Arap ýurtlary barada dürli çeşmeler.


Sapagyň wezipesi talyplara araplar barada ýagny Arabystan we araplar barada olaryň gadymy çeşmeleri; yslamdan öňki we soňky çeşmeler barada, yslamyň döreşi, Halyfatyň döreýşi, XIII-IX asyrlarda bagdat halyfaty we halyfatlar döwründe edilen ýörüşler barada talyplara giňden gürrüň bermekden ybarat.
itoriýalary iki sany kuwwatly deržawalar bolan Wizantiýanyň we Sosanid Eýranyň düzümüne girýärdiler.asy syýasy tarapdan gutarnykly dargandan soň, merkezi şäheri Konstantinopol bolan Wizantiýa ýa-da Gündogar Rim imperiýasy 395-nji ýyldan başlap özbaşdak döwlete öwrülýär. Imperiýanyň 14 sany dioňeezinden 8 sanysy Fransiýanyň sostawyna giripdir. Balrym adasynyň we Kiçi Aziýanyň (anatoli) oblastlary we geljekki Gündogar Arabystanyň ýurtlary şeýle hem zakawkaziýe we häzirki Günorta Ukrainanyň mülkleri. b.e.öň I asyrda Rimliler tarapyndan Siriýa,Liwan we Palestina (izrail we Günbatar Iordaniýa) basylyp alynýar. B.e.öň 30-njy ýylda Müsür Rim imperiýasyna girizilýär. VI-asyrda Wizantiýanyň düzümüne Demirgazyk Afrikanyň Gündogar bölegi(Tunis we Alžiriň bir bölegi) girýär. Ol ýerlerde şoňa çenli Wandallar agalyk sürüpdirler. (V-VI as.başy).
Wizantiýanyň imperatory iri ýer eýesi bolupdy, sebäbi ol döwlet ýerlerine hem eýeçilik edipdir. Imperatoryň töweregini iri ýer eýeleri bolan köşk han begleri gurşap alypdyrlar. Iň gysganç we zalym ýer eýesi ýokary grek prowoslow dindarlary bolupdyr.(aýratyn hem monahlaryň) ýokary gatlagy.
Wizantiýa VI asyra çenli çig ýüpek Hytaýdan we Eýrandan gelipdir. Aziýada çarwa taýpalarynyň göçup-gonmalary ol taýpalaryň kuwwatly soýuz emele getirmegi belli ýüpek ýoly boýunça Uzak gündogar ýurtlary bilen kerwen söwdasyny etmegi kynlaşdyrypdyrlar.Hindistan bilen deňiz söwdasy Wizantiýanyň ýüpege bolan islegini doly kanagatlandyryp bilmändir. Şonuň üçin hem Wizantiýa Eýran bilen uruş ýagdaýynda bolsada ýüpegi olaryň söwdagärlerinden satyn almaga mejbur bolupdyr. Ondan hem başga Eýranyň söwdgärleri we hökümdarlary özleriniň monopol ýagdaýyndan peýdalanyp ýüpegiň bahasyny gymmatladýarlar. Wizantiýalylaryň özleriniň ýüpekdarlygyny ýola goýmak başa barmaýar. Sebäbi Eýran hökümeti ýüpek gurçugynyň tohumuny bermekden boýun gaçyrýarlar.
V-VI asyrlaryň araplarynyň ykdysady ýagdaýy jemgyýetçilik gurluşy we durmuşy baradaky esasy maglumatlaryň esasy çeşmeleri bolup gadymy arap ýa-da yslama çenli bolan poeziýa hyzmat edýär. Taryhy çeşme hökmünde bu poeziýanyň esasy gymmatlygy onuň arap taýpalaryny daşyny gurşap alýan tebigat bilen bilelikde fotografik takyklyk bilen berilmegidir. Şonuň üçin hem spesialistler arap halkyny we onuň durmuşuny häsiýetlendirmekde wajyp we abraýly çeşme hasaplaýarlar.
V-VI asyrlaryň arabystanyň geografik tebigaty öwrenilende yslama çenli bolan arap şahyrlary çeken suratlarynyň üsti bilen Arabystan tebigatynyň suratynyň üstüni ýetirmek üçin täze döwrüň syýahatçylary tarapyndan ýygnalan köp-köp baý we dürli taraplaýyn zatlaryň ullanylmagy hökmandyr.
XIX-XX asyryň syýahatçylarynyň sosial-ykdysady häsiýetli habarlary diňe gadymyýetiň galyndylaryna ünsi çekip biler.
Geçen 1,5 müň ýylyň dowamynda Arabystan umuman üýtgemän galýar, ýöne ýurdyň ykdysady ýagdaýy we ilatyň jemgyýetçilik gatnaşyklarynda üýtgeşikler bolýar. Ykdysady we jemgyýetçilik ýagdaýlarynda durnukluluk duýlan hem bolsa XIX asyryň ikinji ýarmyndan başlap üýtgeşmeler we ösüşler bolupdyr.
Araplaryň yslama çenli bolan poeziýasy biziň öwrenýän döwrümizde döräpdir. Olaryň bize çenli ýeten eserleri VII-X asyrlaryň ýygnaýjylary we redaktorlary az kem üýtgeşiklik girizen bolmasa esasan üýtgemän galypdyrlar. Taryhy çeşme hökmünde bolan bu poeziýa durmuş baýlygy eserleriň hakykylygy syrygypdyr: hakykatdan hem yslama çenli poeziýanyň eserleri V-VI asyrlarda arap taýpalarynyň şahyrlary tarapyndan döredilipmi (arap taryhy-edebiýat dessurlarynyň takyklaýşy ýaly) ýa-da bu eserleriň awtorlary VIII-IX-asyrlarda Halifatyň medeni merkezlerinde ýaşan giçki şahyrlar we alym filoloklar bolupdyrlarmy-başga söz bilen aýdanyň bu eserler edebiýat ýasamasy däldirä?
Syýasy, harby dini durmuşyň baý we köp taraply faktlara orta asyrlaryň köp sany arap dilli taryhçylarynyň we geograflarynyň işlerinde yslam poeziýasyna çenli V–VI asyrlarda araplaryň sosial-ykdysady we jemgyýetçilik durmuşyny açyp görkezýän köp sanly materiallara gabat gelýäris. Biziň öwrenýän döwrümiziň esasy çeşmesi hökmünde Şähristanyň işleri (1153ý) eýeleýär. “Kitab al-milal wa-n-nihal” “Книга религиозных секет и философских школ”
Belaruzynyň asly Eýranlydyr. Ol 897-nji ýylda aradan çykýar. Halyfat Mutawekkil Mustain döwründe Bagdat saraýynyň alymlaryndandy. al-Mugtez öz ogly Abdylla üçin al- Belaruzyny mugallym edip alýar. Şondan soň Abbasy hökümdarlarynyň ynamyna girýär. Şol döwürlerde ýagny hijri I-asyrda bolup geçen wakalary hem-de Arap basyp alyşlaryny düşündirýän ady belli „Futhul-buldan“ (täze ýerleriň basylyp alynmagy) atly taryhy eserini ýazýar. Al-Belaruzy bu eserini ýazan wagtynda bellikleriniň dogry bolmagy üçin köp işler edýär. Halkdan eşiden zatlaryny has öňräk ýazylan eserler bilen deňeşdirip görýär. Şeýlelikde ýazan eseriniň gymmatyny artdyrýar. Al-Belaruzynyň taryh babatynda salgylanýan möhüm eseri Abul-Hasan Aly al-Medaýininiň „Kitabul Magazisi“ bilen „Taryhy Hulefa“ atly eserleridir. Belaruzy ýaly bu çeşmeleri Taberi hem taryhy çeşme hökmünde ulanýar. Belaruzynyň taryha degişli „Ensabul-Eşraf“ (abraýly hormatlanýan nesil) atly eseri ýazylan hem bolsa ýazylan bu eseriň günümize çenli diňe iki jilti gelip ýetýär.
„Futuhul-Buldan“ ýewropada we Müsürde çap edilýär. Al-Masudy:
Abul Huseýin Ali bin Huseýin bin Aly al-Masudy. Tanymal yslam taryhçysy we geogryfydyr. Masudy hijri III- asyryň soňunda dogulýar. 956-ýylda-da Kahirede ýogalýar. Bagdatda mekdebi tamamlandan soň 912-nji ýylda ýetginjeklik ýaşynda ylym öwrenmek üçin syýahat edýär. Ömrüni öwrenmek maksady bilen syýahatda geçirýär: Hindistan, Seýlan, Madagaskar, Müsür ýoly bilen Endülis (Ispaniýa) çenli gidýär. Eseriniň bir ýerinde Malaziýa dag gerişlerinde Hytaý düzlüklerini görendigini bilmek bolýar. Masudy gezip ýören ýerlerinde tankydy göz bilen taryhyny we geografiýasyny ýazypdyr. Masudiniň bu uzyn syýahatlarynyň ýene bir sebäbi hökmünde beýleki yslam döwletlerinde şol döwürlerde ýaňy döräp başlan ylmy merkezleriniň açylmagy görkezilip bilner. Hemmämize mälim bolşy ýaly VIII-asyrda başlanan terjime işleri bilen bir hatarda ösmäge başlan yslam sungaty we medeniýeti, bu asyryň soňlaryna (X-asyr) öňki görnüşini ýitirip başlaýar. Memunyň açan „Darul-Hikme“ atly ylmy merkezi öňki güjüni ýitiripdi. Esasan hem yslam dünýäsi syýasy ugurdan bölünmäge başlaýar. Täze dörän syýasy akymlaryň saýasynda täze ylmy açyşlar döräp başlaýar.
Masudy meşhur taryhçy we geografçy ýaly şol bir wagtyň özünde belli hukukçy we güýçli lukmanlaryň hatarynda görmek bolýar. Masudynyň 19-sany eseri bolup olaryň käbirleri şulardan
ybarat. „Kitabu Ahbaru-z-Zaman“ (döwrüň habarlar kitaby)
„Kitabul Ewsat“ (orta ýol)
„Zuhaýrul-Ilim“ (ylmyň orta çykmagy, gül ylmy) „Nazmul-Alem“ (älemiň nyzamy) „Sirrul-Haýat“ (durmuşyň syry) „El makalat Fi Aslyd-Diýanat“ (diniň asly bilen baglanşykly makalalar).
Taryha degişli birinji ýazan eseri „Ahbaruz-Zaman“ eseridir. „Murujuz-zeheb“ atly eseri Ahbaruz-Zaman bilen Kitabul Ewsat“ yň birleşdirilen nusgasydyr.


S. Ataýew

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir