Metafizika -2:
Gaýyplyk hakykaty
Aýralyk derdinden, ajal şumlugyndan zor gelmek üçin adama kämillik gerekdir. Eýsem kämillik näme?!Kämillik hakykata paýhas gözi bilen seredip bilmekdir. Bikemal ýa-da gögele adam diňe jan gözi bilen seretmäge we görmäge ukyplydyr. Jan gözüne bolsa diňe hakykatyň ýary, özem deslapky ýary görünýär. Janyň ýaşasy we diňe ýaşasy gelýär. Ölüm baradaky pikir jana sygmaýar, aýralyk jan gözüne ilmeýär. Jan diňe tende ýaşaýar. Şonuň üçinem jan teniň bakylygyna ynanasy gelýär, aýralykly hakykat jan üçin ynanarlykly däl, onuň gözüne aýralyksyz salgym, aýralyksyz erteki hakykatdan has yssydyr.Kämillik derejesi bolan paýhas gözüniň artykmaçlygy şundan ybaratdyr: paýhas jana mahsus bolan nebisden azatdyr. Hususanam, ol öz kämilligi mynasybetli ölmezlik, hemişe diri gezmek nebsinden azatdyr. Eýse bu azatlyk onuň öz-özüňi kämilleşdirip gazanan zadymy ýa-da Alla tarapyn berlen zatmy – muny aýdaýmak juda çetin. Ýöne bir hakykat welin jedelsiz: nebis isleglerinden azatlyk bu beýik artykmaçlykdyr. Bu artykmaçlyk aýralygy tebigylyk hökmünde duýmaga, bilmäge we kabul etmäge mümkinçilik berýär.Akyly gögele kişiler çagalaç islegleriň boýuntyrygynda ýaşaýarlar. Özüne süýji hem ýakymly görnen nygmatlary tükeniksiz hem gürrüňsiz talap etmek, bu talabyň haýsydyr bir sebäplere, belki-de, tebigy we ýerlikli sebäplere görä kanagatlandyrylmazlygyny şumluk we adalatsyzlyk hökmünde kabul etmek çaga mahsusdyr. Käbir kişiler ulalandan soňam, sözüň ýokarky manysynda çagalygyna galýarlar. Olaryň islegleri ten-nebis islegleriniň çäginden çykmaýar. Iýmek-içmek hoş gelýär, şeýle-de beýleki beden eşretler olaryň ömrüniň esasy mazmunyny düzýär. Şeýle kişiler ahyrky netijede aýralyk derdine juda dözümsiz bolýarlar. Durmuşyň öňünde gaty ejizleýärler. Ýa-da olar gurçugyň balykgulagyň içine girişi ýaly, aň taýdan özlerini aýralykdan gorajak bolup çalyşýarlar. Munuň özi hakykaty görmezlige çalyşmak isleginden döreýän salgymdyr.Ýokarky iki halatda-da adam aňy üçin dünýä puçluk bilen gutarýar. Puçluk bolsa ýokluk diýmekdir.Ruhubelent adam aýralyk pursadynda-da ruhubelentdir. Ýaşaýyşda ruhubelent kişi aýralykda-da ruhubelentdir.Akyl kämilligi – ýaşaýyş hem aýralyk kanunlaryna akyl ýetirmek ukyby adamyň göwnüni giň edýär. Şonuň üçinem şeýle adam hem-ä ýaşaýşy ýürekden söýüp bilýän, ýaşaýşa ýüregi bilen berlip bilýän, ömrüň her bir pursadyny boş geçirmän, iş, mähir bilen dolduryp bilýän adamdyr, şol bir wagtda-da ol islendik pursatda Ezraýyl «ýör» diýse, gitmäge taýýar adamdyr. Hakykat hemişe iki taraplydyr, hakykat dialektiki barlykdyr, adam, her bir şahsyýet hem-ä juda uly zatdyr, şol bir wagtda-da ol aýralyk öňünde hiç zatdyr. Hakykata şu hili doly düşünmek gerek.Adam beýgeldigiçe, göwni kiçelmelidir.Adam baýadygyça, göwni garyp duýulmalydyr.Adamyň maňlaýy açyldygyça, nebis gözi ýapylmalydyr.Adam göwnüni pes tutdugyça, ulalar barar.Dünýä özüni uludyryn öýden kişini kiçelder, kiçidirin öýdeni ulaldar.Baýlyk özünden gaçýanyň gözlegindedir, garyplyk özüni soraglaýandan gaçgynlykdadyr.Ölüm özünden gorkmaýandan ýeňilýändir, ömür özüni ýitirerin öýdýänlerden gaçmak bilendir.Dünýäni gyzgyn tutmadyk kişi ölüm sowuklygyna çydamlydyr.Diňe ýaşaýşa öwrenişen, öwrendikli bolan kişi aýralykdan gorkar. Öwrendikli bolman ýaşamagy öwren! Seniň bu dünýäge baglylygyň emzige öwrenen çaganyňky ýaly bolmasyn.Aýralyk pursadyndan iki tarapa ýol açylýar: bir ýol – ýokluga tarap, beýleki ýol – gaýyplyga tarap.Jan – teniň ýaşaýyş ukyby. Özüni, öz şahsyny ten islegleri bilen baglanyşdyryp, çäklendiren, diňe ten islegi bilen ýaşaýan adamyň ýoly ýokluga tarapdyr. Çünki beden ýok bolýar. Ten panydyr.Öz şahsyny bedenden aýrybaşgalaşdyran, ruhy şahsyýet derejesine ýeten adamyň ýoly gaýyplyga tarapdyr. Gaýyplyk dünýäüze bakylyk mekanydyr. Adam öz ömründe diňe şu dünýäde däl-de, eýse gaýyplykda-da ýaşap bilýän zatlary gazanan bolsa, onda ol şol mekana ýetip bilýändir.Özüňi ten bilen aýrybaşgalaşdyrmak ukyby – öz-özüňe gapdaldan seretmek ukybydyr. Kämil kişi aýralykdan has ozal öz-özünden aýrybaşgalaşmagy başarýar. Ol dirikä gaýyp bolýar.Dirilikde gaýyplyk nämäni aňladýar?!Munuň özi ekzistensial hakykatlara ulaşmakdyr. Ölmezden owal nebis şowakörlügini öldürmek ukyby gerekdir. Munuň üçin adam özüne tebigat tarapyndan berlen ten-beden çäklerinden çykmagy başarmalydyr. Şunda onuň şahsyýetini kesgitleýji zat hökmünde ruh öňe çykýar. Ruh adama fiziki-durmuş çäklerinden, wagtyň gündelik akymyndan, adatylygyň salgymly ölçeglerinden daşyna çykmaga mümkinçilik berýär. Şonda adam daşyny gurşap alan soňsuz dünýäni aňynda aýlap bilmegi, wagtyň-giňişligiň o tarapynda bir ýerde oturyp, tutuş barlygy öz aňyndan geçirmegi başarýar. Diňe bedenden däl, eýse dünýäden hem aýrybaşgalaşmak gerek. Munuň özi ekzistensial ruhy tejribedir. Biziň köne akyldarlarymyz muňa «hal» diýipdirler. Bu örän täsin ahwalat, oňa özi düşüp görmedikler üçin, megerem, asla düşnüksiz hakykatdyr. Şeýle pursatda adamyň aňyna bir zat, wagtyň bir aýby – onuň salgymlygy hem-de düýşpisintligi açylyp gidýär. Munuň özi, deňeşdirip aýdanyňda, düýşden oýanan pursadyňa meňzeş bir ahwaldyr. Şonda adam maddy hem durmuşy dünýäniň, wagt içinde ýaşaýan dünýäniň nähili ejiz hem inçe gurnawlaryň üstünde durandygyny görüp, haýran galýar. Munuň özi gury ýere çykyp, üzüljek-üzüljek bolup duran paýapylyň üstünde gurnalan barlyga sereden ýaly bir zatdyr. Munuň özi geljegi hut häzir, hut şu pursatda görmegi başarmakdyr.Munuň özi wagty üç zamanyň – geçmişiň, häzirki hem geljek zamanlaryň bitewüliginde görmekdir. Şol bitewüligiň aňyrsynda bolsa dünýäüze metafiziki barlyk ýatýar.Munuň özi dünýäüze barlyk bilen didarlaşmakdyr.Munuň özi adamdan dirikä, diriligiň çäginden çykman «ölmegi» talap edýär. Hut şu aýratynlyk bilenem biziň köne dessanlarymyzdaky aşyk-magşuk didarlaşmasynyň geň-taňlygyna düşünip bolýar. Ýadyňyzda bolsa, aşyk-magşuklar biri-birini görenden bihuş bolýandyrlar. Bihuşlyk, hal – iki dünýäniň çatrygyndaky hadysa. Edil biziň dessanlarymyzdaky aşyk-magşuklar ýaly, dünýäler hem biri-birine aşyk-magşukdyrlar. Şonuň üçinem gaýyplygy, gaýyp bolmagy dünýäden ýok bolmak, gitmek, çykmak diýip düşündirmek nädogrudyr. Gaýyplyk ýoly «gitse-geler» ýoludyr. Ýokluga gidenler gaýdyp gelmeýärler.Dünýäleri biri-birinden üzňe göz öňüne getirýän, dünýäleri biri-birine gapma-garşy goýýan paýhas kämil paýhas däldir, belki-de, nadanlykdyr. Dünýäler biri-biriniň basgançagydyr, biri beýlekisiniň içinden geçip gidýän halkalardan düzülen zynjyrdyr. Şonuň üçinem ahyrky netijede şu dünýäni ret etmek nokadyna gelýän paýhasyň dünýäüze dünýäniň hakykatyna ýetenligine ynanmaýaryn. Dogry, gaýyplyk halaty şu dünýäniň salgymyny inkär etmäge puryja berýär, emma bu inkär etmeklik dialektiki häsiýete eýedir. Munuň özi miwäniň güli inkär edişi ýalydyr.Beýle inkär etmeklik adamzat dünýäsiniň külli älemleriň çäginde bakanyňdaky çäkliligine göz ýetirmekdir. Şol nukdaýnazardan dünýämiz ejiz, gowşak hem yrga görünýär. Bu dünýäniň çäginde juda uly zatlar ol çäkden aňyrda hiç zat bolup durýar. Aýralyk hakykaty şuňa akyl ýetirmäge mümkinçilik berýär.Iki sany adam bar diýeli, biri hiç kim, beýlekisi beýik adam. Zäherli ýylan üçin bularyň ikisi-de bir zatdyr, ol çaksa, ikisinem öldürer.Ajal üçin hem biziň adamzat dünýämiz şol ýylan ýalydyr. Ajalyň işi bolan aýralygyň dermany, ölüm çykalgasy bardyr. Bu derman, bu çykalga gaýyplykdyr.Adamzadyň gaýyplyga barýan ýoly uzak bolupdyr. Gaýyplyk açyşlary ölümiň nämedigine akyl ýetirmek bilen baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan adamzadyň ruhy ösüş taryhyny dört sany uly döwre bölüp bolardy. Bularyň hersinde adamzat ölüm hakykatyna başgaça garapdyr.Birinji döwür – mifologik aňyň döwrüdir. Munuň özi adamzadyň dünýäni aňlaýşynda ölümiň hiç hili ähmiýetiniň bolmadyk döwrüdir. Çünki beýle aňlaýyşda ölüm diýilýän, ölüme sebäp bolýan ajal diýilýän zat ýok. Ölüm bolmansoň, adamyň jan bermegine bary-ýogy bir mekandan başgasyna geçmek diýlip düşünilýär. Şonuň üçinem adamlar merhumy jaýlanlarynda şu durmuşda gerek bolan ähli zatlary onuň jaýynda goýýarlar. Patyşalaryň, beýleki uly adamlaryň ýany bilen hyzmatkärleriň, gullaryň, aýallarynyň, atlarynyň öldürilip jaýlanylmagy köpler üçin düşnüksiz zalymlyk bolup görünýär. Emma öz döwrüniň nukdaýnazaryndan seredeniňde munuň özi olary eýesiniň ýanyna goşup bary-ýogy başga ýurda ibermek ahyryn.Ikinji döwürde ölüm subýekti peýda bolýar. Munuň özi köphudaýlylyk döwrüdir. Beýleki ugurlar bilen bir hatarda ölümiň hem aýralygyň Hudaýy bar. Eýsem-de bolsa ölümiň şeýle hökmürowan hem kesgitleýji derejä ýetmegi degişli meselede adamzat aňynyň gaty garaňky hem pes döwrüniň bolandygyny esaslandyrýar. Dünýäniň ölüm başlangyjyny ykrar etmek aň hem ruhy taýdan juda ýowuzlygy aňladýar.Üçünji döwür – ýekehudaýlylyk ynanjynyň döwründe ajal işi perişdä – Hudaýdan has pesde duran jynsa geçýär. Bu eýýäm ýagtylygyň başlangyjydyr. Perişde Hudaýyň erkinde, diýmek, Hudaý üçin ajal adam babatdaky esasy zat, niýet däldir. Yslamda ajal perişdesi Ezraýyl atlandyrylýar. Adam atanyň süňňüni ýaratmak üçin toprak gerek bolanda, Alla birnäçe perişdäni Zemine iberýär. Olaryň hiç biri-de Zeminiň özelenmesine-agysyna dözüp bilmän, eli boş gelýär. Allatagala ahyryl-ahyr Ýere Ezraýyly iberýär.Ezraýyl has dözümli bolup çykýar. Üstesine, ol has ilgeziklik görkezýär: alnan topragyň irde-giçde Zemine gaýtaryljakdygyny aýdýar. Şeýle dözümliligi hem paýhaslylygy üçin Allatagala Ezraýyly jan alyjy perişde ornunda goýýar.Hut şu üçünji döwürde hem gaýyplyk hakykaty açylypdyr. Adamzat öz ýaradylyşy boýunça perişdelerden ýokarydyr. Şonuň üçinem ol Ezraýylyň ukybyndan derman tapyp biler. Ol ajaly ýeňip, gaýyplyga – diriligiň dünýäüze barlykdaky dowamyna ýetip biler. Gaýyplyk hakykatynyň açylmagynda ölüm baradaky pikir esasy ähmiýete eýe bolupdyr. Dünýäüze (metafiziki) dünýä şu dünýäniň netijesidir, gaýyplyk diriligiň ruhy netijesidir. Merhum bolmak hemme kişi üçin ýok bolmak bilen deň däldir. Bäbekligiň çagalyga, çagalygyň jahyllyga, jahyllygyň garrylyga geçişi ýaly, gaýyplyk ömrüň täze derejä geçmegidir. Adamzat dirileriň elinden gelmeýän başarnyklaryň merhumlara degişlidigine göz ýetiripdir. Gaýyplyk ölüm däl-de, ýaşaýşyň täze hilidir. Çünki aslynda-da ýaşaýşa haýsydyr bir nokatda gutarma ýokdur.Dördünji döwürde – adamzat ajalyň subýekt däldigine gaýtadan akyl ýetirdi. Ölüm salgymdyr. Ajal perişdesini gören adam ýok. Adam aradan çykandan soň, onuň ölýändigini ýa-da diri galýandygyny tassyklamak ýa inkär etmek mümkin däl. Ol diňe beýlekiler üçin ýaşamagyny bes edýär. Ölüm diýilýäni başga barlyga açylýan gapy bolup göz öňüne gelýär.Iň paýhasly medeniýet ýaşaýyş bilen ölümi bitewülikde alýan, ýaşaýşyny ahyrky netijä baglap gurnaýan medeniýetdir. Bu ahyrky netije ölüme dünýäüze düşünilişdir. Diri hem gaýyp dünýäleriň bitewüliginden doly hakykat kemala gelýär. Ölüme ruhy-akyl gadaganlygyny girizen medeniýet öz ölümini taýýarlaýar. Ölüm ýaşaýşy manyly, maksat-niýetli hadysa öwürmek işinde oňyn orunda bolmalydyr. Bakylyk, şol sanda gaýyplyk pikirinden mahrum medeniýetiň soňy puçdur. Şeýle bolanda adamzat ruhy taýdan juda pese düşýär, wagşylaşýar, öz ruhy gözükmelerini ýitirýär. Ol Wagtyň tozanyna garylyp gidýär.Elbetde, bu ölümden uly bir hossanyň ýasalmalydygyny aňlatmaýar. Ölümi söýmek hem, ýigrenmek hem gerek däl. Emma ölümi unutmazlyk we ony ýaşaýyş sapagyna öwürmek gerekdir. Ölümden gaýyplyk sapagyny almaly.Gaýyplyk dirilik üçin ösüşe nusgadyr. Şonuň üçinem gaýyplyk ösmek we kämilleşmek taglymatynyň içindäki bir garaýyşdyr. Adam dirilikde özüni kämilleşdirýär, gaýyplykda kemal tapýar. Adamyň mazmunyny diňe ömür – şu göze görnüp duran dünýädäki ýaşaýyş bilen çäklendirmek juda adalatsyzlyk bolar. Çünki beýtmek ýürek nukdaýnazaryndanam, akyl nukdaýnazaryndanam nädogrudyr. Nädogrulyk – adalatsyzlykdyr.Eýsem-de bolsa, gürrüň ýöne ruhy başlangyçlar esasynda gurnalan şu dünýälik ömür gymmatlyklary barasynda däldir. Diňe şu dünýäň çäginde çuňňur we agramly, delilli ýaşaýyş ölçeglerini esaslandyryp bolardy. Gep ýöne ruhdan mahrum ýaşamakda däl, eýse şu dünýäniň ahyrky duralga däldigini ykrar edýän ölçeglerini esaslandyrmakdadyr. Çünki gaýyplykdan mahrum gymmatlyklar näçe çuňňur hem akyly özüne çekiji, manyly görünse-de, düýp manysy boýunça, olaram bary-ýogy owadanlaşdyrylan, akyl pisindine getirilen ýöntem düşünjelerdir. Adama ýol açmak gerek. Adama ýol görkezmek gerek. Gaýyplyk dirilikden soňky şeýle ýoldur. Gaýyplyk aslynda diriligiň mähek daşydyr. Ol mähek daş kimin adam ömrüniň – diriliginiň çyn altynmy ýa-da mis garyndylydygyny kesgitläp berýär.Ýaşaýyşda başlangyç bardyr. Ýaşaýyşda tamam ýokdur. Diriligiň talaby şeýledir. Şeýle bolmasa, onda akylyň diriligi nadanlyk bilen inkär etdigi bolardy. Ýöne bu mümkin däl. Dirilik – hakykatdyr. Muňa subutnama geregem däl ahyryn! Muňa göz ýetirmek üçin ýöne ýaşamak gerek. Gaýyplyk hem hakykatdyr. Muňa doly akyl ýetirmek üçin imana ýüzlenmek gerek.
Osman Öde