Ýaşaýyş 2. Tebigat barlygy
Adamyň jisimi tebigatdandyr, şonuň üçinem ahyrsoňunda ol tebigata-da siňip gidýär. Ruh üçin jisim menzildir, ýagny wagtlaýyn duralgadyr. Ýöne ruh şu dünýäde şeýle menzilsiz ýaşap bilmeýär. Jisim ýa-da beden ruhuň ýaşamagy üçin zerur görnüşdir.Biziň her birimiz entek ýagty jahana gelmänkäk jisimimizi ata-eneden alýarys. Ýagty jahana gelip, tä ömrümiz ötýänçä-de jisimimizi tebigatdan alýan iýmitimiz, howamyz bilen kemala getirýäris. Bedeniň ýaşaýyş mümkinçilikleri paýawlandan soň, ruh öz menzilini üýtgetmeli bolýar.Tebigat barlygynyň anyk modusy bardyr. Tebigat – sap biologik ýaşaýyşdyr. Ol tebigy kanunlara örklenen, himiki kanunlaryň üstünde gurnalan dirilikdir. Öz gezeginde tebigatyň üstünde jemgyýetçilik durmuşy we ruhy barlyk kemal edýär.Adamzat aňy ösdügiçe, ol tebigatyň öz pikir edişinden has näzikdigine hem ejizdigine göz ýetiripdir. Janly ýaşaýşyň jansyz älemden has kiçidigine akyl ýetirmek üçin müňlerçe ýyllar gerek bolupdyr. Örän gadymy eýýamlarda adamlar ähli barlygy şahsyýetleşdiripdirler, oňa dirilik hökmünde garapdyrlar. Eýýamlar geçdigiçe, diriligiň juda azdygy aýan bolupdyr. Adamzat häzirlikçe diriligiň diňe Ýer togalagynda bardygyny boýun almaly bolýar.Adamyň biologik dirilik dünýäsine gelmegine «dogulmak», ondan gitmegine bolsa «ölüm» diýilýär. Akyl nukdaýnazaryndan, bularyň ikisi-de gudratdyr hem-de häzirlikçe syrdyr.Tebigat ahlaga dahylsyzdyr, çünki onda ruh ýokdur. Tebigatda nebis hökmürowandyr. Nebsiň aslynyň tebigatdadygy üçin hem ruhuň ýaşaýşy bolan medeniýetde nebse pes, ýagny öňki menzildäki zat hökmünde seredilýär.Gözellik, paýhas hem-de many tebigatda däl-de, biziň tebigata bolan gatnaşygymyzdadyr. Bu sypatlar diňe ruhuň ýaşaýşynda peýda bolýar. Ruh biziň tebigatdan ýokary galmak mümkinçiligimizdir.Tebigat barlygy diýenimde men dünýäni – biologiki ýaşaýyşly barlygy göz öňünde tutýaryn. Tebigat barlygy – janly ýaşaýyş ulgamydyr.On ýedi millard ýyl mundan ozal Ýer saýýarasynda (planetasynda) ilkinji mikroorganizmler emele gelipdir. Jansyz zatdan janly zadyň döremegi dünýäde iň uly gudratdyr, akyl ýetmez zatdyr. Emma Allanyň gudraty çäksizdir. Galyberse-de, bir million ýigrimi müň ýyldyzy öz içine alýan, şol ýyldyzlaryňam milliardlarça saýýaralaryny öz içine alýan Älemde milliardlarça ýylyň dowamynda biziň pikirini hem etmeýän gudratlarymyzyň bolup geçendigini çaklamak mümkin. Ine, şol gudratlaryň iň bolmanda biriniň amala aşandygyna biz – adamzat şaýatdyrys. Ol gudrat – ýaşaýyş Gün ulgamynda, Ýer saýýarasynda häzirem dowam edýär.Tebigat adamzada çenli örän uzak we çylşyrymly ýaşaýyş ösüşini başdan geçiripdir. Jandarlaryň ýaşaýyş toparlarynyň uzyn kerweniniň başynda öýjüksizler diýilýänler durýar. Olar wiruslar, bakteriýalardyr. Olardan soň öýjükler – ýadrosyz öýjükliler, ýadroly öýjükliler gelýär. Olardan soň ösümlikler dünýäsi başlanýar. Ösümlikler – organiki däl birleşmelerden organiki zatlary alyp, şonuň bilen iýmitlenip bilýän jandarlardyr. Emma olaryň içinde taýýar organiki iýmit bilen oňňut edýänleri-de bardyr. Gök ösümlikler Gün şöhleleriniň energiýasyny ulanýarlar, şonuň bilenem dünýäniň organiki düzümi we howanyň gaz düzümi saklanylýar. Diýmek, Ýer ýüzüniň külli ýaşaýşy ösümlikleriň gerdeninde oturandyr. Häzirki wagtda ösümlikleriň 350 müň töweregi görnüşi mälimdir. Olar pes derejedäki we ýokary derejedäki ösümlikler diýen toparlara bölünýär.Pes derejeliler – köke, baldaga we ýapraga bölünmeýän ösümliklerdir. Bular suwotulardyr. Elli müň töweregi görnüşlidir. Köplenç, reňkleri boýunça – gyzyl, goňur, ýaşyl, gök-ýaşyl, altynsow diýip bölünýärler.Ýokary derejeli ösümlikler, takmynan, 300 müň görnüşde bolup, bu ýere galan ähli ösümlikler girýär.Ösümliklerden soňky basgançakda kömelekler ýerleşýär. Kömeleklerde ösümlikleriňem (gögermek, ösmek, öýjük diwarjyklarynyň bolmagy), haýwanlaryňam (taýyn organiki iýmitlenmek) aýratynlyklary bardyr. Olaryň 100 müňdenem köp görnüşi bellidir.Kömeleklerden soňky basgançak haýwanlardyr. Haýwanlaryň ösümlikler bilen umumylyklary bar, çünki asly birdir. Esasy umumylyk ikidir – öýjükli gurluş hem-de madda çalşygy. Emma ösümliklerden tapawutlylykda haýwanlar jansyz maddadan organiki iýmit alyp bilmeýärler, şeýle-de bular gymylda ukyplydyrlar. Haýwanatyň 2 million görnüşi anyklanylandyr, köpüsi-de mör-möjeklerdir.Haýwanlaryň balyklar, oňurgalylar, ýerde-suwda ýaşaýanlar, süýrenijiler, guşlar, süýdemdirijiler ýaly ulgamlary bardyr. Süýdemdirijileriň içinde gemrijiler, ýyrtyjylar, kitler, holtumlylar, goşatoýnaklylar, täktoýnaklylar we beýlekiler tapawutlandyrylýar.Adamzat madda taýyndan tebigat barlygyna, ruhy taýyndan bolsa ruh barlygyna degişlidir. Diýmek, ol bir menzilden beýleki menzile geçiş barlygydyr. Men adamzat barasynda geljekde aýdaryn.Tebigatyň ýaşaýyş syrlaryna aralaşmak üçin Älem barlygyndan başlanýan wagt-giňişlik hakykatyna akyl ýetirmek zerurdyr. Külli barlyk diňe wagt-giňişlik arkaly ýoklukdan tapawutlanýandyr. Wagt-giňişlik düşünjesi daşymyzy gurşap alýan dünýäniň aýratynlygyndan gelip çykýar. Biziň bir gije-gündiz diýýän wagt çägimiz Ýeriň öz okunyň daşyndan bir gezek aýlanmagyndan, biziň bir ýyl diýýän wagtymyz Ýeriň Günüň daşyndan bir gezek aýlanmagyndan ýüze çykýar. Ýeriň Gün ulgamynyň içinde galaktikanyň merkeziniň daşyndan 250 million ýylda bir gezek aýlanmagyndan «Galaktiki ýyl» diýilýäni kemala gelýär.Şeýlelikde, wagt hem giňişlik diýilýäni Älem bölekleriniň hereketinden we biri-birine wagt hem giňişlik gatnaşygyndan ýüze çykan kesgitlemelerdir. Älemiň her bir böleginiň öz wagty bardyr. Biziň göwrämiziň böleklerinde hem wagt dürlüçe geçýändir. Gije-gündiziň dürli pursatlarynda göwräniň dürli agzalarynyň işleýiş depgini deň däldir. Gije sagat 3-4-lerde bagyr has işjeň bolýar, ondan soň ähli agzalar rahatlyk ýagdaýyna geçýär.Adam beýnisiniňem öz işleýiş-ýaşaýyş wagty bardyr. Hut adam beýnisiniň işleýşi adamzadyň wagt kabul ediş ukybynyň esasynda ýatýar. Adamyň ýaşy ulaldygyça, bedeniň daşky dünýä bilen madda çalşygy haýallaýar, şonuň üçinem adamyň wagty duýuş ukyby-da üýtgeýär. Şol sebäpli adam ömrüň birinji ýarymynda, esasan, şu güni, ikinji ýarymynda bolsa geçmişi – ýatlamalar bilen ýaşaýar. Onsoň, esasy ünsi geçmişe gidensoň, adam üçin wagt geçmesini çaltlandyran ýaly bolup görünýär.Adamzadyň wagt hem giňişlik düşünjesine Eýnşteýniň döreden otnositellik nazaryýeti uly üýtgeşikleri girizdi. Munuň düýp manysy şundan ybaratdyr: fiziki barlykda wagt we giňişlik araçäkleri hasaby bir ulgamyndan beýlekisine geçilende üýtgeýärler. Diňe ýagtylygyň tizliginden az bolan tizligiň çäginde wagt hem giňişlik şol durşuna galýar. Emma tizlik ýagtylygyň tizligine golaý gelende, zatlaryň ululygy-da, hereketiň tizligi-de düýpgöter başgaça bolýar.Aslynda wagt hem giňişlik diýilýän iki sany zat ýokdur. Wagt – giňişlik bir bitewülikdir. Biziň dünýämiziň wagt-giňişlik ýaşaýşy dört ölçegdedir: üçüsi giňişlik, biri wagt bilen baglanyşyklydyr. Giňişlik uzynlyk, giňlik we beýiklik ölçeglerine eýedir. Diňe şu üç giňişlik ölçeginde molekulalar we saýýaralar mümkindir. Biziň Älemimiz ýoklukdan – waakumdan emele gelendir. Dört ölçeglilik hem galaktikanyň şol asylbaşky waakum ýagdaýyndan gelip çykypdyr. Eger biz has kiçi dünýälere aralaşsak, onda başga-başga ölçegli barlyklaryň mümkindigine göz ýetirip bileris.Şu dört ölçegiň çäginden fiziki manyda çykmak adama berilmändir. Adam ýaşaýşy diňe şol dört ölçegiň içinde mümkindir. Emma adam ruhy-aňyýet taýdan şol çäkden çykyp biler. Ol eýýäm başga älemler – metagalaktikalar bolar. Ol älemlerde biziň aňymyzyň öwrenişen «öň-soň», «öň-yz» diýilýän wagt hem giňişlik ölçegleri ýokdur. Bu mesele Äleme akyl ýetirmekde möhüm pursatdyr. Ine, köplenç, şeýleräk soraglar berilýär: dünýä döremezden öňki wagtda näme bolduka, ondan öňki, ondanam öňki... wagtlarda näme bolduka?! Ýa-da älemiň aňyrsy niredekä, aňyrdan aňyrda... nämeler barka? Älemi beýle göz öňüne getirmek biziň dört ölçegli wagt-giňişlige öwrenişen aňymyzyň oýnudyr. Beýle göz öňüne getirişiň, şeýle soraglaryň manysy ýokdur. Çünki beýle ölçeg diňe biziň dünýämize mahsusdyr. Onuň wagt-giňişlik çäginden aňyrda bütinleý başga ölçegler, göz öňüne getirmeler başlanýar. Muny şeýle bir mysal bilen düşündireýin: Siz dörtburç otagda ýaşaýarsyňyz, gapydan çykýarsyňyz welin, üçburç otaga, ondan aňyrda ýedi burç otaga we ş.m.-lere geçýärsiňiz. Göze görünmeýän dünýäleriň wagt-giňişlik ölçegleri barasynda göze görünýän dünýäniň düşünjeleri esasynda gürrüň etmek mümkin däldir.Göze görünýän älemiň bolsa dört basgançagy bardyr: fiziki barlyk, biologiki barlyk, jemgyýetçilik barlygy hem-de ruhy barlyk. Bularyň hersinde özüne mahsus wagt-giňişlik bardyr.Fiziki barlyk öz gezeginde üç derejä – mega, (iň uly), makro (uly) hem-de mikro (iň kiçi) derejä bölünýär. Megabarlykdaky giňişlik ondaky maddalaryň we meýdanlaryň ortaça dykyzlygyna baglydyr. Eger bu dykyzlyk 10-29 g. sm3-dan uly bolsa, onda älem – ýapyk giňişlik kiçelip, elementar bölejikleriň möçberine çenli kiçelerdi. Eger dykyzlyk degişli görkezijiden az bolsa, onda älem açyk giňişlik bolup, onda Beýik Partlama we kem-kemden ulalmak-giňelmek ýüze çykmalydyr.Bu şeýle-de bolupdyr. Emma barlygyň käbir böleklerinde nokada çenli kiçelýän ýapyk älemleriň bardygy nazary taýdan ähtimaldyr. Biziň Älemimiziň barha giňelip barmagy wagt-giňişligiň häsiýetine güýçli täsir edipdir. Galaktikalar biri-birinden daşlaşdygyça, olaryň tizligi artýar. Ýagtylygyň tizligine golaý tizlikler ýüze çykanda bolsa wagt hem giňişlik aýry-aýry zatlar bolup başlaýar.Älem ýaňy dörände bolsa maddanyň dykyzlygy juda uluka, Älemiň özi elementar bölejikleriň gurluşyna meňzeş gurluşda eken. Giňişlik 10-33 sm. wagt 10-43 sm. ölçegdekä, olary ondan kiçä bölmek mümkinçiligi aradan aýrylýar.Janly tebigatyň özüne mahsus wagt-giňişlik ölçegleri bardyr. Janly molekulalaryň giňişliginiň aýratynlygy olardaky atomlaryň «çep» we «sag» toparlara bölünýänligidir. Emma jansyz ulgamlarda diňe çep tarapky molekula görnüşleri bolýar. Munuň özi janly organizmlerde iki jynsyň ýüze çykmagyna getirýär.Edil öz giňişliginiň bolşy ýaly, janly bedenleriň öz wagt ölçegi hem bardyr. Janly-jandarlar üçin wagt birnäçe böleklere bölünýär. Ösümlik üçin diňe heminzaman, haýwanat üçin diňe heminzaman we geçmiş, adam üçin bolsa geçmiş, heminzaman we geljek bardyr.Biologik barlyga özboluşly hereket mahsusdyr. Bu hereket janly maddanyň hiliniň üýtgemeýän çägindäki hereketdir. Bu çäkden geçilende, janly madda jansyza öwrülýär, biohereket himiki herekete geçýär. Janly bedeniň ýaşaýşyny üpjün edýän zat öýjükleriň hereketidir. Muňa belok molekulalary, şeýle-de DNK we RNK girýär.Şeýlelikde, tebigat barlygy Älemiň biziň häzirlikçe bilşimize görä, ýekeje künjünde – Ýer ýüzünde mümkin bolan barlykdyr. Bu hereket öýjüklerden bedenleriň döremegine getiripdir. Beýle hereket özüniň ugrukdyrylyşy taýdan yza gaýduwsyz hereketdir. Beden bir ölenden soň, gaýdyp direlmeýär. Hut şu aýratynlygy bilen bu hereket mehaniki hereketden düýpgöter tapawutlanýar.Eger biohereketiň gaýduwsyzlygy, diňe öňe gidýänligi jedelsiz bolsa, onda biohereketiň soňky nokat bolmajagy paýhasa laýykdyr. Biohereket öz gezeginde başga bir herekete – ruhy herekete geçýär.Hereketleriň şeýle hil köpdürlüliginde Dawut pygamberiň aşakdaky hadysy ýadyňa düşýär. Hezreti Dawut Allatagaladan sorapdyr: «Eý, Biribar, meni näme üçin ýaratdyň?» Şonda Allatagala soraga şeýle jogap beripdir:«Men bir jöwherdim. Pynhanlykdan aýanlyga geçmek isledim. Onsoň öz-özümiň pynhanlygyma göz ýetirmek üçin adamy ýaratdym».Jöwher – hem göwher, hem substansiýadyr. Beýik Rumy aýtmyşlaýyn, tutuş Älem ylgawdadyr: ýöne her ylgawyň özüçe aýratynlygy bar. Adamyňky – bir, ösümligiňki – başga, emma ruhuňky hemmesindenem üýtgeşikdir.
Osman Öde