Metafizika 5. Hak ýady
Beýik türkmen şahyry Nesiminiň çagalygy hakynda owadan hem manyly rowaýat bar. Owadanlyk taýdan ol akyl ýetirişiň esasy meseleleriniň birini çürt-kesik edýänligi bilen tapawutlanýar, manylylyk tarapdan bolsa Ylah hem adam gatnaşygyny gutarnykly açyp görkezýänligi bilen ähmiýetlidir. Aslynda bu sopuçylyk rowaýatydyr. Sopuçylyk bolsa yslam akyl ýetirişiniň täze basgançagy bolup, örän düýpli ruhy-ahlak meseleleriniň birgidenini orta çykardy. Şolaryň biri-de iman meselesidir. Iman – adamyň gözüniň, akylynyň görmeýän, megerem, görüp-de bilmejek hakykatlaryna ynanmak ukybydyr. Göze görünýän närseleriň gürrüňi ýok. Gep göze görünmeýän zatlara ynanmakdadyr. Şeýlelikde, ynanç delilden, subutnamadan, akylyň berýän gaýry serişdelerinden has ýokarda goýulýar. Eýse munuň özi nämäni aňladýar?Bu, gürrüňsiz, adamyň gaýtalanmaz şahsyýetiniň iň esasy gymmatlyk hökmünde ileri tutulýandygyny alamatlandyrýar. Akyl hem onuň serişdeleri köpçülikdendir, şahsylykdan mahrumdyr. Ynanjyň aňyrsynda bolsa adam durýar, has dogrusyny aýdanyňda, Adamyň göwni durýar. Döwletmämmet Azadynyň aşakdaky meşhur setirleri-de şu barasyndadyr.Käbe weýran etmeden müň mertebeBir köňül ýykmak ýamandyr, eý, dede!Käbe – Allanyň öýi, mukaddes ýer. Ýöne bu mukaddesligiň diňe içki däl, eýse daşky jäheti hem bar. Daşky jähet diýenimde men şu hakykaty göz öňünde tutýaryn: Käbe Allanyň eradasy bilen, ýöne adamyň – hezreti Ybraýym pygamberiň elleri bilen bina edilendir. Emma adam köňli, göwni bolsa diňe Allanyň hut özüniň bina eden närsesidir. Göwün diňe içdir, onda daşky jähet ýokdur. Iç diýýänim bakylykdyr, Alla bilen gönüden-göni gatnaşyklylykdyr. Daşkylyk bolsa Wagt ülşi bolan döwür, durmuş hakykatyndan gelip çykýan sypatdyr. Allatagala adam göwnüni ýaradyp, göwün gözgüsiniň ýüzüne «Alla» sözüni ýazandyr. Göwün hut şunuň bilenem beýikdir, ol Wagta ýanbermezdir. Köne akyldarlarymyzyň düşünjesine görä, hakyky adamyň wezipesi-de özüni ruhy taýdan kämilleşdirmek arkaly, göwün gözgüsinde ýazylan «Alla» adyny has-da nurlandyrmakdan, özüni Ýaradana mynasyp derejä ýetirmekden ybaratdyr. Eger adam şeýtmese, onda döwrüň hem durmuşyň wagt tozany onuň göwün aýnasyny şeýle bir garaldýar welin, onuň ýüzünde Ýaradana mynasyplygyň hiç hili şaýatnamasy galmaýar.Şeýlelikde, beýik sopular kesgitleýji hakykat diýip içki gymmatlyklary daşky ýüze çykmalardan ileri goýupdyrlar. Munuň özi Alla bolan gatnaşygyň täze bir hilini döredipdir. Ol adam bilen Ýaradanyň ikiçäklik gatnaşygyny kemala getiripdir. Adam daşky dünýäni inkär edýär, Ýaradany ýüreginden tapýar, oňa ýüreginde orun berýär. Eýse bu şahsyýetiň ruhy ahlak azatlygynyň, garaşsyzlygynyň bir görnüşidir. Ahyrky netijede şahsyýetiň sözi bilen hereketleriniň bitewüligine, akyly bilen ýüreginiň bitewüligine getirýän bu hili garaýyş uly öňe gidişlik boldy. Söz bilen hereketiň, akyl bilen ýüregiň aýralygy entek kämillige ýetilmändiginiň, hatda azaşmaklygyň alamatydyr. Adamyň dili dogry hem oňat sözleri sözleýär, emma hereketleri nädogry hem ýaramaz tarapdan bolup çykýar. Adamyň akyly dogrulygyň tarapynda işleýär, emma ýürek weli nädogrulygyň mesgeni bolup durýar.Dil, ýürek hem hereket – ine, adamyň ruhy-ahlak dünýäsiniň şu üç ölçegli dünýädigini aýtmak gerek. Dil – daşkylyk, ýürek – içkilik, hereket bolsa bularyň ol ýa başga hili utgaşygynyň netijesinde döreýän barlyk birligidir. Eger ýürek bilen dil nädürs utgaşsa, ters hereket, eger-de dürs utgaşsa, dogry hereket ýüze çykýar. Şu ýerde Mansur Hallajyň «Wahdet aş-şuhud» ýörelgesini ýatlamak ýerlikli bolardy. Munuň manysy şundan ybaratdyr: adamyň imanyna diňe ýüregi şaýatlyk edip biler! Iman diňe ýürekde mesgen tutup biler! Ýürek, göwün bolsa Allanyň hemişelik nazyr mekanydyr. Sözi, dili, her hili hereketleri bilen adam adamdan bukulyp biler, adam jemgyýetden bukulyp biler, emma ol hiç mahal Allanyň nazaryndan gizlenip bilmez! Çünki başga bir adamdan, köpçülikden, jemgyýetden, döwletden tapawutlylykda Alla adama diňe daşyndan däl, eýse içindenem seredip oturandyr.Şonuň üçinem Allatagalanyň mekany – lamekan. «Lamekan» diýmek «birbada hemme ýerde» diýmekdir. Ol ähli ölçeglerdedir, ähli wagt-giňişliklerdedir, hem içde, hem daşdadyr, hem asmanda, hem ýerdedir, hem ýagtyda, hem tündedir. Nesiminiň çagalygy baradaky rowaýatyň manysy-da şu hakykata degişlidir.Nesimi mollada okaýan eken. Bir gün molla okadýan çagalarynyň bilimini barlap görmek üçin şeýle bir synag gurapdyr. Oglanlary ýanyna çagyryp, hersiniň eline bir jüýje beripdir hem-de: «Jüýjeleriňizi Allanyň görmeýän ýerinde çalyp getiriň» diýip, tabşyryk beripdir. Oglanlaryň kimsi Allanyň görmeýän ýeri diýip, garaňky jaýda, kimsi guýynyň içinde, ýene biri ýerzeminde jüýje kesip, ony molla getirip beripdirler. Özüne berlen jüýjäni çalman getiren diňe Nesimi bolupdyr. Molla munuň sebäbini soranda, ol şeýle jogap beripdir: «Men Allanyň nazarynyň düşmeýän ýerini görmedim».Allanyň nazyr däl mekany ýokdur. Atomlardan başlap, adamlaram, döwrem, jemgyýetem, planetalaram, älemlerem – külli wagt-giňişlik onuň nazary astyndadyr. Hut şunuň bilen Allatagala bu barlyklardan beýikdir. Onuň dahylsyz hiç bir närsesi ýokdur. Hut şonuň üçinem kämil ýaşaýyş – munuň özi Allanyň nazarynyň hökmürowanlygyna laýyk ýaşamakdyr. Ynsan özüniň ýaşaýşyny Hakyň ýadyna laýyk guramalydyr. Hak ýady – hemişe we her pursatda Ýaradanyň nazaryny duýup durmakdyr. Şeýle gözegçilik duýgusy adamda Allatagala babatda bir erki – ondan gorkmak erkini döredýär. Alladan gorkmak adam üçin tebigy hem-de oňyn bir duýgudyr. Beýle gorky bikemallygyňy boýun almak we kämilleşmäge bolan erk hem-de ukyp bilen deň zatdyr.Alladan gorky imanyň şaýadydyr. Bu gorky adamy Hak ýadyna laýyk ýaşamaga iterýär. Diýmek, Ýaradan eýýäm duýgy derejesinde adamyň ýanyndadyr. Emma bu beden duýgusy däldir, munuň bütinleý başga tebigatly duýgudygyny aýtmak gerek. Alladan gorky duýgusy ahlak duýgusydyr. Çünki ol aň bilen baglanyşykly bolup, adamyň ruhy ösüşiniň dowamynda kemala gelýär. Özüniň düýp manysy boýunça ol beden duýgusynyň gapma-garşylygydyr. Beden duýgusy hökmünde gorky adamyň ýüregine wehim salýar, onuň ýaşaýşyny näsazlyga hem-de hupbata öwürýär. Beýle gorky ejir, jeza, ryswa ýaly howplar bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem ol adamyň erkini, mertebesini basgylaýar, ony görgüli hem-de betbagt edýär. Emma munuň tersine, Alladan gorky – daýanç nokadynyň tapylmagydyr. Ol howpdan howatyr etmek däl-de, howpdan saklanmakdyr. Beýle duýgy endamyňda däl-de, kalbynda ýaşaýar. Ol hereketden soň däl-de, hereketden öň gelýär. Ol jan üçin däl-de, iman üçin gorkudyr.Iň esasy zat – Alladan gorky adamy gorkynyň ähli gaýry görnüşlerinden azat edýär. Şol sebäpden ol azatlygyň bir görnüşidir.Aslynda-da gorky külli janly-jandara mahsus tebigy duýgy bolup, onuň aňyrsynda öz-özüňi aman saklamak instinkti, jan aladasy ýatýar. Alladan gorky ösüşiň soňky dowamynda döreýän, indi jan bilen däl-de, bakylyk bilen bagly duýgudyr. Beýle duýga eýe bolan adam Hak ýadyna ýeten, bakylyga mynasyp adamdyr. Jandar hökmünde adam gorkusyz ýaşap bilmez, diňe ölüler hiç zatdan gorkmaýarlar. Alladan gorky diňe beýik gahrymanlara mahsus duýgudyr. Şu manyda Hallaç, Nesimi, Meşrep ýaly gahrymanlar Alladan gorkan şahslardyr.Alladan gorkmaýan betbagtdyr. Çünki oňa gorkynyň has pes görnüşi – haýwany gorky berlipdir. Jan gorkusy ölümden gorkmak bilen bir zatdyr. Munuň özi gulçulykda ýaşamagyň görnüşidir.Ol imansyzlykdan nyşandyr, çünki ol jandan aýra düşensoň, özüniň ýaşajagyna ynananok. Ol ýaşaýyş diýip diňe jana ynanýar. Şol sebäpdenem ol janyny ýitirmekden gorkýar, janyň süýjüligi bedene bildirýär, çünki jan bedeniň ýaşaýyş şekilidir.Hak ýadynda bolmak, Ýaradanyň barlygyna we birligine göz ýetirmek adamy dünýäaňyrsy alyslyklara alyp gidýär. Beýle gözýetirme, ilkinji nobatda, adamyň hut öz bähbidinedir, ol asla-da adamyň garşysyna we adamyň zyýanyna däldir. Ýaradanyň barlygyna göz ýetirmek – öleňden soňam ýaşajakdygyňa düşünmekdir, Ýaradanyň birligine göz ýetirmek – ahyrky netijede Älemde Ýaradandan başga hiç närsäniň ýokdugyna düşünmekdir, ýagny ýene-de dünýäden aňyrda-da ýaşajakdygyňa göz ýetirmekdir. Şonuň üçinem Alladan gorkan adam dünýä peýansyzlygyna ajy hakykat däl-de, dowamatyň bir ülşi diýip garaýar. Ölüp ýok bolmak ömrüň we bar bolmagyň deňagramly beýleki ýüzüdir. Ölüm hem Allanyň döredijiliginiň bir ýüze çykmasydyr. Ýok bolmak hem bar bolmagyň başga bir görnüşidir.Bu beýik hakykata göz ýetirmäge kömek edýän bir hekaýaty gürrüň bereýin.Däli dünýä döräli bäri gury ýer umman bilen, ummanam gury ýer bilen süsňeşýär. Kä parahat, käte çarpaýa galyp, çyrpynyp ýatan ummanyň kenary. Ummanyň parahat günleriniň birinde arassa çägeli kenardaky güzerde gezim edip ýörkäm, bir täsin kişä duş geldim. Ol heýkeltaraş eken. Özem kenaryň çägesinden, şeýle mymyk çägeden ajaýyp, endamy ýumşak, süňňi gaty heýkelleri döredýän eken. Onuň peýansyz heýkelleriniň nepisligini görüp haýran galdym. Ol her gün irden işe başlap, günorta çenli gözel heýkelleri dikeldýärdi. Agşam bolsa ummanyň däli, kakabaş tolkunlary gelip, heýkelleri döredilmedik ýaly edýärdi. Çäge heýkelleri umman özüniň dişsiz-gyýaksyz suw agzy bilen ýalmap-ýuwudýardy. Muny görüp, men heýkeltaraşa ýüzlendim:– Beýtmeli däl ahyryn, eger sen daşdan şeýle heýkelleri döretseň, olar dünýäniň iň meşhur muzeýlerinde baky orun tapardy?!– Baky orun ýokdur dünýäde. Onsoň beýtmek nämä gerek? Men heýkel döredip lezzet alýaryn, umman heýkelleri ýok edip lezzet alýar. Onsoň ony beýle lezzetden mahrum etmek akyllylyk bolarmyka?!Men, elbetde, heýketaraşyň pelsepesi bilen ylalaşamok. Ýöne onuň sözlerinde şu dünýäniň hakykatynyň bir ujy güberçekläp görünýär. Bu dünýä otnositellik, ýagny barabarlyk dünýäsidir. Onuň süňňi gapma-garşylyklardan gurnalandyr. Deňhukukly we deňagramly şol gapma-garşylyklaryň göreşi-de bu dünýäni bar edýär, ýagny ýaşadýar. Suw bilen gury ýer, ömür bilen ölüm, ýagtylyk bilen garaňkylyk gapma-garşy durýar. Kä biri, käte beýlekisi üstün gelýär, emma bu üstünlik wagtlaýyndyr. Ahyrsoňy olar hemişe barabarlaşýarlar.Adamzat dünýäde şol barabarlygyň içinde ýaşaýar. Meniň ruhubelentlik pelsepämiň manysy gapma-garşylygyň oňyn tarapynda durmak we onuň ýeňşiniň dowamat bolmagyna ýardam etmekdir. Gowulygyň, haýryň, oňynlygyň ýeňşiniň manysy dünýäde nuruň artmagydyr. Barabarlyk dünýäsinde nuruň artmagy bu dünýäniň öz derejesi boýunça bakylyk dünýäsine ýakynlaşmagyna, has kämil bolmagyna getirer. Kämillik mundan absolýut, mutlak dünýä geçmegiň ýoluny has ýygjamladar we aňsat eder. Adamzat döräli bäri iň beýik ynsanlar barabarlygy mutlaga ýakynlaşdyrmak üçin ýaşapdyrlar. Muňa ýönekeý dilde Ýerde jennet gurmak diýilýär. Ýerdäki jennet hem içki, hem daşky ölçeglerdäki bagtlylykdyr. Adamyň kalbynyň gözelligi we adamyň bedeniniň gurşawynyň gözelligi şu ýolda iň baş maksat bolmalydyr. Şu dünýäniň jennetini görenler mutlak dünýäniň jennetine edil öz öýlerine baran ýaly bararlar.Dünýäleriň arabaglanyşygy ikitaraplaýyndyr. Şu dünýäden näçe köp peýan hem kämillik özge dünýä gitse, öz gezeginde şu dünýä hem şol ýerden has köp oňyn energetikany kabul etmäge mümkinçilik alýar. Şu dunýäde ýaramazlyk köp boldugyça, o dünýäniňem ynjysy we howsalasy artýandyr. Şonuň üçinem ruhubelentlik pelsepesine laýyklykda eliňi gowşuryp oturman, döredijilik we gurmak bilen meşgullanmak gerek.Hak ýadynyň büs-bütin şahsy tebigaty bardyr. Ynsan Alla göz ýetirip bilýär, emma ol munuň tejribesini özgelere geçirip bilmeýär. Diňe daşky tebigatly närseleri geçirip, görkezip, subut edip bolýandyr. Ylym, akyl hut şol daşkylyklar bilen iş salyşýar. Emma Hak ýady ýaşaýşyň süňňi, bitewi, içki halatydyr. Adamyň özgäniň ýerine ömür sürüp bilmeýşi, ömrüni özgä berip bilmeýşi ýaly, Hak ýadyny-da diňe özüň edinmelidir.Allany görüp bolar, emma görkezip bolmaz.Meşhur bir alym beýik piriň ýanyna gelipdir. Ol:– Hudaý ýok, men subut edip biljek. Hudaý ýok – diýip, gygyrypdyr.Alym örän okumyş, bilimdar, örän akylly, ýeser adam eken. Pir bolsa beýle okumyş däl, hatda kitap-zadam kän okamandyr. Onsoň ol:– Bolýar, subut et onda! – diýipdir.Alym örän köp subutnamalary, aşa baý delilleri getirip, köp gürläpdir. Pir onuň bu akylly-başly, delilli-subutnamaly gürrüňlerini diňläpdir. Soňam:– Ýöne meniň kalbym: «Hudaý bardyr!» diýýär. Şu-da meniň üçin iň uly subutnama. Seniň ähli aýdýanlaryň akyl, emma seniň kalbyň näme diýýär?Alym kalp hakynda pikirem etmän eken. Ol ýöne egnini gysaýypdyr. Ol dürli akyl-delilleri bilen Hudaýyň bardygyny-ýokdugyny biljek bolup, köp pikir edip, soňam «Ýok!» diýen netijä gelipdir. Ýöne ol hiç mahal öz kalbyna, öz süňňüne diň salyp görmän eken.Pir şonda şeýle diýipdir:– Seň ajaýyp delilleriň bar. Olar meniň akylyma oňat lezzet berdi. Ýöne men Hudaýyň bardygyny görüp durun ahyryn. Meniň kalbym maňa: «Hudaý bar!» diýip dur. Edil meniň süňňümiň agyryny, begenji, şatlygy, hasraty duýşy ýaly, Hudaýyň bardygyny-da duýup dur. Men saňa muny subut edip biljek däl, ýöne isleseň, senem duýar ýaly edeýin.Birdenem ol böküp turupdyr-da, iki aýagyny hakyt alymyň döşüne diräp goýupdyr. Alyma bir zad-a bolupdyr, bir näbelli hakykat onuň süňňüne aralaşyp gidipdir. Ol huşundan gidipdir.Üç sagatdan başga adam bolup özüne gelipdir, hem-de:– Eý Hudaý! Dogrudanam, Hudaý bar! – diýip gygyrypdyr.Hak ýadynda bolmak ömrüňi – işiňi, hereketleriňi we pikirleriňi bakylyk ölçeglerine getirmek hem-de şol ölçeglerde ýaşamakdyr. Munuň özi aslynda tebigy ýaşamakdyr. Adam üçin tebigy ýaşamak bolsa adamkärçilik kanunlaryna laýyk ýaşamakdyr. Özgäni ynjytmazlyk adamkärçilik kanunlarynyň iň esasysydyr. Bu hakda biziň akyldarlarymyzyň biri şeýle ýazypdyr.Hak üçin hiç mömini ynjytmagyl,Hak ady mömindedir, har tutmagyl.Hak agyrlap, goşmuş adyn aňlara,Hor bolup begen jepa möminlere.«Uly ilde Hudaýyň ady bar» diýilýän nakyl bilen baglanyşykly aýdylan bu nesihat özüniň çuňňurlygy we hakykaty bilen haýran galdyrýar. Adama garşy edilýän her bir hereket, şol sanda hatda Allanyň ady bilen edilýän hereket ahlaksyzlyk we jenaýatdyr. Hak ýadynda bolmak döwür bilen bakylygyň, göwün bilen ahlagyň, şahsyýet bilen jemgyýetiň, dünýä bilen ahyretin sazlaşygy diýmekdir. Bu sazlaşygy gazanmak örän kyn, adam ömründe, megerem, iň kyn işdir. Emma biziň adam hökmündäki kämilligimiziň ölçegi-de diňe şundadyr. Adam kämilliginiň mähek daşy hut şu sazlaşykdyr.Ilki duýgular, soňra paýhas, bularyň netijesinde bolsa hereketler kämil bolýandyr. Kämillik Hak ýadynyň talabydyr. Hak ýadyna girip bilmeseň, kämillik diňe gury arzuw bolup galýar. Şeýle halatda adamyň göwni bir ölçegde, hakyky ýaşaýşy bolsa başga ölçegde bolup, näsazlyk hem agyr hossa onuň ömrüniň derdeserine öwrülýär. Gynansak-da, biziň aglaba köpimize şeýle sypat mahsusdyr. Şu sebäpli-de durmuşda kynçylyklar, ýakymsyzlyklar, görgüler, hatda günädir jenaýat dowam edýär. Hak ýadyna geçmek bulardan gutulmagyň ýoluna düşmekdir.
Osman Öde