Ýaşaýyş 5. Sungatyñ mazmuny - ruh, maksady - ruhubelentlik
Sungat birinji hatar barlyk bolan adatylygyň üstünde gurnalýan ikinji hatar barlyklaryň biridir. Onuň çig maly-da adatylykdyr. Emma sungatyň gözbaşy başga barlykdandyr.Sungatyň çig maly Ýerden, çeşmesi – Asmandandyr.«Sungat» sözüniň gelip çykyşynyň özi eýýäm bu barlygyň, adamzat ruhunyň bu kosmosynyň düýp manysyny aýdyňlaşdyryp ugraýar.«Sung» – Allanyň ýaradany diýmekdir. «Sungat» – döretmekdir. Şunuň bilenem ol öz asly boýunça durmuşdan, adatylykdan tapawutlanýar. Durmuş döredilmeýär, Allanyň eradasy bilen onuň özi kemala gelýär. Sungaty adam ýüregi, aňy hem bedeni bilen döredýär.Sungat adamyň adatylygy adaty dällige öwürmek – özboluşly suratda inkär etmek ýa-da adatylygyň içine aralaşmak – özboluşly suratda ykrar etmek islegi bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, adamyň sungaty Biribaryň sungatyndan düýpgöter tapawutlanýar:Alla ýokdan bar edýär, adam diňe bardan bar edip bilýär.Sungat adamy ýaratmaga-da gatnaşandyr.Bu barada ajaýyp rowaýaty gürrüň bereýin.Allatagala Adamyň bedenini ýaradypdyr. Indi bu göwräniň içine jan salmak işi galypdyr. Jan bolsa ýürekde bolmalymyşyn. Emma jan – dirilik Adamyň jansyz, garaňky göwresine girmek islemeýärmiş. Her gezekki synanyşykda jan Adam gursagyna girmekden boýun towlaýarmyş. Şonda Allatagala oturyp, jany göwrä salmagyň, dirilik bilen gaýyplygy, barlyk bilen ýoklugy birikdirmegiň, jan bilen bijanlygy utgaşdyrmagyň – häzirki ylmyň teý akyl ýetirip bilmeýän gudratyny amal etmegiň usulyny tapypdyr. Ol sazy ýaradypdyr. Saz – iň gadymy, ýaşaýşa iň ukyply we iň täsirli sungatdyr. Sazyň täsirine maýyl bolan jan beýhuş bolupdyr. Edil şo pursadam Allatagala ony adamyň gursagyna salypdyr.Sungat – Adamy ýaratmak işiniň soňky nokady. Sungat – döredijiligiň, islendik döredijiligiň ýokary hetdidir.Medeniýet – Wagtyň goýnunda we Wagtyň mümkinçiliklerini peýdalanmak arkaly bakylygy üznüksiz döretmek prosesidir.Medeniýet – diňe adamzada berlen döretmek paýydyr.Medeniýetiň birnäçe görnüşi bar. Men medeniýetiň aşakdaky görnüşlerini tapawutlandyryp görkezeýin.1. Syýasy döredijilik – miwesi döwletdir.2. Ahlaky döredijilik – miwesi imandyr.3. Çeper döredijilik – miwesi sungatdyr.4. Ylmy döredijilik – miwesi ylymdyr.5. Pelsepe döredijiligi – miwesi pelsepedir.6. Senet döredijiligi – miwesi tehnikadyr.Medeni döredijiligiň umumy netijesi adamzat ýaşaýşy bolup, ol özüniň ontologik manysy boýunça panylykdan bakylyga geçişi aňladýar. Şol bir wagtda adamzada berlen hem kysmat, hem artykmaçlyk bolup durýan medeni döredijilik arkaly barlygyň maddy hem ruhy çäkleri barha giňelip gidip otyr.Adamzat öz dünýäsini döredýär.Döredijiligiň aňyrsynda özünden başga zada, özlükden özgelige öwrülmek instinkti ýatýar. Dünýäde barça zatlar üýtgäp-özgerip durýar. Zatlaryň bir haldan başga hala geçmegi dünýäniň baş ýaşaýyş usulyny – hereketi kemala getirýär. Barça zatlar hereketde. Hereket – bakylyk. Hereketiň bir görnüşi tükellän halatynda başga bir görnüşdäki hereket başlaýar. Dünýäniň ýaşaýşyna fizigiň gözleri bilen seredeniňde, bu hakykata hasam aýdyň we ynamly düşünse bolýar. Ýaşaýyş diýilýäniň düýp manysyny isim däl, işlik aňladýar. Dünýäde diňe hereket ýaşaýar. Dünýäde diňe Wagt ýaşaýar. Hereket biziň pikir edişimizden, hasam beter biziň kabul edişimizden has çakgan, has aýgytly we has gözeilmezdir. Ýöne biziň duýgy agzalarymyzyň kabul edişinde barlygyň hereketi «ýörite» haýallaşdyrylýar, has durnuklaşdyrylýar. Munuň özi wideosuratda bolan wakany ikinji gezek hakykysyndan has haýalladyp görkezen ýaly bir zatdyr. Älem aňk ediji çaltlyk bilen aýlanýar. Ýer, pikir edip otursam, haýran galdyryjy tizlik bilen pyrlanýar.Özüniň wagt bilen aýakdaşlykdaky ömrüni mümkingadar uzaltmak isleýän bedenlerimiz duýgy agzalary arkaly hereketi haýalladýar, şeýdip, biz ýaşamak we ýaşaýanyňy duýmak mümkinçiligimizi amal edýäris.Ýöne bu amalyň Wagtyň düýp tebigatyna gatnaşygymyzdaky geň-taňlygy bar. Wagt bilen ýüzbe-ýüz durkaň, ol saňa bir hili açylýar, ol duşuňdan geçensoň, onuň sypaty başgaça ýüze çykýar. Birinji halatda Wagt biziň duýgularymyzyň, ikinjide bolsa biziň, akylymyzyň obýektidir. Heminzamanda Wagty örän durnukly, hatda tükeniksiz bir zat hökmünde kabul edýäris. Ömür hiç haçan sowulmajak dowamat hökmünde duýulýar, özümizi hem hiç mahal öçmejek jöwher hökmünde duýýarys. Emma, Wagt deňimizden geçdimi, eýýäm ol özüniň hakyky tebigy keşbine girýär, biz diňe şonda ony dogry kabul edip, onuň şeýle ýyndamlygyna akylymyz haýran bolýar. Üns berseňiz, biziň nusgawy şahyrlarymyz dünýäge närazylyk bildirip köp şygyrlar döredendirler. Magtymguly bu dünýäni «gözüni süzüp duran loly», «biwepa» atlandyrsa, Seýitnazar Seýdi: «Kim bar diýse bu dünýäniň wepasy, nadandyr, akmakdyr, dälidir däli» diýip örtenýär. Bu düşnüklidir: çünki bu dünýä her ýaşda özüni bir görnüşde bir hili görkezýär. Adam başda bu dünýä yhlas edýär, ony gözel ýar hasaplaýar. Ýöne ömür paýawlansoň, dünýä adamyň ýüzüne durýar. Adamyň onsoň bu dünýäden göwni galýar.«Ömür näme?» diýip togsan ýaşly gojadan sorapdyrlar. Ol: «Süýnüp barýan keýigiň şahynyň kölegesinde saýalan ýaly bir pursat» diýip jogap beripdir. Eger, bu soragy ýaş ýigide berseň, näme diýerdi?Özlükden özgelige geçmek hadysasynda sungatyň döreýiş dialektikasy görünýär. Panylyk bakylyga dönmek isleýär. Ruh Wagtdan sypmak isleýär. Duýgy agzalarymyzyň açylyp barýan Wagtyň tutmak, haýallatmak, mugyra getirmek islegi ruhuň derejesinde sungat diýilýän fenomen hökmünde amal edilýär. Sungatyň gelip çykyşynyň dialektikasy diýenimde, men adam ruhunyň iki tarapa dürlüçe gatnaşygyny göz öňünde tutýaryn. Ol, bir tarapdan, Wagtyň durnuklaşdyrylan barlygy bolan adatylykdan gaçganaklaýar. Adatylyk oňa gyzyksyz, telper hem-de ýuwan görünýär. Ol gyzyk, çuňňur we duzluja bir hadysany isleýär. Ol özlükden özgelige ymtylýar. Beýleki tarapdan bolsa, ruh öz ömrüniň dowamatyna howp salyjy baky hereketiň öňünde durasy gelýär. Hereket ruhy ýöne tozana garyp taşlamak däl, eýse onuň özüni tozana öwrüp goýbermek üçin işleýär. Onsoň ruhuň özgelikden özlüge ymtylmasy tebigy zatdyr. Ol özgelikden özlüge gaýdyp gelýär. Ol özüni ykrar edýär. Bu hili gaýdyp geliş dialektiki göterilişiň ýokary derejesinde bolup geçýär. Şeýdip, ruh sungatda wagt bilen bakylygy, adatylyk bilen adatdan daşarylygy dialektiki utgaşdyrmak ukybyny durmuşa geçirýär. Diňe adatylyk bilen çäklenýän döredijilik sungaty döredip bilmeýär, ol bary-ýogy senedi döredip bilýär, diňe adatdan daşarylyga höwesek döredijiligiň netijesi sungatdyr.Özüniň mazmuny boýunça adatylykdan ýokary galyp bilmeýän senediň esasy aýby ruhuň belentliklerinden mahrumlygydyr. Okyjyny, diňleýjini, tomaşaçyny ruhuň belentliklerine götermek üçin döredijiniň özünde ruhy uçgunlaryň bolmagy gerekdir. Beýle uçgunlar bolsa diňe adatylykdan ýokary galyp, ýaşaýşyň batyn manylaryna we ontologik alyslyklaryna aralaşyp bilýän kalplarda köreýär. Bu gaty seýrek adamlara berilýär. Adatylygyň o tarapyndaky barlyga geçmek sungatyň döremeginiň esasy şertidir. Hakyky döredijiniň kalby özgeleriň duýmaýan inçelikleriniň we täsinlikleriniň duýuş guralydyr.Hakyky döredijiniň gözleri özgeleriň görmeýän alyslyklaryny görýär. Hakyky döredijiniň gulaklary özgeleriň eşitmeýän owazlaryny we inçeliklerini tutmaga ukyplydyr. Munuň özi Wagtyň bakylyk diýip atlandyrylan suratydyr.Sungat – adatylygyň bakylyk diline geçirilen mazmunydyr ýa-da tersine: bakylygyň wagtyň diline laýyklaşdyrylan suratydyr. Sungat bakylygyň ontologik alyslyklaryndan gelýän habarlary adamyň panylygynda, onuň estetiki-gözellik duýgularynda berýär.Meniň döredijilik üçin ýalňyzlyk gerek diýýänim hem sungaty döredýän ruhuň şol iki dünýä gatnaşygy bilen baglanyşyklydyr. Döredijiniň özgelerden tapawudy şudur: Alla oňa aýratyn makam-menzil beripdir. Bu menzil iki dünýäniň serhedinde – olaryň sepleşýän, has dogrusy, aýrybaşgalaşýan ýerindedir. Ony başga ýerden gözlemäň, ol mydama şu ýerdedir.Döredijilik – köpçülik arasyndaky ýalňyzlyk, adatylyk içresindäki adatdan daşarylykdyr. Toprak gül gögerip çykary üçin köp zady özüne siňdirmelidir. Daglar çeşme dömüp çykary üçin, köp zady özüniň daş kalbyna ýygnamalydyr. Topragyň mahmal bedenine siňdirmek, dagyň mermer kalbyna ýygnamak işi ýalňyzlaşmak hökmünde göz öňüne gelýär. Ýalňyzlyk gaçganaklamak, baş alyp gitmek ýa-da baş basyryp ýatmak däldir. Ýalňyzlyk – dünýäleriň gapylaryny gezekleşdirip ýapmakdyr we gezekleşdirip açmakdyr. Dörediji kalp adatylygyň gapysyny ýapýar-da, müdimiligiňkini özüne açyk goýýar. Ol aýrybaşgalaşýar. Munsuz döredijilik «meniňi» duýmak, kemal etmek we hasyla goýmak mümkin däldir. Adatylyk gapysy ýapylan kalba bakylygyň howasy aralaşýar. Ol onuň bilen ikiçäkleşýär, ýüzbe-ýüzleşýär. Bu – ýalňyzlyk içre ýüzbe-ýüzlükdir. Şu manyda Allanyň didaryna ymtylýan mömin adatylyk babatda ýalňyzdyr, adatylyk üçin ýapykdyr. Edil şu manyda çaga dogurmak isleýän göwreli aýal daşky dünýä babatda ýalňyzdyr, keseki göz üçin ýapykdyr.Dörediji döredýärkä, ýalňyzdyr. Dörediji ýaşaýarka, ýalňyzdyr.Döredijilik – ýalňyzlykdyr. Duýgulary, pikirleri, ýasawy boýunça mähelleden saýlanmaýanlar ýalňyzlyga ukypsyzlardyr. Men dörediji adamlaryň aglabasynyň içimtap bolýanlygyna göz ýetirdim. Seýrek göz ýetirdim, sebäbi hakyky döredijiler juda seýrekdir. Bular hüý-häsiýeti boýunça dürli-dürli bolmagy mümkin. Käbiri alçak, käbiri tutuk, käbiri geplemsek, käsi dymmarak. Ýöne bularyň hemmesiniň öz içki dünýäsi bilen ýaşaýandygy jedelsizdir. Onsoň alçaklyk ýa ş.m. zatlar olaryň häsiýetinde daşky ýüze çykmalar bolup galýar.Dörediji ýalňyzlykda alýan täsirleri bilen sungat eserini döredip bolansoň, ýalňyzlyk täsirlerinden gabyz bolansoň, kalby üçin adatylygyň gapylaryny açýar. Ol adaty durmuşdan misil almak üçin, adatylygy özi üçin, özüni adatylyk üçin açyk goýýar. Dörediji durmuşa adatlyk sebäpli ýetmeýän zatlar bilen ýaşaýşy baýlaşdyrmak üçin sungat bilen meşguldyr. Nakgaş onda ýok reňkler bilen adatylygyň üstüni ýetirýär, kompozitor onda ýok owazlar bilen adatylygy köpowazly edýär, ýazyjy adaty dilde ýok öwrümler, manylar we öwüşginler bilen pikir hem söz adatylygyny terlige we täzelige sapyp goýberýär. Sungatyň durmuş babatdaky baş wezipesi-de şundan ybaratdyr: ol daşky adatylygyň öwezine adama içki adaty dälligi – terligi berýär. Hossaly endige öwrülen durmuşy, birsyhly we birsydyrgyn, manysyzlaşan we duzsuzlaşan adatylygy «sökmek» gerek bolýar. Şol bir zatlar gaýtalanyberse, adamyň özi-de, hereketleridir pikirleri-de endikleşip-galyplaşyp gidýär. Adam ýaşaýşa öwrenişip gidýär. Ol hatda ýaşaýşy täsinlik we gaýtalanmazlyk hökmünde görmeginem bes edip başlaýar. Ol ýaşaýyşdan berçigip ugraýar. Seredilip, pikir edilip oturylsa, bu erbet zatdyr. Çünki adam üçin öwrenişmeli däl bir zat bar bolsa, bu ýaşaýyşdyr. Öwrenişmek – gadyrynyň gaçmagy, mazasynyň ýitmegidir. Ýaşaýyş hemişe gudratlygyna, täsinligine we terligine galmalydyr. Şu ýerde-de sungatyň gerekligi bildirýär. Sungat hemişe adatylyga garşy işleýär.Adatylyga garşy işlemek üçin adatdandaşarylygyň nökeri bolmak gerekdir. Adatdandaşarylyk – bakylygyň dartgynly ýüze çykmasydyr.Adatdandaşarylyk diýlende, asla üýtgeşik bir zat diýip pikir etmeli däl. Sungatdaky adatdandaşarylyk we sungatyň adatdandaşarylygy – adatylygyň içki ruhy, düýp manysydyr. Sungatda ol dartgynlylygyň iň ýokary hetdine, ýitiligiň iň aňrybaş derejesine ýetirilýär. Sungat adatylykda ýok görnüşler, utgaşmalar hem-de şekiller arkaly adatylyga ugurdaş dünýäni döredýär. Şonuň üçinem adam kalby sungata ymtylýar, çünki ol sungatdan durmuşda ýok zatlary tapýar. Şahyryň döreden metaforalary, ýazyjynyň tapan sýužetleri, nakgaşyň hem heýkeltaraşyň döreden zatlary diňe sungatda mümkindir. Olar sungatyň dilini kemala getirýär. Bu dil adatylygyň dilinden näçe tapawutly we näçe üýtgeşik bolsa, sungatyň durmuşa – adama täsir ediş güýji şonça-da ýokarydyr.Sungat adatdandaşarylygynyň ýüze çykyşy, kemal tapyşy iki hilidir. Eger ol gönümel, üýtgewsiz kemal edilse, realistik sungat, eger-de çöwre görnüşde kemal tapsa, onda realisik däl sungat döreýär. Bular sungatyň iki sany görnüşidir. Munuň özi sungatyň durmuş babatdaky dogruçyllygy ýa dogruçyl däldiginiň meselesi däldir. Her bir kämil sungat dogruçyldyr. Görnüş bolsa döredijiniň dünýäni duýşunyň, zehininiň tebigatynyň meselesidir.Beýleki aň görnüşleri ýaly, sungat hem mifologiýadan we dinden gelip çykandyr. Söze keramat hem gudrat hökmünde garalmagy sungatyň şu günki ýaşaýşynyň aýratynlyklary bilenem ödelýär. Sungatyň keramaty we gudraty çeperçilik hökmünde kesgitlenilýär. Munuň özi sungatyň baş aýratynlygydyr, şol bir wagtda-da bu sungatda häzire çenli iň az düşündirilen, hatda düşündirilmedik zatlar. Eýse nä, gudratyň özi – eýýäm düşündirmesizligi aňlatmaýarmy näme?! Herhal, ylym, şol sanda pelsepe ylmy syrlara akyl ýetirmek, syrlary düşündirmek işinden gaýtmaýar. Şu wagta çenli çeperçiligiň nämedigi barada-da agramly-agramly düşündirmeler peýda boldy. Kimler çeperçiligi eserde mazmun bilen şekiliň kämil utgaşygy diýse, ýene birleri çeper maglumatlylygyň gabyzlygy, başga birleri bolsa ruhuň bütin janlylygynda we çuňňurlygynda ýüze çykmasy diýip düşündirdi. Sungat islendik başga gymmatlyklar ýaly, açyk ulgamdyr. Munuň özi onuň ähli güýjüniň – çeperçiliginiň kabul edilişde ýüze çykýandygyny, ýagny sungatyň garaşsyz, içki ýaşaýyş kanunlary bilen bir hatarda onuň kabul edýäne garaşly ýaşaýşynyňam bardygyny aňladýar.Özgermek – üýtgemek, hereketlilik sungata-da mahsusdyr. Onuň bilen iş salyşýan adama baglylykda sungatyň «gutarnykly» mazmuny üýtgäp, azalyp-köpelip durýar.Sungatyň mazmuny ruhdur. Ruh bolsa, tebigatdan tapawutlylykda, berk kanunlar bilen şertlendirilmeýän barlykdyr. Şonuň üçinem çeperçiligiň ählumumy dogry, hemişelik kesgitlenilen kanunyny bermek, algoritmini tapmak mümkin däldir. Gerek hem däldir. Şonuň üçinem ol senet däl-de, sungat ahyryn. Tebigatyň kanunlaryna akyl ýetirmek işi senede öwrülende, tehnika döreýär. Sungat bilen şeýle «oýunlary» edip bolmaýandygy üçinem, ol asmanlaryň belentliginde durýar.Herhal, sungatyň özüniň iki dünýäniň serhedinde döreýşi ýaly, çeperçilik hem ikitaraplaýyn galtaşygyň esasynda janlanýar, direlýär, işe girýär. Sungat eseri bilen ony kabul edýän adamyň kalbynyň täsirleşýän pursadynda çeperçilik diýilýäni hakykat hadysasyna öwrülýär. Beýik Eýnşteýniň maddada bimöçber energiýanyň bardygyny aýdyşy ýaly, çeper eserde hem ruhy-çeperçilik energiýanyň saklanýandygyny tassyklap bolar. Özünde saklaýan şol energiýanyň güýjüne görä-de, eseriň çeperçilik derejesi aýan bolýar. Ýöne ol energiýanyň nämöçberde we näderejede ýüze çykmagy esere dahylly bolýan – eseri döredýän adama baglydyr.Eýsem-de bolsa, sungat Wagtyň içinde ýaşaýar. Wagt bolsa döwürlerden, eýýamlardan durýar. Ähli döwürler, ähli eýýamlar üçin ýokary derejelilik nusgasyna öwrülýän eserler bakylyga dahylly bolup galýar. Hamana, olar Wagtyň çäginden çykan ýaly bolýar. Şol bir wagtda-da her döwrüň öz hususyýeti bolup, iň naýbaşy eserlerem dürli döwürlerde dürlüçe mazmunyny açýarlar. Meniň sungatyň mazmuny «köpelip-azalyp» durýar diýen pikirim hut şuny-da göz öňünde tutýar.Wagt – giňişlik çäklerinden, aýratynlyklaryndan we hususyýetinden ýokary galýan sungat bakylyk nyşanydyr. Ol ylhamdan döreýär. Ylham bolsa bakylygyň beýik döredijilere salan demidir.Ylham – ruhuň iň ýokary işjeňlik derejesidir. Ylhamlanan kalp şeýle tebigy hem şeýle ylahy döredijilik ukybyna eýe bolýar. Ylhamlylyk bilen zoraýakdaşlygyň, özüňe zor salmagyň, «etsem-petsemiň» hiç hili dahyly ýokdur.Ylhamyň emerjent, ýagny «boýnyýogynlyk» tebigaty bar.Sungat adam ruhuny ruh bilenem kanagatlandyrmakdyr. Sungat çökgün göwni ruhubelent edýär, ynjalyksyzy köşeşdirýär, umytsyza umyt berýär. Adam kalby üçin sungatdan şypaly zat ýokdur. Hut şonuň üçinem biz sungata ymtylýarys, sungata maýyl bolýarys. Sungat bolmasa, adam, belki, ýaşamak hem islemezdi. Sungat adam kalbynyň tebigy islegidir.Biziň her birimiz daşymyzy gurşap alan dünýäleriň biri bolan sungatdan bimöçber lezzet alýarys. Sungat biziň gündelik hem ömürlik hemramyzdyr. Ol biziň özümizi adam hökmünde duýmagymyza, öňküdenem adamkärçilikleşmegimize ýardam edýär. Aýdym-saz, edebiýat, kino, teatr, şekillendiriş sungaty – bularyň hersiniň öz dili, öz aňlatmalary bar. Olaryň hersi-de biziň kalbymyza, aňymyza özboluşly täsir edip, bizde ýaşaýşa söýgi döredýär, ýaşamakdan lezzet we ylham almagy bize öwredýär. Olar ömrüň we pursadyň gözelligini we manysyny açyp, ruhumyzy belende göterýär.Sungat ylahydyr we tebigydyr, erkindir we şertlendirilendir. «Sungatyň asly nämeden we nireden?» diýen sowala berlen köpsanly we köpdürli jogaplary, esasan, dört sany düşündirmä syrykdyrmak isleýärin:1. Sungat içdendir, ol döredijiniň içki dünýäsinden döreýär. Dörediji ähli eserlerini özünden alyp, öz dünýäsini daşyna çöwürýär.2. Sungat daşdandyr, ol döredijiniň daşyndaky dünýäden döreýär. Beýle pikirli kişiler sungatyň çeşmesini jemgyýetçilik-taryhy, medeni-ruhy ýaşaýyşdan gözleýärler. Sungat – döwrüň önümidir.3. Sungat aşakdandyr, ol adamzadyň ýüzlerçe, belki, müňlerçe ýyllyk ruhy gazananlarynyň, ruhy gözellik tejribesiniň baslygyp ýatan giňişligi bolan umumyadamzat aňasty hazynasyndan döreýär. Sungatyň güýçli täsiri-de şondandyr.4. Sungat ýokardandyr, ol ylahdan gelýär. Şonuň üçinem sungata wagt kär etmeýär, ol bakylyk nyşanydyr.Elbetde, bu pikirler biri-birine bäsdeşlik hökmünde öňe sürlenem bolsa, olaryň arasynda hiç hili gapma-garşylyk ýokdur.Sungat – ýaşaýşyň özi ýaly, hemme tarapdandyr.
Osman Öde