Ýaşaýyş 6. Ruhubelentligiñ akyl esasy
Ylym, ilkinji nobatda, bilimdir. Çünki ylym bilmegiň, akyl ýetirmegiň netijesinde kemala gelýär. Emma islendik bilim entek ylym däldir. Ylym – nazary bilimleriň ulgamydyr. Nazary bilim bolsa adamyň durmuş tejribesinden kemala gelmeýär. Durmuş tejribesi bolanda zatlaryň we hadysalaryň daşky ýüze çykmalarynyň umumylaşdyrylmasydyr.Ylym şahsyýeti gurşap alýan daşky ruhy barlygyň biridir, çünki ol jemgyýetçilik aňynyň özboluşly we özbaşdak bir görnüşidir. Biz öwrenýän zadyna degişliligi, usulyýeti hem-de adalgalar ulgamy boýunça tebigat, jemgyýetçilik, ruhy, takyk ylymlary tapawutlandyrýarys. Bularyň hemmesine häsiýetli bolan aýratynlyklaram ylmy adamzat aňynyň aýratyn bir barlygyna öwrülýär.Nazary ylym – munuň özi zatlaryň we hadysalaryň içki kanunalaýyklyklaryna akyl ýetirmegiň netijesidir. Munuň üçin ýöne tejribe ýeterlik däldir, munuň üçin ýörite akylýetirme işi zerurdyr. Görnüşi ýaly, durmuşy, adaty barlykdan aradaşlygy babatda ylym edil sungat ýaly manylyrak hadysadyr. Ýöne bularyň öz arasynda uly tapawut ýatýar. Sungat barlygyň içki ruhy özeni, manysy bilen iş salyşýan bolsa, ylym adatylygyň içki akyly manysyny açmak bilen meşgullanýar.Ylym – syrlaryň düýbüne ýetmek, syrlary aradan aýyrmak, sungat bolsa syrlary döretmek bilen meşgullanýar. Has dogrusy, sungat – barlygy, ylym bolsa adatylygy öwrenýär. Bu ikisiniň arasynda näme tapawut bar?! Adatylyk – adamyň daşyndaky barlykdyr. Barlyk – adam bilen durmuşyň, hakykatyň bir bitewülikde göz öňüne getirilmegidir. Ylmy pikirlenme içki – akyl ýetirýän şahsy daşky – akyl ýetirilýän zada garşy goýmaklyga, howaýylyga, şahsy duýgy-islegleriň aradan aýrylmagyna esaslanýar. Ylym ähli zada akyl ýetirmegi, ähli zatlary «söküp-düzmegi», olardan peýdalanmagy özüne maksat edinýär. Sungata bolsa «söküp-düzmek», «peýdalanmak», ýaşaýşa elindäki serişde hökmünde, gural hökmünde seretmek ýatdyr. Sungatda barlyga hylwaty gatnaşyk bardyr. Sungat ýaşaýşa gudratly syr hökmünde seredýär.Akyla daýanýan, akylyň yzyna düşýän ylym gudratlylygy ykrar etmeýär. Ol owal-başdan akylyň rüstemliginden, akylyň öňünde durup biljek zadyň ýoklugyndan, ähli sebäpleriň açyljakdygyndan ugur alýar. Ylym üçin gudrat däl, kanunalaýyklyklar, syr däl, nämälimlikler, keramat däl, düşnüksizlikler bar. Ylym bu günki düşnüksizligiň ertir düşnükli boljagyna, bu günki nämälimligiň ertir mälim ediljekdigine ynanýar. Ylym özüne, has dogrusy, akyla ynanýar, sungat özgä, has dogrusy, barlyga ynanýar. Zatlaryň we hadysalaryň düýp sebäbine akyl ýetirip boljakdygyna ynanmaýanyň ylymda edere işi ýokdur.Sungatyň guraly – göwün, ylmyň guraly – akyldyr. Eýse akyl näme? Akyl – pikirlenme arkaly bilmek ukybydyr. Akyl pikirlenmek, duýmak, göz ýetirmek, aňmak, syzmak ýaly göwün ukyplaryndan tapawutlanýar. Akyl howaýy pikirlenme ýoly bilen düşünjeleri we adalgalary işläp düzýär.Ylymyň wezipesi degişli meseleleri işläp düzmekden, olary orta atmakdan hem-de çözgütleri tapmakdan ybaratdyr. Ylmy pikirlenmä anyklyk, esaslaýynlyk, subutnamalaýynlyk hem-de rejelilik mahsusdyr.Subutnama – ylmyň janydyr. Ylym diňe subutnamany ykrar edýär. Ylym hakykat diýip diňe subutnama arkaly tassyk bolýan zady kabul edýär. Subutnamanyň esasy iki görnüşi – mantygy subutnama bilen tejribe subutnamasy bardyr.Has giňeldip we has umumylaşdyryp alanyňda, iki hili subutnama bolýar: akyl – pikir subutnamasy hem-de amaly – iş subutnamasy.Ylym – bilimleriň toplumy däl-de, ulgamydyr. Ylmy bilim ulgamlylygy, öz subutnamalaryny degişli esaslardan getirip çykarýanlygy bilen tapawulanmalydyr. Netijede, ylym öz öwrenýän pudagynyň bitewi pikir nusgasyny döretmegi başarmalydyr. Beýik Eýnşteýn şeýle ýazypdyr: «Biziň maksadymyz esasy düşünjeleriň tejribe maglumatlary bilen baglanyşykly ösüşiniň nusgasyny mümkingadar çalt döretmekden we ulgamyň içki kämilligini gazanmakdan ybarat boldy».Ulgam – bilimleriň hilidir. Toplum – bilimleriň ýönekeý mukdarydyr. Hil bilen mukdaryň arasynda azyndan iki jähetden tapawut bardyr. Birinjiden, bilimleriň öz-özüne gatnaşygy babatdaky tapawudy. Mukdar hadysasy bolan toplumdaky bilimler rejesizligi, pes pikirlenme derejesinde durýanlygy, ýöntemligi, şeýle-de daşyndan garaýan akyly kanagatlandyrmaýanlygy, çykarýan netijeleriniň bärden gaýdýanlygy we goýlan sowallara gutarnykly jogap berip bilmeýänligi bilen häsiýetlenýär. Başgaça aýdylanda, ylym derejesine ýetmedik bilimler toplumy çigligi hem bikemallygy bilen häsiýetlenýär. Bilimleriň mukdar toplumy akylyň ösüşindäki bir basgançak bolup, biziň köpimiziň ylym diýip kabul edýän zatlarymyzyň aglabasy şuňa degişlidir. Köplenç maglumatlaryň, sanlaryň, habarlaryň toplumyna aňyna siňdirmeklige, ýat tutmaklyga, bularyň esasynda hatda täze makalalardyr kitaplary ýazmaklyga ylym bilen meşgullanmak diýip düşünýärler. Munuň özi bilimleriň – bilnen we bilinýän zatlaryň mukdar taýdan artmagydyr, köpelmegidir.Emma ylym, ýaňky aýdyşym ýaly, hil hadysasydyr. Islendik zat, islendik mesele babatynda ulgamlaýyn bilimleriň kemala gelmegidir. Şeýle bolanda, degişli zat, mesele boýunça täze açyşlar, täze pikirler, täze garaýyşlar döreýär. Munuň özi biziň oňa gatnaşygymyzy bütinleý özgerdýär. Ylym nazary bilimleriň ulgamy hökmünde biziň akylymyzyň, pikirlenme usullarymyzyň tebigatyny başgaça edýär.Ylmy açyş – öň ylmy dolanyşykda bolmadyk sanlaryň, maglumatlaryň muňa gelip goşulmagy däldir. Ylmy açyş – öň agzalmadyk haýsydyr bir mowzuk barasynda söz açylmagy däldir. Ylmy iş, ylmy açyş biziň aňymyzyň hil taýdan täze derejä galmagydyr. Şonda ylym içki taýdan kämil gurnalan, hiç hili artykmaç ýa kem ýeri bolmadyk akyl gözelliginiň derejesine ýetýär. Ulgamda bilimler biri-birleri bilen belli-belli gatnaşyklara we baglanyşyklara girýär, bu bolsa kesgitli bitewüligi hem-de birligi hasyl edýär. Başgaça aýdylanda, ylym edil tebigatyň hem-de durmuşyň hadysalary ýaly, janly hadysa hökmünde ýüze çykýar. Islendik ösümligi alyp göreliň. Ol ulgamdyr. Ösümlik dürli böleklerden ybarat bolup, ol bölekleriň özara gatnaşygy we baglanyşyklary ösümligi janly, ýaşaýşa ukyply närsä öwürýär. Biz durmuşdanam şeýle mysallary näçe diýseň getirip bileris. Ylym hem bilimleriň edil şolar ýaly, ýaşaýşa ukyply ulgamydyr. Her bir köp bilýän alym alym däldir, her bir köp bilmeklik ylym däldir.Ylmyň ýaşaýşa ukyplylygy diýlende, hil bilen mukdaryň arasyndaky ikinji tapawut öňe çykýar. Munuň özi, ylmyň durmuşa bolan gatnaşygy meselesidir. Ylmyň ylymlygy onuň durmuşa täsir edip bilýänligi, durmuşa nämedir bir zat berip bilýänligi, onuň özüniň janly hem ösüşli durmuşyň hadysasyna öwrülip bilýänligi bilen ölçenilýär. Şu nukdaýnazardan, hakyky ylmyň esasy üç görkezijisine üns çekmek isleýärin.Birinjiden, ylym jemgyýetiň medeni-dünýägaraýyş ýaşaýşynyň wezipesini amal edýär. Ol adamlaryň akyl-ruhy durmuşynyň usullary we ýörelgeleri bolup durýar. Ylym adamlaryň älem, dünýä, tebigat, durmuş baradaky düşünjelerini kemala getirýär, öz ösüşiniň dowamynda bu düşünjeleri kämilleşdirip durýar. Ylmyň her bir ugry ýa-da pudagy öz paýyna düşen ugur babatdaky garaýyşlary çuňlaşdyrmak we täzeläp durmak bilen biziň dünýä bolan garaýşymyzyň kämilleşmegini üpjün edýär. Bu babatda ylaýta-da fizikanyň, biologiýanyň XX asyrdaky beýik açyşlaryny ýatlamak ýeterlikdir. Olaryň netijesinde biz jansyz-u-janly dünýäni öz ata-babalarymyzdan has dogry we has oňat bilýäris diýip aýdyp bolar.Ikinjiden, ylym jemgyýetiň ösüşinde önümçilik güýjüniň ornuna geçýär. Munuň özi ylmyň gönüden-göni durmuşa täsir edýänligidir, durmuşy özgerdýänligidir. Bu, ylaýta-da, ykdysadyýetiň ösüşine goşant goşýan ylymlara degişlidir. Olaryň gazananlary ykdysadyýetiň has işjeň ösmegine ýardam edýär.Üçünjiden, ylym durmuşy-ruhy meseleleriň çözgüdine täsir edýär. Şu jähetden ylym sungat, edebiýat bilen bir hatarda jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň bir bölegi bolup durýar. Ruhy ylymlaryň ahlagy terbiýelemekde ähmiýeti uludyr.Hakyky ylma üç sany sypat mahsusdyr.Birinjiden, maksatlylyk; ikinjiden, içki sazlaşyk; üçünjiden bolsa nazary hem-de amaly netijelilik.Ylym akylyň aňly-düşünjeli işidir. Şonuň üçinem ol öz öňünde aýdyň we kesgitli maksatlary goýýar. Nähili maksatlary goýýandygyna garabam, ylmyň hakyky agramyny kesgitläp bolar.Men öz ömrümde hakyky ylmyň juda seýrek zatdygyna göz ýetirdim. Sowet döwründe ylym, köplenç, döwletiň hasabyna eklenmegiň ýoly boldy. Döwlet diňe ylym barmy – bar diýdirmek üçin jemgyýete hiç hili peýda, netije bermeýän edaralary we adamlar toparyny halkyň hasabyna ýaşatdy. Munuň özi juda gelşiksiz hem ýasama ýagdaýdy. Şeýle ylmyň öňünde goýýan ýasama maksatlarynyň, emeli mowzuklarynyň we wezipeleriniň janly durmuş, jemgyýetiň maddy-durmuş we ruhy hajatlary bilen baglanyşygy juda azdy.Netijede, rejesiz, içki sazlaşyksyz bilimleriň toplumy kemala gelýärdi. Onuň nazary derejesi pes, mowzuklarydyr meseleleri ýasama we emeli, gelinýän netijeler bolsa çig, ynandyryjylyksyz hem-de nädogrudy. Beýle ylym bolanda-bolmanda janly durmuş üçin hiç hili tapawudam ýokdy. Beýle ylymda akylyň bikemallygy, gowuşgynsyzlygy, emelsizligi ýüze çykýardy. Sebäbi ol aslynda emeli ýol bilen döredilýän we saklanylýan zatdy.Özüne hut şeýle içki bikemallygyň tebigy suratda mahsuslygy hem beýle ylmy nazary we amaly taýdan önelgesiz etdi. Onuň janly durmuşa gatylýan netijeleri ýa-ha asla bolmady ýa-da «agramy aşykça, kölegesi köşekçe» diýilýän boldy. Şonuň üçinem aradan näçe ýyllar geçenden soň, yza gaňrylyp baksaň, boşluk görünýär. Ylymlaryň aglabasy boýunça dünýäni-hä agzabam oturmalyň, sebit derejesine çykan hem ykrar edilen nazaryýet, garaýyş, ýörelge, usulyýet bolmady. Ol ylym onuň bilen meşgullanýan adamlar üçin güýmenjepisint bir zat bolupdy. Bilimleriň diňe mukdar köpelmesi-de janly pikiriň, paýhasyň ösüşine hem kämilleşişine zat bermändi.Ylym – akylyň hil täzeligidir. Ylym öňki garaýyşlary hem-de düşünjeleri öwür-çöwür etmelidir we täze tassyklamalary öňe sürmelidir.Ylym akylyň öz-özünden kämilleşip, tutuş ruhy täzelemegidir. Ýaşaýşyň adatylygynyň göze mähirsiz görnüşi ýaly, ylmy durmuşyň adatylygy-da ýürege yssylyk salmaýan zatdyr. Ylmyň ruhy hyzmaty şundan ybaratdyr: ol akyly tijäp, onuň bilen meşgullanýan, gyzyklanýan ýüregi joşa getirýär, kalbyň ýaşaýşyny akylyň ýardamy bilen baýlaşdyrýar we manylaşdyrýar.Ylym milletiň, jemgyýetiň özüne we daşky dünýä akyl ýetiriş işine hyzmat etmelidir. Şunda ylymdan ylympisint ýüze çykmalary tapawutlandyrmak derwaýys işdir. Munuň hötdesinden gelmegiň ýeke ýoly bardyr: biziň ylym diýýänimiz janly durmuşa gatylmaga, durmuşy özgertmäge ukyplymy ýa-da ukyply dälmi?! Bu ýerde janly durmuşyň özi näme diýen sowal gelip çykýar. Pikirleri güýmeýän däl, pikirleri özgerdýän närse ylymdyr. Pikirler diňe güýmenende, adamlaryň akyl ýetiriş derejesi öňküliginde galýar, akyl ýetiriş başarnygy hatda kütelýärem. Olarda hatda soňabaka pikirsiz, gyzyklanmasyz, agtarmasyz ýaşamak endikleri döräp başlaýar. Olaryň gyzyklanmalarynyň çägi juda daralýar, akyllary juda biparh bolup ugraýar. Munuň özi juda gelşiksiz ýagdaýdyr. Akyl ýetirişiň togtamagy, pikirleriň boş aýlanyp ugramagy tutuş ruhuň äwmezekligine we ýaýallygyna, biperwaýlygyna we bizarlygyna getirýär. Ylmyň göterilen ýerine gözýetim darlygy, akyl şowakörlügi, dünýägaraýyş ýöntemligi hem-de adam akylyny kemsidýän bolgusyzlyklar gelýär. Şeýle bolgusyz diýip men duýgynyň akyl gözegçiliginden we akyl ugrukdyrmasyndan çykmagyna aýdýaryn. Şeýle bolanda yrymçylyk, ýerliksiz men-menlik, gaty gygyrmak, öz bikemallygyňy görmezlige salmak, hakykaty islemezlik we ynjytmak, ylmyň boş galan ornuny çalasowatlylyk, hakykatyň ornuny ähtimallyklar bilen doldurmak ýaly zatlar rowaçlyk tapýar. Barlygyň şumlugy şundan ybaratdyr: adam ylymsyz hem ýaşap biler, jemgyýet ylymsyz hem dowam edip biler. Emma bu eýýäm hakyky adam, hakyky adamzat jemgyýeti däldir.Barlygyň göwün göterijiligi şundan ybaratdyr: beýle ýagdaý uzak dowam etmeýär. Sowet döwrüniň uzaga gitmänliginiň esasy sebäpleriniň biri-de onda ylmyň öz bolmaly ornuna barmanlygyndadyr. Ylympisint bir zat bolsa hossa bolup döredi. Adamlaryň akyly petige diredi. Adama bolsa Allatagala tarapyn ösmek, özgermek, bilmek ýazylandyr. Adamyň ruhy höregi ylymdyr. Aňly-düşünjeli adama ruhy hörek – ylym edil çörek deýin gerekdir. Ýöne çyn ylmy ýalan ylymdan parhlandyrmak welin zerur. Sebäbi ýalan ylym sowet eýýamynda aşa köpeldi, onuň kösseklerinden henizem doly saplanylanok.Ylympisintlik ýa-da ýalan ylym – akylyň öz-özüni güýmemegidir. Akylyň ylma gatnaşygy, kyýas edip aýdanymyzda, adamyň ömrüne gatnaşygydyr. Ýalan ylym boş geçýän ömür ýalydyr. Hakyky ylym akylyň gül açmagydyr we miwe bermegidir. Gury söwüt ýa-da boş gülleýän agaç – ine, ýalan ylmyň suraty. Ýalan ylym milletiň akylyny durgun hem-de betgörk edýär, pikir ukyplaryny kütek we nalajedeýin edýär.Ylym adamyň hem içindedir, hem daşyndadyr. Adamy durmuşda ajaýyplyklara, manyly ömre, at-abraýa, şöhrat-şana eltip biljek iki zat bardyr: olaryň birinjisi edepdir, ikinjisi bolsa ylymdyr. Türkmen halky şu iki gymmatlyga asyrlarboýy gadyr-mertebe goýup ýaşan halkdyr. Gurhanda-da, Muhammet alaýhyssalamyň hadyslarynda-da ylma berilýän ähmiýet çäksiz uludyr: «Kim ylym öwrenmek üçin ýol ýörese, Allatagala oňa jennetiň gapysyny açar»; «Ylymdan bir baby öwrenmek ýüz rekagat namaz okandan haýyrlyrakdyr»; «Ylymdan bir baby öwrenmek dünýäden we ondaky zatlardan ýagşyrakdyr»; «Ýa-ha alym bol ýa-da ylym öwrenýän bol ýa-da ylym diňleýji bol, dördünji bir adam bolma, ýogsa heläk bolarsyň...»Ylymlylyk adamy owadan edýär. Ylymlylyk – bagtyýarlykdyr. Ylymlylyk adamyň medeniýetliliginiň görkezijileriniň biridir. Ylym – milletiň kämilliginiň görkezijisidir.Okumyş adamy köp gördüm, alyma az duşdum. Alym – ylymdardyr. Ol ylym eýesidir, ylmy döredijidir. Okumyş bolsa ylmyň muşdagydyr.Tutuş jemgyýet üçin, milletiň akyl taýdan ösmegi üçin ähmiýetli bolan ylym hakyky ylymdyr. Öz hünäri, diýmek, eklenji boýunça ylma meşgul kişi entek alym däldir. Öz ugrundan haýsydyr bir zatlary, hatda köp zatlary-da bilýän adam entek alym däldir. Onuň ylmy näderejede durmuşy zerurlyk bolup durýar – ine, mesele şundadyr. Milletiň akyl-paýhas derejesini täze basgançaga galdyryp bilýän, onuň pikirleniş örüsini giňeldip bilýän, tebigy suratda akyl ölçeglerini täzeläp bilýän ylym hakyky ylymdyr. Beýle ylym eýesi bolan alymyň pikirlenişi-de başgadyr, ýazyşy-da başgadyr, sözleýşi-de başgadyr. Ol milletiň adaty pikir akabasyny giňeldýär, çuňlaşdyrýar. Onuň öňe sürýän pikirleri, garaýyşlary, nazaryýeti köpçülik üçin akylyň täze hili bolup durýar.Köpçüligi häzirki duran derejesinden biraz ýokary göterýän pikir täzeligi akylyň täze hilidir. Alym diýilýän tom-tom kitaplaryň ýazary bolubam biler, dürli ylmy derejeleriň eýesi hem bolup biler. Ýöne onuň ýazanlary, aýdanlary öňki mälim zatlaryň başgaçarak aýdylyşyndan özge zat däl bolsa, onuň pikirleri ähmiýetsiz, onunjy derejeli zatlar bolsa, beýle ylymdan ylym bolmaz. Alym uly-u-kiçi açyş etmelidir. Ol üýtgeşiklikleriň eýesi bolmalydyr. Ol ýöne beýan etmäni däl, eýse düşündirmäni, adamyň gözüni açmany başarmalydyr. Hut şonuň üçinem men ylym meseläni kesgitlemekden başlanýar diýýärin. Hakyky alym ylma öz meseleleri, öz mowzuklary bilen gelýär. Öz görşi bilen gelýär. Ol jemgyýet üçin hem garaşylan, hem garaşylmadyk pikirleri bilen orta çykýar. Pikirleri degişli mesele, degişli ugur bilen iş salyşýan adamlar üçin täsirli bolýar. Täsirlilik – janlylykdan alamatdyr. Alymyň garaýyşlarynda gyzyklanýan adam öz gözlän, emma akyl ýetirip bilmedik hakykatlaryna gabat gelýär. Öz aýtjak bolan, emma aýdyp bilmedik pikirlerini görýär. Özüniň güýji ýetmedik täzeliklerini açýar. Hakyky ylym milletiň, adamzadyň akyl ösüşiniň kanunalaýyklygyny düzýär. Alymyň beýiklik ölçegi şundadyr.Hakyky ylym çylşyrymlydan aýdyňdyr. Sebäbi ylym akylyň anyk we hususy işidir. Ylym juda agyr, anyk, irginsizlikli işdir. Bu iş sabyr-takatlylygy, kynçylyklara merdi-merdanalyk bilen döz gelmegi başarmagy talap edýär.Ýeňillik manysyndaky gudrat, azapsyzlyk manysyndaky keramat ylymda ýokdur. Iň bir garaşylmadyk açyşlary iň taýýarlykly alymlar amala aşyrýar. Akylyň hususy ösüşi, anyklaşmagy we çuňlaşmagy bolany üçin bu zatlaryň daşyndaky adam üçin ylym köp täzelikleri alamatlandyrýar. Beýle täzelikleri özleşdirmek belli bir taýýarlygy talap edýär. Şol sebäpdenem ylym çylşyrymlylyk bolup durýar. Ylmyň öz dili, öz ölçegleri we öz kesgitlemeleri bar. Öz kynçylyklary we öz inçelikleri bar. Ylym almak aňsat däldir. Hemme kişä düşnükli bolan aň ylmy aň däldir, ol adaty aňdyr. Hususylaşmak we ýöriteleşmek ylym üçin tebigy kanunalaýyklykdyr.Emma ylym aýdyň, sazlaşykly we manyly bilimleriň, pikirleriň ulgamydyr. Ylym – adamzat paýhasynyň guran kämil, gutarnykly we janly pikir dünýäsidir. Alym öz pikirini, garaýşyny edil zergäriň öz şaý-sepini sünnäleýşi ýaly sünnäleýär, edil şahyryň öz şygryny taraşlaýşy ýaly taraşlaýar, olary içki gözelligiň we kämilligiň ýokary derejesine ýetirýär. Şonuň üçin hakyky ylym bilen iş salyşmak akyl üçin lezzetli, şypaly zatdyr. Çyn alymyň kitabyny açanyňda, täzelik we terlik beýniňe urýar. Onuň pikirleri adamyň içki akyl-ruhy gujuryny oýarýar, olary herekete, jana getirýär.Emma biz bir zada berk düşünmelidiris: ylym panylygyň içindedir. Ylmyň ösüşi anyk wagt – döwür bilen şertlendirilýändir. Adam diňe pikir bilen adam däldir, dünýägaraýyş diňe ylym bilen dünýägaraýyş däldir. Biz akyl ýetirişiň ylymdan beýleki usullaryna-da pisint etmelidiris. Ylym ruhuň diňe bir anyklygydyr. Durmuşyň özi ylymdan hem ileriligine galýar.Dünýä akyl ýetirişiň ylymdan beýleki usullaryny – sungaty, edebiýaty, pelsepäni we ş.m.-leri deň hatarda goýmak gerek. Çünki bularyň bary birigip, adamzadyň bitewi ruhy ýaşaýşyny hasyl edýär. Bularyň biriniň öňe sürlüp, beýlekileriniň äsgermezlik edilmegi gürrüňsiz ruhy durmuşyň ýoýulmagyna getirer. Adamzadyň ýaşaýşynda bularyň hersiniň öz orny bardyr. Adam bolmak üçin diňe kelle ýeterlik däldir. Adamzat bolmak, adamzat bolup sazlaşykly we manyly durmuşda ýaşamak üçin diňe ylmyň gazananlary ýeterlik däldir. Adamzadyň ruhy ýaşaýşynyň köpdürlüligini we köpöwüşginliligini ruhuň bitewüligi üpjün edýär. Ruhuň, akyl ýetirişiň ähli bar bolan usullarynyň deňagramlylygy we özara sazlaşyklylygy zerurdyr. Ruhubelent ýaşaýyş diňe şonda mümkindir.Dünýä hakykylyga, tebigylyga hem-de çynlyga ymtylmalydyr. Adam näme bilen iş salyşsa-da, muny hakyky, tebigy we çyndan ýerine ýetirmelidir. Ine, ruhubelentlik pelsepesiniň esasy şundan gaýdýar. Islendik işde, islendik meşgullykda, islendik ýaşaýyşda «pisintlikden», «sumaklykdan» gaça durmak gerek. Allatagala bize ýalandan ýaşamak üçin ömür bermändir. Bu ömri özüniň tebigy we laýyk wagt-giňişlik çäginde amala aşyrmak gerek. Ylym hem ylym üçin däl-de, şuňa akyl ýetirmek we şu çägi dogry kesgitlemek üçin gerekdir.Ylym ylym üçin däl, ylym durmuş we adam üçindir. Bilimleriňi artdyryp, şol bir wagtda-da adam hökmünde kämilligiňe we belentligiňe täsir etmeýän ylympisintlik ýaramazlykdyr.Pederlerimiziň pentleri aňymda surat bolup galypdyr: bu dünýäde mal-engama, baýlyga bil baglamak bolmaz. Altyn-kümüş we özge ähli baýlyklar hemişelik däldir. Olary ogry alar ýa-da çykdajy bolup, ýanyp tükener. Emma hünär hemişe täzelenip duran boý gyza meňzär. Ol bir uly döwletlilikdir. Eger hünärli adam wezipesinden boşadylsa, ol gam çekmez. Hünär adamyň kalbyndaky döwletdir. Hünär – tükenmeýän baýlykdyr. Hünärli adam nirä barsa-da, gadyry we hormaty uly, mertebesi belent bolar. Emma hünärsiz adamlar bir lukma edinmek üçin müňlerçe güzap görerler. Şeýle-de, olar uly zerurlyga hem kynçylyga ulaşarlar. Hünärsiz asylzadalar azap çekerler, aslynda hünärmentleriň nygmaty ile döwlet getirer. Adam öz hünärini ylmyň gazananlary bilen baýlaşdyryp durmalydyr. Durmuş bir duran ýerinde duranok. Durmuş ösmek, özgermek, kämilleşmek bilen. Durmuşy ösdürýän, özgerdýän, kämilleşdirýän gural – ylymdyr. Diýmek, her bir hünär eýesi-de öz başky alan bilimi, özleşdiren ylmy bilen çäklenmeli däldir. Her bir hünärmen öz bilimini tä ömrüniň ahyryna çenli kämilleşdirmek bilen bolmalydyr, ylmyň gazananlaryny irginsiz özleşdirmelidir.Gadymy döwürlerde pederlerimiz wesýet edipdirler: «Eger bir kişi bilimliligi bilen wasp edilse, ol kişide şu on iki häsiýetiň bolmagy hökmandyr» diýip.Birinji häsiýet. Ol kişi özüniň kiçijik aýbyny hem görer. Eger bir kişi öz aýbyny görmeýän bolsa, onda ol kişi hemişe kynçylykdan kynçylyga uçrar, işi şow almaz, abraýy artmaz.Ikinji häsiýet. Ol kişi alymlaryň söhbediniň, hünärini, dünýägaraýşyny baýlaşdyrjak ylmy, çeper kitaplaryň aşygy bolar. Irginsiz okar, öwrener.Üçünji häsiýet. Ol elinden geldigiçe bilimliler bilen maslahat kylar, özüniň amaly we bilimi bilen maksadyna, ýeter.Dördünji häsiýet. Ol kişi wagtyny bilip sözlär. Çünki ol sözlemegiň jaýdar pursadynyň gelendigini aňlar we sözlerini dürslükde sözlär.Bäşinji häsiýet. Ol kişi bir işiň başyna baranynda, ol işi synanyşyp gören kişilere bil baglamasa-da, hiç hili zyýan çekmezden ol işi ýerine ýetirer.Altynjy häsiýet. Ol kişi nadanlaryň dostlugyna we ýardam etmegine bil baglamaz. Çünki olaryň peýdasyndan zyýany köp bolar.Ýedinji häsiýet. Ol elinden geldigiçe nadanlardan gaça durar. Ýagşa ýagşy, ýamana ýaman diýmegi başarar.Sekizinji häsiýet. Ol kişi dostlarynyň ýagşylygyny ýagşylyk edip gaýtarar. Eger elinden gelse, ol kişi ýamanlyk edenlere hem ýagşylyk eder.Dokuzynjy häsiýet. Ol kişi mydama ruhubelentlige ýaran bolar. Her hili kynçylykly pursatlarda-da ruhdan düşmez.Onunjy häsiýet. Ol kişi Nuh pygamber tarapyndan türkmen halkyna berlen üç asylly sypaty – gaýduwsyzlygy, batyrlygy, ruhubelentligi ýüzüniň tuwagy ediner. Bu üç häsiýeti özünde kämilleşdirmäge çalşar.On birinji häsiýet. Ol kişi her hili pursatda-da adamlara ajy söz aýtmaz, diňe ýagşydan ýagşy sözleri aýdar. Çünki ol türkmen halkynyň «Mylaýym söz süňk döwer» diýen pähimini çelgi ediner. Beýle kişi bilen gürleşdigiňçe gürleşesiň geler, göwnüň galkar. Ol kişi özüne azar berilse-de, ar almak üçin hiç bir kişä azar bermez.On ikinji häsiýet. Eger biriniň edýän işi ol kişä ýaramasa, ol işiň erbetligi belli bolan pursadynda, onuň özi ol ýeri terk edip gider.Dünýäniň ähli baýlyklary köňülleriň magşugydyr. Ony haýyrly işler üçin sarp etseň, ol ruhubelentlik hazynasy bolar. Dünýäniň dynçlygy we rahatlygy baýlyk bilendir. Emma ylmyň baýlykdan ýokary durýan alty dürli mertebesi bardyr:Birinji mertebe: ylmyň mertebesi üçin il-gün alymlary eziz görer we olara goltgy bererler.Ikinji mertebe: ylym adamlary ylmyň kömegi bilen ähli belalardan halas bolarlar. Emma baýlyk eýeleriniň ýagdaýy munuň tersine bolar. Çünki baýlyk eýeleriniň özleri baýlyk jähetinden mydama apat we bela içinde bolar.Üçünji mertebe: maly sarp etmek çöregiň uny ýaly bolar. Bir kişide barça dünýäniň baýlygy bolsa-da, ahyry ol agyr külpete sezewar bolar. Emma ylmyň haly munuň tersine bolar. Ylmy hernäçe sarp etseň hem ol egsilmez, gaýta ol zyýada bolar. Ylym türkmen ertekisindäki kör garganyň saçagy ýalydyr, näçe alynsa-da, nygmaty, berekedi egsilýän däldir.Dördünji mertebe: eger bir gün bir hadysa ýüze çyksa, ähli baýlyk harap bolar. Ol baýlygyň eýesi hem her dürli muşakgatlara duçar bolup, ol baýlygy ýygnaýança ömri zaýa bolar. Emma ylmyň haly munuň tersinedir. Ol kişi ylmy saklamak üçin bu jähetden alada batmaz. Eger ähli älem jem bolup, alymlaryň köňlüňden bir meseläni aýyrmak isleseler, ol hiç mümkin bolmaz.Bäşinji mertebe: eger bir kişi alym bolup, onuň hem dünýe malyndan hiç zady bolmasa, ylmyň kömegi bilen baýlyk toplap biler. Emma bir kişide mal bolup, onuň hem hiç hili bilimi bolmasa, bu ýeterlik däldir. Pul bilen hiç wagt ylym gazanyp bolmaz. Gaýta, onuň nadanlygynyň netijesinde baýlygy zaýa bolar.Altynjy mertebe: ylym bilen meşgullanýan kişileriň ruhlary belent bolar. Çünki ylym ruhubelentligiň altyn gapysydyr. Ylym – ruhubelentlikdir. Manyly ýaşaýyş ylymdan başlanýar.Ylym akylyň täsiri we ýardamy bilen ruhuňy belende götermek işidir. Ylym – ruhubelentligiň akyl esasydyr.
Osman Öde