Gündogar Arabystanda gurulan döwletler.

Mowzugumyzyň başynda häzirki Saud Arabystanda we ýemeniň teretoriýasynda gurlan gadymy döwletler barada durup geçeris. Şeýle hem şol döwletleriň edara edilşi we halkyň hal-ýagdaýy, beýleki döwletler bilen gatnaşyklary barada gürrüň ederis. Şeýle hem şol döwletleriň syýasy-ykdysady we durmuş gurluşly we medeniýeti barada düşünje bermäge çalyşarys. Mundan başgada häzirki döwürde musulmanlaryň mukaddes hasaplaýan ýerleri bolan Mekke we Medine şäherleriniň yslamdan öňki ýagdaýy barada durup geçeris. Ondan hem başga Araplaryň beduin taýpalarynyň ýaşaýyş durmuşy we jemgyýetçilik gatnaşyklary barada gürrüň bereris.
B.e. öň VII – III asyrda häzirki ýemeniň territoriýasynda gurlan döwletdir. Paýtagty “Karnaw” şäheri bolupdyr. Halky söwda we ekerançylyk bilen bir hatarda maldarçylyk bilen hem meşgullanypdyr. Halk öndürýän önümlerini ýeke bir döwletiniň içinde sarp etmän goňşy döwleti bolan Sananyň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän şäherlerinde harytlaryny alyş-çalyş edipdir, öz ýurtlaryna gerek bolan harytlary getiripdirler. Maini döwletinde şine şekilinde ýazgynyň ulanylandygy alymlar tarapyndan çaklanylýar. Bu döwletde gurlan şäherleriň ýerinde gazuw agtaryş işleri geçirilende şäher ýaşaýjylarynyň din, sungat, medeniýet we durmuş gurluşy bilen baglanşykly taryhy materiallar tapyldy.
Himýeri döwleti takmynan b.e. öň 115-nji ýyldan b.e. öň 525-nji ýyla çenli iki döwürde ýaşaýar. 1-nji döwürde b.e.öň 300-nji ýylyna çenli dowam edýär. 2-nji döwri bolsa b.e. öň 525-nji ýylyna çenli ýaşaýar. Himýeri döwleti özünde öň gelip geçen döwletler ýaly diňe bir söwda ýa-da ekerançylyk bilen meşgul bolman eýsem eýran we wizantiýa ýaly döwletler bilen hem zerur bolan halatynda söweşler alyp barýardylar. Himýer hökümdarlarynyň kä birleri (Tubba) lakamy bilen atlandyrylýardy. Himýer döwletiniň soňky ýyllarynda döwlet başyna geçen Zunuwas Musa pygamberiň getiren dini ýahudiligi kabul edýär we ol dini döwletiň resmi dini diýip yglan edýär. Şondan soň Biziň eramyzyň 523-nji ýylynda Nejran hristiýanlarynyň köpçülikleýin gyrylmagy hem bu hökümdaryň döwründe bolup geçenligi alymlar tarapyndan çaklanylýar. Şondan soň Arabystanda hristianlygyň ýaýramagy, Eýrana we Ýahudilige garşy daşary syýasat hökmünde dini we ykdysady taýdan ony özüne peýdaly hasaplan Wizantiýanyň imperatory Žustin I Efiýopiýanyň hökümdaryna haýyş hatyny ýollap bu işiň ýagny hiristiýanlaryň köpçülikleýin gyrylmagynyň öňüni almagyny haýyş edýär. Pursatdan peýdalanan Efiýopiýanyň hökümdary ýetmiş müň goşun bilen Himýeri döwletine zarba urýar. Netijede Efiýopiýalylar ýeňiş gazanýar. Bu uruşdan soň Himýeri döwleti doly dargaýar. Şeýlelikde Günorta Arabystanda Efiýopiýa hökümdarlygyna bagly bolýar.
Mälim bolşy ýaly hijaz welaýatynda uly hökümdarlyk sistemasyna gabat gelmeýäris. Ýagny Mekke, Medine we Hijazda ýerleşen oturymly halk bilen çölde ýaşaýan beduinlerde syýasy birleşik bolmandyr. Serdarlara halk tarapyndan “Şeýhlik” derejesi berilýärdi.
Beduinler döwründe hijaz welaýatynda serdarlyk wezipesi kakadan ogula geçip bilýärdi ýöne bu düzgün araplaryň arasynda kanun däldi. Kä wagtlar tire serdarlygy ogluna däl-de bir başga adama berilip bilinýärdi. Birnäçe şahadan emele gelen tirelerde, her şahanyň öz serdarlary bardy. Bulardan başgada tiräniň umumy serdary bardy muňa araplar “Şeýhul Meşaýih” diýýärdiler. Kanunlar, esgerler we durmuş bilen baglanşykly käbir işlerde, tiräniň serdary mejlis geçirýärdi we şol mejlisde günlük meselelere garalýardy.
Haçanda tire agzalarynyň arasynda düşünüşmezlik ýüze çyksa ony derhal ýaraşdyrýardylar. Emma tirede ogurlyk ýa-da jenaýat işleri bolsa oňa degişli belli kanunlary ýokdy. Şeýle işlerde tire serdarlarynyň kanun çykarma hukugy hem ýokdy. Şeýle ýagdaýlarda hak haklynyňky däl güýçliniňki bolýardy we her kim başyna geleni özi çekmäge özi karar berýärdi. Gan dawasy diýilýän dawa şol ýerden başlanýardy we köp ýyllap dowam edýärdi. Hemişe gana gan alynýardy. Öldürileniň iň ýakyn mirasçysynyň onuň öjüni almagy zerurdy. Şeýle ýagdaýlar tire-taýpa söweşlerine getirýärdi. Ýöne adam öldürmek “diýet” (öwezini dolmak) bermek şerti bilen ýatyrylyp bilner. Bu işe tire serdary ýolbaşçylyk edýärdi. Eger bir kişi öz tiresinden birini öldürse öldüren adamy hiç kim goramaýardy. Bu çöl kanuny, Hijaz welaýatynyň iň meşhur ýerleri bolan Mekke we Medine şäherlerinde hem bir meňzeşdi. Mekkede, käbeden gelýän girdeýjilerden adamlar deň paýlanýanlygy sebäpli çölde ýaşaýan bedewin araplaryna garanyňda biraz ýumuşakdylar. Aýratyn hem Mekke halky söwda we jemgyýetçilik işlerine arap tireleriniň içinde uly abraýa eýedi. Arap tireleriniň ýene-de bir aýratynlygy azat we erkin hiç kimiň buýrugyna bagly bolman ýaşamakdy. Tireleriň arasyndaky bu erkin ýaşama söýgüsi, olaryň uly we güýçli döwletleri gurmagy başarmaklaryna sebäp bolupdy. Bedewinler döwründe okamagy-ýazmagy bilýänler şäherlerde ýaşaýan halkdy. Çölde göçüp-gonup ýören araplar ylym-bilim we sowat bilmeýärdiler. Çölde medeniýet; göçüp-gonmaklygyň zerurlugyndan ýüze çykan tejribe adat we däp-dessuryň bilgilerinden ybaratdy. Şonuň bilen birlikde araplar; “ylmy ensab” (ata-babalaryndan galan ylymlar) şygyr, dilewarlyk ýaly ugurlarda ösen derejedediler. Bulardan başgada tebipçilik, meterologiýa, astronomiýa, at seýislemek, mifalogiýa, yz yzarlamak ýaly beýleki halklardan alynan bilimiň ugurlary bardy.


S. Ataýew

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir