golaý maşgaladan (hemme jan sany 10.000 adamdan) ybarat bolupdyr (56).
8. Salyr taýpasy türkmenleriñ iñ bir gadymy taýpalarynyñ biri bolupdyr(57). Seljuklar türkmenleriñ esasy bölegini Orta Aziýadan Günbatara alyp giden wagtlaryndan bolan uruşlardan we talañçylykly çozuşlardan öñ, bu taýpanyñ türkmenleriñ iñ köp sanly taýpasy bolan bolmagy-da mümkin. Salyrlar tekeleriñ ýurdunyñ gündogarsynda, Saragt bilen Murgap derýasynyñ aralygynda ýaşapdyrlar we olaryñ sany-da 6000 maşgala (hemmesiniñ jan sany 30.000 adam) bolupdyr (58). Olar üç tirä bölünýär: 1. Ýalawaç; 2. Garaman; 3. Ene bölegi (59).
9. Saryk türkmenleri hem türkmenleriñ beýleki bir gadymy taýpasy bolup, Murgabyñ ýakasynda Pendi mantygasynda, salyrlaryñ gündogarsynda ýaşaýarlar. Bular hem dürli sebäplere görä azalypdyrlar. Netijede, bularyñ sany 10.000-e golaý maşgaladan (hemme jan sany 50.777 adamdan) ybarat bolup galypdyr(60). Galkiniñ ýazmagyna görä, saryklar şu aşakdaky tirelere bölünýärler: 1. Bir aş; 2. Badapep; 3. Alaça; 4. Bardaki; 5. Gyzyl Marat; 6. Düýeçi; 7. Gaça Ali; 8. Sahti; 9. Ganly baş(61).
10. Teke türkmenleri iñ uly we iñ güýçli taýpa bolup, olar diñe bir goñşy ýurtlaryna däl, eýsem bütin türkmen halkyna öz täsirini ýetirip gelipdirler. Tekeleriñ güýçleriniñ barha artmagy olara iş ýüzünde türkmenlere ýolbaşçylyk etmäge mümkinçilik beripdir, bu bolsa olaryñ atlaryndan hem mälim bolýar(62).
Olar Ahal we Mary oazislerinde hem-de Uzboýdan, Igdeli guýularynyñ ýanyndan tä Hywanyñ araçägine çenli bolan aralykdaky çöllükde ýaşapdyrlar(63). Bir wagt bolupdyr, tekeler ilki Ahal ýurdunda köplük bolup ýaşaýar ekenler, soñ Murgap derýasynda bent gurlandan soñ, teke ilatynyñ bir bölegi Mary etrabyna göçüpdir, şol sebäpli, Ahala garanyñda, Mary etraby has köp ilatly bolupdyr.
Tekeleriñ sany 60. 000 maşgala (hemme sany 300. 000 adam) bolupdyr. Şolardan 35.000 maşgala Mary etrabynda we 25 müñ maşgala hem Ahal etrabynda ýaşapdyr. Tekeleriñ hemişelik mekany Gyzylarbatdan Gäwerse çenli Köpetdagyñ etegini syryp gidýän darajyk zolak we Murgabyñ hasylly düzlügi bolupdyr. Grodekowyñ ýazmagyna görä, tekeleriñ, ylaýta-da Ahal tekeleriniñ köp obalary beýik palçyk haýatlar bilen gurşalypdyr, çaýlaryñ, derýalaryñ ugurlarynda goranyp berkitmeleri salnypdyr, şol berkitmeleriñ käsi ýeke, käsi goşa bolupdyr. Hatda olaryñ birnäçe berkitmeden topbak-topbak salnanlary hem bolupdyr(65). Şolardan şu aşakdakylar iñ bir wajyplarydyr: Gözbaşy çaýynyñ ugrunda Bagyr, Kärizala, Mirewe, Gökje, Salykgala, Gypjak we Aşgabat, Gozluk çaýynyñ ugrunda Şorgala, Kelejar, Babarap, Gümbetli we Yzgant, Pöwrize suwunyñ ugrunda Büzmeýiniñ iki obasy we ahyrsoñunda Sekizýabyñ ugrunda Ýañgala, Gökdepe, Köne Gökdepe we Ahal(66).
Teke iki sany esasy şaha bölünýär: Togtamyş we Utamyş.
Togtamyş tekeleri hem ikä bölünýär: Beg we wekil. Bular hem öz gezeklerinde kiçi böleklere bölünip, şu şakdaky tirelerden düzülýär: Gökje, Ýary gökje, Gara gökje, Taýmaz we Möjek; 2. Amanşa, Gowky, Zereñ we Ýagyrbaş; 3. Har: Har we Ýakup; 4. Goñur: Gara goñur we Akgoñur. Togtamyş tekeleriniñ Wekil şahasy hem ikä bölünýär, bularyñ hem şu aşakdaky tireleri bar: 1. Ak wekil; Çaşgyn, Gara Ýusup, Ýazy, Ganjyk, Garaýörme we Harun; 2. Gara wekil: Aryk, Garaja, Halyl, Gara, Bükri we Gagşal.
Utamyş tekeleri hem iki şaha bölünip, olary şu aşakdaky tireler emele getirýär: 1. Syçmaz: Uçruk, Perreñ, Gara Ahmet, Topuz, Ebe we Miriş; 2. Bagşy: Weniş, Zeýakin, Gök, Soltan Eziz we Burkaz (67).
9. Ýomut türkmenleri hem ýene bir gadymy we köp sanly taýpadyr, ýöne bu taýpa iki uly bölege bölüngidir. Bu taýpa Astrabatdan Krasnawodskä (Gyzylsuwa) çenli aralykda Kaspy deñziniñ gündogar kenarynda hem-de Hywanyñ töwereginde ýaşaýar.
1873-nji ýylda Hywa ýomutlaryny ruslaryñ gyrgynçylyga salanyndan soñra ruslaryñ we eýranlylaryñ yzygiderli zor salmagyna garşy olaryñ garşylyk görkezmeleri syndyryldy. Ýomutlaryñ bir bölegi Russiýanyñ raýatyna we beýleki bölegi Eýranyñ raýatyna geçdi. Olaryñ sany 40.000-e golaý maşgala Hywanyñ Horasan welaýatynda we Kaspi deñziniñ gündogar kenarynda ýaşaýarlar.
Ýomutlar dört sany uly şaha bölünýär we olar hem şu aşakdaky tirelerden emele gelýär: 1. Çuni: Ak Atabaý, Daz, Batrak, Maşryk, Ganýutmaz, Igdir, Goçak, Eýmir, Geñirme; 2. Kuçuk Tatar: Dañryk, Heýwedi, Kyýak, Kerrik, Ak Kirin, Gyzyl, Guruma, Megreme; 3. Şaraf: Jafarbaý, Baga, Ýelgaý, Duwajy, Gara öý; 4. Baýram Şaly (ýa-da Hywa ýomutlary): Salak, Uşak, Öküz, Urus Guşçy, Gara hoja, Jüneýit (69). Bu tireleriñ her biri-de köp uruglara bölünýär. De Bodäniñ ýazmagyna görä, ýomutlaryñ arasyndaky esasy aýratynlyk olaryñ Çomur we Çarwa(70) diýen iki bölege bölünýänligidir. Çomur ýomutlary ㅡ oturumly we Çarwa ýomutlary hem göçüp-gonup ýören maldarlardyr.
Türkmenistanda bulardan başga-da her biri 2000-den gowrak maşgalany öz içine alýan birentek kiçi taýpalar hem bar.
Netijede, Russiýa basyp almazyndan öñ, türkmen halkynyñ ýagdaýy şeýledi: Alililer, gökleñler, ýomutlaryñ bir bölegi we kiçi taýpalaryñ hemmesi bilelikde 300.000 adamdan ybarat bolan bir bölegi Owganystanyñ we Eýranyñ raýaty bolup durýardylar. Buhara we Hywa synandan soñ Russiýanyñ gol astyna geçen atalar, çowdurlar, ýemreliler, ärsarylar we ýomutlaryñ köp bölegi ㅡ jemi 450.000-e golaý adam bolup durýardy we galan türkmenleriñ sany hem 400.000-e golaýdy, bular tekeleriñ baştutanlygy bilen Türkmenistany Russiýanyñ hüjüminden goramaga çalyşýardy.
''Woýna w Turkmenii'' diýen işiñ awtory Grodekowyñ ýazyşyna laýyklykda 1880-nji ýylyñ başynda türkmenleriñ sany 700.000 bolupdyr(71), emma türkmen ilatynyñ 1897-nji ýylda geçirilen ilkinji resmi jan ýazgysyna görä, ilat 382.487 bolupdyr(72). Şeýlelikde, türkmen taýpalarynyñ ýokarda görkezilen sany syýahatçylaryñ we öz wagtynyñ taryhy çeşmeleriniñ berýän sanlaryndan pes we Grodekowyñ berýän sany-da, 1897-nji ýylda geçirilen resmi jan ýazgysynyñ görkezýän sany-da ㅡ entek jedellidir.


Salgylanylýan edebiýat

1. Ýurduñ we onuñ ilatynyñ bu beýany Russiýanyñ basyp alanyndan öñki döwre degişlidir.
2. Kuropatkin A. N. Turkmenia and turkmans. Iñlisçe. 1098, Stebniskiý, Zametki o Turkmeni. Sostawleniýa po swedeniýam, sobrannym do 1871 goda. Zapiski Kawkazskogo otdela imperatorskogo russkogo geografiçeskogo obşestwa, Kniga VIII, Tiflis, 1873, st. 4 ㅡ 10.
3. D. Grodekow N. I., Woýna w Turkmenii. Pohod Skobelewa w 1880 ㅡ 1881 g. Sankt-Peterburg, 1883-1884, t 1, str.2.
4. Stebniskiý, str. 54-62, Grodekow, I, str.2
5. Kuropatkin., s. I., Stebniskiý s.s. 21-26.
6. Berg L. S. Priroda SSSR, angl, per, Nýu-Ýork, 1950., str 134.
7. Grodekow, I, s. 5.
8. Bu-da şonda s.8.
9. Berns, A., Buhara syýahat. 1831-33-ýyllarda. Hindistandan Kabula, Tatara we Eýrana syýahatyñ hasabaty, London, 1834, III., s.s. 174 ㅡ 180. (iñlisçe)
10. Grodekow. I., s. 9.
11. Murawýew N. N. Murawýewiñ türkmen iliniñ üsti bilen Hywa syýahaty 1819-1820, iñlisçe terjime, Kalkutta, 1871, s.s. 95-97.
12. Kuropatkin, s. Z.; Konolli, A. Angliýadan, Russiýanyñ, Eýranyñ we Owganystan üsti bilen gury ýerden Demirgazyk Hindistana syýahat, London, 1834, I., s.s. 147-8, (iñlisçe).
13. Grodekow, I., s. 11 Napiýer, G. S., Eýranda ýörite borjy ýerine ýetirýän kapitan G. S. Napiýerden alnan jurnallaryñ we maglumatlaryñ ýygyndysy, 1874, London, s.s. 112 ㅡ 113 (iñlisçe)..
14. Şol ýerde
15. Petruşkewiç N. Türkmenler (iñlisçe terjimesi) 1880, s.s. 7-8, f. o. 65/1132.
16. Konolli, I, s. s. 43-44; Býorns, III, s. 95: Petrisewiç, s.s. 7-8; De Bode, B. S. A., Türkmenleriñ ýomut we gökleñ taýpalary dogrusynda, etnografik jemgyýetiñ jurnaly, London, 1834, I, s. 61 iñlisçe.
17. Petruşewiç, s. 10. Kurzon, G. N., Russiýa Orta Aziýa 1889-njy ýylda, London. 1889, s. 73. Beýik Britaniýanyñ Sankt-Peterburgdaky ilçisiniñ iberen maglumatlary, M. Lessaryñ Orta Aziýa syýahaty barada çap edilen hasabatlardan gyssagly terjimeler, iñlisçe, London, 1883, s.3.
18. Kuropatkin, s. 4
19. Grodekow. I, s. 37; Petrusewiç, s. 11.
20. Grodekow. I. s. 41.
21. Alihanow, Awarskiý. M., Zakaspiýskiýe wospominaniýa, Westnik Ýewropy, No 5, 1904, s.85: Grodekow, I, s. 43; Napiýer. s.s. 154 ㅡ 155.
22. Petrusewiç, s. II. Grodekow, I. s, 37.
23. Grodekow. I, s. 43
24. Grodekow. I. s. 12.
25. Berg, s. 126, Stebniskiý, s. s.57 ㅡ 60.
26. Grodekow, I. 12.
27. Şol ýerde, s. 43.
28. Wamberi. Orta Aziýa syýahat, Tährandan Kaspi deñziniñ Günorta kenaryndaky Türkmen çöllüginiñ üsti bilen Hywa, Buhara we Samarkanda 1863-nji ýyldaky syýahatyñ hasabaty, London, 1864, sah. III. iñlisçe.
29. Çöl-beýewanlygyñ jikme-jik suratlandyrylyşyny görjek bolsañ, seret: Berg, s.s. 136 ㅡ 138.
30. Çöl-beýewanlygyñ jikme-jik suratlandyrylyşyny görjek bolsañ, seret: Berg, s.s. 136-138.
31. Grodekow, I. s. 15. Lomakin. N., O poluostrowe Mangyşlake i putýah ottuda w raznyýe punkty Zakaspiýskogo obşestwa, kniga VIII, Tiflis, 1873.
32. Şol ýerde. Zimmerman S., Kaspi we Aral köli, töweregindäki ýurtlar hakynda ýatlama. R. N. Moriýer tarapyndan iñlisçä terjime. London, s. 68; Annanepesow M., Hozýaýstwo turkmen w XVIII ㅡ XIX w.w. Akademiýa Nauk TSSR, Aşhabad, 1972, s.s. 249 ㅡ 250.
33. Kuropatkin, s. 7. Annanepesow, s.s. 249 ㅡ 250; Lomakin, s.s. 24 ㅡ 28.
34. Grodekow, I. s.16.
35. Kuropatkin s. 9. Russiýanyñ harby strategik pozisiýasy we Türkmenistandaky ýollar hakynda Robert Mitçeliñ kagyzy. Syýasy we gizlin memoranda, s. 9, s. 80.
36. Kuropatkin, s.s. 10 ㅡ 11, Grodekow, I. s. 17. Milner, F.H.W. Teke türkmenlerine garşy rus ekspedisiýasy hakyndaky bellikler, 1879, s.s. 12-13.
37. Grodekow, I.s.16.
38. Napiýer, s.s. 124-151.
40. Şol ýerde, s.123, Abbortt £., Russiýanyñ Hywa soñky hüjümi wagtynda Hyratdan Hywa, Moskwa we Sankt-Peterburga syýahatyñ beýannamasy; Hywanyñ Kazysynyñ we Horezmiñ hanlygynyñ işi hakynda käbir hasabat hem muña goşundy, iñlisçe, London, 1856, I. s.s. 1 ㅡ 35; Beýik Germaniýanyñ Sankt-Peterburgdaky ilçisiniñ iberen hatlary; M. Lessaryñ Orta Aziýa syýahatlary baradaky çap edilen hasabatlardan gyssanmaç terjime, iñlisçe, London, 1883, s.s. 9 ㅡ 13.
41. Grodekow I. s.18.
42. Kostenko L. F. Türküstan ülkesi, Russiýanyñ Türküstan harby raýonynyñ harby statistik syny: Russiýa-Türküstan jugrafiýa sözlügi. Iñlis diline terjime, Kalkutta, 1882, II: s. 194-202; Türküstan atyjylar bölüminden leýtenant Nazirofyñ Buhara we Mary aralygyndaky ýollar hakyndaky habary, s.s 1 ㅡ 12, Syýasy we gizlin memoranda. s. 43. Hindistan diwanhanasy, iñlisçe; Annanepesow, s.s. 249 ㅡ 250: Nebolsyn R. I. Oçerki torgowli Rossi so stranami Sredneý Azii, Sankt-Peterburg, 1856, s. 235.
43. Býorns, III, s. s. 34-44.
44. Syýahatçylar alilileriñ sanyny şu aşakdaky ýaly belleýärler: Wamberi, s.s. 303-309. 3000 maşgala; Murawýew, s. 99, 80.000 maşgala; Ali Suawi, Hiwe, Pari£, 1290 hijri (1873), s. 45. 80.000 maşgala; Kuropatkin, s.13, 58000 maşgala.
45. Murawýew atalaryñ sanyny 1000 maşgala. Karpow. G., Rodoslownaýa turkmen. Turkmenowedeniýe, No 12, Aşhabad, 1928, s. 29. 1000 maşgala.
46. Murawýew, s.99.
47. Murawýew çowdurlaryñ sanyny 8.000 maşgala hasap edýär. s.99. Abbott. I. s.176, 12.000 maşgala; Býornes, III s. 213. 6.000 maşgala; Kuropatkin s. 13. 12.000 maşgala: Laýard. 15000 maşgala. Ýomut türkmenleriniñ Etrek etrabyndan üç ýaşulysy Britaniýanyñ Stambuldaky kabulhanasyna baryp, türkmenleriñ 1878-nji we 1879-njy ýyllardaky pozisiýasy hakynda maglumat berdiler. Laýard Salisbura, No 76, 15-nji ýanwar. 1880. f/o 65/1097; Grodekow, I. s.25. 17.000 maşgala; Karpow, Rodoslownaýa turkmen, s. 29. 6.000 maşgala; Bregel. Ýu. Ýe. Horezmskiýe turkmeny w XIX weke. Akademiýa nauk SSSR, Institut narodow Azii, Moskwa, 1961, g. s. 40. 8.500 maşgala (orta hasap bilen).
48. Wamberi, s. 303: Galkin M. N. Etnografiçeskiýe i istoriçeskiýe materialy prostrany Azii i Orenburgskomu kraýu, Sankt-Peterburg, 1868, s.6. Murawýew çowdurlary bäş şaha bölýär, s. 99, Istoriýa Turkmenskoý SSR, Akademiýa nauk Turkmenskoý SSR, Institut istorii, arhelogii i etnografii. Aşhabad, 1957. I. kniga. 2, s. 12. Aristow A. N. Zametki ob etniçeskom sostawe turkmenskih plemen i narodnosteý i swedeniýa ob ih çislennosti, Temperatorskogo russkogo geografiçeskogo obşestwa. Wypusk III w. IV, sankt-Peterburg, 1896. s. 414, Tumanowiç, O. Turkmenistan i turkmeny. Materialy k izuçeniýu istorii i etnografii. Aşhabad. 1926, s. 85.
49. Murawýew we Kuropatkin ýemrelileriñ sanyny 3.000 maşgala hasaplaýarlar. Laýard, 8000 maşgala, Grodekow, I. s. 26. 10.000 maşgala.
50. Murawýewiñ ýazyşyna görä ärsarylaryñ sany 100. 000 maşgala bolupdyr. s.99; Býornes, III s. 213, 40.000 maşgala, Wamberi, s. 309, 50.000 maşgala; A. Suawi, s. 45, 100.000 maşgala. Kuropatkin, s. 13. 66.000 maşgala, Petrusewiç, s. 4, 30.000 maşgala, Brege, s. 40, 3.000 maşgala (orta hasap bilen).
51. Galkin, s. 11, Petrusewiç, s. 4.
52. Frazer, J. G. 1821 we 1822 ýyllarda Horasanyñ içine syýahatyñ beýany, London, 1825, iñlisçe, s. 260. Howart, H. H. Mongollaryñ taryhy, London, 1880, II bölegi, 2 bölümi s. 922, iñlisçe.
53. De Bode gökleñleriñ sanyny 12.000 maşgala hasap edýär, s. 66; Murawýew, s. 99, 40.000 maşgala, Frazer, s. 260. 10.000 maşgala, Býornes, III, s. 213, 9000 maşgala; Blaramberg, I. T. Statistiçeskoe obozreniýe Persii, sostawlennoýe I. F. Blarambergom w 1814 godu, Sankt-Peterburg, 1853, s. 321, 9000 maşgala; Ferner J. P. Eýranda, Türküstanda we Bulujystanda kerwenli syýahat we sergezdançylyklar. Russiýa bilen Hindistanyñ aralygynda-da ýerleşýän ýurtlar hakynda taryhy bellikler, iñlisçe terjimesi, London, 1856, s. 89, 12000 maşgala; Wamberi, s. 309, 12000 maşgala; Baker W., Gündogardaky bulutlar. London, 1876, s. 211, 12000 maşgala; Galkin, s. 16, 4000 maşgala.
54. Wamberi. s. 306, Býoris, III, s. s. 92-94, Petrusewiç, s. 7.
55. Wamberiniñ ýazyşyna görä, gökleñleriñ on tiresi bolupdyr. s. 306; Galkin, s. 7, 8 tiresi; De Bode, s. 66, 8 tiresi; Petrusewiç, s. 6, 6 tiresi; Napiýer, s. 99, 5 tiresi; Býornes, III, s. 214, 9 tiresi; Tumanowiç, s. 85.
56. Murawýew sakarlaryñ sanyny 20.000 maşgala diýip kesgitleýär. s. 99; Býornes, III. s. 213, 2000 maşgala; A. Suawi, s. 45, 20.000 maşgala; Wamberi, s. 309, 1.500 maşgala, Kuropatkin, s.13, 2.100 maşgala.
57. Türkmenleriñ gelip çykyşy we olaryñ irki taryhy barada indiki bapda gürrüñ ediljek.
58. Býornes salyrlaryñ sanyny 20.000 maşgala hasaplaýar, s. 213; Murawýew, s.99, 4000 maşgala, Blamberg, s. 321, 2000 maşgala; Wamberi, s. 309, 8.000 maşgala; A. Suawi, s.44 4000 maşgala; Napiýer, s. 233, 4000 maşgala; Kuropatkin, s.13, 6000 maşgala; Petrusewiç, s. 17 6000 maşgala; Aristow, s. 415 maşgala.
59. Wamberi, s. 304, Tumanowiç, s. 83.
60. Murawýewiñ ýazyşyna görä, saryklaryñ sany 20.000-e golaý maşgala bolupdyr, s. 99; Býornes, III, s. 213, 20.000 maşgala, Blamberg, s. 321, 10.000 maşgala; Wamberi, s. 305, 10.000 maşgala; A. Suawi, s. 45, 30.000 maşgala; Napiýer, s. 232, 10.000 maşgala; Tomson, Hindistan diwanhanasy, syýasy we gizlin memoranda, s. 23, 1. s. 4, 15.000 maşgala; Kuropatkin, s. 13, 10.000 maşgala; Petrusewiç s. 16, 13000 maşgala; Karpow G., Rodoslownaýa turkmen. Turkmenowedeniýe, No 12, Aşhabad, 1928, s.29.
61. Galkin, s. 11, Wamberiniñ ýazyşyna görä, saryklar bäş tirä bölünipdir, s. 305, Tumanowiç, s.89.
62. Grodekow, I. s.33, Aristow. s.415, Tumanowiç, s.84, 83.
63. Grodekow, I, s.33, Aristow, s. 415, Tumanowiç, s. 84.
64. Býornesiñ ýazyşyna görä, tekeleriñ sany 40.000-e golaý maşgala, s. 213; Murawýew, s. 99, 50.000 maşgala; Frazer, s.259, 40.000 maşgala; Blamberg, s. 321, 35.000 maşgala; Ferner, s. 88, 35.000 maşgala, Wamberi, s. 305, 60.000 maşgala; Baker, s. 211, 60.000 maşgala; Napiýer, s. 161, 65.000 maşgala; Kuropatkin, s.13, 60.000 maşgala; Galkin, s.16, 50.000 maşgala; Kuropatkin,s.13, 14, 78.000 maşgala; Galkin, s 16, 50.000 maşgala; Petrusewiç, s.s. 11 ㅡ 14, 78.000 maşgala; Tomson, 49.000 maşgala; Marwin. K, Maru Şahu Jahan, London (iñlisçe), 1881, s.91, 80.000 maşgala.
65. Grodekow, I, s.s. 36, 37.
66. Şol ýerde, Istoriýa Turkmenskoý SSR, tom 1, s.14.
67. Galkin, s.8, Wamberi, s.306, Napiýer, s.165, Petrusewiç, s.14, Grodekow, I. s.32-34.
68. De Bode ýomutlaryñ sanyny 45.000 maşgala hasap edýär, s.62; Murawýew, s. 99, 40.000 maşgala; Frazer, s. 262, 25.000 maşgala; Býornes, s. 213, 20.000 maşgala (Astrabatda we Hywada); Blamberg, s. 321, (eýran häkimýetleriniñ gol astynda) 12.000 maşgala; A. Suawi, s.45, 40.000 maşgala; Napiýer, s.108, 60.000 maşgala; Kuropatkin, s.13, 48.000 maşgala; Galkin, s.16, 40.000 maşgala; Laýard, 100.000 maşgala; Tomson, 30.000 maşgala (Hywa ýomutlaryndan başga); Bregel, s.40, 15.500 maşgala (diñe Hywa ýomutlary).
69. Galkin, s.s. 9 ㅡ 10; Wamberi, s.308; De Bode, s.61; Napiýer,s.s. 109-110; Petrusewiç, s.s. 4-6; Blamberg s. 99, Konolli, I. s.s. 39-40; Tumanowiç, s.84.
70. De Bode, s.s.62-63, Petrusewiç, s.5; Kuropatkin, s.14.
71. Grodekow, I, s.40.
72. Krader L.,Orta Aziýanyñ halklary, Indiana Uniwersitetiniñ neşirleri, 1966, s.198; Aristowyñ ýazyşyna laýyklykda, türkmen ilaty 1896-njy ýylda 545,347-ä golaý bolupdyr. Aristow. s.444.


Mehmet SARAÝ

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir