Ýaşaýyş 1. Älem barlygy


Biziň milli pelsepe medeniýetimizde älem meselesi aýratyn orun eýeleýär. Bu meseläniň çäginde adamyň dünýä bolan gatnaşygy özüniň bütin pelsepe çuňňurlygynda beýan edilipdir. Älem ýa-da Dünýä mowzugynyň pelsepe manysy hem-de ähmiýeti şundan ybaratdyr: munda adamyň bütin daşky barlyga bolan pelsepe gatnaşygynyň tutuşlygy we ähli-umumylygy aýan bolýar. Şonda tutuş barlyk iki esasy jähete – adama hem-de dünýä bölünýär. Ine, Adam, ine-de, Dünýä. Bir tarapda ömri kesgitli, wagtlaýyn adam, beýleki tarapda bolsa, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän baky dünýä. Meseläniň şeýle goýluşynda, şeýle göz öňüne getirilişinde, ruhy göwher bolan adamzat maddy jöwhere – dünýä gapma-garşy goýulýar. Älem barlygy şahsyýetleşdirilip, bütewi «dünýä» aňlatmasy bilen aňladylýar.Adamy dünýä gabatlygynda goýmagyň özi eýýäm pelsepe nukdaýnazaryndan düýpli hadysadyr. Çünki şeýtmek bilen adamzat külli älem barlygyna barabarlyk derejesine we ähmiýetine ýetirilýär. Adam dünýäň deňine çenli bimöçber ulalýar we beýgelýär. Şonda adamyň wagt, döwür, maddy, durmuş hajatlary, aladalary, gutulgysyzlyklary bilen baglanyşykly ownuk taraplar aradan aýrylýar-da, ýaşaýyş onuň ýokary dünýäüze mazmunyny ýüze çykarýar. Biziň nusgawy pelsepeçilerimiziň dünýä baradaky pikirleriniň we heserlenmeleriniň çuňňurlygy hem-de özüneçekijiligi hut şol sebäplidir. Külli daşky barlygyň ýeke söz bilen – «Dünýä» bilen aňladylmagy aň babatda, akyl ýetiriş babatda uly ýeňişdir. Külli barlyk bir söze çenli umumylaşdyrylýar, ýygnalýar, «kiçeldilýär», degişlilikde, adamyň özi-de dünýä barabarlykda ulalyp gidýär. Özüni-de aýratyn, özbaşdak dünýä – jöwher hökmünde duýýan, aňlaýan adamzat daşky dünýä bilen özboluşly bäsleşýär, dünýä bilen sözleşýär, dünýä bilen jedelleşýär, garaz, dünýä bilen iş salyşýar. Şeýle göz öňüne getirme, şeýle ruhy we akyl ýetiriş pelsepe syzgysy diňe pelsepe taýdan ösen medeniýetde mümkin zatdyr.Ruhy jöwher bolup dünýäden aýrybaşgalaşmak, wagt-giňişligiň çägindäki barlyk bolup dünýä barabarlaşmak, dünýä bilen bäsleşmek ruhy tutuşlylykdan habar berýär.Biziň nusgawy akyldarlarymyzyň dünýä bolan gatnaşygy dünýäniň özünden dörän däl-de, muňa başga bir barlykdan düşen bigäne hem saýry ruhuň gatnaşygydyr. Hut şonuň üçinem dünýä barasynda söz açanlarynda, olaryň dilinden ot sowrulýar, gazaply sözler ýaňlanýar. Munuň özi iki sany jöwheri (substansional) ýadyň çekeleşigidir. Şeýle barlyşyksyzlygy adamara gatnaşyklarynda döreýän, jemgyýetçilik ýaşaýşyndan gaýdýan näsazlyklar, kynçylyklar, deňsizlikler bilen düşündirmek nädogrudyr. Dünýä ýaly düýpli barlyk bilen deňleşmek adamyň düýp tebigatyndaky gerimleri we hakykatlary ýüze çykarýar. Şeýle-de, «dünýäniň» bitewüligi adamyň özüniňem bitewülikde açylmagyna sebäp bolýar.Köp akyldarlarymyz «dünýä» aňlatmasy bilen birlikde «pelek» düşünjesini hem köp ulanypdyrlar. Aslynda pelek diýmek «gijeki ýyldyzly asman» diýmegi aňladýar. Gijeki ýyldyzly asman bolsa barlygyň soňsuzlygydyr, gözýetmezligidir we serhetsizligidir. Şeýle soňsuzlygyň, gözýetmezligiň hem biserhetligiň alnynda adam hatda hopugybam gidýär. Şu ýerdenem her hili heserlenmeler, ruhy perişanlyk, göwün intizarlygy döreýär. Adamlar örän gadymy wagtlarda öz ömürlerini gysga edýän wagtyň asmandan gelýändigini bilipdirler. Şonuň üçinem «pelek» manysy wagt bilen baglanyşyklydyr. Dünýä pelegiň erkinde, pelek bolsa Allanyň ygtyýaryndaky barlykdyr. Şu ikiarada Adamyň özüni bigäne hem saýry duýmagy bakylygyň şol barlyklaryň çäginden aňyrda ýerleşýänligindendir.Ruhuň dünýewileşmegi netijesinde dünýä bitewülik mazmunyny ýitirdi, pelek şahsyýetlikden mahrum boldy. Indi adamzat älemlere janly, şahsyýetleýin barlyk däl-de, jansyz ümmülmezlik hökmünde garaýar. Şeýle öwrülişik bilen adamzadyň nämeler gazanandygy, nämeleri soňsuz ýitirendigi möhüm meseledir. Men häzir bu meseläni bir gapdalda goýýaryn. Oňa derek dürli ylymlaryň soňky ýyllarda eden açyşlaryny ulanmak bilen, adamzady gurşap alýan Älem barlygynyň nämedigi barasynda iň esasy hakykatlary gysgaça aýtmak isleýärin.Älemiň iň kiçi böleklerine häzirkizaman ylmynda «elementar bölejikler» diýilýär. Elementar bölejikleriň häsiýeti biziň günde-günaşa görüp durýan uly böleklerimizden – zatlardan düýpgöter tapawutlanýar. Olaryň bir görnüşine adronlar diýlip, muňa protonlar, neýtronlar, mizonlar we beýlekiler degişlidir. Beýleki bir görnüşi neptonlardyr. Elementar bölejikler Älemiň esasyny, çig malyny kemala getirýärler. Şonuň üçinem olaryň aýratynlyklaryny, häsiýetlerini, ýaşaýşyny öwrenip, Älemiň nähililik bilen kemala gelendigini göz öňüne getirmek mümkindir.Elementar bölejikleriň täsin görnüşi adronlaryň kwark gurluşydyr. Kwarklar we lentonlar Älemiň gurulmagy üçin esasy çig mal bolup hyzmat edýärler, çünki kwarklaryň özara täsiri mynasybetli atom ýadrolary ýaşamaga mümkinçilik alýarlar, ýadronyň daşynda elektron gabyklarynyň döremegi bolsa atomlaryň emele gelmegine sebäp bolýar.Elementar bölejikleriň ýaşaýşynyň öwrenilmeginiň örän uly ähmiýeti bardyr. Çünki ylym maddanyň içki gurluşyna tarap näçe çuňluga gidip bilse, Älemiň ululygyna we möçberine göz ýetirmäge-de barha köp mümkinçilikler açylýar.Maddanyň gurluşynyň elementar – iň kiçi derejesi elementar bölejiklerden başga waakum diýilýäni hem öz içine alýar. Fiziki waakum – maddanyň aýratyn ýagdaýydyr. Waakumda «wirtual bölejikler» diýilýänleriň üznüksiz döreýiş we ýok boluş prosesi bolup geçýär. Wirtual bölejikler – degişli elementar bölejikleriň özboluşly mümkinçilikleri, olaryň kökleri, dogulmaga taýýar, ýöne dogulmak, döremek pursadyna ýetmän, örän az wagt içinde «ýalp» edip, soňam ýok bolup gidýän bölejikleridir. Ýeterlik şertler emele gelende, olar elementar bölejiklere öwrülip bilýärler.Fiziki waakumyň böküş arkaly öz gurluşyny üýtgedip bilýändiginiň üsti açyldy. Älemiň döreýşi hem waakumyň şu hili häsiýeti bilen baglanyşdyrylýar. Elementar bölejikleriň köpçülikleýin dogulmagy netijesinde, takmynan, 20 milliard ýyl mundan ozal fiziki waakumda «Beýik Partlama» diýilýän bolup geçipdir. Elementar derejedäki zatlaryň özara täsiri we bu täsir esasynda kemala gelýän elementar bölejikleriň özara täsiri has çylşyrymly maddy ulgamlaryň döremegine getirýär. Elementar bölejiklerden atomlar döreýär. Atom öňkülerden tapawutlylykda maddanyň hil taýdan täze görnüşidir.Elementar bölejikler, atom ýadrolary, elektron gabyklaryndaky elektronlarynyň belli bir bölegini ýitiren atomlar bolan ionlar gaza meňzeş maddany – plazmany emele getirýärler. Elektromagnit çekiş meýdanlary tarapyndan bir ýere üýşürilen ägirt uly plazma bölekleri maddanyň ýene bir derejesi bolan ýyldyzlary kemala getirýärler. Olaryň teýkarynda ýadro öwrülişikleri bolup geçýär we netijede bir bölejikler başgalara öwrülýär, şunuň hasabyna bolsa  ýyldyzlar hemişe ýagty saçyp durýarlar.Ýyldyzlar atomlaryň döreýän gorhanasydyr. Olarda atom ýadrolary döräp durýar, ýyldyzlaryň gyrak-bujaklaryndaky gyzgynlygyň pes derejelere düşýänligi sebäpli bolsa atomlar döreýär. Atomlaryň özara täsin täsirleriniň netijesinde maddanyň ýene bir derejesi – molekulalar kemala gelýär. Molekulalardan suwuk, gaty, gaz görnüşdäki uly maddalar kemala gelýär. Özboluşly hem çylşyrymly gurluşy bolan – ýadrodan, daşdan-toprakdan, howadan we suwdan ybarat bolan planetalar hem şeýle ýol bilen döräpdirler we döreýärler. Ýyldyzlar hem-de saýýaralar «planeta ulgamy» diýilýäni emele getirýärler.Özara täsirde ýaşaýan ýyldyzlaryň, saýýaralar ulgamlarynyň, ýyldyzara tozanyň hem gazyň uly üýşmekleri galaktikany emele getirýärler. Biziň Ýerimiz hem şeýle galaktikalaryň birine degişlidir. Biziň galaktikamyz ýumurtga şekilindedir we spiral görnüşindedir. Biziň galaktikamyza girýän ýyldyzlaryň esasy bölegi 100 müň ýagtylyk ýylyndan ybarat diametrli we 1500 ýagtylyk ýylyndan ybarat galyňlykdaky tegelegiň üstünde ýerleşýär. Ýagtylygyň tizliginiň sekuntda 200 müň kilometrden ybaratdygyny ýada salsaň, galaktikanyň nähili äpetdigini göz öňüne getirip bolýar.Häzirki wagtda biziň Günümiz galaktikanyň çeträk bir giňişliginde hereket edýär. Şonuň üçinem Ýerden bakanyňda galaktikanyň özeni görünmeýär, arany tozanlykdan ybarat duman ýapýar. Biziň Günümiz galaktikanyň özeniniň daşyndan 250 million ýyldan bir gezek aýlanýar. Muňa «Galaktiki ýyl» diýip at beripdirler.Galaktikalaryň toplumyna «Galaktikalar ulgamy» diýilýär. Galaktikalar ulgamyndanam has uly madda «Metagalaktika» diýilýär. Metagalaktika Älemi göz öňüne getirmegiň häzirlikçe iň uly, iň aňryçäk derejesidir. Metagalaktikadaky galaktikalar örän uly tizlikler bilen bir-birden daşlaşyp gidip otyrlyr. Bu hadysa fizikler «Metagalaktikanyň giňelmegi» diýip at berýärler.Metagalaktikadan aňyrdaky dünýä barasynda biz az bilýäris. Ony diňe şertli «Metagalaktikadan daşdaky dünýä» diýip atlandyrýarlar. «Älem giňişligini nähili göz öňüne getirmeli?» diýen mesele şu ýerde tamamlanmaýar. «Aňrynyň aňyrsynda näme bar, öňüň öňünde näme bar?» diýen sowal ylmy däl pikirlenmäniň netijesidir. Älemde wagt hem-de giňişlik manysyndaky «öň» we «aňry» diýilýän ölçegler bolmaýar. Men bu barada soňrak aýdaryn. Edil häzir bolsa Älemiň nädip dörändigini we iň kiçijik jandarlar – mikroorganizmler döreýänçä nähili «ömri» başdan geçirendigini gysgaça beýan edesim gelýär.Aýdylyşy ýaly, ilkibaşda Beýik Partlama bolupdyr. Munuň özi Allatagalanyň «kün» – «döre» – «bol» diýen pursadydyr. Ondan ozal barlyk singulýar ýagdaýda bolupdyr. Singulýar ýagdaý – iki sany nokadyň biri-birinden tapawutlanmaýan hem-de zadyň bimöçer, iň aňrybaşky dykyzlykda bolan ýagdaýydyr.Beýik Partlama netijesinde ilkibaşda grawitonlar ýüze çykypdyr. Grawitonlar diýilýäni kwant teoriýasynyň çak edýän, entek synag arkaly alnyp görülmedik elementar bölejiklerdir. Grawitonlaryň ýüze çykan pursadyna «Plank pursady» diýip at berilýär.Älemde maddanyň ösüşiniň ähli derejelerini görüp bolýar. Älemiň bir böleginde entek elementar bölejikler derejesi bar, ýene bir böleginde madda – zat derejesini görüp bolýar. Biziň Ýerimiziň derejesi älem ýaşaýşynyň iň ýokary derejeleriniň biridir, çünki munda biologiki ýaşaýyş bar.Filosofiýadaky materializm hem idealizm akymlarynyň Älem barasyndaky garaýyşlarynyň biri-birinden tapawudynyň düýp manysyna üns çekmek isleýärin. Bu hili tapawutlandyrma, mälim bolşy ýaly, Engelsden gaýdýar. Engelsiň bu kesgitlemesiniň gereginden aşa uly ähmiýetli edilmegi, bu meseläniň, hamana, filosofiýanyň formalary baradaky esasy uly, baş meselä öwrülmegi pelsepe ylmyna uly zyýan ýetirdi hasaplaýaryn. Materializm hem idealizm meselesinde islendik başga bir meseledäki ýaly, beýik Gegeliň dialektiki kanunlarynyň biri ulanylmalydyr. Hususanam, gapma-garşylyklaryň göreşi we bitewüleşme kanuny şu meselede hem ulanylmalydyr. Materializm we idealizm adamzadyň pelsepewi dünýägaraýşynyň iki sany biri-birine gapma-garşy ugrudyr, ýörelgesidir. Gegeliň dialektikasyna laýyklykda, nirede gapma-garşylyk bar bolsa, şol ýerde bitewülik hem bolaýmalydyr. Diýmek, biz materializm bilen idealizmiň bitewülik jähetini-de gözlemelidiris we tapmalydyrys. Ünsli syn etseň, düýbüne düşünip aňlasaň, bularyň aýdýanlarynyň aslynda bir zatdygyna, ýöne dürlüçe sözleýändiklerine düşünmek kyn däldir.Emma diňe düşünmek bilen mesele tükellenmeýär. Adamzadyň bir tebigaty bar: akyl ýetirmek işi iki jähetden ybaratdyr: birinjisi düşünmek, ikinjisi düşünilen hakykata öz ahlaky gatnaşygyňy kesgitlemek. Ine, akyl ýetirişiň şu ikinji jähetinde materializm bilen idealizmiň ýollary aýrylyşýar. Başda bularyň ikisine – Älemiň ösüşiniň dürli – fiziki, biologiki, ruhy, garaz, dürli derejeleri barasynda şol bir zatlary diýen ýaly aýdýarlar. Bu – düşünmek jähetidir. Emma olaryň hersi düşünilene başgaça ahlak gatnaşygyny ýüze çykarýar. Idealizm Älemiň ruhy ösüş basgançagyny, materializm bolsa fiziki ösüş basgançagyny ylahylaşdyrýar. Şu tarapdan, idealizm has gymmatlydyr we maksada hem paýhasa laýykdyr. Şu mahala çenli materializmiň Älem babatda has ýöntem we has garyp, öndümsiz pikirlenendiginiň aňyrsynda hut şol aýratynlyk ýatandyr. Ol Älemiň has pes basgançagyny kämillik, gutarnyklylyk diýip bilýär, az bilen oňňut edýär. Idealizmiň pikire baýlygynyň, miweliliginiň, çäksizliginiň we düýpsüzliginiň sebäbi bolsa, onuň ula ýykylanlygydyr: ol Älem ýaşaýşynyň has kämil görnüşini ýosas-ylah edindi.Hudaý baradaky mesele adamyň akylynyň däl, onuň, umuman, tebigatynyň meselesidir. Eýse, filosofiýanyň dilinde aýdylanda, Hudaý nämedir?! Hudaý – özi pesräk derejedäki ruhy substansiýa bolan adamzadyň özünden has ýokary derejedäki ruhy substansiýany göz öňüne getirişiniň görnüşidir. Adam özüni madda diýip aňlanda materialist, özüni ruh diýip aňlanda bolsa idealist bolýar. Hudaýa bolan gatnaşyk şu iki aňlaýyşda-da özüňden has uly, has çylşyrymly derejäni göz öňüne getirmekdir. Materialistleriň Hudaýy ýok diýmegi nädogrudyr. Olaryň Hudaýy – ümmülmez, äpet hem bimöçber jansyz Materiýadyr. Olaryň akylynyň çäkliligi barada biziň beýik akyldarymyz Jelaleddin Rumy şeýle ýazypdyr: «Batyn dünýäniň şu dünýädäkiden başga öz bulutlary we ýagyşlary bardyr. Ol dünýäniň asmanlary we şuglalary başgaçadyr. Ýöne bu zatlaryň bary diňe aryfa – adaty dünýäge kämilligiň ýokary başydyr öýdüp aldanmaýan adama aýan bolýandyr».Ýene-de beýik Jelaleddin Rumy Älemiň ösüşiniň içki mantygyny özünde jemleýän adam barasynda şeýle diýýär: «Ilkibaşda sen palçykdyň. Minerallyk basgançagyny geçip, sen ösümlik bolduň. Ösümlikden haýwanata, haýwanatdanam adamzada geçdiň. Şunça basgançaklaryň dowamynda adamzat nirä barýanyny bilmedi, emma ol bu uzak  syýahatyň içinde boldy. Saňa ýene-de ýüzlerçe dünýäleri geçmek garaşýar». Eýse bu anjaýyn pikir Darwiniňkiden, ýeneleriňkiden has giň, has çuňňur we has baý pikir dälmidir?! Darwiniňki bu garaýşyň bary-ýogy bir bölejigi bolup galýar ahbetin.Meniň çuňňur ynanjyma görä, biz Äleme pelsepewi akyl ýetirmäniň täze bir basgançagyna ýetdik. Indi materializm bilen idealizmiň gapma-garşylykly döwri yzda galdy. Olaryň bitewüligi, birligi döwri has derwaýysdyr.Bitewüligi diýenimde men bularyň hersine mahsus ýetmezlikleriň aradan aýrylyp, biri-biriniň rüstem taraplarynyň özara üstüni ýetirmegini, şeýdibem, ýaşaýyş barasynda bitewi garaýşa gelinmegini göz öňünde tutýaryn. Akyl ýetirişiň çyn, hakyky kämilligi diňe şondan soň başlanjakdyr.Materializm öz şowakörlüginden, idealizm bolsa öz hyýalbentliginden saplanmalydyr. Bu ýerdäki şowakörlük ruh maddanyň ösüş netijesi diýen pikir bilen barabardyr. Aslynda ruh maddanyň substansional esasydyr. Bu ýerdäki hyýalbentlik bolsa ruh hemme ýerde bardyr diýen pikire barabardyr. Aslynda älem giňişliklerinde ruhuň entek ýok ýeri onuň bar ýerlerinden has köpdür.Materializm döreýşiň sebäbini aýdyp bilenok, idealizm döreýşiň mehanizmini aýdanok. Bularyň hersiniň öz degişli kemçiliklerinden saplanmagy bitewi hem kämil adamzat pelsepewi paýhasyna getirerdi. Aslynda dialektikanyň dilinde aýdylanda-ha, sebäp mehanizm – prosesdir, proses bolsa sebäpdir. Şonuň üçinem men bu ýerde ýene-de beýik türkmen allamasy Jelaleddin Rumynyň bir tymsalyny getirmegi ýerlikli hasaplaýaryn.Kimdir biri bile tirkeşip barýan türkmene, araba, parsa hem-de grege bir dirhem beripdir. Dördüsiniň arasynda bir dirheme näme almaly diýen meselede dawa turupdyr. Türkmen «Muňa üzüm alaly» diýipdir. Pars «Ýok, bu bir dirheme engur alsak, gowy bolar» diýip garşy çykypdyr. Öz gezeginde galan ikisi-de bulara garşy çykypdyr: arap «Eýnap alalyň», grek bolsa «Stafil alalyň» diýip, gygyryşypdyr. Dört sany aýry-aýry sözüň aýdylýandygyna garamazdan, olaryň hemmesi-de «üzüm» diýmek eken.Biziň köpimiz adamzadyň paýhas taryhy – munuň özi dürli-dürli pikirleriň göreş taryhydyr öýdýäris. Beýle däldir. Taryh – ösüş dowamatydyr. Dürli-dürli pikirleriň göreşi ösüşe geçmeýär. Munuň özi bir duran ýerinde durmaklyga getirýär. Ösüş haçan mümkin? Haçan-da bilim bilen bilimsizlik, pikir bilen pikirsizlik darkaşa girende ösüş mümkindir. Ýokarky dördüň arasyndaky dawany ösüşe getirýän hadysa hasaplap bolarmy? Elbetde, ýok. Ol ýöne düşünişmezlik we gury wagt ýitirmekdir.Hakykat birdir, ýöne hakykata barýan ýollar birnäçedir. Materializm bilen idealizmiň ikisiniňem ýaşaýşa ukyplylygy hakykatyň ikidigini aňlatmaýar. Bu ýerde başga bir mesele, başga bir hikmet bardyr. Materializm we idealizm – adamzada mahsus bolan iki sany ahlak, ýagny hulky, kalby gymmatlykdyr. Bular akyl ölçegi we akyl gymmatlyklary däldir. Materializm Älemiň ösüşiniň bir – madda derejesini adam hulkunyň söýmegidir, idealizm bolsa başga – ruh derejesini adam hulkunyň söýmegidir. Eýse adamyň özi näme? Ol maddamy ýa ruhmy?! Eger ol bularyň bize häzirlikçe düşnüksiz bir bitewüligi bolsa, onda ol bitewüligi nähili açmaly we nähili göz öňüne getirmeli?! Ine – materializm bilen idealizmiň bitewüligine ýetip, bir hakykaty açmagyň açary şundadyr. Hakykat birligine ýetmegiň baş şerti – älem ýaşaýşynyň bitewüligine akyl ýetirmegiň şerti biziň özümizdedir. Ol – adamyň madda-ruh bitewi substansiýasyna akyl ýetirmeklige gönüden-göni baglydyr. Häzirlikçe bolsa bu meselede ylym ortalygy, bitewüligi tapman gelýär, biz kä taýagyň bir ujuny – maddany, käte-de beýleki ujuny – ruhy ilerde goýup gelýäris. Meniň pikirimçe, biologiýanyň, fizikanyň, himiýanyň we ruhy ylymlaryň bitewüleşmegi, biri-birini alyşmagy netijesinde, täze bir meýdana – umumy kanunlar we kanunalaýyklar meýdanyna çykarys. Biz diňe öz, içki hakykatymyzy, adam hakykatynyň bitewüligini tapyp, diňe şondan soň özge, daşky, Älem hakykatyna ýetip bileris. Adamy häzirkisi ýaly, ikä – madda (göwrä) we ruha (jana) bölmegiň derwaýyslygynyň hem-de manysynyň gaçan pursadyndanam pelsepewi akyl ýetirmäniň materializm we idealizm ýaly ulgamlary ýaşamagyny bes eder.Meniň görşümçe, şeýle döwür indi uzakda däldir. Akyl ýetirişiň şol döwri gelende, Rumynyň äheniňde aýtsak, hakykat sözi idealizmiňem, materializmiňem sözi bolmaz, çünki ol şowakörlügiň we hyýalbentligiň, çekimsiz-u-çekimli seslerinden düzülmeýän söz bolar.Häzirlikçe bir zat belli: akyl ýetirişiň, Älem baradaky garaýyşlaryň bu iki ulgamynyň tapawudynyň azalyp, umumylygynyň, bitewüliginiň artýan eýýamyna gadam goýýarys. Ata-babalarymyzyň uýan dini kitaplarynda barlygy Allanyň ýaradandygy, özem adam üçin ýaradandygy aýdylýar. Elementar bölejikleriň fizikasy bu pikiriň düýp manysyny doly tassyklaýar. Elbetde, 20 milliard ýyl mundan ozal Beýik Partlama bolan badyna ne molekula, ne atom – hiç bir zat ýok eken. Hereketiň himiki, molekulýar-fiziki görnüşleri ösüşiň soňky döwürlerinde ýüze çykypdyr. Şeýle-de, planetalaryň döremegi bilen jandarlaryň ýaşaýşynyň formasy mümkin bolupdyr. Jandarlaryň uzak wagtlaýyn ösüşi – kämilleşmegi adamzadyň döremegine getiripdir. Indi-indiler şu örän uzak wagtlyk – 20 milliard ýyllyk ösüşiň taryhyny yzarlap, bir netijä gelmek mümkin: Älem ýaradylan pursadynda eýýäm onuň ahyrky ösüşiniň adamyň döremegine getirjekdigi aýan eken. Adamzadyň döreýşi elementar bölejikleriň fiziki hususyýetinden başlaýar. Ol bölejikleriň özi has ýokary formadaky ýaşaýşy döretmäge niýetlenipdir. Dartyş, elektromagnetizm, güýçli we gowşak özara täsirleniş kanunlary mümkin edýän fiziki ululyklar bar. Ol ululyklar elementar bölejikleriň biri-birine öwrülmegini we olardan has çylşyrymly maddy ulgamlaryň döremegini üpjün edýär. Meselem, elektromagnit täsirleşmesiniň öz ululygy bar, oňa «inçe strukturanyň hemişelikligi» diýilýär. Eger şu ululyk bolmasa, onda elektronlar atom ýadrosynyň daşyndaky gabygy emele getirip bilmezdiler. Diýmek, onda atomlaram, molekulalaram mümkin bolmazdy. Diýmek, ýaşaýyş hem, adamzat hem bolmazdy. Eger «bariton zarýady» diýilýän, güýçli täsirleşmäni emele getirýän ululyk hem bolmasa, onda atom ýadrolaryny emele getirýän protonlar häzirkisinden tiz dargamak bilen bolardylar. Şonda atom ýadrosy bolmazdy, onda adam hem, ýaşaýyş hem bolmazdy.Şeýlelikde, Älem asylbaşky kanunlary boýunça adamzadyň dörärine niýetlenilip ýaradylandyr. Elbetde, gürrüň diňe biziň dünýämiz barasynda gidýär. Adam däl, başga hili jynslaryň döremegine niýetlenen ululyklaryňam mümkindigini häzirki fizika tekrarlaýar. Munuň özi, dini kitaplaryň özge dünýäler diýýänidir.Diýmek, Älem barlygynyň düýp manysy adam barlygynyň esasy binýadylygyndadyr. Emma aralykda ýene bir barlyk – tebigat barlygy bardyr.Älem barlygynyň düýp manysyndan meniň ruhubelentlik pelsepäm üçin gelip çykýan esasy netije şundan ybaratdyr: Älem Adam üçin ýaradylandyr. Älem Adam mynasybetli iň ýokary ýaşaýyş derejesine ýetendir.

Osman Öde 

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir