Metafizika


Içki-daşky barlyklaryň o tarapyndaky hakykatlarÄlemiň wagt-giňişliginde Zeminiň aýratyn orny we ähmiýeti bar. Munuň özi Zeminiň öňünde goýlan aýratyn wezipeler bilen baglanyşyklydyr. Bize häzirlikçe mälim bolan älemleriň içinde diňe Zeminde ýaşaýyş diýilýän zat bar. Eýse bu nämäni aňladýar? Bu sözüň pelsepe manysynda diňe Zeminde ölüm bar diýmekdir. Çünki ýaşaýyş diňe ölüm bilen bitewülikde alanyňda, haýsydyr bir pelsepe manysyna eýe bolýar. Bular şol bir hakykatyň dürli iki tarapydyr. Zeminden gaýry älemler ýaşaýyş bilen ölümiň o tarapynda ýerleşýärler.Hut şonuň üçinem Zemin ýaşaýjysy bolmagyň, dünýä gelmegiň özi eýýäm uly bagtdyr. Bu bagty aňlamaklygy men ruhubelentlik pelsepesiniň akyl esasy diýip hasaplaýaryn. Beýle bagtyň manysy bolsa bakylyga güzerdiginden, bakylyga puryjadygyndan ybaratdyr. Bakylyga ýol diňe panylygyň içinden geçip gidýär.Panylygyň ýokluga barýan gapysyndan başga çykalgasy ýokdur. Barlyk bolsa panylykdan bakylyga açylýan gapydyr. Biologik ýaşaýyş bolmasa, ruhy ýaşaýyş hem bolmazdy.Älemler Zeminden daşgary bakylyk mekany däldir. Zemin bakylyk duralgasy-da däldir. Ýaşaýyş üznüksiz ösüş netijesinde özüniň täze giňişliklerini hasyl edýär. Munuň özi Zemindäki ýaşaýşyň täze ölçeglere we täze görnüşlere geçmegidir. Şu üznüksiz dowamatda ösüş diýilýän belli bir sepgitdir. Ölüm soňky nokat, tamam däldir. Ol bakylyk basgançagydyr, bakylyk başlangyjydyr. Zemin bolsa bakylyk sallançagydyr. Zemini ýaşaýyşdan badalga alýan ruh janyň tenden aýrylmagy bilen has başga, has ýokary derejedäki ýaşaýyş giňişligine geçýär. Men bu giňişlige içki-daşky barlyklaryň o tarapyndaky hakykat diýip at berýärin. Bu hakykat barlygyna barmak, megerem, hemmelere nesip edibem durýan däldir. Çünki bakylyga ýetmek üçin panylykda jemlenen ähli ýaşaýyş güýç-kuwwatyny öz şahsyýetiňe siňdirmegi başarmak gerek. Munuň özi nämäni aňladýar?Bir söz bilen aýdylanda, munuň özi ýaşaýşyň tagamyny, ömrüň lezzetini duýup ýaşamagy aňladýar. Her bir adam şahsyýeti üýtgeşikdir, gaýtalanmazdyr we tapylgysyzdyr. Ýöne hakyky bagtly adam aňyna we kalbyna ýaşaýşyň tükeniksiz manysy hem lezzeti açyk bolan adamdyr. Ýaşamak endige öwrülende, adam öz-özüni we öz ömrüni duýmagy bes edýär. Her bir pursatda ýaşaýanyny duýmak üýtgeşik bir ruhy ahwalatdyr. Muny başgaça adam şekilli ýaşamak hökmünde kesgitläp bolar. Adam şekilli ýaşamak hem maksatly, şol bir wagtda hem ýöne ýaşamakdyr. Aňly-düşünjeli ýaşamak, bilip-görüp ýaşamakdyr. Aňly-düşünjeli ýaşaýyşda adamyň oý-pikirlerini hem-de duýgularyny özüne çekýän meseleleriň biri-de ölüm meselesidir. Bu mesele külli adamzadyň ruhy ewolýusiýasyny kesgitleýji mesele boldy. Adamzadyň ilkibaşky aňy bolan mifologiýanyň synmagy, onuň ornuna diniň, sungatyň, ylmyň we beýlekileriň gelmegi hut ölüm babatyndaky bolup geçen ruhy-aň öwrülişiginiň netijesidir. Munuň özi örän düýpli we häzire çenli üns berilmedik zatlaryň biridir. Öz ähmiýeti boýunça ol bioewolýusiýanyň dinozawrlaryň ýitip, ýok bolmagy ýaly öwrülişige deňdir. Adamzadyň mifologik aňynyň eýýamynda ata-babalarymyz üçin ölüm diýilýän zat bolmandyr. Adam hem, külli tebigat hem ölümsiz duýlupdyr. Dünýäde bakylyk höküm sürýän ýaly ýaşalypdyr. Ölümiň barlygyny aňlamak, ölümi görmek mifologiýanyň synmagyna getiripdir. Munuň  özi adamzat üçin bitewi, bir, ýeke-täk dünýäniň öz ornuny iki dünýä – panylyk hem bakylyk dünýäsine bermegine ýol açdy. Adamzat biodünýäniň wagtlaýyndygyna, diňe ruhy ölçegleriň çäginde bakylygyň mümkindigine göz ýetirdi. Munuň özi ruhy ewolýusiýanyň başlangyjy boldy. Adamzat ölümiň bardygyny görüp, Biribaryň bardygyna göz ýetirdi. Şeýdip, ol çagalykdan saýlanyp, kämillik ýoluna düşdi. Ol häzirem şu ýoldaky ýolçudyr.


Osman Öde

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir