Metafizika 6. Hakyñ dergähi


Haka golaýlaşmagyň ikinji menzili Hakyň dergähinde bolmakdyr. Munuň özi Haka barmagyň täze bir dialektiki öwrümidir. Hak ýadynda adam fiziki hem ruhy taýdan özüni Haka laýyklaşdyrýar. Munuň özi deslapky ädimdir. Hakyň dergähinde bolsa ol şu dünýäniň çäklerinden çykyp, özüni duýşy, dünýäni duýşy taýdan bakylyk mekanyna ýakynlaşýar. Şeýle ýakynlaşma adamyň kalbyna bakylyk pursatlarynyň inip, aralaşyp durmagynda aýan bolýar. Şeýle pursatlaryň iň esasylarynyň biri bolsa «garyplyk» diýilýän ruhy-ekzistensial ahwalatdyr.Garyplyk pelsepe düşünjesi hem-de şahsyýetiň ruhy ahwalaty hökmünde çuňňur mana eýedir. Beýle many çuňňurlygy biziň ata-babalarymyzyň beýik ruhy-pelsepe gözlegleri netijesinde kemala gelipdir. Aslynda bu sözüň biri-birinden düýpgöter tapawutlanýan iki manysy bar. Soňky döwürlerde has giň ýaýrawa eýe bolan, şol mynasybetli-de has düşnükli bolan mana laýyklykda, garyp hiç bir emlägi ýok kişini aňladýar. Eýýäm şu manynyň çäginde bu pelsepe aňlatmasynyň ruhy jäheti özüni bildirýär. Köneleriň ahlak ýörelgesine görä, adam maddy ýagdaýyna garamazdan, ruhy taýdan özüni garyp duýmalydyr. Ýagny, baýlyk we emläk onuň ruhuna «men-menlik», gopbamlyk ýaly häsiýetleriň aralaşmagyna sebäp bolmaly däldir. Ol dünýä gelşinde-de, ömrüniň ahyrky netijesinde-de özüniň hiç bir zada eýe däldigine, eýe bolup bilmejekdigine-de düşünmelidir. Adamyň mazmunyny baýlykdan başga gymmatlyklar kemala getirýär. Şonuň üçinem özüni duýşy taýdan hakyky adam hemişe garyp ahwalatda bolmalydyr. Baýlyga sowuklyk, baýlyga biperwaýlyk, baýlyga ruhy taýdan garaşsyzlyk garyplyk ahwalatynyň manysyny düzýär. Onsoň adam öz gazanjy, jemgyýetçilik orny boýunça tüçjar baý bolup, şol bir wagtda-da ruhy garaşsyzlygy taýdan, dünýäniň soňuny görýänligi, soňuna düşünýänligi taýdan hakyky garyp bolup bilmelidir.Bu dogry, munda biziň ruhy dünýägaraýşymyzyň düýpli bir tarapy açylýar. Emma häzir meniň aýtjak zadym başga gürrüň.Men garyplyk ahwalatynyň ikinji bir many göwrümi hakynda aýtmakçy. Bu pelsepe kesgitlemesiniň aňyrsynda garyp – ýolagçy, keseki, ýat, del diýen asyl many ýatýar. Pelsepe dünýägaraýşymyzyň ösüşinde bu many pelsepe aňlatmasyna çenli ösdürilipdir we adamyň wagtlaýyn dünýä babatdaky ruhy garaýşyny aňladýan kesgitlemä öwrülipdir. Hut şu tarapdan, garyplyk ahwalaty adam aňynyň dünýäden ýüz öwrüp, bakylyga tarap ýüzlenmegini aňladýar. Eýse bu hakykat adamyň dünýäni duýşunyň ýüze çykmasydyr. Panylyga göz ýetiren, kalby dünýä geçegçiligini gören, süňňi dünýäniň bipaýanlygyny syzan adam şeýle ahwalata düşýär. Munuň özi bir gezek ýetirilip, soňam şondan galýan duýgynyň adamyň ömürlik hemrasy bolýan hakykatydyr. Bu duýgy, kalbyň şu ahwalaty täsin we beýik hadysadyr, bu adamyň ruhubelentlik derejesine ýetip bilenliginiň görkezijisidir. Şol bir wagtda-da bu ahwalat örän çylşyrymly hem-de inçe ruhy hadysa bolup, ony beýan etmek çetin bolýar. Çünki biziň dilimiz, sözlerimiz şu dünýäniň hadysalaryny aňlatmaga ram edilendir, gürrüňini edýän zadym bolsa mundan aňyrrakdaky hakykata degişlidir.Islendik adam şahsyna öz-özüne gapdaldan seretmek, özüni gapdaldan synlamak, özüni gapdaldan duýmak ukyby berlendir. Bu aýratynlyk belli bir döwürde – adam özüni bilip başlandaky döwründe kemala gelýär. Ondan ozal, irki çagalykda adam edil haýwanat ýaly, özüni daş-töwereginden tapawutlandyryp bilmezlik ýagdaýynda bolýar.Garyplyk diňe bir özüňe däl, eýsem tutuş dünýä, külli dünýä barlygyna gapdaldan seretmek ukybydyr. Dünýä barlygyna gapdaldan seretmek üçin ruhy-ekzistensial taýdan dünýäden aýrybaşgalaşmagy başarmak gerek. Şonda göwün guşy dünýäden göterilip, Asmana galýar. Adam kalby Wagt bilen giňişligiň bitewüligini görýär, ondan ozal Wagty bölekleýin – pursada, sagada, güne, aýa, ýyla bölüp syzan adam kalby Wagtyň tebigy bitinligini, bitewüligini görýär, ondan ozal giňişligi bölekleýin – Ýer, Asman, Pelek ýaly böleklere bölüp syzan adam kalby şonda Giňişligiň bölünmez bitinligini görýär. Şeýle geň-taň, paradoksal bitewülige ýeten adam ruhy Wagt-Giňişlige bärden däl-de, o tarapdan bakan ýaly bolýar. Ol dünýä çäginden çykýar. Ol dünýä ýaşaýşynyň ýalanlygy bilen çynlygyny birbada görýär. Dünýäniň ekzistensial çäginden aňyrda bolsa näme bar? Elbetde, ol çäklerden aňyrda Hakyň dergähi başlanýar.Ruhuň şeýle täsin belentligine ýeten adamyň wagtlaýynam bolsa, pursatlygam bolsa özüni dünýäde bigäne, ýat, keseki, garaz, garyp duýmagy tebigy zatdyr. Munuň özi ruhuň maddadan tapawutlylykda bakylyk ýaşaýşyna degişlidigindendir. Ruh Wagt-Giňişlik içinde özüni keseki ýurda düşen garyp diýip duýýar. Onuň asly mekanyny küýsemegi-de tebigy zatdyr.Garyplygyň Allanyň dergähine ýakynlaşmak diýip hasaplanýanlygynyň sebäbi şundadyr: hut şol ruhy ahwalat pursatlarynda adam adamzadyň Hudaýy görşüniň köp babatlarda bikemaldygyna şaýat bolýar. Şonda adam kalby Hakyň şu dünýä bilen substansional, genetiki baglanyşygynyň ýokdugyna düşünýär. Adamlaryň Alla baradaky düşünjesiniň Hak bilen az baglanyşyklydygyny, bu düşünjede olaryň Zemin ýaşaýşyndan, sosial ýaşaýşyndan we hajatlaryndan gelip çykýan islegleriniň şöhlelenýändigini görýär. Adamzat Hudaý düşünjesini öz Wagt içresindäki sosial-maddy, sosial-ruhy zeruryýetlerine bakna etmek isleýär. Emma Hak – hakykatdyr. Hak – kosmiki hakykatdyr. Ol sap ruhy hakykatdyr. Haky Zemin ýaşaýşyna çenli pese düşürmek nädogrulykdyr. Dogrulyk – adamyň Hakyň Asman elýetmezligine çenli göterilip bilmegidir.Hakyň dergähi Wagt-Giňişlikden aňyrda başlanýar. Emma oňa eltýän ýodalar bärden başlanýar. Şeýle ýodalara ýetmek juda güzaply hem her bir adama berilmeýän zatdyr. Munuň üçin garyplyk ahwalatyna düşmek, Hakyň dergähine golaýlaşmagyň baş şerti bolan ekzistensial «ikiçäkligi» gazanmak gerek. Ekzistensial ikiçäklik – Hakyň dergähindäki gaýybana söhbetdeşlikdir.Men aragatnaşygyň – kommunikasiýanyň aýratyn bir görnüşi bolan bu söhbetdeşliklere garyplyk söhbetdeşlikleri diýýärin. Şeýle söhbetdeşligiň nägilelik, närazylyk, arz, şikaýat bilen bir zat däldigini aýratyn nygtamalydyryn. Adamyň adaty tebigaty şeýle: ol Hudaýyň dergähini özüne gerek wagty, kynçylyga, betbagtlyga duçar bolanda, büdürände, ýykylanda gözläp başlaýar. Adam Allatagalany ýatlanokmy, diýmek, onuň dokuzy düzüw, edeni ugruna bolmaly. Emma diňe başyňa bela-beter, iş düşende Allany ýatlamak, bu tebigaty boýunça Hak dergähine nämynasyp halatlardyr. Çünki bular ruhuň gaýtgyn bolan, pese düşen, çykgynsyzlyga duçar pursatlarydyr. Bir söz bilen aýdylanda, bular ruhuň näsazlyk ýagdaýlarydyr. Garyplyk pursatlary bolsa ruhuň sazlaşygynyň iň ýokary hetdine ýetmeginiň, ruhuň belende göterilmeginiň pursadydyr. Munuň aňyrsynda çykgynsyzlyk däl-de, meýletinlik ýatýar. Şonda adam Hakdan öz derdine derman, öz zerurlyklaryna ýetne isläp däl-de, Hakdan diňe Hakyň özüni istäp barýar.Şonuň üçinem Hakyň dergähine bolan maýyllyk sosial şertlendirilmedik islegdir. Ol diňe ruhy-ekzistensial hajatdyr. Adam Hakyň dergähine öz «menini» ýok edip barmalydyr. Garyplyk kommunikasiýasy «hiçlik» – adamyň eltýän «hiçligi» bilen Hakda bar bolan «barlygyň» «hemmesiligiň» utgaşygydyr. «Hiçlik» bilen «barçalyk» duşuşygy bakylyk bosagasynda bolup geçýär. Ondan soň bakylyk – Hakyň didary başlanýar.Emma men häzir adam aňynyň gymmatlyklary gatym-garym edişi dogrusynda ýatlamakçy. Adam aňynyň şöhlelenmesi kanunalaýyklykda, köplenç, öz sypatlaryny Hakyň sypaty, öz talaplaryny Hakyň talaplary bilen çalyşýar. Şu nukdaýnazardan, «men-menligiň» iki görnüşini bellemeli. Birinjisi – şahsy «men-menlik», ikinjisi – sosial «men-menlik». Akyldarymyz Azadynyň gürrüň berýän aşakdaky rowaýaty şol «men-menligiň» ikinjisiniň adalatsyzlygy dogrusyndadyr.Merhumy gabyr içinde goýup gidenlerinden soň, Müňkür-Nekirden ozal Duman atly perişde onuň ýanyna geler. Ol ölen bendä: «Eden haýr-u-erbet işlerini ýazyp ber» diýer. Bende bolsa: «Näme bilen ýazaýyn, mende syýa-da ýok, kagyz hem?» diýer. Perişde: «Kepeniň – kagyz, ganyň – syýa bolsun, ýaz» diýer. Şonda adam pahyr öz gowy işlerini ýazar-da, erbedine gezek gelende, duruberer. Perişde bendäni şeýle bir ýenjer weli, onuň ah-waýyndan, nagrasyndan ýaňa ýer ýüzi goh-galmagal bolar durar.Ölen bende: «Näme üçin maňa beýle azaplar etdiň? Men zekadymy berdim, namazy sypdyrman okadym, oraza tutdum, ähli şerigat amalyny berjaý etdim ahbetin?» diýip aňk-taňk bolar. Emma perişde: «Bularyň dogry, emma sen ömrüňde näçe gezek, ejiz-u-mazlumyň zalymlar tarapyndan horlanýandygyny gördüň, olar seni dat edip, perýat edip kömege çagyrardy. Sen welin hamana lal-u-güň ýaly, deňlerinden biperwaý geçip gidipdiň. Ine, men seni şonuň üçin ýençýärin» diýip jogap berer.Allanyň buýrugyny il gözüne ýerine ýetirmegiň hiç hili manysy ýok. Kalbynda Allanyň ady ýazylan bendeleriň ykbalyna biperwaýkaň, her hili ýasamalyklaryň, formallyklaryň öz bähbidiňi ileri tutmakdan başga manysy we ähmiýeti galmaýar. Allanyň dergähine eltýän ýol kalbyň, ýüregiň üstünden geçip gidýär. Ol ýol daşky hereketleriň kömegi bilen ýetilýän ýol däl. Ol diňe hakyky adam, çyny bilen, ýüregi bilen ýaşaýan, süňňi bilen ýaşaýan adam bolup ýetilýän ýol. Diňe şeýle ýaşaýşa ukyply kişä garyplyk ahwalatyna düşmek bagty berlendir. Elbetde, Hakyň dergähine barýan ýolda halka söýgi diňe deslapky aralykdyr. Emma doly hakykat şundadyr! Haka söýgi diňe we diňe Halka – Hakyň ýaradanlaryna bolan söýgüden başlanýandyr. Maksat – Asman hakykatydyr. Emma Asman hakykaty Zemin hakykatyndan baş alýandyr. Zemin hakykaty – Asman hakykatynyň şöhlelenmesidir.Adamzadyň hakykat dili, dini tapawutlara garamazdan, birdir. Munuň şeýledigine bir rowaýaty şaýat getireýin.Buddistik ybadathanada gyş gijeleriniň birinde bir keşiş üşäp oturan eken. Ol sowuga çydaman, ybadathanadaky onlarça agaç Buddalaryň birini oda atyp, çoýunyp başlapdyr. Ýanýan agajyň şatyrdysyna uklap ýatan ruhany ukudan oýanypdyr. Turup görse... eý-ho, ynanar ýaly däl, bir ötegçi keşiş hakyt Buddany ýakyp, oduna çoýunyp oturanmyş. Ol:– Sen näme akylyňdan azaşdyňmy? Sen meniň iň gözel Buddalarymyň birini ýakyp otyrsyň! Men-ä saňa gije düşelge berdim, seniň edýäniň näme?! – diýip gygyrypdyr.Keşiş:– Biraz garaş – diýip, közli küli dörüşdirip goýberipdir. Budda ýanyp-kül bolupdyr.– Sen näme gözleýäň?– Men süňk gözleýän.– Sen dogrudanam däli bolmaly. Agaç heýkeliňem bir süňki bolarmy?– Diýmek, senem menlik bolýaň-da! Şonuň üçinem, gaýrat et-de, üýşüp ýatan heýkelleriňden ýene biraz getir. Gije uzak, howa-da ýylajaga meňzänok. Sen bu heýkelden Budda bolmajagyna oňat düşünipsiň. Ýene getirsene.Ruhany gahardan ýaňa däliräre gelipdir. Ol:– Ýok bol şu ýerden – diýip gygyrypdyr.Şonda keşiş:– Eý, bedibagt, sen jansyz Buddalar-a sežde edýärsiň, diri Buddany bolsa köçä kowýaň – diýipdir.Ol, dogrudanam, Buddanyň özi eken.Bu, elbetde, göçme manyly rowaýatdyr. Çünki munuň maňzy göçme manydadyr. Ol many bolsa diriligiň ýasamalykdan, tebigylygyň emelilikden, hakykatyň çynaberimsizlikden has ýokardadygyndadyr. Hak – dirilikdir, tebigylykdyr hem hakykatdyr. Şonuň üçinem ol adamyň öli hajatlaryndan dörän ýasamalykda, emelilikde we çynaberimsizlikde ýaşap bilmez. Ol – Hak Wagt içinde ýaşamaz. Çünki Wagtyň öz-özüniň gapma-garşylygyna öwrülmek häsiýeti bardyr. Wagt içindäki barça zatlar öz gapma-garşylygyna öwrülip durýar. Wagt diňe şu öwrülip durma mynasybetli ýaşap bilýär.Hak bolsa beýle öwrülmeden azatdyr, beýle öwrülmeden aňyrdadyr. Ol Bakydyr. Ol Ýeke-täkdir. Ol hemişe bardyr. Ol doglan däldir. Ol dogran däldir.Dogurmak, dogulmak, ölmek, ýogalmak – wagtyň içindedir. Jübütiň, taýyň, meňzeşiň bolmagy Wagtyň içindedir.Şonuň üçinem Hakyň dergähinde esasy oý-pikir – Hakyň aňyrdadygy baradaky, Hakyň dünýäden has belentdigi baradaky pikir bolmalydyr. Şonda seniňem ruhuň Hak dergähine tarap belende göteriler.Emma Hakyň dergähine mynasyp bolmak biçak köp sabyrlylygy talap edýär. Wagty ýeňmek üçin gaty köp wagt gerekdir. Diňe Haka çyndan berlenler Hakyň dergähine aralaşyp bilýärler. Bu babatda beýik sopy Baýezit Bistamynyň tejribesi görelde alarlyklydyr. Sopuçylykda hakykat ýoluny rehberli – halypaly geçilipdir. Şonda rehber okuwçy bilen Hakyň arasyndaky baglanyşdyryjy halka hasaplanylypdyr.Baýezit pir öz sopularyna şeýle diýer eken.– Siz sabyrsyz adamlar. Men öz rehberimiň ýanyna gelenimde, bir haýran galdyryjy waka şaýat boldum. Geň galmaly – ol üç ýyllap meniň ýüzüme-de seretmedi. Dogry eden eken. Şol wagt meniň özümiň şol taýda ýok ekenligimi indi bilýärin. Elbetde, men halypamyň ýanynda oturardym, emma akylym-ýüregim weli dünýä bilendi. Men ondan gaty göwün ederdim. Meniň bardygymy bilmek däl, ol hatda maňa tarap bakmazdy hem. Diňe üç ýyldan soň, ir säher bilen ol meniň ýüzüme bakdy. Indi düşünip otursam, şol ertir men ilkinji gezek şo taýda mesgen bolan ekenim.Ýene üç ýyl geçdi, ol maňa bir zadam diýenokdy. Ýüzüme bakyp seredensoň, maňa bir zat diýer, meniň barlygymy ykrar eder diýip umyt edýärdim. Ýöne soňabaka men garaşmakdan ýadap, umyt-isleglerim öz-özünden ýok bolup gitdi. Geň adam: ertirden agşama çenli otyryn, barmysyňam diýenok, gelen-giden – hemmeler bilen gürleşýär, maňa weli ýeke söz diýse nädersiň.Ýene üç ýyl geçensoň, meniň ýüzüme seretdi-de, ýylgyryp goýberdi. Şondan öň näme üçin maňa ýylgyryp seretmändigine indi düşünýän – ol wagt men «özümi» aradan aýyrman ekenim. Aradan böwet bolup duran islegi, «özümi» aýyrdym. Onuň ýanynda bolman, başga hiç ýerde bolmazlyk maňa köp lezzet berýärdi.Ýene üç ýyl geçdi. Ol ilkinji gezek maňa habar gatdy:– Baýezit, taplar neneň?Ol iki ýyldan soň onuň menden başga adamlar her görende biri-birinden soraýan zadyny soranlygynyň sebäbine indi düşünýärin. Näme üçin? Sebäbi ol iki ýyldan soň «men» ýokdum. Diňe onuň özi bardy. Geň adam: «men» barka-ha zat soramady, men ýitenden soňam «Ýagdaýlaryň nähili?» diýýär.Ruhubelentlik ylmynda «men» meselesi bir görendäkisinden çylşyrymlydyr. Bu meselä ýöntem düşünmek howpy çynlakaýdyr. Aslynda gürrüň «meniň» dürli jähetleri, «meniň» üýtgäp-özgerip durmagy barasyndadyr. Şunuň bilen baglanyşyklylykda iki sany meşhur piriň taglymatlaryna bir sözlemde teswir bermek isleýän. Biziň beýik sopymyz Jüneýidi «pana» taglymatyny, başga bir pirimiz Bistamy bolsa «baka» taglymatyny esaslandyrypdyr. Bulary gapma-garşylyk hökmünde görkezmek nädogrudyr. Bularyň «meniň» ruhy belentlige tarap ýokary göterilmeginiň biri-biriniň yzyndan gelýän iki basgançagydyr. «Panada» ten, maddy, nebsi «men» ýok – pany bolýar. «Bakada» bolsa başga hilli «men» ruhy şahsyýet peýda bolýar.Hakyň dergähine «meniňi» täzelemän barmak mümkin däldir. Bu täzelenişiň başlangyjy-da, dowamaty-da, serişdeleridir ýollary-da şahsyýetiň özünden gelip çykmalydyr.Hak dergähine barmak üçin arassalanmak, saplanmak asla-da ýeterlik däldir. Munuň üçin büs-bütinleý üýtgemek gerek.Hakyň dergähine öňki «menden» aýra düşüp, başga «meniňe» wysal bolmak arkaly barylýar. Şonuň üçinem Haka ýakynlaşmak ylmy – öz-özünden aýrylyşmak, aýralyk ylmydyr.Öz-özünden aýralyk – Hak dergähinde direlmek üçin ilkibaşda ölmegiň ugrudyr.Hakyň dergähinde bolmak – bar halyňa «ýok» bolmak, «ýok» halyňa-da barlyga gelmekdir.Hak dergähinde bolmak – sen hiç zada eýelik edeňok, hiç zadam saňa eýelik edenok diýmekdir.Hak dergähinde bolmak – bakylykdan ötri panylyga ýüz urmakdyr.

Osman Öde

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir