Türkmenistanda gyzjagazlara we ýetginjeklere berilýän ginekologiki kömegiň gurnalyşy

2008 ýylyň ýanwar aýynyň 14-ne TSG we DS Ministri „Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetginjekleriň gullugyny kämilleşdirmek barada“ № 10 buýruk çykardy. Bu buýrukdan ugur alyp, çagalara we ýetginjeklere ginekologiki kömek bermeginde dispanser gözegçiligiň örän uly ähmiýetini belläp bolar.
Türkmenistanda gyzjagazlara we ýetginjeklere berilýän ginekologiki kömegiň gurnalyşy. BSGG-nyň berýän maglu- matlaryna görä, soňky ýyllarda ýetginjeklik döwrinde ýuwenil gan akmadan ejir çeken 28,8% aýallarda önelge (reproduktiw) döwürde 35,5% ýagdaýda ilkinji (gormonal) önelgesizlik, 35% ýagdaýda göwreliligi doly götermezlik anyklanan. Jyns taýdan ýetişmedik aýallarda göwreliligi doly götermezlik, wagtyndan öň dogrum, dogrum güýçleriniň näsazlyklary üç esse köp duş gelýär. Anamnezinde ilkinji (gormonal) önelgesizligi bolan zenanlaryň 54,3%-de ýetginjeklik döwründe aýbaşy halkasynyň bozulmalary (ikilenji amenoreýa – 23%, gipomenstrual alamat – 18,7%) anyklanan. Agzalyp geçilen aýal jyns ulgamynyň bo- zulmalary gyzjagazlaryň we ýetginjek gyzlaryň ýetginjeklik döwrüniň aýratynlyklaryny, öňüni alyş çärelerini we bejeriş usullaryny öwrenmekligi talap edýär. Biziň Döwletimizde er tirki ene boljaklaryň saglygyna gözegçilik aýal bedeniniň ösüşiniň dürli tapgyrlarynda we derejelerinde dogrum ýaşyna ýetmänkä başlanýar. Ýöriteleşdirilen çagalar hassahanala- rynda çagalar we ýetginejkler otaglary, bölümleri gurnalýar. Olaryň işi kämilleşdirilýär, ylmyň ýeten sepgitleri amaly işe ornaşdyrylýar. Bu pudagyň esasy aýratynlygy – onuň beýleki hünärmenler: endokrinolog, newropatolog, nefrolog bilen bile- likde işlemegidir. Bu bolsa ekstragenital keseller 30-36% ýag- daýda gyzjagazalaryň jyns taýdan ösüşine täsir edýänligi bilen baglanyşykly. Birnäçe keseller, ýagny damar, bagyr keselleri, gury agyry, inçekesel zäherlenmesi ýaly ýagdaýlar ýetginjek gyzlarda aýbaşy halkasynyň bozulmasynyň esasy sebäbi bolýar. Bu bolsa öz gezeginde bar bolan ekstragenital keselleriň geçişini agyrlaşdyrýar, nerw-psihiki ösüşine täsir edýär. Çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna baglylykda guramaçylykly öňüni alyş çäreleri anyklaýyş we bejeriş usullary we olaryň kämilleşdirme ýol- lary işlenip düzülmese, onda ginekologiki keselleriň öňüni al- mak kynlygyna galar. Çagalyk döwründe wulwowaginitleriň, ýetginjeklik döwründe aýbaşy halkasynyň bozulmalary, içki jyns agzalarynyň sowuklamalarynyň, ýatgy goşuntgylarynyň çişleriniň agdyklyk etmegi tassyklanan. Çagalyk we ýetginjek- lik döwürlerinde jyns ösüşiniň näsazlyklary dürli göterimde duş gelýär. Akuşer-ginekolog lukmanlaryň berýän hasabatyna görä çagalyk we ýetginjeklik döwründe iň ýygy duş gelýän keseller: – wulwowaginitler
– aýbaşy halkasynyň bozulmalary.
Biziň döwletimizde gyzjagazlara we ýetginjek gyzlara ýöriteleşdirilen kömek aşakdaky çäreler görnüşinde alnyp barylýar:
Ilkinji zynjyr – bu giň göwrümleýin ilat, saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek, çagalarda we ýetginjiklerde öňüni alyş seredişlerini geçirmekden durýar. Gyzjagazlara, ýetginjek gyzlara berilýän ýöriteleşdirilen ginekologiki kömegiň içinde okuwçylaryň, ene-atalaryň, mugallymlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat işlerini geçirmek uly ähmiýete eýe. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin çaga ginekologiýasy otaglarynda we bölümlerinde işleýän işgärleriň işleri welaýat we şäher müdirlikleri hem-de Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen arabaglanyşykly, guramaçylykly ýola goýulmalydyr. Munuň esasynda lukmanlaryň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň uly diňleýjiler auditoriýasyny gurnamak mümkinçiligi döreýär. Beýanyň başynda diňleýjileri çaga ginekologiýasy gullugy, onuň maksady, çözmeli meseleleri, çaga ginekologiýasynyň häzirki zaman ylmynda orny, geçirilmeli beýanlaryň häsiýeti bilen tanyş etmeli.
Mekdebiň işgärleri ene-atalar bilen bilelikde çagalaryň ösüşi boýunça gürrüňdeşlik geçirmeli.
Çaganyň ýaşlygyndan dogry we sagdyn ösmeginde ene- atalaryň, terbiýeçileriň we mekdep işgärleriniň ägirt uly orny we täsiri bardyr. Gelin-gyzlaryň bedeniniň anatomo-fziologiki gurluşy barada, arassaçylygyň esasy düzgünleri, zähmet çek- megiň, dynç almagyň we dogry iýmitlenmegiň düzgünleri barada diňleýjilere gysgaça maglumat bermeli. Çagalaryň we ýetginjekleriň jyns ýetişmeklikleri barada doly maglumatlary bermeli. 12-18 ýaş aralygyndaky gelin-gyzlaryň bedeniň önelge ulgamynda geçýän üýtgeşmelere aýratyn üns bermeli. Gelin-gyzlaryň işleýän ýerlerinde – eneler, mamalar we ejeler bilen gürrüňler geçirmeli; mekdeplerde we pudaklarda lukmanyň beýanlaryny magnitofonda ýazgy edip, aýallar maslahathanasynda gelinlere diňletmeli. Ýetginjekleriň jyns taýdan ýetişmeklik, fziologiki we patologiki üýtgemeler barada giňişleýin soraglary aýal lukmanlary, çaga lukmanlary, mekdep lukmanlary tarapyndan düşündirilýär.
Ähli gerek bolan guramaçylykly işlerini ýerine ýetirmek üçin çagalar otaglaryny döretmegiň we ýetginjekleriň ginekologa gatnamagyny ýola goýmaklygyň ähmiýeti uly.
Çaga ginekologlary bilen bilelikde mekdep lukmanlary we mugallymlar ýeterlik taýýarlykdan soň okuwçylaryň we ene-atalaryň arasynda gürrüň geçirmeli; diňleýjileriň ýa- şyna görä ol gürrüňdeşlikleriň temalary dürli bolmaly. Gürrüň her dürli temalardan geçirmeli: mysal üçin, zyýanly endikleriň öňüni almaklyk (çilim çekmek, alkogol içgilerine uýgunlaşmak, neşekeşlik, toksikomaniýa); her dürli döwürde aýal agzalarynyň ösüşiniň fziologiýasy we patologiýasy; şahsy gigiýenanyň ähmiýeti. Irki mekdep ýaşyndaky gyzlara şahsy gigiýenanyň düzgünnamalaryny okadýarlar. Ilki bada gyzjagazalarda daşky jyns agzalarynyň tämizligi eneleriň ýa- da tebiýeçileriň gözegçiligi astynda geçirilýär, soň bolsa – özbaşdak. 5-nji synpdaky okuwçylara olaryň agzalarynda bolup geçýän anatomo-fziologiki üýtgeşmeler, aýbaşy halkasy we onda gigiýena düzgünlerini saklamaklyk barada gürrüň berilýär. Esasanam, bedenterbiýäniň, gün tertibiniň we iýmitlenmegiň bedeniň dogry ösmegi üçin möhümdigi düşündirilýär. 7-10-njy synpdaky gyzlara çaga dogurmaklyk döwrüniň mö- hümligi düşündirilýär, irki jyns gatnaşyklaryň we abortlaryň galdyrýan erbet täsirleri, tötänleýin jyns gatnaşyklarda weneriki keseller bilen kesellemegiň mümkinligi, aýal keselleriň esasy alamatlary we olaryň öňüni alyş çäreleri, kontrasepsiýa usullary barada gürrüň berilýär. Ahlak taýdan terbiýede möhüm zat: aýal – ene, bagtly maşgala döretmelidigine düşünmelidir. Gyzlar bilen ýakyn gatnaşyga girer ýaly söhbetdeşligi uly bolmadyk otaglarda ýa-da aýratynlykda geçirmeli. Esasanam orta we ýokary okuw mekdeplerinde belli görnüşdäki soraglar, gigiýena degişli, terbiýe baradaky gollanmalary giňden ýaýratmaly. Gyzlara bolan gözegçilik tapgyrlaýyn amala aşyrylýar: I tapgyr – dogrum öýlerde maksada laýyklykda täze doglan çaga – gyzjagaz aragatnaşygyny döredýär, II tapgyr – saglyk öýlerinde çaga ginekolog otaglaryny döretmek gyzjagaz – ýetginjek aragatnaşygyny döredýär, III tapgyr – etrap, welaýat maslahat beriş saglyk öýlerinde ýetginjekler ginekolog otagynyň döredilmegi gyz – ýetginjek – aýal aragatnaşygynyň döremegine ýardam berýär. Ýöriteleşdirilen ambulator kömegi bäbeklik döwründen 18 ýaşa çenli (18 ýaşy hem içine alyp) çaga ginekolog lukmany, ýetginjekler ginekolog lukmany tarapyndan berilýär. Hökmany suratda öňüni alyş gözegçiligini geçirmelidir. Gyzjagazlary mekdepden öňki döwürde, irki mekdep döwründe jyns agzalarynyň kesellerini inkär etmek üçin, jyns ösüşiniň bozulmaklygyny anyklamak üçin daşky gözegçilikden geçirmeli. Göni içege barlagy we goşmaça usullar biler barlaglar ýöriteleşdirilen otaglarda geçirilýär. 6-10-njy synpdaky gyzlara her ýyl ýöriteleşdirilen otaglarda toplumlaýyn barlaglar geçirilýär. Öňüni alyş barlaglaryň esasynda ginekologiki keselleri gyzjagazlaryň we gyzlaryň 12-13%-de ýüze çykarylýar. Söhbetdeşlikde we gözegçilikde gyzjagazalaryň beden taýdan ösüşine üns bermeli (morfogrammany ulanyp): ikinji jyns alamatylaryň ýüze çykan wagty, daşky jyns agzalarynyň ösüşi, menarhe, aýbaşy halkasynyň häsiýeti. Ikinji jyns agzalarynyň ösüş derejesine we aýbaşynyň häsiýetine 4 bally ulgam boýunça baha berilýär we degişli resminamalarda bellenilýär. Gyzjagazlaryň jyns agzalarynyň ösüşiniň görnüşi aşakdaky görkezijilerden ybarat:
Ma – süýt mäzleriniň ýagdaýy.
Ax – goltuk asty çukurjygynyň tüý örtügi.
P – gasygyň tüý örtügi. Me – menarhe.
A0 P0 M0 – ikinji jyns alamatlarynyň ösüşiniň ýoklugy.
A1 P1 – göni, ýeketäk ösen gyl gasygyň ortasynda we goltuk asty çukurjygynda.
A2 P2 – tüý örtügi gasygyň ortasynda we goltuk asty çukurjygynda ösmegi.
A3 P3 – gür tüý örtügi gasykda we goltuk asty çukurjykda. Ma1 – emzigiň töweregindäki halkajygyň çişmegi, onuň ölçeginiň ulalamagy, emzigiň pigmentasiýasy ýüze çykmadyk.
Ma2 – konus şekilli göwüs, emzigiň töweregindäki halkajyk agymtyl, emzik ýepbeşik.
MA3 – göwsüň görnüşi togalak, emzigiň töweregindäki halkajyk menekli (pigmentirlenen), emzik çykyp duran.
Gyzjagazlaryň ösüşine baha berilende gasykdaky tüý örtüginiň ösüş alamatlary onuň süýt mäzleriniň ösüşinden öňe geçmeli däl. Gyzjagazlarda jyns tüý örtüginiň ösüşiniň güýçlenen we süýt mäzleriniň ösüşiniň peselen ýagdaýynda (adrenogenital sindromynyň ýüze çykmagy), şeýle hem süýt mäzleriniň gowy ösen, ýöne ýamyzda we goltuk asty çukurjykda tüý örtüginiň asla ösmedik ýa-da gowşak ösen ýagdaýynda (testikulýar feminizasiýasy), hökmany suratda we uzaga goýman ginekolog lukmanyna we endokrinologa ýüz tutmaly. Jyns agzalarynyň ösüş görnüşinde aýbaşyň häsiýeti hem sypatlandyrylýar:
Me0 – aýbaşy entek başlamadyk.
Me1 – menarhenyň barlag döwründe ýa-da barlagdan 1 aý öň başlanmagy.
Me2 – wagtly-wagtynda bolmaýan aýbaşy. Me3 – wagtly-wagtynda bolýan aýbaşy. Menarhe gelen döwründe ýaşyny görkezmeli, ondan soň aýbaşynyň häsiýeti ýönekeý görnüşde ýazylýar.
Aýbaşy gan akmasynyň dowamlylygy ,
aýbaşynyň uzaklygy.
Gyzlaryň saglygyna baha bermeklikde nesil yzarlamak, beden agzalarynyň we ulgamlaryň funksional ýagdaýy, bedeniň durnuklylygy we duýujylygy (1-nji nobatda gaýnaglama kesellerine) bedeniň jyns, nerw-psihiki ösüşiniň baglanyşykly bolmagy ýaly görkezijiler göz öňünde tutulýar. Saglyk ýagdaýy boýunça gyzjagazlar agzalaryň we ulgamlaryň keselçiligi boýunça 3 dispanser toparlara bölünýärler:
1. sagat.
2. şertli sagat.
3. kesel gyzjagazlar.
Birinji dispanser topara degişli gyzjagazlarda we gyzlarda hemme agzalaryň we ulgamlaryň anatomo-fziologiki ýagdaýy kadaly. Ikinji dispanser topara funksional we morfologiki üýtgeşmelerbilengeçýändowamlykeselleribarbolangyzjagazlar we gyzlar degişli. Üçünji dispanser topara kompensasiýa, subkompensasiýa, dekompensasiýa görnüşde geçýän hroniki keselleri bar bolan gyzjagazlar, gyzlar, ýetginjekler degişli. Bu topara degişli näsag gyzjagazlar, gyzlar, ýetginjekler dinamiki gözegçilikde durmaly. Näsaglary dowamly kesellerden bejermeli we sagatlaşdyrmaly. Gyzjagazlaryň, gyzlaryň, ýetginjekleriň dispanserizasiýasynyň netijeliligi guramaçylygyna, aýallar maslahatynyň ýaşaýan ýerine görä kömek bermegine, ýetgin- jekler ginekolog we terapewt lukmanlarynyň ýakyn baglany- şykly işlemegine, wagyz – nesihat işleriniň geçirmekliginiň güýçlenmegine, gyzlary – geljekki eneleri taýýarlamak boýunça geçirilýän işlere baglydyr. Ýetginjekler terapewt lukmany ýa-da maşgala lukmany täze hasaba alnan çagalary we ýetginjekleri howplaryny belläp tertip ýazgysyny ginekologa bermäge borçlydyr. Öz gezeginde çagalar we ýetginjekler ginekology dispanser gözegçiligine çaga dogurmaklyga ukyply uly ýaşly gyzlaryň we ýetginjekleriň saglyk ýagdaýlary barada habar bermeklige borçlydyr.
“Umumyhalk dispanserizasiýa tertibi”. Gyzjagazlaryň saglygyna baha berlende aýbaşynyň durnukly başlamagy, nesil yzarlamak maglumatlaryny goşmaça ýygnamaly. Soragnama iki sany bölekden durmaly: biri – ene tarapyndan, beýlekisi – gyzlar tarapyndan doldyrylmaly. Soňra ginekolog we çaga lukmany tarapyndan bilelikde gözegçilik geçirilýär, önelge ulgamynda näsazlyklar bar we howplary bolanlary, şolaryň göwrelilik, dogrum, dogrumdan soňky döwürde gaýra üzülmeler getirip biljekdigini göz öňünde tutmaly. Üçinji dispanser topara degişli gyzjagazlara we gyzlara “gözegçilige almak kartasy” doldyrylýar we ol akuşer-ginekolog lukmanda saklanýar.
Çaga lukmany, maşgala lukmany, akuşer-ginekolog lukmanlaryň arasyndaky gatnaşyk dogry ýola goýlanda, gyzjagazlaryň we gyzlaryň gözegçilik döwründe bolan maglu- matlaryny akuşer-ginekolog lukmany çaga lukmany we maşgala lukmany alyp bilerler. Akuşer-ginekolog lukmanyndan maşgala lukmany her ýyl geçirilen gözegçilik barlaglaryndan soň maglumatlary alyp, ambulator karta geçirmelidirler. Dispanser gözegçiligiň esasy netijeliligi 3-nji topardan 2-nji topara ýa-da 1-nji topara geçirmekden, göwrelilik döwürde gaýraüzülmelere getirýän howp toparlaryny azaltmakdan, keselleriň ýitileşen görnüşleriniň bolmazlygyndan, dowamly ýagdaýlara geç- mekliginiň öňüni almakdan ybarat. Çaga lukmanyň, maşgala lukmanyň we akuşer-ginekolog lukmanlarynyň işjeň gatna- şyklarynyň esasy taraplarynyň biri, olaryň her birisiniň gyzjagazlara we geljekki eneleriň saglygyna täsir edýän howp toparlaryny bellemekligidir. Gyzjagazlarda endokrin bozulmalar, ýürek-damar ulgamalarynyň keselleri, dowamly bagyr keselleri, gaýtalynyp duran piýelonefritler, allergiýa barada, gury agyry keseli, tonzilektomiýa geçirilende menarhe gelen ýylynda we 1 ýyl ondan öň, agyr ekstragenital keselli ýa- da gaýraüzülmeler bilen agyrlaşan göwrelilikden we dogrumdan bolan gyzjagazlarda, çaga lukmanynda we maşgala lukmanynda gözegçilikdeduranlaryakuşer-ginekologlukmanynyňgözegçiligi göwreliligiň kadaly geçmegi üçin soraglary çözmeklik hökman. Akuşerçilik bozulmalary we howplary bolan toparlary çaga lukmany we maşgala lukmany akuşer-ginekolog lukmanyna geçirmelidirler. Üçünji dispanser topara degişli gyzlar aşakdaky näsazlyklar boýunça akuşer-ginekologyň gözegçiliginde durýarlar: ýuwenil gan akmalar, jyns agzalarynyň ösüşiniň bozulmagy, ýumurtgalygyň sklerokistozy, çiş döremeleri, jyns agzalarynyň näsazlyklary, aýbaşy halkasynyň dürli görnüşdäki bozulmalary. Gyzjagazlaryň we gyzlaryň arasynda wagyz- nesihat işleri guramaçylykly geçirmek üçin çaga lukmanlary, terapewt lukmany, akuşer-ginekologlar, aýallar maslahatynyň işgärleri, okuw mekdepleriniň lukmanlary, mugallymlar, ene- atalar ýakyn aragatnaşykda bolmalydyrlar. Öňüni alyş we bejeriş işleri, wagyz-nesihat işleriniň geçirilmegine aýallar maslahatynyň bölüm müdiri, ýetginjekler otagynyň bölüm müdirleri jogapkärdir. Jyns-ösüş bozulmalary bolan çagalaryň barlaglary we bejergisi aýallar maslahatyndaky çagalar we ýetginjeler ginekolog otagynda geçirilmelidir. Çagalar we ýetginjekler ginekologyň otaglary goşmaça barlaglar üçin belli barlamhanalara berkitmeli. Otagda bolmaly zatlar: el ýuwulýan, kuşetka, çaga ginekolog kreslosy, ellik, çyrşak almak üçin aýnalar, rezin gruşaly kapillýar, jynshanadan gelýän nem almaklyk üçin şpris, çaga kateteri, zond, jübtek, spirt, uretroskop. Kiçi çagalary kabul edilýän otaglarda ünsüni çekýän oýunjaklary, gyzykly suratlary we peýdaly maslahatlary goýmaly. Näsaglary ambulator kabul etmek we bejeriş ene- atalaryň iş wagty we gyzjagazlaryň okuw wagtynyň bir wagtda bolmazlygyny göz öňüne tutup günüň dowamynda geçirilmeli. Lukman hasaba alnyş depderçesini ýöredýär, onda: familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşy, ýaşaýan ýeri, mekdep belgisi, öňüni alyş we bejeriş maslahatlary, keseliň ambulator, statistiki kartasy bellenýär. Dispanser gözegçilikde durýan näsaglara dispanser kartasy doldurylýar. Ýyllyk hasabaty otaglar bar bolan guramalar – edaralar tabşyrýarlar. Lukman tarapyndan bellenen bejergini ýörite taýýarlanan şepagat uýasy iki nobatçylykda ýerine ýetirýär. Bejeriş geçirilýän we kabul edilýän otaglaryň gapylary aýratyn, ýöne biri-birine geçilýän bolsa gowy bolýar. Gyzjagazlaryň barlagy ene-atalary we özleri bilen hemme taraplaýyn gürrüňdeşlikden başlanýar. Gürrüňdeşlikden soň umumy we ýöriteleşdirilen barlaglar başlanýar. Gerek bolan ýagdaýlarda laborator barlaglar geçirilýär. Lukman we şepagat uýasy keselli çagalar we olaryň ene-atalary bilen gürrüňdeşlik geçirende ýerlikli we takatly alyp barmaly. Anamnezini özünden ýygnamaly. Enesinden maglumat almak üçin çagany daşa çykarmaly däl. Bular ýaly ýagdaý çagalary gorkuzýar. Ene-atasyndan goşmaça maglumatlary almak üçin çagany otagda galdyryp sorag geçirmeli. Barlag geçirilen döwründe sesiňi gataltmaly däl, güýç ulanmaly däl. Eneleriň çagalara barlag geçirilende ýanynda bolmaklygyna garşy bolmaly däl. Gürrüňdeşlik bolan ýagdaýynda maşgala anamnezi bilen tanyş bolmaly; enesinde göwreliligiň geçişi, dogrumyň geçişi, çaganyň ösüşi, sowuklama keselleri ýygy-ýygydan boldymy ýa-da ýok, hossarlarynda jyns bozulmalar barmy ýa-da ýok anyklamaly. Şonuň bilen bilelikde, barlagdan geçýän çagada geçirilen iglemäniň alamatlaryny, subut edilen süňkleriň gyşarmasyny kesgitlemeli. Deri örtügine üns bermeli. Ýöriteleşdirilen barlaglary garnyň palpasiýasyndan we perkussiýasyndan başlamaly, daşkyjynsagzalarynyňgözegçiligini,rektoabdominal barlagy geçirmeli,. Daşky jyns agzalary görlende olaryň ösüşine, tüý örtüginiň ýüze çykyşyna, klitora, peşew bölüp çykaryjy kanalyň daşky deşigine, gyzlyk perdesine, gelýän neme gözegçilik etmeli (jynshanadan çyrşak almazdan öň 12 sagadyň dowamynda gyzjagaz ýuwunmaly däl). Klitoryň ulalmagy, tüý, örtüginiň oglan görnüşde çykmagy gyzjagazlarda dogabitdi adrenogenital sindromyň barlygyny aňladýar. Rektoabdominal barlagy boş peşew haltada, içegeleriň boş ýagdaýynda geçirilýär. Bu barlagda ýatgynyň ýatyşy, ululygy, hereketliligi, ýatgy we ýatgy boýunjygynyň arasyndaky burç, ýatgynyň goşuntgylary barlanylýar. Infantilizmde ýatgy kiçi çanaklykdan ýokarda ýerleşen, ýatgynyň boýunjygynyň ýatgynyň bedenine gatnaşygy 1:1 deň, ýatgy boýunjygynyň we bedeniniň arasyndaky burçy ýok. Ýatgynyň goşuntgylary görülende ýumurtgalyklaryň ölçegine, görnüşine, konsistensiýasyna üns bermeli, ýatgy goşuntgylarynyň ýanynda sepleşmeleriň bardygyny, agyrynyň bardygyny anyklamaly. Uly, gaty, ýylmanak ýumurtgalyklar sklerokistozyň bardygyny aňladýar. Ýöriteleşdirilen ýatymlaýyn çagalar we ýetginjekler ginekologiýa bölümlerini, şäher hassa- hanasynda, köpugurly çagalar hassahanasynda, welaýat we döwlet derejesindäki ylmy kliniki merkezinde açylsa gowy bolýar. Bu bölümleriň bölüm müdiri çagalar we ýetginjekler esasy hünärmen ginekology bolup durýar. Onuň borçlary çagalar we ýetginjekler lukman ginekologlary taýýarlamaklyga gözegçilik etmeklik, öňüni alyş we bejeriş, wagyz-nesihat işlerini geçirilişine, gyzjagazlara we gyzlara berilýän lukmançylyk kömegine gözegçilik etmekden ybarat; çagalaryň arasynda ginekologiki keselleri ýüze çykarmakda we bejermekde, saglyk öýleriniň çaga lukmanlarynyň, mekdepden öňki we mekdep lukmanlarynyň işlerine gözegçilik etmeli.



Kafedranyň müdiri l.y.k. Ş.H. Berdiýewa,
Kafedranyň assistentleri: l.y.k. A.A. Orazgeldiýewa,
l.y.k. R.R.Rahmanowa,
l.y.k. Z.A.Nakimowa,
l.y.k. G.E.Jumanyýazowa,
M.A. Kakageldiýewa.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir