Arap ýurtlarynyň taryhyna giriş.


Islendik halkyň taryhy öwrenilende onuň gadymy döwürden başlap şu günki güne çenli taryhyny doly we anyk maglumatlar esasynda öwrenmeklik zerurdyr. Şonuň üçin Araplaryň taryhy dersini okatmagyň esasy maksady hem Arap ýurtlarynyň iň gadymy döwürden başlap tä halyflyk döwrüne çenli bolan taryhyny doly we hemme taraplaýyn açyp görkezmekden ybaratdyr. Her bir halkyň gadymy taryhyny öwrenmeseň, onuň häzirki zaman taryhyny bilmeklik mümkin däldir. Şol maksat bilen hem Arabystan ýarym adasynda adamzadyň kemala gelmegi, döwletiň döremegi, halklaryň ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösüşi barada talyplara giňişleýin düşünje bermekden ybaratdyr. Arap ýurtlarynyň taryhy dersi boýunça bu döwür gadymy döwürden başlap Araplarda halyflyk düzgüniniň ýüze çykmagyna çenli bolan aralygy öz içine alýar. Bu döwürde Arap halklarynyň ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösmegini doly açyp görkezmekden ybaratdyr.
Yslam dininiň ýüze çykan ýyllarynda sasany imperatorlygynyň resmi dini zarastarizm dinidi. Halk bolsa, dürli ynanç we ygtykatlara eýedi. Kimler göge we ýyldyzlara, kimi agaçlara, bir toparlary bolsa, oda we dürli ösümliklere, kimseler bolsa zaratuştra (gowylyk taňrysy diýilýän) „hurmuza“ çokunýardylar. Ýöne şol döwürlerde umumy oda çokunmaklyk giňden ýaýrapdy. Zaratuştra rahipleri (din adamlary wekil) döwletiň dolandyrylmasynda hökümdarlara iň ýakyn adam bolup durýardylar. Zarostarizmiň bahs edýän Ahura-mazda, milli taňry we söweş taňrysy ýaly görülýärdi. Ýer ýüzünde ony iň gowy görnüşde ot ýüze çykarýardy. Ybadathanalar bu sebäpli jemgyýetdäki täsirini artdyrýardylar. Zarostarizme öz täsirlerini artdyrjak goşmaçalar girizýärdiler. Ybadathanalardan näme kanun çyksa ol hökman ýerine ýetirilýärdi. Diniň kada kanunlaryny olar kesgitleýärdi. Halaly, haramy, günäni, sogaby olar belleýärdi. Wizantiýadaky serkifleriň borçlaryny Eýranda ataşa (oda) çokunma ýygnanyşygyny geçirýän ybadathanalar öz üstüne alýardylar.
VI-asyrda dörän mazdak özüni zaratuştranyň yzyny dowam etdiriji şägirdi diýip yglan edýär we jemgyýeti zäherleýän pikirlerini orta atýardy. Mazdag görä howa, ot we suw ýaly zatlar nähili ortak hasaplanýan bolsa, mal-mülk we aýal gyzlar hem ortakdyr. Ýagny umumydyr diýip belleýär. Şahsy eýeçilik we mülk diýen düşünje ýokdur. Esasan hem mejusy zaratuştralygynda iň ýakyn garyndaş hatda iki doganyň biri-birine öýlenmeginde hem hiç-hili gadaganlyk ýokdur. Şol döwürlerde Eýranda at-abraýly bir nesli terbiýeläp ýetişdirmek düşünjesi ýokdy.
Araplar Samy diýilýän kowumdandyr. Nuh pygamberiň ogly Samy neslinden dörändikleri sebäpli Samy tireleriniň arasynda hasaplanýar. Bu tireler, birinji irki döwürde Arabystanyň ortasynda ýagny merkezinde oturýardylar. Halkyň sanynyň artmagy, guraklyklar, gytçylyklar we parahat durmuşyň ýoklugy sebäpli Afrika, (Efiýopiýa, Müsür) Mezopatamiýa, Siriýa ýaly ýerlere göçüp gelýärler.
Araplar fiziki keşbi hem-de düşünjeleri tarapdan Samy tiresiniň aýratynlyklary bar. Munuň esasy sebäbi bolsa jezireful Arapda geografiki tarapdan ýerleşişiniň bir sebäbidir. Jezraful arabyň üç tarapy deňiz dördünji tarapy bolsa çöl bilen gurşalandyr. Bu ýagdaý, çölüň kyn şertleri bilen darkaş guran Araplara takdyryň eçilen bir sowgadydy.
Samileriň birinji ýerleşen ýerleriniň nirededigi taryhçylaryň ünsüni özüne çekýär. Arabystanda geçmişiň yzlary köne medeniýetlerden galan galyndylar we şuňa meňzeşleriň üstünde ýeterlik ylmy barlag işler geçirilen hem bolsa heniz doly derejede üsti açylan däldir.
Gazuw agtaryşyň netijesinde tapylan zatlar ylmyň tejribesine daýanan hem bolsa, yslam dininden öňki Arap taryhynyň käbir ýerleri bize entegem garaňky taraplary bardyr.
barlaglar häzirki wagta çenli şu netijeleri berýär olaryň birinji göçüp baran ýeri Mezopatamiýa, gündogar Afrika ýagny Arap ýarym adasy diýilýär we soňky barlaglaryň netijesinde hem samyleriň hakyky watanynyň arbystan bolandygy görkezilýär. Ýaňam belläp geçişimiz ýaly sanlary artyp özlerini eklemek kyn bolanlygy sebäpli wagtyň geçmegi bilen Nil düzlügine demirgazyk Afrika we Mezopatamiýa göçüp başlaýarlar. Arap halyflary diýlende araplaryň kemala gelmek hadylasy orta asyrlar bilen baglanyşykly. Araplaryň gelip çykyşy barada iň gadymy çeşme injil onda duş gelýän rowaýatlarda araplaryň ata – babalary barada aýdylýar. Injilde ýahwa diýen hudaý Wawilon dinini guranda gurýanlary biri – biri bilen gürleşmez ýaly dil aýratynlygyna bölüpdir. Şondan soň hem dürli dilde gürleýän halklar döräpdir. Bu aýdylýan gürrüň XIX asyra çenli öz täsirini halklar ýetirip gelipdir. Ýagny olaryň aýtmaklaryna görä haýsydyr bir näbelli güýç iň gadymy halky döredipdir. Bu ideýa, pelsepe garaýyşlar XVI asyra çenli ýetirlipdir.
XX asyr halklar barada dürli pikirler orta atylýar. Etnos: baradaky meseleler alymlar tarapyndan dürli görnüşlerde öwrenilýär. Adamlaň gelip çykyşy barada entegem jedelli bolýar.
Günbatar Aziýa arap ýurtlarynyň köpüsi şoňa girip ondan başga Demirgazyk Afrikany öz içine alýar.
Arap ýarym adasy, Palestina, Mesopotamiýa, ortaýer deňziniň Gündogar kenarlary, Demirgazyk Afrika ýurtlary girýär. Arap ýurtlary gurak klimat we daglyklardan ybaratdyr. Umuman ýarym çöl. Bu ýerler Neolit döwrüne çenli tokaý, çagylyk bolupdyr. Soň tokaýlyk, suwlar azalypdyr. Oazislerde adamlar köpelipdir. Çöllüklerde adamlar azalypdyr.
Arabystan ýarym adasynda gündogarynda Umman deňzi we Basra bogazy (aýlagy), günbatarynda Gyzyl deňiz günortasynda Aden bogazy ýerleşýär. Ýagny gündogar, günbatar we günortasy deňizler bilen gurşalandyr. Demirgazyk tarapynyň geografiki ýerleşişi doly belli däldir. Gyzyl deňziniň demirgazyk tarapyndaky akaba bogazynyň ýokarsydan Tigir we Efrat derýalaryna tarap giň giden ýerleri görkezilip bilner. Ýurduň gündogarynda, beýikligi 330 metre ýetýän jebelul- Ahdar (ýaşyl dag) bardyr. Günortasynda bolsa, beýikligi 1000- 1600-metre çenli ýetýän daglar bardyr.
Arabystan ýarym adasynda ekerançykyk ýerleri, gündogarda Ýemen günbatarda bolsa Asyr ýerleridir. Ýarym adada iň uly üç çöl şulardyr:
1.Nufud çöli: Arabystanyň demirgazygynda ýerleşýär.
2. Dahna çöli: 100 km çenli uzalýar.
3.Rub-ul Haly çöli: Ülkäniň gündogarynda ýerleşýär.
1.Araby Baide; Bu döwürdäki milletleriň köpüsü betbagtçylyk sebäpli heläk bolupdyrlar, bularyň nesilleri gutarýar. Ad, Semud, Tasym, Amelika, Eýka kowumlary şulardandyr we bularyň käbirleri barada Gurhanda gürrüňi edilýändir.
2.Araby-Azybe Kahtan bin Abiziň Ýemen taraplaryna ýaýran ogullary we agtyklarydyr. Bular Kahtaniler diýlip tanalýandyr. Käbir döwletleri gurýarlar. Bir gezekgi göçmekligiň netijesinde Medinä ýerleşen Ews we Hazreç tireleri hem bulardandyr.
3.Araby-Mustarebe: Bular, Hz.Ysmaýylyň nesilleridir.

S. Ataýew

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir