SELJUK NEBERESINIŇ SOLTANLARYNYŇ BEÝANY   Bular sansyz-sajaksyz leşgerdiler we çensiz-çaksyz taýpadylar. Bularyň içinde Oguzyň her boýundan, sag gol begleri: gaýy, baýat; sol gol begleri: baýyndyr, bijene (beçene), çawnydyr, şeýle-de bulara goşulşan beýleki boýlar bardy. Olaryň köp mallary, sürüleri, nygmat we şöwketleri bardy. Mydama agzybirdiler. Olar dindar we akylly kişilerdi. Beýtullaha hyzmat ederdiler. Uly alymlar bilen gatnaşyk saklardylar. Ol zamanda Türküstanda türk we mongol örän köp bolup, Türküstanyň sähralary, ýaýlak we gyşlaklary adam we mal-gara bilen doludy. Bular köplüginden we otlag ýerleriniň darlygyndan Türküstany goýup, Mawerannahra geldiler. Gyşyny Buharada we Surda (Nurda) gyşlardylar. Ýazyny bolsa saparda we Samarkantda ýazlardylar. Bularyň ulularyna Seljuk ibn Lukman ibn Dakak diýerdiler. Onuň dört ogly bardy. Ulusy Ysraýyl bolup, Soltan Keý Hysrowyň sekizinji arkasydy. Ähli oglanlaryndan akyllydy we ýitidi. Beýleki oglanlarynyň ady Mikaýyl, Ýunus, Musry beýgudy (ýabgudy). Soltan Mahmyt ibn Söbüktegin Eýlik han bilen ylalaşyk etdiler. Soltan Mahmyt Jeýhun kenaryna gelip bir-biri bilen duşuşdylar we ähdi-peýman etdiler. Her biriniň ýurdy we serhedi belli edildi. Eýlik han Soltan Mahmyda aýtdy: — Bir jemagat birnäçe ýyldan bäri sansyz leşger bilen Türküstandan biziň ýurdumyza gelip, Buharanyň we Samarkandyň otlaglaryna düşmüşler. Ýolbaşçylaryna Seljuk ibn Lukman diýerler. Onuň dört ogly bar. Her biriniň sürüsi, ýaragy we leşgeri bardyr. Olardan rahat we arkaýyn bolmak bolmaz. Şonuň üçin sen Hindistan tarapyndan bir iş düşüp, ol ýere ugrasaň, bular birle ylalaşyk edip, bulardan ýardam soramak wajypdyr. Bu söz Soltan Mahmyda örän täsir edip, olaryň çäresine meşgul boldy. Bir söze çeper suhangöý kişini olara ilçilige gönderip, aýtdy: — Berekella siziň aklyňyza we parasadyňyza. Näçe wagtdan bäri biziň bilen goňşuçylykda ýaşap, bizden hiç bir zat dileg we haýyş etmediňiz. Biziň hut siziň bilen dostluk etmäge meýlimiz bar. Biri-birimiziň ýardamymyza mätäçdiris. Eger siziň hemme gardaşlaryňyzyň gelmäge mümkinçiligi bolmasa, biriňizi saýlaň, bir topar bolup gelsin. Jeýhun kenarynda olar birle duşuşalyň, söhbet edeliň we ähdi-peýman baglaşalyň. Olar bu sözi eşidip, musulmandyklary we akgöwündikleri sebäpli öz ýolbaşçylary Ysraýyly saýlap, goşun birle iberdiler. Soltan Mahmyt eşidip, derhal «häzir leşgere mätäçligimiz ýokdur. Maksadymyz özleri bilen duşuşmakdyr. Ol leşgeri onda goýup, ýaranlaryňyz bilen geliň» diýip, bulara garşy adam iberdi. Olar aýdylyşy ýaly bolup geldiler. Ysraýyl gelende Soltan Mahmyt oňa hezzet-hormat edip, öz ýanyna - tagta geçirdi. Hoş görüp, hal-ahwal soraşdylar. Soltan Mahmyt söz arasynda aýtdy:
ㅡ Bize Hindistanyň müşrüklerine garşy uruş etmäge köp goşun gerek. Eger bu ýerdäki goşuny alyp, biziň bilen Hindistana gitseňiz, Horasan ýurdy togtap galar. Siziň bilen äht edip, her wagt bir tarapdan duşman peýda bolsa ýa pitne gopsa, sizden ýardam bolar we bize leşger berersiňiz diýip umyt edýärin. Ysraýyl jogap berdi: — Bizde ikilik ýokdur. Herne buýursaňyz biz durarys. Soltan Mahmyt aýtdy: — Bir hajat düşen wagty nähili nyşan bilen bize medet ýetişer, ne gadar kişi geler? Ysraýylyň bilinde üç oky, elinde ýaýy bardy. Ol bir ok çykaryp, Soltanyň öňünde goýdy we aýtdy: — Muny biziň boýumyza gönderseňiz, size ýüz müň atly ýetişer. Soltan aýtdy: — Eger ýeterlik bolmasa? Ýene-de bir ok çykaryp: — Biziň Türküstandaky (Türkmenistandaky) ýaýlamyz bolan Balkan dagyna gönderseňiz, size ýüz elli müň atly ýetişer - diýdi. Soltan aýtdy: — Eger ol-da ýeterlik bolmasa? Ysraýyl ýaýy öňünde goýdy we aýtdy: — Muny Türküstana gönderseňiz, size iki ýüz müň diýseňizem, leşger ýetişer. Bu söz Soltan Mahmydyň köňlüni howatyrlandyrdy. Mekirdir hilä başlady. Tagam we şerap getirtdi. Üç gije-gündiz bulara toý eýledi. Ysraýyla, serkerdelerine, tirebaşylaryna we adamlaryna agyr halatlar geýdirdi. Ondan soňra soltanyň buýrugyna görä bu gelen jemagatyň her birini bir beg myhman aldy. Agyr şeraplar berdiler. Serhoş bolan wagtlarynda hemmesini gandalladylar. Soltan Mahmyt hem Ysraýyly tutup, gandallap, hut şol gije Hindistana Kälinjer galasyna gönderdi. Haçanda Ysraýyl ukudan oýananda, özüni bagly görüp, mejburlykdan Hakyň takdyryna boýun boldy. Bu tutulan leşgerleriň hersini bir gala gönderdiler. Ysraýyl ýedi ýyl Kälinjer galasynda tussag ýatdy. Onuň leşgerinden iki türkmen gelip, «bir mümkinçilik bolsa, Ysraýyly ogurlarys» diýen niýet bilen bu galada niçe ýyl gözegçilik edip, suw daşadylar. Ahyry pursat bolup, Ysraýyly alyp çykdylar. Ýolda birden bir tokaýly we jeňňelli ýere ýetip, azaşyp, ertire çenli galdylar. Ýarym gije bu galanyň begi köp leşger bilen gelip ýetişdi. Ysraýyl muny görüp, özünden umyt üzüp, bu türkmenlere aýtdy: — Meniň gardaşlaryma salam aýdyň. Indi olar patyşalyk talabyna düşsünler. Eger on nobat dagy ýeňilseler-de, ýene-de hereket etsinler. Mahmydyň patyşalyk asly ýokdur, hem gul ogludyr hem gulamdyr, biwepadyr we hilegärdir. Munda patyşalyk karar tapmaz. Elbetde mundan şalyk geçse gerek. Ysraýyly tutup ýene gala eltdiler we öňküden hem beter mäkämlediler. Ahyr ol ýerde wepat boldy.

Beýt

Ölümden kim ola ki bile nejat,
Çün oldy jahan menzili hadysat.

Kişi ger pakyr ola ýa patyşah,
Ýeri akybet ola häki syýah.  

Hünärment olursa ýa bihünär,
Ölümden haçan gutula serbe-ser.  

Kimsäniň öldügine olma şat,
Ki bu çarh kimsäýe bermez myrat.  

Kany äli Seljuk-u sasanylar,
Kany deýlemiler-u samanylar.

Dem-ä dem ajal jamyny içdiler,
Peýa-peý adem mülküne göçdüler.  

Jahan bulary şeýle kyldy nehan,
Ki bilmez kimsine bulardan nyşan.  

Meger şol ki hoş adly-ýu dady bar,
Tawaryh içinde onuň ady bar.  

Jahanyň çü nedigi düşündirer,
Muňa akyl aldansa güdündirer.

Kişi ahyretden degildir yrak,
Gerek her dem ede onuň çün ýarag.  

Çü mejmug halka baka ondadyr,
Kamu etdigine jeza ondadyr.

Duruş ki ola jennetde janyň mukym,
Ne gam jisim olursa yzam remim.  

Nete kim rowan salatyny Rum,
Ki älemde wazg etdiler hoş rusum.  

Gaza-ýu jyhäd idi olara kär,
Onuň çün kylarlar jahanda karar.  

Halaf oldy olara soltan Myrat,
Dahy artyk eder olardan jyhäd.  

Dogalar kylar jümle ruhanylar,
Ki daýym tuta döwür osmanylar

Ysraýylyň ogly Gutlumyş keşbini özgerdip, bu galanyň daşynda ýörerdi. Atasynyň wepaty habaryny eşidip, Hindistandan çöl ýoly bilen Sistana geldi. Ol ýerden Buhara gelip, doganoglanlaryna we daýylaryna habar berdi. Bular hut patyşalyk talabynda pursat isläp, gozgalaň etmäge bahana gözleýärdiler. Bu habary eşidip, Soltan Mahmyda «Bize bu ýer dar bolýar we dowarlarymyza ýeterlik däl. Bize Jeýhuny geçip, Nusaý bilen Bawerdiň arasynda ýer tutmaga rugsat bersin» diýip, adam iberdi. Tusuň häkimi Arslan Jazyp Soltana aýtdy: — Olaryň Horasana geçmegine ýol bermegiňiz dogry däldir. Çünki olaryň sürüleri, goşuny we ýaraglary bar. Birden bir erbetlik ederler. Soltan üns bermedi. Dessur berdi. Olar geçdiler. Emma Soltan dirikä hiç hili hereket etmediler. Soltan wepat bolandan soň, dört ýüz on sekizinji ýylyň içinde ululary Çagry beg Abu Süleýman Dawut we Abu Talyp Togrul beg Muhammet bolan Mikaýylyň dört ogly baş galdyryp, leşger çekdiler. Nişapuryň häkimine ol ýerde ýurt tutan Ibn Mugtazyň sürüsini talap edip, habar iberdiler. Ol häkim Soltan Mahmydyň ogly Soltan Mesguda hat gönderip, seljuklaryň baş göterenligini habar berdi. Soltan Mahmyt Jürjandady. Leşgeri Mazendaran saparyndan gaty gowşap, ýaraglary ýagmyrdan poslapdy, atlary gök ot iýmändi. Şeýle-de özüniň hem barmaga mejaly ýokdy. Onsoň goşun begini ygtyýar edip, belläp, köp goşun bilen olaryň garşysyna gönderdi. Bu leşgerler çalt bardylar. Seljuklar heniz gapyldylar, ýaraglary ýokdy. Leşgerler bulary talamaga başladylar. Seljuklar gaýrat edip, olary yzyna serpikdirdiler. Aralarynda köp söweş-jeň boldy. Ahyry Mesgudyň leşgeri syndy. Ryswa bolup, gaçdylar. Seljuklar ýüz gezek ýüz müň dinarlyk gymmatbaha zatlaryny, ýaraglaryny we dowarlaryny aldylar. Tötänden Soltan Mesguda dagy Hindistan tarapdan bir iş peýda bolup, seljuklar bilen söweş kylarlyk ýagdaýy galmady. Mejburlykdan bular bilen ýaraşyk edip, Hindistana gitdi. Günbe-günden seljuklaryň döwleti zyýada bolup, kuwwat tutdy. Patyşalyk alamaty bularyň ahwallarynda peýda bolýardy. Ykbal şöhlesi bularyň alnynda lowurdaýardy. Soltan Mesgut Hindistandan dolanyp, Gazna geldi. Seljuklaryň dabarasy we hereketi oňa baryp ýetdi. Onsoň Horasanyň emirine «Baryp, seljuklar bilen garpyşyp, olary pytrat» diýip, habar iberdi. Horasan begi «Men we meniň buýrugym olary ýok ederden ejiz, olar ondan kuwwatlydyr» diýip, jogap berdi. Soltan aýtdy: — Meniň bir möhüm işim bar. Munuň kibi bahana etme. Elbetde bararsyň. Onsoň Horasan emiri çäresiz bolup, leşger jem edip, bardy. Ol hem ýeňlişe sezewar boldy. Seljuklar tamam gaýratlandylar we beýgeldiler. Türkmenleriň sag we sol gol boýlary mallaryndan bir toparyny Türküstanda, bir toparyny Mawerannahrda goýup, tejribeli goşuny bilen Horasana ugradylar. Togrul beg Nişapura gelip, Soltan Mesgudyň tagtynda oturdy we halaýyga asudalygy jar etdirdi.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir