Professor Çary Baýryýew


«Adam başy daşdan gaty» diýipdir könelerimiz. Onuň başyna inen harasada, belki, başga biri bolan bolsady, döz gelmän ýaýaplardy, bükülerdi. Ykbalyň ters oýnuna gije-gündiz hesret çekip, dady-perýat ederdi. Ýöne biziň söhbetdeşimiz şol gara güýjüň öňünde ýaýaplamadam, bükülmedem, hesret çekip, dady-perýat etmedi. Ol öz güýjüne ynandy, il-gününe ynandy, binýady halal ojagyna sygyndy.Göräýmäge, tanamadyk adamsyna birbada tutuksy görünýän professor Çary Baýryýew bilen biziň söhbetdeşligimiz uzaga çekdi.Çary Baýryýew, köp-köp taryhy wakalaryň şaýady bolan gadymy Gökdepe topragynda dünýä inipdir. Oba mekdebinde, otuzynjy ýyllarda Daşkentde okapdyr. Aşgabat medinstitutyny dört ýarym ýylda okap gutarypdyr. Ýaňy instituty tamamlan kursdaşlary Geldi Hojagulyýeň, Durdy Allaberdiýew, Rejep Alyýew dagy bilen Çary Baýryýew hem 1943-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunyň frontlaryna ugradylýar. Ýöne olara gazaply söweşlere gatnaşmak miýesser etmändir. Olar Kiýew şäherine baryp düşenlerinde, «Kyrk üçünji ýylda medinstituty tamamlan türkmen esgerleri Aşgabada gaýtmaly» diýen gyssagly habar gelip gowuşýar. Öýe gelensoň Çary Baýryýew ýigriminji mekdepde ýerleşdirilen harby gospitalda professor Şapkaisiň elinde işleýär. Ýaraly esgerleriň ençemesine melhem edýär. Kyrk dördünji ýylyň başynda Çary Baýryýew garahassa keseliniň öňüni almak üçin Çohpetde obasyna iberilýär.Bu ýerde adamlar köpçülikleýin garahassa bilen keselläpdirler. Medisina işgärleriniň kyrkysy onuň garamagyna berilýär. Ol «NKWD» kolhozynyň başlygy Jumaguly Mähremowdan at sorap alyp, obama-oba aýlanmaly bolupdyr. Ýollar bolsa hatarlydy. Fronta gitmän, onda-munda gaçgaklyk edip ýörenler bir ýa iki däldi. Obalarda açlyk höküm sürýärdi. Iýmäge zat ýokdy. Ýöne muňa garamazdan, kolhozlarda doňuz kändi. Olaram meýdana kowlupdy.Çary Baýryýew oba Sowetiniň başlygy Ärlek agadan tokaýda gezip ýören ýabany doňuzlary atmaga rugsat alýar. Öldürilen doňuz etinden nahar bişirýärdi.Oba adamlarynyň arasynda doktor Çary Baýryýewiň doňuz etini iýýändigi hakda gürrüň çykýar. Muny eşiden gaçgaklar Çary Baýryýewi öldürmegiň kasdyna çykypdyrlar.Bir gije Çary Baýryýew ýatyrka onuň üstüne hüjüm edilýär.– Menem oba Sowetiniň jaýynda ýaşaýan. Olam uly gala. Gündogarda bir agzy, günorta tarapda-da bir agzy bar. Penjiresem daşaryk çykýar. Ýanymdaky Allaguly atly milisioner «Bolmady Çaryýew, indi boýun egeli» diýdi. Ýogsam ol hemişe «Men ýanyňda bolsam, hiç zady alada etme. Özüm şu etrabyň hojaýynydyryn» diýip, öwüner ýörerdi. Daýaw, murtlak kişidi. Menem nätjegimi bilemok, özümem ýarym-ýalaňaç. Birki gezek tüpeňi boşadyp, penjireden özümi daşaryk zyňdym. Aňyrsam uly hennek. Togalanyp düşdüm. Gaçmaga başladym. Çohpetde bilen Astanababanyň arasy on iki kilometr dagy bardy. Endam-janym görer ýaly däl. Astanababa baryp, medsestranyň ýaşaýan jaýynyň gapysyny kakdym. «Kimsiň?» diýip sorady. Men özümi tanatsam-da, ol «Sen däl» diýip ynanmady. Garaz, gapyny açdyrdym. Görgüli rejäň geň däldigini aňdy. Egnime halat atdy. Ertesi daň bilen Kerki oblispolkomyň başlygy Mätjanowa jaň edip, ýagdaýy aýtdym. Olam öz ýany bilen milisiýanyň naçalnigi bilen serhetçileriň komandirini alyp geldi. Milisiýanyň naçalnigine Ýusubow diýýärdiler. Ol öň Gökdepede işlän eken. Kakamy gowy tanaýardy.Çohpetdä geldik. Dükany talap, onda işleýän gyzy hem-de Allagulyny özleri bilen äkidipdirler. Biziň işgärlerimize hiç zat diýmändirler.Ärlek aga bilen Stalin adyndaky kolhozyň başlygy Allaberdini hem alyp, gaçgaklaryň mesgen tutan ýeri – jeňňellige tarap ugradyk. Biraz ýöränimizden soň, öňümizden Allaguly bilen dükançy gyz çykdy. Allaguly tüpeňsiz. Murtyny sallap «Men-ä näme bolanyny hem bilemok. Özleri bilen äkitdiler. Soňam goýberdiler» diýip otyr. Görüp otursak, bu işe ýolbaşçylyk eden, ozal şu obada mekdebiň direktory bolup işlän adam eken. Onuňam gaçgaklyga ýüz urmagynyň sebäbini soň bilip galdym. Bu şeýle bolupdyr.Raýon halk magaryf bölüminiň müdiri ony zol-zol ýanyna çagyryp, kemsidiji sözleri aýdypdyr. «Seň geregiň ýok» diýip, ony fronta iberipdir. Olam frontdan birhili ýol bilen gaçyp gelip, magaryf bölüminiň müdürini öldürmekçi bolýar. Muny aňan müdir raýondangaçyp gidýär. Gaçgagyň eli awtomatly. Ýanynda-da özi ýaly adamlaryň birtopary bar. Olaňam ýaraglary gurat.Näme etmeli? Maslahat edip, zat edip, men oblastdan gelen ýoldaşlara «Siz gaýdyberiň. Bular bilen özüm oňşaryn. Eger olary ýarag bilen ele salsak, onda ýagdaý hasam erbetleşjek» diýip, olary gaýtaryp goýberdim.Gaçgaklara sözi geçäýjek adamy tapdym. Ýaraglaryny tabşyrtdym. Garaz, olar bilen ýaraşdyk. Kolhoza barýan weli, hyşaň içinden «Çaryýew, kalaý» diýip gygyrýardylar. Menem «Öwüş» diýýän. Baryp ýanlarynda çaý içdim, zat etdim. «Men doňuz etini işgärlerime berýän. Özüm elimem uramok. Atýan, olaň özleri getirýärler» diýip düşündirdim. Şondan soň olar «Bolýa» diýdiler.Olaňam ýüregini çişirip ýören adamyny bildim. Ol hiç ýerde işlemän, gün görüp ýören bir ýaşuly adam eken.Olar bilen ýaraşanymdan soň Ärlek aganyň ýanyna baryp «Bulary işe çekeli. Özlerem kän. Ýaşlaň köpüsi hyşaň içinde. Häzir-ä karantin. Hiç kim fronta-da alnanok. Men karantini açýançam, hiç kim bulary fronta aljak däl diýdim. Kolhoz başlygy bilenem maslahatlaşdyk. Olam «Ýusubowy hemem serhetçileriň komandirini çagyralyň, olar bilenem gepleşeliň» diýdi. Çagyrdyk. Hyşaň içine hemmämiz bile bardyk. Gürleşdik, düşünişdik. Maksadymyzy aýtdyk. Ilki ýoldaşlary, soňam özi geldi. Hiç zat edilmedi. Kolhozda işlediler...Çary Baýryýew karantin ýapylandan soň, Aşgabada gelip, professor Iwan Filipowiç Bereziniň ýolbaşçylyk edýän gospitalynda işleýär.Ordinator bolup az salym işlänsoň Berezin oňa: «Hünäriňi kämilleşdirmek üçin Moskwa git» diýýär.Urşam gidip otyr. Moskwa ýola düşýär. Gyş, howa-da sowuk. Otluda ol Moskwaly kinorežissýor Dombrowskiý bilen bir küpede bolýar. Otly Moskwa gije barýar. Otludan düşensoň ol nirä barjagyny bilmän durka, Dombrowskiý «Näme dursuň?» diýýär. Çary «Nirä gitjegimi bilemok» diýensoň, ol «Ýör, bize gideli. Okamaly ýeriňe ertir bararsyň» diýýär. «Bolýa» diýip, Çary onuň öýüne barýar.– Öýüne barsak aýaly öz hossarlarynyňka gidipdir, hiç kim ýok. Razin köçesindedi. Ol meni goýdy-da «Sen ertire çenli boluber» diýip gitdi. Öýünde düşegem ýok, zadam ýok. Sandygyň üstünde ýatmalyboldy. Öý eýesi gidenden soň bir sagat geçse geçendir-dä, aýaly geldi. Gapyny açdy. «Geldiňmi?» diýip soraşdyryp başlandan, «Men myhman» diýdim. «Adamyňyz siziň yzyňyzdan gitdi» diýsem, ol «Siz boluberiň bärde. Men ertir gelerin» diýip, olam gitdi. Ertesi är-aýal geldiler. Öz ýanym bilen getiren gowurmam bardy. Şonuň bilen ertirlik edindik. Soň men olar bilen hoşlaşyp, okamaly ýerime ugradym.Barsam , kursa okuwa gelmeli adamlaryň menden özgesi gelmändir. Maňa-da ýatakhanadan otag berip, «Şu ýerde boluber» diýdiler. Ýatakhanada bir özüm, howa-da sowuk. Birküç gün boldum. Sibirden bir oglan geldi. Daýaw oglan. Birki gün geçensoň bolsa Bakuwdan iki sany oglan geldi. Olar ýatakhanadaky sowuga çydaman, ýene-de yzlaryna gaýtdylar. Sibirli oglan bilen galyberdik. Oňam öýkenine sowuk degdi.Ony Botkin keselhanasyna ýerleşdirip, yzyndan barýan, gelýän. Başga-da işim ýok. Bäş-on gün geçdi. Kämilleşdiriş institutyna baryp ýagdaýy düşündirsem, «Aý, onda senem gaýdyber» diýdiler. Nädip gaýtmaly? Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyna bardym. Wekilimizem Annaguly Artykowdy şo wagt. Olam az-owlak pul kömegini berdi. Wokzala baryp, uzak gije durup, halkara wagonyna bilet aldym.Kazan wokzalynda gijäň bir wagty wagony otla tirkediler. Küpä geçip oturdym. Bir göwreli aýal geldi. Ýanynda-da polkownik. Küpä girdiler. Polkownik «Sen ýaş ýigit, ýokaryk geç, bi aşakda bolaýsyn» diýdi. Menem «bolýa» diýdim. Polkownik bu aýaly ugratmaga gelen eken. Ol maňa bu aýalyň Gyzylarbada barýandygyny, özüniňem generalyň aýalydygyny, ony Gyzylarbada çenli ugratmagymy haýyş etdi. Men özümiň Aşgabatda düşmelidigimi, ýöne Gyzylarbada habar ýetirjekdigimi aýtdym. Aýalyň özi wraç, adam Zoýa eken.Ugradyk. Otly her uly stansiýada duranda, oňa gyzgyn nahar getirip berýärler. Olam çüm-süm edýä, galanynam yzyna berip goýberýär. Menem aç, dilemäge-de utanýan. Şeýdip gelýäs. Çkalow şäherine gelemizde, men egnimdäki paltomy satmaly boldum.Ýolda aýalyň burgusy tutdy. Ol «Çary – diýdi – bugrum tutdy. Durup bilemok» diýdi. Otludan gözläp-gözläp medsestrany tapyp getirdim. Olam agyryňy aýyrýan iňňe sançdy. Köşeşdi. Daşkende ýetmäkäk, ýene burgusy tutdy. Ol: «Çary, indi doganymam sen, kakamam sen, ejemem sen. Bu taýda meni ýeke taşlama. Ýeke taşlasaň,horlanaryn» diýdi. Daşkende baramyzda, men otludan düşüp, nosilkaçany getirip, ony medpunkta äkitdik.Indi onuň ne bugrusy tutýar, ne zady. Ýatyr arkaýyn. Ertire çenli bolduk. Ertesi nosilka bilen ýene wagona eltdik. Otly ugradam weli bugrusy başlady. «Çydamok» diýip, ikiýana urunýar. «Kömek et» diýýär. «Bolýar» diýdim. Daşkendiň bäri ýanynda çagasy dünýä indi. Çaganyň göbegini haçan kesmeledigi ýadymdan çykypdyr. Bilemok. Özünden sorasam, «Menden sorama. Özüň et» diýýär. Pulsy ýatyşandan soň haçan kesmelidigi birden güpbe ýadyma düşdi. Çemodanynda çaga üçin niýetlenen ähli zat bar eken. Çagany gundap, küpeden çykdym. Prowodnigiň ýanyna baryp, «Biziň küpämizde biletsiz adam bar» diýdim. «Kim?» diýip, ol jerime salmak üçin yglap diýen ýaly küpä bardy. Küpä girip, gundagda ýatan çagany görkezdim. Muňa bir prowodnik däl, eýsem wagondakylaryň ählisi geň galdylar.Aşgabada gelip, «Zoýa, men häzir kakaňa, ejeňe telegramma bereýin. Seň öňüňden çykarlar» diýdim. Olam razylaşdy. Şeýdip ony Gyzylarbada ugradyp goýberdim. Şondan soň men ony ýitirdim. Gabat gelişmedik...Çary Baýryýew Berýeziniň Klinikasynda bir ýyldan gowrak işlänsoň, aspirantura okuwa alýarlar. Aspiranturada okaýanlaryň arasynda ýekeje türkmen bardy. Olam Çary Baýryýewdi.1948-nji ýylda dissertasiýa goraýar. Medisina ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alýar. Medinstitutda asissent bolup işleýär. Aradan köp wagt geçirmän hem doktorlyk dissertasiýasynyň üstünde işlemäge girişýär. Şo günleriň birinde mediklere ýakyndan kömek bermek üçin ony Çelekene komandirowka iberýärler.– Çelekene bardym. Gyş günüdi. O taýda-da bir ýaramaz myhmanhana bar eken. Onda bolman, Sowet Soýuzynyň Gahrymany Mülki Baýramowyň öýünde ýaşadym. Öňem onuň bilen çalarak tanyşlygym bardy. Özi «Gel, bizde ýaşaber» diýdi. Mülkiň özi Çeleken şäher ispolkomynyň başlygy bolup işleýärdi.Syn edip ýörün weli, ýaşuly adamlar bir gara zady ellerine-de, aýaklaryna-da ýapýarlar. Içine-de ýuwudýarlar. «Bi näme?» diýip sorasam, «Azekrit» diýdiler. «O nähili azekrit?» Şuň ýaly, şuň ýaly diýip düşündirdiler. «Öň iňlisler muny şu ýerden äkidýädiler. Dokma senagatynda-da, harby senagatynda-da ulanylýa» diýdiler. Suwuňaşagyndan geçirilýän kabelleriň berk bolmagy üçin onuň daşyna-da çalynýan eken.Soň men bir ýaşuly bilen söhbetdeş boldum. Men ondan azekritiň näwagtdan bäri ulanylýandygyn, haýsy kesel üçin nädip ulanylýandygyny ýazyp aldym. Özüm bilen bir halta azekrit alyp gaýtdym.Professor Berýezine bu hakda habar berdim. «Ýerli halk azekriti em üçin ulanýar. Ýöne şu çaka çenli ol medisina tarapyndan öwrenilmändir» diýdim.Mundan öň men çatalba süňkleriniň döwügini bejeriş usullary hakda doktorlyk dissertasiýasy temasynyň üstünde işleýärdim. Bu ozal öwrenilmedik tema.Hiç zat eder ýalam däl. Materiallary ýygnap, analiz berjek bolsam, bolanok. Hiç hili maglumat ýok. Men Berýezine «Iwan Filipowiç, «Azekriti öwrenäýsem. Niçik görýäňiz?» diýsem. «Gör ýagdaýyňy. Özüň gowy bilýäň» diýdi.Işläp başladym. Ýöne analiz etmek üçin hiç hili laboratoriýa ýok. Men klinikada öz puluma kiçijik bir biwariýa açdym. Munda-da syçan, towşan saklap, bularda ulanyp başladym. O-da näme hapaçylyk-da!Iwan Filipowiç: «Klinikany hapalaýaň, Çary Baýryýewiç! Sen munyňy goý. Hiç zat çykmaz. Gowsy başga bir zat al» diýdi. Men: «Iwan Filipowiç, şony alaly. Mundan hökman bir zat çykjak» diýdim.Işimi dowam etdirdim. Netijesem gowy boldy. Ýaralary, döwük- ýenjikleri bejermekde azekritiň uly peýdasynyň bardygyny ylmy taýdan subut etdik. Yzyndanam azekriti näsaglarda ulanyp başladym. Olaram özlerini oňat duýýarlar. Ýapandan soň birsalymdan uka gidýärler. Gowy derläbem turýarlar. Bi, kyrk dokuzynjy ýylyň gürrüňi.Soňam Çelekene birküç gezek gitdim. Azekritiň nähili alynýanlygyny, nähili ulanylýanlygyny ýene bir gezek barladym. Şo ýerde Dagajyk diýip, bir ýer bar. Birwagtlar iňlisler şo taýda azekrit öndürýän zawod guran ekenler. Özem şo zawodda azekriti kislota usuly bilen alypdyrlar. Şonda-da azekritdäki mikroblar ölmeýän eken.Garaz, men bir aýlap şo taýda boldum. «Azekritiň kesel bejermekdäki peýdaly täsiri nämedenkä?» diýen sowal meni öz erkime goýanokdy.Aşgabada gelip Berýezine «Iwan Filipowiç, şu azekridiň düzüminde bir zat bar. Şuny öwrenmeli» diýdim. Olam «öwren» diýdi.Ýanyma bir mikrobiolog aldym. Sadyk Mämmedow. Barlasak, azekritde mikrob bar. Şu çaka çenlem ony hiç kim ýazmandyr. Biz oňa «Azekrit taýajygy» diýip at berdik. Ony biz on ýyllap gowy öwrenenimizden soň, Moskwa, SSSR YA-nyň mikrobiologiýa institutyna bardyk. Onuň direktoryna Ýewgeniý Nikolaýewiç Mişustin diýýän ekenler. Ýanyna bardyk. Özem termofil, mikroblar bilen iş salyşýan adam. Ilk-ä bular almajak boldulr. Eýdip-beýdip aldyrdyk. Azekritiň nämediginem bilenoklar. Şu ýerde biziň tapan mikromyzy öwrenip başladylar. Tejribe yzyna tejribe geçirdiler. Bir aýlap geçirilen barlaglar biziň pikirimizi tassyk etdi. Henize çenli bilenmedik, öwrenilmedik mikrob diýibem netijä gelindi. Elimize-de hat berdiler.Men azekritden doktorlyk işini ýazdym. Bir gezek meni TKP MK çagyryp: «Bolgusyz iş bilen meşgul bolýaňyz, klinikany hapalaýaňyz. Ony goýbolsun ediň» diýdiler. Aý, garaz daşyma geçdiler. Men olaryň ellerine mikrobiologiýa institutynyň beren zaklýuçesiniýesini berdim. Şondan soň birneme köşeşdiler.Indiki mesele azekritiň çykyşyny öwrenmelidi. Men bir ylmy žurnalda azekritiň bardygyny okadym. Mikrob ýok ýerinde bolsa azekrit emele gelenok.Moskwada meteorit merkezi bar. Şoňa gitdik. Oň ýolbaşçysyna- da Kirinow diýýärler. Biz ondan üç kilo iki ýüz gram meteorit bölegini aldyk. Aşgabada gelip, steril usulda meteoriti barlasak, dogrudanam mikrob dur. Köp tejribe geçirdik. Netijesini aýtmak üçin Moskwa gitdik. Baran institutymyzyň direktory Aleksandr Aleksandrowiç Imşiniskiý: «Muň üçin biziň wagtymyz ýok. Gidiň-de özüňizde barlaberiň» diýdi. Ilki göwünjeň bolmasa-da, biz ony soň göwnetdik. Komissiýa düzüldi. Komissiýa akademik Mişustin, biologiýa ylymlarynyň doktory Ýegorowa, ýene bir aýal – Loginowa girdi. Ýene bir aýlap tejribe geçirildi. Netijesi biziň garaşyşymyz ýaly boldy. Komissiýa çlenleri zaklýuçeniýä gol çekdi welin, institutyň direktory Imşiniski gol çekenok. «Bile işläli» diýýär. Menem «Biziň öňki eden işimiz özümizde galsyn. Galan zady bile dowam etdiriberis» diýdim. «Ýok» diýýär. Eýläk çekdi, beýläk çekdi, bir hepdeläp ýanyna gatnadym. Ahyry gol çekdirdim.Meteoritiň düzüminde mokrob bar! Bu ylmy açyşdy. Moskwanyň gazetleri biziň açyşymyz hakda yzly-yzyna habar berdiler.Öz açyşymyzdan göwnümiz hoş bolup, Aşgabada geldigem weli, TKP MK çagyrdylar. Balyş Öwezowiçem birinji sekretardy. Kabinetinde otyrys: «Azekritiň-ä azekrit. Indi meteorite ýapyşdyňmy? Senden ýaňa bize gün ýok. Şu zatlary goýsana» diýdi. Balyş Öwezowiçde şeýle pikir döredýänem TKP MK-nyň ylym we okuw jaýlary bölüminiň müdiridi.Men Balyş Öwezowiçe öz edýän işlerimizi, medisina üçin bähbitli iş alyp barýandygymyzy düşündirdim. Ýöne zaklýuçeniýe hakda hiç zat aýdamok.Aradan birnäçe gün geçensoň bizi TKP MK-nyň býurosyna çagyrdylar. Hemmesi otyr. Bölüm müdiri biziň işimizi püçege çykaryp, çykyş etdi. Daşyma geçdiler. Ýoldaşym Sadyk Mämmedowam garaşylýan otagda galdy. O görgüli erbet boldy-da, men oňa «Şu ýerde oturyber» diýip, býuro ýeke özüm girdim. Göwün solpusyndan çykansoňlar, men jübimden zaklýuçeniýeli haty çykaryp berdim. Balyş Öwezowiç okamaga durdy. Menem «Balyş Öwezowiç, daşyňyzdan okaň. Goý, beýlekilerem eşitsin» diýdim. Okady. Görseler, ylmy açyş edilipdir. Men diýdim: «Siz käýemeli däl-de, gaýtam buýsanmaly». Bölüm müdiri öz sözüni gögertjek bolup, ýene hüjüme başlady. «Ol açyş däl-de, aldawçylyk» diýdi. Menem «Aldawçylyk bilen munyň ýaly işler edilýän däldir» diýdim. Soň maňa «gidiber» diýdiler. Býurodan çykyp, Sadyk Mämmedowiçiň goltugyna girip, Merkezi Komitetiň jaýyndan zordan çykaryp, öýüne alyp gaýtdym. Şondan soň ol, azekrit taýajygyny taşlady.Doktorlyk işini ýazyp gutaryp, Moskwanyň wraçlaryň hünärini kämilleşdiriş institutyna kynçylyk bilen tabşyrdym. Murawýow diýip professor bar eken. Şol «alalyň» diýensoň aldylar. Ýöne «Bizi gyssamajaklygyňa dil haty ber» diýdiler. Dil hat berdim. Şondan soň ýyl geçdi welin, Moskwadan birden telegramma geldi. Dissertasiýa goramaly adamyň biri barmandyr, şoň ýerine-de meni geçirdiler. Moskwa gitdim. Çykyş etdim, zat etdim. WAK-yň ekspert boýunça orunbasary professor Makarýenko «Täjigistanly ýoldaş Baýryýew öz azekriti bilen hirurgiýany ýüz ýyl yza tesdirýär’ diýip, meniň garşyma çykyş etdi. Menem turup: «Birinjiden-ä, men täjigistanly däl-de Türkmenistandan» diýip, aýtdym. Öz pikirimi delillendirip, ýene-de çykyş etmeli boldy. Çykyş etjekler çykyş edip bolansoň, sese goýdular. Iki adam garşy boldy, galany meniň işimi goldap, ses berdiler. Geçdim. Dokumentleri düzedişdirip, dissertasýa WAK-a iberilenden soň yzyma gaýtdym. Bir ýarym ýyl geçenden soň WAK-yň ekspert komissiýasy çagyrdy. Bu gezegem Makarenko öňümde. Täzeden goramaly. Maňa söz berdiler. Makarenkonyňam şol öňki heňi.Ýöne men dissertasiýanyň bölümleriniň öz ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw jaýlaryndan geçiripdim. Şo dokumentleri eline berip, «okaň» diýdim. Gowy ýeri, şo ýokary okuw jaýlaryndanam gelen wekiller bar. Olaňam ýek-ýarymy çykyş edip, meni goldadylar. Ine, şeýdip ses berdiler. Gutlap, «Indi diplomyň barar» diýdiler. Şondan ýene bir ýyl geçdi. Gelýän zat ýok, ýene Moskwa çagyrdylar. Indi WAK-yň plenumyna çagyrdylar. Üç-dört gün geçensoň, plenum başlandy. Plenumy Žukow-Werežnikow alyp bardy. Plenumyň çleni akademik Krotkow hem otyr. Men ony ozal tanaýardym. 1949-njy ýylda Aşgabada gelende, ýaraman keselhana düşen eken. Berezin ony operasiýa etmegi maňa tabşyrypdy. Emma men operasiýa etmän, ony aýaga galdyrypdym.Plenumda akademik Krotkow çykyş edip: «Ýoldaşlar, şu adam meni ölümden halas etdi» diýip aýtdy. Soň akademik Wişnýewskiý hem çykyş edip, «Ozal men ekspert komissiýasynyň başlygy Sawelýewanyň sözüne ynanyp, ýoldaş Baýriewiň işine garşy ses beripdim. Indi nämäň-nämeligine göz ýetirdim. Baýryýewiň işini goldaýan» diýdi.Aý, garaz, ýene sese goýdular. Köpçülik meň tarapymda boldy. Şondan soň men Aşgabada gaýtdym. Işläp ýördüm. Ýene bir ýarym ýyl dagy geçdi. Indi meni WAK-yň prezidumyna çagyrýarlar. Barsam bu ýerde-de üýşüpdirler. Prezidumy Žukow-Werežnikow alyp barýar. Ol oturanlara ýüzlenip. «Diňe şu açyş üçinem ýoldaş Baýryýew doktorlyga mynasyp» diýdi.Prezidumyň mejlisinde men kän gepläp durmadym. Özleri çykyş edip, pikirlerini aýtdylar. Ahyram belli netijä geldiler. «Indi sen arkaýyn gaýdyber. Yzyňdan diplom barar» diýip goýberdiler. Gelemsoň, dogrudanam kän wagt geçmänkä, doktorlyk diplomym elime gowuşdy. Diplomy kynçylyk bilen almagymyň sebäbi, bärden ýazýarlar.Her kimiňem tanşy bar, bilşi bar. Şolaryň üsti bilen täsir etjek bolýarlar...1970-nji ýylda ony TKP MK-nyň sekretary Çary Ataýew ýanyna çagyryp: «Şumat medinstitut erbet ýagdaýda. Rektoryny işden aýyrdyk, ýerine seni geçirjek» diýýär. Çary Baýryýew oňa: «Ozal men rektor bolup gördüm. Halkyň muňa nähili garajagy belli däl. Men şu işimde, kaferde müdirligimde işläbereýin» diýýär. Birküç gezek boýun towlansoň, Çary Ataýew ony TKP MK-nyň birnji sekretary Muhammetnazar Gapurowyň ýanyna eltýär. Şondan soň oňa teklibe boýun bolmakdan başga ýol galmandy.– Ýetmiş ýedinji ýylda TKP MK-nyň býurosyna çagyrdylar. Meň meseläme garalýandygyny şo ýerde bilip galdym. Býuro dört sagada çekdi. Ýöňkelýän günä düşnüksiz.Soň görüp otursam, bu zatlaryň hemmesi guralan eken. Býuroda umumu gürrüňler edildi. Men «Maňa atylýan günäni anyklaşdyryň» diýsem, «Muny sizden soraýan adam ýok» diýildi.Köp çekeleşik boldy. Meni işde goýberen düýpli kemçiliklerim üçin işden boşatmaly diýdiler. Özümi nädogry alyp baranlygym üçinem partiýa hataryndan çykarmaly edildi...Şondan soň ol medinstitutda bir ýyl kafedra müdiri bolup işleýär. Soňam onkologiýa institutyna işe iberýärler. «Näme üçin?» diýip sorasa «Prokuraturanyň görkezmesi bar» diýip jogap berýärler.– Her günem diýen ýaly meni Iwanow familiýaly sülçi ýanyna çagyrýar. Eý diýýär, beý diýýär. Garaz, başyňy agyrdýar-da. Ýetmiş sekizinji ýylyň sentýabr aýyndan bärem şu institutda işläp ýörün. Bu ýerde-de prokurormysyň, milisiýa öz günüme goýmady. Gün-de- günaşa idäp dur. Birküç ýyl geçensoň meniň ylymdan at gazan diýen adymy aldylar. Bir gün Aşgabat oblispolkomynyň sekretary, türkmen adamsy gelip: «Çary Baýryýewiç, seň at gazanan adyňy aldyk» diýdi. Men aýtdym: «Oblispolkom nirä, at gazanan nire! Muny berýän Ýokary Sowet. Karar bilen berýä, karar bilenem almaly». «Dil haty ýazyp berýän» diýdi. Men «Bolýa» diýdim. «Onda häzir gideli» diýdi. Bu gün-ä hiç ýerik gitmeýän, erte-birigün geliň. Tapsam getirip bereýin» diýdim.Soň tapyp, jaň etsem: «Getiriň» diýdi. «Eltjek däl. Özüňiz geläýiň» diýdim. Özi geldi elimden aldy. Ine, şeýdip at gazananlygymy hem aldylar.Ýaňy aýdyşym ýaly, taňryň beren güni meni prokuratura çagyrýarlar. Bir günem ara gün salanoklar. Özem registratura jaň edip, «Çary Baýra aýdyň, prokuraturaň pylanynjy otagyna, Iwanowyň ýanyna gelmeli» diýip aýdýarlar. Bularam derrew hyşy-da wyşy. Gelip maňa aýdýalar. Menem gidýän. Men onsoň sülçä «Ýoldaş Iwanow, beýdip meni heläk etme» «Gel» diýip, meň özüme aýt, geleýin. Ýöne adama hiç zat diýme» diýip tabşyrdym. «Bolýa» diýýä-de, ýene şol öňküsini edýä.Özem her hili bahan tapýa. «Bir ýerden it alypsyň. Muny sen hökümediň maşynyna müdürip getiripsiň» diýýä. Menem «Nähili it?» diýip soraýan. «Näne – Çäçe obasyndan. Kolhozyň goýnuny möjege goýu, itlerini alyp gaýdypsyň» diýýä. «Aý, how, zat ýok. Men o taýdan güjük aldym. Özem diläp aldym» diýseme, «Ýok» diýip otyr. Şondan soň men şo kolhoza gitdim. Bir ýerden ferma müdirini tapdym. Çary aga diýýädiler «Çary aga seň maňa beren güjügiň-ä maňa gaty gymmat düşýä» diýdim. «Näme bold?» diýýä. «Şuň ýaly, şuň ýaly» diýsem, gülüp otyr. «Sen näme kolhozyň balansynda itiň ýoklugyny bileňokmy?» diýdi. «Men näbileýin» diýdim. «It – diýdi – çopanyň özüniňki. Ýa meniňki. Muny saňa kim diýenem bolsa, ýalan diýdi. Men «Şeý diýip hat ber» diýdim. Hat ýazdy. Başlygam şo gün tapmadyk, ertesi tapyp, gol çekdirip, möhür basdyryp alyp gelip, Iwanowyň eline berdim. Olam gülü otyr. Men «Näme gülýäň?» diýsem, «Sen şuň üçin gidipsiň» diýdi. «Sen meni gitmäge mejbur etdiň» diýdim. Haty aldy. Başga-da bahanasy kän. «O gyz bilen eýdipsiň, bu gyz bilen beýdipsiň» diýip, ýalan-ýaşryk maglumatlar ýygnapdyr.Ýylyň-ýyly ýazyna daga gidip,özüme gerek derman otlaryny ýygýan. Bir gün garyndaşym bilen daga gitdi. Erek dagyna baryp, üstünde goş ýazdyk. Derman otlaryny ýygnap ýörün, ertesi bir maşynly geldiler. Üstünde-de serhetçileriň KGB-siniň başlygy Gonçarow otyr. Ýanynda-da iki sany soldat. Awtomatly zatly. «Bo-how, sen bärdemi?» diýip geň galyp sorady. «Başga nirde bolmaly?» diýip soragyna sorag bilen jogap berdim. «Meniň eneden bolan ýerim, önüp-ösen ýerim şu ýeri» diýdim. Ol derrew jaň edip: «Bärde eken. Hiç ýerikgitmek niýeti ýok. Ot ýygyp ýör» diýdi. Jaň edip boldy-da: «Bu taýy serhet zonasy. Ýatjak bolsaň, aşakda ýat» diýdi. «Näm boldy saňa?» diýdim. «Sen Eýrana geçjek bolýaň. Tutmaly» diýip, maňa buýruk berildi» diýdi.Şo ýerde akt ýazyldy. «Gol çek» diýdi. Gol çekdim. Dagy näme edeýin?Bir gün KGB-ä çagyrýarlar. «Merkezi Komitetde ýangyn boldy. Şony ýakan sen. Nähili ýakdyň?» diýip sorag edýärler. «How, jan aga, men ýakamok. Bu zatlardan habarym ýok, bilemok» diýýän. «Ýok, biz bilýäs bu zatlary. Ýakan sen» diýýärler. «Ýakan men bolsam, onda meni jenaýat jogapkärçiligine çekiň. Siz meň bilen nähili beýle gürrüň edýäňiz» diýýän. Şoň üçinem meni birki gezek çagyrdylar. Barybir garaşan netijeleri çykmady. Şeýdip bulardanam sypdym.Ylymlar akademiýasynyň habarçy çlenligi diýen ylmy derejämi hem aljak bolupdyrlar. Akademiýaň prezidenti Babaýewa jaň edip: «Şony habarçy çlenlikden aýyr» diýipdirler. Babaýewem «Muň üçin bizde esas ýok. Eger isleseňiz, akademiýaň prezidiumyny özüňiz geçirip, aýraýyň» diýipdir.Soň WAK-a «Çary Baýryýewiň doktorlygyny elinden almaly» diýip, hat iberipdirler. Ol ýerde-de «Merkezi Komitetiň ylym bilen degişli zady ýok. Öz işiňiz bilen boluň. Biz Çary Baýryny gowy tanaýas» diýip, jogap beripdirler.Şeýdip bu zatlar gutardy. Men partiýa dikeltmeklerini sorap, arza berip başladym.Birnäçe gezek SSKP çagyrdylar. Merkezi Komitetiň jogapkär işgärleri Sawin bilen Osipow men bilen gürrüňdeş boldy. Olaram meň dokumentlerimi täzeden seretmeli diýip iberýärler. Bäride-de «Partiýa dikeltmek bolanok» diýip jogap berýärler. Birküç gezek şeýle boldy. Soň Gapurowy işden aýyrdylar. Täzeden arza ýazdym. SSKP MK-dan biri geldi. Familiýasyny bilemok. Meň bilen bir sagat dagy gepleşdi. «Siz býuroda özüňizi nädogry alyp barypsyňyz» diýdi. «Muň üçin meni partiýadan çykarmaklary hem nädogry» diýdim. «Özümi nädogry alyp baran bolsam, onda olaň özleri günäkär. Meni şeýtmäge mejbur etdiler» diýibem aýtdym. Gürrüňiň ahyrynda ol «Seň meseläňe Moskwada seredelimi ýa-da bärde» diýip sorady. «Meň üçin tapawudy ýok. Diňe adyl seredilse bolýa» diýdim. «Senibärde oňat tanaýarlar. Şoň üçin dokumentleriňi bärik ibereris» diýdi. Gürrüňi şeýdip gutardyk. Hoşlaşanymyzdan öň «Meň size bir sowalym bar» diýdim. «Näme sowal?» diýdi. «Aýdaly, seň ähli aýdan zatlaň dogry. Şonda men nähili çäre görülmegine mynasyp?» diýdim. Güldi-de, «Hemme zat gowy bor» diýdi. Ol gidensoň meni birki gezek Merkezi Komitete çagyryp, gürrüňdeş boldular. Soň býuro çagyrdylar. Býurony TKP MK-nyň ikinji sekretary Raçkow alyp barýar. Býuro on sekize adam bolup bardyk. Hemmesem partiýadan çykarylan. Menem şolaň on altynjysy bolup býuro girdim.TKP MK-nyň jogapkär işgäri meň meseläm hakda habar berdi. Raçkow maňa ýüzlenip, «Dogrumy?» diýdi. Menem «Aýtmaga rugsat ediň» diýdim. Ol ýene «Dogrumy?» diýdi. Menem «Rugsat ediň» diýdim. Üçünji gezegem şeýdip sorady. Menem öňki aýdanymy gaýtaladym. «Bolýa, aýdyň» diýdi. Men bolan wakalary bolşy-bolşy ýaly edip aýdyp berdim. Bolamdan soň pikirlendi-de, maňa: «Entek azajyk daş çyk» diýdi. Soň meni çagyrdylar. Raçkow «Sizi partiýa hataryna dikeldýäs, ýoldaş Baýryýew» diýende, býuroda oturanlaryň ählisi el çarpdy.Medisina ylymlarynyň doktory, TSSR Ylymlar akademiýasynyň habarçy çleni, professor Çary Baýryýew häzir Türkmenistan Ylmy barlag onkologiýa institutynda uly ylmy işgär bolup işleýär.Ol elli bäş ýaşyndaka agyr urgulara sezewar edildi. On ýyla golaý wagtlap ruhy ejir çekdirildi. Agyr myjabat bilen näçe ýanalsa-da ýan bermedik professor, näçe –näçe ömri ölümden halas etdi. «Meni nähak horladylar» diýip Gippokratyň kasamyna ikilik etmedi. «Alkyş bilen är gögär» diýipdir, könelerimiz. Ýarym göwün adamlaryň ýüreginden çykan alkyşlar, Çary Baýryýewe agyr gününde medet berdi.Golaýda türkmeniň uly lukman ogly Çary Baýyryýewe «TSSR‑iň ylymda at gazanan işgäri» diýen hormatly at gaýtarylyp berildi. Iru- giç hakykat dabaralansa ýagşy.Ine, bir wagtlar ady ulus ile ýaýran, soňam onuň adyny birtopar wagtlap gazet-žurnallarda tutmak gadagan edilen professor Çary Baýry hakdaky ilkinji söhbetimizi şu ýerde tamamlap, oňa uzak ömür, berk jan saglyk, işde, durmuşda uly rowaçlyk arzuw edeliň!

1991 ý. Aprel

Allaýar Çüriýew

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir