Ýaşaýyş 4. Ýaşamak lezzeti


Adatylyk panydandyr. Ýöne panysyz bakyýa ýokdur. Edil şonuň ýaly, adatysyz medeniýet hem mümkin däldir.Ýasawymyň aýratynlygyndandyr-da, men mahal-mahal pelsepewi hüýlenmä ýa-da pelsepe heserlenmesine düşýärin. Akyl ýetiriş nukdaýnazaryndan munuň özi şertdir. Diňe pelsepe heserlenmesine düşüp, pelsepe hakykatlaryna ýetip bolýar. Men hususy tejribämden şeýle umumy kanunalaýyklygy çykarýaryn.Şeýle pursatlarda barlygyň düýbüne degişli hakykatlary aýratyn ýiti, hatda agyryly duýýarsyň. Seniň tutuş süňňüň hem-de ruhuň kalbyňa düşen pikir-hakykaty syzmagyň guralyna dönýär. Adatça, bu pursatlar uzak dowam etmeýär. Ýöne onuň uzak bolmadyk ömrüniň dowamynda başga hiç mahal we hiç ýerde hem-de başga hiç bir zat arkaly açylyp bilinmejek zada gözüň açylýar. Kim näme diýse-de, hakykat adamyň akylyndan öňinçä, onuň süňňüne açylýar. Muňa ylmy dilde «intuisiýa» diýilýär. Pelsepe hüýlenmesi hemişe hökmany suratda haýsydyr bir açyş-netije bilenem gutarmaýar. Adamyň öňki adaty pikirlerinden silkinmek, öz durkuny täzelemek üçin ýöne duýgyň başdan geçirmeleri-de ýeterlikdir. Onuň öňküsinden biraz beýge galmagyna, hatda iň bolmanda terlenmegine ýardam edýän beýle hadysalary döredijilik ýasawymyň esasy mazmuny diýip düşünýärin. Dörediji özüni syzgy guraly hökmünde duýmalydyr. Syzyşdan intuisiýa, intuisiýadan duýgy, duýgudan pikir, pikirdenem akyl kemala gelýär. Şu hili halkalaýyn baglanyşyklaryň başlangyjynda ýaşaýyş hakykaty, ahyrky ujunda bolsa akyl ýetirme ýatýar. Şeýdip, adam öz kömegi bilen dünýäni açýar. Ol dünýäni açynýar.Munuň özi tebigy, şertlendirilmedik we göz öňünde tutulmadyk, hadysalaýyn bolanda hakykydyr hem-de manylydyr. Munuň özi ýaşamakdan lezzet almakdyr. Adam ýaşaýşy bolsa gürrüňsiz döredijilik hadysasydyr. Syzmak hem döredijilikdir, çünki şondan başlanýan hüýlenme ýaşaýşy öwür-çöwür etmek hem-de täze hile geçirip, ruhy barlyk hökmünde dikeltmekdir.Pelsepe hüýlenmesine düşende, adama bitewi hakykat «ýalp» edip, bir pursatda, bir demde açylyp gidýär. Hüýlenme diýýändigimiň sebäbi bu hadysa örän işjeň, netijeli hem dartgynly tebigy hadysadyr. «Pelsepe» sypatlandyrmasyny ulanýandygymyň aňyrsynda bolsa şeýle hadysa arkaly adamyň düýpleýin, bitewi hakykata barýanlygy ýatýar.Şeýle pelsepe heserlenmeleriniň soňky döwürlerde ýygy-ýygydan kalbyma dolýanlarynyň ikisi barada aýdasym gelýär. Bularyň birinjisi umumyadamzat ýaşaýşyna degişli.Medeni-biologiki görnüş bolan adamzadyň ýaşaýyş meseleleriniň içinde biri meniň kalbymy derwaýys heserlenmä köp salýar. Bulam bolsa adamzadyň başyna daşyndan inip biläýjek howplar barasyndadyr. Mahal-mahal maňa adamzat gaty ejiz bir zat bolup görünýär. Onuň jany hatda gyl üstünde ýaly duýulýar. Ylaýta-da, soňsuz Älemleriň ümmülmezligi bilen deňeşdireniňde, adamzadyň ýaşaýşy üzülmäge meýilli inçejik sapagy – uşlyby ýada salýar. Kämahal bolsa beýleki biogörnüşlerden adamzadyň iş ýüzünde – tebigatyň ählumumy kanunlarynyň jähetinde hiç hili artykmaçlygy ýok ýaly bolup görünýär. Hatda beýleki jandarlar mundan ýaşaýşa has ukyply ýalagam bolýar. Şeýle hallarda süňňüň bir hakykaty syzýar: adamzadyň ömrüni kepillendiriji medeni işiň hasam çaltlaşmagy we önjeýleşmegi zerur. Ýewropa pelsepeçileriniň aýratyn alnan adam barasynda ulanan ekzistensial gözleglerini indi tutuş adamzat babatynda işe girizmeli we ösdürmeli diýip hasaplaýaryn. Ekzistensial hakykat – ömrüň bilen ölümiň, barlyk bilen ýoklugyň serhedindäki düýpli hakykatlardyr. Adamzat bitewi bir şahsa öwrüldigiçe, onuň barlygynyň – diriliginiň «wawwaly» meseleleri derwaýyslygyny ýitileşdirýär.Ikinji bir heserlenme adatylyga degişlidir. Adatylyk diýip men adamyň gündelik günemasyny, gün-güzeranyny, adam ömrüniň adaty akymyny göz öňünde tutýaryn.Adatylygyň pelsepe mazmuny şunda ýüze çykýar:Adatylyk – panylyk barlygydyr.Adatylyk adamyň daşky gurşawynyň özboluşly bir giňişligidir. Özem adam ömrüniň mukdar taýdan esasy köp böleginiň geçýän giňişligidir. Adam ömrüni şu jähetden adatylyk we howalalylyk, adatylyk we yşkanalyk diýen dialektiki gapma-garşylyk görnüşinde kesgitlemek mümkin. N.Berdýaýewiň aýdyşy ýaly, ömür – yşkdyr, yşkyň sowaşmagy adatylygy hasyl edýär. Diňe bu pelsepeçiniň däl, eýsem şu wagta çenli akyl-ruhy gözlegleri bilen meşgul bolan pelsepeçileriň tas ählisiniň adatylykdan sowlup geçip, howalalylyk, yşkanalyk, ruhy adatdan daşarylyk pursatlary bilen iş salyşandygyny aýtmak gerek. Meniň garaýşymça, adatylygy şeýle äsgermezlikden halas etmek, adatylygy pelsepe gözlegleriniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde orta çykarmak zerurlyk bolup durýar. Çünki adatylyk pelsepe manylaryndan mahrum barlyk däldir. Ol howalalylyk barlygyň beýleki tarapydyr, bularyň baglanyşyklylygyndanam adatylygyň pelsepe-ruhy mazmunynyň bardygy öz-özünden düşnükli bolýar.Eýsem-de bolsa, pelsepäniň adatylyga pisint etmänliginiň özüne ýetiksi ruhy-taryhy sebäpleri bar. Pelsepe – beýik ruhy meseleler bilen meşgullanýan ylym. Beýik ruhy hadysalar, düýpli ruhy jöwherler bolsa ruhuň howalalylyk giňişliginde – sungatda, ylymda, pelsepede we gaýrylarda ýüze çykýar. Galyberse-de, şu wagta çenli akyl-ruhy açyşlaryna has baý bolup çykan idealistik pelsepe «dünýä» düşünjesine nämährem göz bilen garap geldi, «dünýäniň» esasy mazmuny bolsa adatylykdadyr. Bu mazmun ýöntem, ýönekeý hem-de ruhuň garşydaşy hökmünde teswirlenildi. Bu ýerde pelsepe gözleglerine dahylly bolara näme barmyşyn?!Emma dünýä pelsepesiniň adatylyga tarap ýüzüni öwürmegine wagt boldy hasaplaýaryn. Iň bolmanda, adatylygyň adamzat köpçüliginiň ýaşaýyş giňişligidigini, bu giňişligiň howalalylygyň esasy başlangyjydygyny we çeşmesidigini ýatlamak gerek. Adatylyga geleň etmezden, adamyň bitewi ruhy hadysasydygyna akyl ýetirmek mümkin däldir.Şu jähetden meniň Adatylyk – adam panylygynyň hakykatydyr diýen berk ynanjyma gaýdyp gelesim gelýär. Mundaky hakykatyň geň-taňlygyna ünsi çekmek isleýärin. Beýle geň-taňlygy başgaça şu hili aňlatmak mümkin: panylygyň aýdyňlygy, ýagny panylygyň çynlygy. Biziň öňki akyldarlarymyz panylygy hakykatyň aldawy manyda teswirläpdirler: häzirki proses manysynda çyn, emma ahyrky netije manysynda ýalan. Başgaça aýdylanda, olaryň aňlaýşynda panylyk – munuň özi çynyň ýalana öwrülmegidir.Şu hili pikir hakykaty bir akyl gymmatlygyndan ugur alýar: proses esasy zat däl, netije esasydyr. Many lezzet netijesidir.Emma netije diýip nämä düşünmeli?! Pelsepe nukdaýnazaryndan, proses diýilýän zat özüne iki tarapy birbada sygdyrýar: sebäp hem-de netijäniň ikisiniň bitewüligi prosesi amal edýär. Häzirki netije indiki sebäpdir, şu wagtky sebäp bolsa indiki netijedir. Diýmek, bularyň arasynda tapawut, çäk goýmak juda çetindir. Şonuň üçinem men şeýle diýýärin: many hem lezzet diňe bir netijede däl, eýsem tutuş prosesiň özündedir. Şeýle diýip aýtsaň, pelsepe-akyl nukdaýnazardan ýarym hakykaty däl-de, doly hakykaty aýtmak bolar.Panylyk ýalan däldir, ol çynyň üznüksizligidir. Men biziň köne akyldarlarymyzyň panylyga ýaramaz garaýşynda bir nälaýyk zady görýärin: Munda nebsiň täsin bir görnüşi, megerem, şu wagta çenli hiç kim tarapyndan bellige alynmadyk we ýüze çykarylmadyk örän inçe görnüşi bar. Men muňa «Akyl nebsi» diýip at berýärin. Aslynda nebis – islegleriň doýmaz-dolmazlygydyr. Bedeniň islegi manysynda gelende, bu düşnükli hem ýönekeý bolýar. Emma biziň gürrüňini edýän babatymyzda nebis örän inçelik bilen ýüze çykýar. Ol hususy «men-meniň» diňe özüni bilip, dünýäniň ýaşaýyş kanunlaryny inkär etmek üçin her hili emelleri oýlap tapyşy şekilinde aýan bolýar.Ýaşaýşyň gymmaty onuň çäkliliginde, dünýäniň gözelligi we lezzeti onuň biziň her birimiz üçin panylygyndadyr. Ýaşaýşyň manysy ýetip bolmaýan maksatlaryň we açyp bolmaýan syrlaryň barlygyndadyr. Iň bagtly adam – iň uly we iň belent maksatlary tutýan adamdyr. Sebäbi näme? Sebäbi uly we göräýmäge akyl sygarlykly däl, mümkin däl bolup görünýän maksat prosesiň özüni juda aňryk süýşürýär, netijäni bolsa juda alysda goýýar. Munuň özi manynyň hem lezzetiň tükeniksizlige çenli uzaldylmagydyr.Beýik Perwerdigär adamy bagta ymtylyjy edip ýaradandyr. Bagt – her kimsäniň ymtylýan maksadydyr, çünki bagt sözüň doly manysynda haýyrdyr. Biz bagta ýetenimizde özümiziň kämilligimizi görýäris, şol pursat biz başga maksada ymtylmagy derwaýys bilmeýäris. Mundan bagtyň başga zatlar üçin däl-de, eýsem diňe özi üçin eziz görülýändigi mälim bolýar. Ymtylynýan maksatlaryň we eziz görülýän mertebeleriň köp bolýandygy sebäpli bagt eziz, artyk görülýän mertebeleriň iň peýdalysydyr. Biz bagty gazanyp, ondan çäksiz kanagatlanma we lezzet tapýarys, şu pursatda özümiziň başga hiç bir zada mätäç däldigimizi görýäris. Beýle häsiýete eýe bolýan zadyň diňe özi ýeterlikdir. Dogrusy, durmuşda her bir adam bagty aýry-aýry zatda görýär. Bagt düşünjesine her kimiň özüçe, dürlüçe jogap berýänligi hem şonuň üçindir. Kim özüne düşünilmegini, kim baýlygy, kim wezipäni, kim il-günden alkyş almagy, kim söýen ýary bilen durmuş gurmagy bagt hasaplaýar. Hut şonuň üçin hem men şeýle netijä gelýärin: her bir adamyň öz öňünde goýan maksadyndan, edýän arzuw-hyýallaryndan, durmuş, jemgyýet, adamlar, adamçylyk hakdaky pikirlerinden, bagta bolan garaýyşlaryndan şol adamyň içki mazmuny, kimdigi açylýar. Adamlaryň mazmuny gatnaşyklarda açylýar. Bagty adamlar eşret hökmünde kabul edýärler. Diňe ynsana mahsus bolan erke esaslanan ýagşylyk we ýamanlyk barada aýdylanda bolsa, onda biz olary gowy we erbet ahlaklar diýip parhlandyrýarys. Erke esaslanan ýagşylyk bir ýol bilen, ýagny ynsanyň ruhunyň bäş sany güýjüniň üsti bilen ýüze çykýar. Ol güýçler şulardyr: nazary akyl güýji, amaly akyl güýji, ymtylyjy güýç, hyýal ediji güýji we duýujy güýç. Ynsan bagta beýleki güýçleriň üsti bilen däl-de, diňe nazary güýjüň üsti bilen ýetýär we oňa aň ýetirýär. Munuň özi ynsan işjeň akylyň özüne berýän başlangyçlaryny we ilkinji ylymlaryny ulananda we olara aň ýetirende bolup geçýär. Soňra ynsan ilki amaly akyl güýjüniň, soňra ymtylyjy güýjüň üsti bilen bagta ýol gözleýär we oňa ýetmek üçin näme etmelidiginiň zerurlygy barada oýlanýar. Soňra ol ymtylyjy güýjüň guraly bilen oýlanmagyň netijesinde bilen zatlaryna amal edýär. Hyýal ediji we duýujy güýçler akyl güýjüni işe taýýarlaýarlar, oňa ýardam berýärler we ony ynsanyň bagta ýetmek ugrundaky hereketlere ugrukdyrmak üçin niýetleýärler. Beýle ýagdaýda ynsan doly eşrete eýe bolýar. Şunuň ýaly usulyň üsti bilen erke esaslanan eşret gazanylýar. Ynsan tarapyndan bagtyň esaslary hökmünde kabul edilýän köpsanly zatlar bar. Meselem, lezzetli, peýdaly, bähbitli we beýleki zatlar. Ynsan ruhuň nazary akyl bölegini kämilleşdirmekde haýal-ýagallyk etse, onda ol bagtyň nämedigine aň ýetirmezden bagta tarap howlugýar we durmuşynyň maksady hökmünde bagty däl-de, eýsem lezzeti, peýdany, bähbidi ýa-da başga bir zady saýlap alýar. Ol muňa ymtylyjy güýjüň täsir etmegi bilen ymtylýar, amaly akyl güýjüniň üsti bilen bu maksada nähili ýetmelidigi barada oýlanýar. Mahlasy, eždatlarymyzyň «bäş günlük» diýip atlandyran dünýäsinde bagtly, manyly ýaşamaly. Her kim öz başarnygyna, öz mümkinçiliklerine görä bagtly hem manyly ýaşamaga çalyşýar hem. Men näme üçin durmuşda ruhubelent ýaşamagy baş ýörelge hasaplaýaryn?! Munuň sebäbi örän aýdyňdyr. Meniň berk ynanjyma görä, dünýä inişden ölüme çenli aralykda – bäş günlük dünýäde bagta we maksada ýetmek üçin ruhubelentlik – ganatdyr. Ganat – maksadyňa ýetirýän tizlik serişdesidir.Ölüm – netijedir. Diýmek, her bir ölüm indiki başlangyçdyr, täze sebäpdir. Öz ömrümizi tükellemek bilen biz başga ömürlere ýol açýarys. Men panylygyň adalatyny şunda görýärin. Men muny – adalaty aýratyn alnan adamyň akyl nebsini ykrar etjek bolup, arrygyny gynamasynyň panylyk tarapyndan ret edilýänliginde görýärin.Beden ýaşaýşynyň manysy onuň tükenikliliginde, ruhy ýaşaýşyň manysy onuň tükeniksizliginiň mümkinligindedir. Bu mümkinçilik – külli adamzadyň ruhy bakylygyna – medeniýete goşant goşup bilmek mümkinçiligidir.Panylyk wagt bilen kesgitlenilýär. Akyldarlar wagta diňe bir tarapdan – netijäniň nukdaýnazaryndan çemeleşipdirler. Munuň özi gürrüňsiz nädogry hem adalatsyz netijä getiripdir. Biziň öz milli pelsepeçilerimiz Wagty «Pelek» diýen pelsepe düşünjesi bilen kesgitläpdirler. Ine, N.Berdýaýewiň Wagt baradaky käbir pikirleri biziň edil häzirki gürrüňimize aýdyňlyk berer diýip hasaplaýaryn. Ol şeýle ýazýar: «Biziň dünýä ýaşaýşymyzyň wagty bölek-büçek bolan wagtdyr, ol özünde ölüm getiriji, pis başlangyjy saklaýan ýaramaz wagtdyr, bu wagtda pis başlangyç aýan bolýar: ölüm getiriji we ýok ediji başlangyç, çünki, hakyt, indiki pursadyň öňki pursada getirýän ölümi hut ajal başlangyjydyr, biziň dünýämiziň ýaşaýşy diňe daşyndan göräýmäge dirilik getirýän ýalydyr, hakykatda bolsa, ol diňe ölüm getirýär, sebäbi ýaşaýşy kemal etmek bilen ol geçmişi ýokluk girdabyna taşlaýar».Elbetde, islendik pelsepeçiniň pikir gymmatlyklary onuň özüniň haýsy ýaşaýyş gymmatlyklarynyň nukdaýnazarynda durýanlygy bilen kesgitlenilýär. Ýokarky pikirleriň gelip çykyşy barasynda-da şony aýtmak bolar.Wagt, gürrüňsiz, iki tarapdanam işleýär. Ol diňe ölümi däl, eýse ýaşaýşy-da amal edýär. Ýaşaýyş bolsa mukdar däl-de, hildir. Akyldarlar Wagty ölüm bilen baglanyşdyrýarlar, emma Wagt hem ölüm, hem ýaşaýyş bilen baglanyşyklydyr. Bular Wagtyň biri-birinden aýrylmasyz iki tarapy, iki ýüzüdir. Bu dünýäde olaryň biri bolmasa, beýlekisi-de mümkin däldir. Ölüm getirýän Wagt togtasa, ýaşaýyş hem tükener.Panylyk – ölüm bilen diriligiň bitewüligi, biri-birinden aýrylyşmazlygydyr. Men panylygyň tükeniksiz proses hökmünde ýüze çykyşyna adatylyk diýip at berýärin. Adatylyk kimdigine, nämedigine we nähilidigine garamazdan, her bir adamyň daşyny gurşap alýan wagt – giňişlik hakykatydyr. Munuň özi durmuşyň howalalylyk bilen gönüden-göni galtaşmaýan adaty pursatlarydyr. Türkmen düşünjesinde bu hili özboluşly daşky ýaşaýyş «rozugär», «güzeran», «günema» ýaly kesgitlemeler arkaly aňladylýar.Adatylyk iki tarapdan teswirlenilip bilner. Bu hili ikitaraplaýynlyk biziň beýik pelsepeçimiz Gazalynyň adamlary iki topara bölmeginden gelip çykýar. Ol bolsa bakylyk – panylyk dahyllylygyna garap, «ham» adamlary hem-de «has» adamlary tapawutlandyrypdyr. Birinjiler – adatylyk giňişligine, ikinjiler bolsa ýokary, howalaly, ruhy zinelere dahylly kişilerdir. Emma iki giňişlik galtaşmaýan giňişlikler däldir. Şonuň üçinem, birinjiden, adatylyk adaty adamlaryň – ömründe hiç hili beýik ruhy ýokary göteriliş, açyş, dörediş belentliklerine galmaýanlaryň durmuşy, ikinjiden bolsa, «haslaryň» güzeran-rozugär tyly manysyndaky barlykdyr. Beýik akyldarymyz Faraby bolsa öz döwründe adamlary üç topara bölüpdi. Birinji, has, ýagny sowatly adamlar, ikinji, aam, ýagny sowatsyz adamlar, üçünji, aram adamlar. Aam adamlar – nazary düşünjeleri umumy maglumatlardan aňry geçmeýän adaty mähelle. Has adamlar – nazary düşünjeleri umumy maglumatlar bilen çäklenmeýän, başarjaň, guramaçy, akylly, köp zatlara oýlanyp akyl ýetirip bilýän adamlar. Has adamlar umumy ylym hem bilim derejesini hökmanylyk hasap edip, döwrüň gazananlaryny, kär edinen ugruny çuňňur öwrenýär. Raýat işlerine ýolbaşçylyk etmek ukyby gowşak, hiç bir sungata eýe bolmadyk adamlar – aram adamlardyr.Adatylygyň şu wagta çenli pelsepe hem gözellik gymmatlyklaryna dahylsyz durmuş hökmünde görülmegi barlygyň öz tebigy aýratynlyklary bilen baglanyşyklydyr. Bulam ýene Wagt bilen baglanyşyklydyr. Men bu ýerde meşhur amerikan pelsepeçisiniň wagt hem onuň üç modusy baradaky garaýşyny ýatlamak isleýärin. Ol diňe bir wagt – heminzaman bar diýip aýdýar. Adamlaryň geçmiş diýýäni bolsa yza süýşürilen heminzaman, geljegem öňe süýşürilen heminzaman diýýär. Geçmiş – düýş, geljek – hyýal.Wagtyň geçmişe öwrülmeginiň adama täsiriniň çäginde adatylyk gadyry gaçýan bir zat bolup görünýär. Şeýle bir zady göz öňüne getirip görüň: geçen wagt bilen geçýän wagty many-çynlyk nukdaýnazardan deňeşdirip görüň. Ine, iki-üç asyr, ýa-da ondanam köp wagt ozal ýaşan adamlaryň ömürlerini ähli jikme-jikliginde hyýalyňyzda dikeldiň. Öz geçiş prosesinde nähili manyly we anyk bolsa-da, ötenden soň ol jikme-jiklikler, anyklyklar boşa öwrülipdir, manysynyň, gowulygynyň mazasy gaçypdyr. Hawa, şu hili öwrülişik bilen bularyň barynyň mazasy gaçyp galypdyr. Onsoň şu hakykata aň eden adam özüni wagt tarapyndan aldanylýan adam hökmünde duýýar.Emma bu hakykatyň diňe bir tarapydyr. Özümizi aldanylan hökmünde duýmagymyzda biz tarapdan edilýän adalatsyzlyk, akyl namartlygy bar. Munuň özi teşne wagty suw satyn alyp, teşneligini gandyryp, edil şol wagt bu söwdasyny adalatly, dogry hasaplaýan, indiki gezek suwsanda-da, öňki gezek özüni aldanan hasaplaýan ejiziň bolşuny ýatladýar.Elbetde, adamyň beýle ejizligine düşünmek mümkin. Bakylyga isleg adama akyl-ruh bilen birlikde berlipdir. Adam yz galdyrasy, şu günden geçmişe däl-de, diňe we diňe geljege geçesi gelýär. Wagt bolsa ony biperwaýlyk hem biagyrylyk bilen geçmişe zyňyp dur. Ownuk-uşaklyklaryň, geljek üçin hiç hili ähmiýeti bolmadyk ähmiýetsizlikleriň giňişligi bolan adatylyk adamda hatda närazylyk duýgularyny döredýär.Adatylyk – geljege öwrülip bilmeýän heminzamandyr. Akyl hem-de ruh berlen adam adatylygy özüne rowa görmek islemeýär. Ol onuň üçin has gadyrsyzlyk hem arzysyzlyk bolup görünýär. Men bu geň-taň ýagdaýa akylyň bakylyk bilen oýun etmeleri, adamyň bikemallygynyň bir ýüze çykmasy hökmünde garaýaryn. Ömrüň görnüşi, gurşawy adatylykdyr, adatylygyň manysy bolsa dirilikdir. Diridigiňi aňlamagyň özi manynyň iň ýokary çägidir. Janyň sagdygyny duýmak, syzmak bolsa hakyky hyjuwdyr. «Meniň ertir kesellemegim mümkin, şonuň üçinem şu günki saglyk mende guwanç döredenok, ondan ýaňa göwnüm buz ýaly» diýip pikir etmek näsaglyk ýaly bolardy. Edil şonuň ýaly-da, häzirki wagt geçer, ertirim ýa bolar, ýa bolmaz diýip, göwün sowatmagam paýhasyň gaty bir sagdyn däldigidir.Adatylyk ýaşaýşyň esasy barlygydyr, onuň düýp derejesidir. Adatylykdan tapawutlanýan sungat, ylym, edebiýat we ş.m.-ler bolsa ýaşaýşyň artyklyk, söýgülilik, hatda, belki-de, kemlik, deňeşdirme derejeleri ýalydyr. Men adam ömrüniň gyzyklylygy we köpreňkliligi diýip yzygider suratda şu derejeleriň birinden beýlekisine geçip ýörmegini hasap edýärin. Men muňa barlygyň dürli ontologik giňişliklerine edilýän üznüksiz syýahat diýip at berýärin.Men adatylygy gowy görýärin. Men mahal-mahal ýöne ýaşamagy gowy görýärin. Men mahal-mahal ýöne ýaşaýanlygymy duýmagyň lezzetini başdan geçirýärin. Men adaty zada begenip bilýän adamlary gowy görýärin. Olaryň çaga göwni bar. Aslynda adatylyk – ýaşaýşyň päkgöwün çagalygydyr. Çagalar hökman bir zat üçin ýaşanoklar ahyryn, olar ýöne ýaşaýarlar we mundan lezzet alýarlar.Emma beýle pikir adatylygy howalalylyga garşy goýmagy aňlatmaýar. Çagalyk bilen ululyk gapma-garşylyk däldir, bularyň ikisem prosesdir. Adatylyk – tebigylyk, howalalylyk – kämillikdir.Adatylyk – durmuşdyr, howalalylyk – durmuşyň düýbüne çuňlaşmakdyr. Sap ynsançylyk nukdaýnazaryndan, sungat, ylym we beýleki ruhy-howalalylyk görnüşleri olary döreden durmuşyň özünden ýokary hem arzyly bolup bilmez. Olaryň ähmiýeti hut durmuşyň özüni duýmaga, has ýiti aňlamaga ýardam edýändiklerindedir.Men durmuşyň adaty akymyny duýmagy, başdan geçirmegi gowy görýärin. Adatça ýaşamagyň manysy we lezzeti başgadyr. Adatça turmak, her günki adaty işleriňi ýerine ýetirmek – işlemek, iýmek-içmek, adamlar bilen baryş-geliş etmek, gezelenç, dynç, täzelikler, hal-ahwal soraşmak – bu adaty durmuş akymy gözeldir. Her gün irden oýananyňda, ömri täzeden başlan ýaly hyjuwly hem ruhubelent ýapyşmak gerek. Adatylygyň endigini öz hyjuwlylygyň hem durmuşsöýüjiligiň bilen syndyrmak, ter hem-de täzeçe ýaşamagy başarmak gerek. Ýaşamakdan – ýürekden, çyndan, özüň bolup ýaşamakdan gaçganaklamak, ýalandan ýaşamak – her pursatdan we her hereketden lezzet, many alman ýaşamak ýaramazlykdyr. Adamlaryň käbiriniň arak, çilim we beýleki keýp beriji zatlara baş urmagynyň sebäbini men olaryň ýaşaýşyň, adaty durmuşyň özünden, ýöne ýaşamakdan lezzet alyp bilmeýändiklerinden görýärin. Lezzetiň tebigy çeşmesinden – ýaşamagyň özünden hiç zat alyp bilmeýändikleri sebäpli, olar emeli serişdelere – araga we beýlekilere baş urýarlar. Çünki islendik janly-jandar ýaly adamam lezzetsiz ýaşap bilmeýär. Aslynda, meniň düşünişimçe, Allatagalanyň adamy ýaratmakdaky esasy maksatlarynyň biri-de oňa lezzet paýyny bermekdir. Arman, biziň käbirimiz Allanyň ýaradan lezzet paýyndan özümizi mahrum edip, şeýtanyň lezzetlerine ýüz urýarys.Durmuş özüniň bütin adatylygy bilen Allanyň döredijiligidir. Bu dünýä – Allatagalanyň, o dünýä bolsa adamzadyň fantaziýasydyr. Adam döredijiligine baş goşmazdan ozal, biz Allanyň döredijiliginden lezzet almagy başarmalydyrys. Diňe şeýle ýagdaýda adamyň öz döredijiligi hem lezzetli we lezzet beriji işe öwrülip biler.Adatylyk döredijilik bilen utgaşanda, adamyň bitewi ruhy ýaşaýşy mümkin bolar. Men adaty ýaşamak, ýöne ýaşamak diýenimde maksatsyzlygy göz öňünde tutmaýaryn. Adatylyk – tebigy maksatlardyr we maksatlaryň tebigy suratda berjaý edilmegidir. Maksatsyzlyk tebigylygyň, maksatlylyk hem emeliligiň manydaşy däldir. Emelilik, ýasamalyk ömri ýaşaýşyň ekiztaýyna öwürýär. Adam serişdä öwrülýär. Adam öz ömrüni wagty geçirmegiň tärine öwürýär. Munuň özi durmuşyň bar görnügini hem lezzetini alýar.Hiç bir maksat ýaşaýşyň özünden ýokarda bolup bilmez. Hiç bir maksat ýaşaýşa garşy bolup bilmez. Iman hem ýaşaýşy inkär etmek däl-de, ýaşaýşy tükeniksiz dowam etmek – bakylyga ýetmek manysyndadyr.Türkmen dili ýaşaýyş meselesinde aňlatmalara baýlygy bilen tapawutlanýar. Biziň dilimizdäki «ýaşaýyş», «durmuş», «dirilik», «jan», «ömür» ýaly düşünjeler meselä dürli jähetden garamaga, ýaşaýyş meselesiniň köpsanly öwüşginlerini aňlatmaga mümkinçilik berýär.Ýaşaýşyň adatylygy we geň-taňlyklary barasynda bir türkmen tymsalyny gürrüň bermek isleýärin.Allatagala külli janly-jandary ýaradyp, hersine-de otuz ýaşdan ömür berýärmiş. Şonda adam özüne berlen otuz ýaşy az görüp, birhili kanagatsyzlyk görkezipdir. Emma jandarlaryň hemmesi beýle däl eken. Özüne berlen ömrüň agyr aladalaryndan ýaýdanyp, berlen ýaşyň bir bölegini yzyna gaýdyp berenlerem tapylypdyr. Bular eşek bilen maýmyn eken. Şonda Allatagala bularyň gaýtaran ýaşynam ömrüni az gören adama beripmiş. Şeýdip, Adam üç ömür edinipdir. Ýöne ol birinji otuz ýaşyny adam bolup, ikinji otuzyny eşek ýaly, üçünjisini bolsa maýmyn ýaly bolup geçirmelimişin.Özüne ýeten otuz ýaş ömri almaga baýguş barypdyr. Oňa otuz ýaş berilýändigini aýdanlarynda, baýguş: «Otuz ýaş näme bolýar?» diýip sorapdyr. «Otuz ýyl bolýar» diýip jogap beripdirler. «Ýyl diýeniňiz näme?», «Ýyl – dört pasyldan – ýazdan, tomusdan, güýzden hem gyşdan ybarat zat». «Onsoň ömrüm ötýänçä, şolar otuz gezek gaýtalanmalymy?» «Hawa». «Beýle bolsa, maňa birje ýyl ýeterlik» diýip baýguş öz islegini aýdypdyr.Baýguş ömrüň endige öwrülmeginden howatyr edipdir. Endik – ýalan hereketdir, tas hereketsizlikdir. Adatylyk – aňlanylan hereketdir. Adatylyk – ýaşaýyş. Bu ýaşaýşy manyly-mazmunly, ruhubelent geçirmek, bu dünýä gelmegiň Allatagalanyň peşgeşidigine düşünip, berlen amanadyň gadyr-gymmatyny bilmek – bagtlylykdyr. Men her bir ynsana ruhubelent hem bagtyýar ömür arzuw edýärin.

Osman Öde

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir