"Hemme işiñ beýany Kurandadyr kuranda..."
2014-nji ýyl türkmen halky üçin mübärek we şanly wakalara doly ýyl bolup taryha girer. Sebäbi Garaşsyz Türkmenistanyň milli Lideri hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen şu ýyl türkmen topragynda milletiniň gerçek şahsyýeti Magtymguly Pyragynyň doglan ýylynyň 290 ýyllygy uly dabara bilen bellenip geçiler. Hakykaty aýtmak gerekdir, ki miladynyň XVIIZnji asyryndan tä XX-nji asyryna çenli aralykda Zeminde ýaşaýan türki halklaryň arasynda türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň derejesine ýetip bilen ägirt şahyr ýokdur. Ol soňky asyrlaryň dowamynda gadymy Turan, Türküstan topragynda Eýranda, Azerbaýjanda, Yrakda we Türkiýede ýaşaýan türki halklaryň şygryýet äleminde indi tas 250 ýyl bäri nur saçýan ýeke-täk parlak ýyldyzdyr. Türkmen halkynyň öz akyldar ogly Magtymguly Pyraga bimöçber hormat goýup, onuň adynyň öňünden: “Ol hezretler”, “Hezreti Magtymguly”, “Hezreti işan...”, “Aryf-dana”... diýen ýaly mübärek sözleri aýtmagynyň iň esasy sebäbi, ol hezretleriniň şygyr diwanyndaky dür däneleri ýaly setirleriň, pikirleriň köp böleginiň sütünini Kur’an-Şerifiň aýatlaryndaky Haktagalanyň hökümleri, hezreti Muhammet (s.a.w.) pygamberiň hadys şerifiniň görkezmeleri tutýar. Has takygy, ol hezretleriň şygyr diwanynyň agramly bölegi Kur’an-Kerimiň aýatlaryny hem-de hezreti pygamberimiziň hadys-şeriflerini türkmeniň sada dilindäki şerhi, ýagny düşündirişidir. “Oglum! Hezreti Magtymgulynyň şygyr diwanyny ele alaňda, täretli bolgun! Iň bolmanda, eliňi ýuwup, agzyňy üç gezek suw bilen çaýkagyn! Ol hezretleriň adyny tutmakaň, diwanyndaky Kur’an-Şerif bilen bagly şerhleri dile getirmäkäň, agyz täretiň bir bolsun! Şeýle etseň, ýalkanarsyň!”. (Gadymy Ahal sährasynda ýaşap geçen takwa, nazarkerde türkmen gojasy Sazak aganyň kyssalaryndan).Nazarkerde türkmen gojasynyň bu pendini diňlän wagtlarym, başym gara galpakly oglandym. Ondan bäri ömür öz menzilini aýakaldygyna külterledi. Garagalpak başyma, sakgalyma ak düşüp, telpekli ýaşuly boldum. Şükür, ol türkmen gojasynyň pendine uýup, döwlet tapdym. Hakykatdan hem hezreti Magtymguly milletimiziň Mertebesi diýsem, belki-de ýalňyşmaryn! Ýekeje mysal: eger bir ýerde jemagat oturyp, dünýewi, dinisöhbet edýän bolsa, kimdir biri hem oturan jemagata bir pikir aýtsa, her näme bolsa-da köpçülik-dä: “Aý how pylany! Seniň bu diýýäniň-ä...” diýip, biri onuň diýenine garşy çyksa, ol pikiri orta atan: “Adamlar! Bu pikir meniň öz pikirim däl! Hezreti Magtymguly ynha şeýle diýipdir...” diýip, ol aryf-danamyzyň şygyr diwanyndan bir bendi delil hökmünde getirýär welin, ýaňky pikir babatda dawa edip oturan märekä edil suw sepilen ýaly bolýar. Şondan soň, märekede oturan ýaşulularyň biri: “Aý hawa-da! Magtymguly işanyň gozgamadyk pikiri ýok...” diýmek bilen, ol jedelli meseläni möhürleýär. Hakykatdan hem, ol hezretleriň dini, dünýewi meseleden türkmen halkyna aýtmadyk pikiri ýok ýaly. Hoşgylaw, ynsanperwer, watansöýüji, adalatly, lebzi halal, takwa, halalsöýer, hoşniýetli ynsan bolmak, perzentleriňe ýagşy edep öwretmek, il-güne ýaramly, abraýly adam bolmak isleseň... hezreti Magtymgulynyň şygyr diwanyny içgin öwrenip, onuň bilen bagryň badaşmaly. Ol hezretleriň waspyny aýtmaga özümiň söz ussatlygym ýetmänsoň, meşhur ulama Abdyrahman Jamynyň (XV asyr) sözlerini hezreti Magtymgula laýyklap, aýdasym gelýär: Ol hezretleň waspyn neneň söýläp bor, Pygamber-ä däl, ýöne kitaby bar... Şundan artyk, hezreti Magtymgulynyň waspyny etmäge özümem, sözümem ejiz gelýär... Ynsan bu dünýä gelip, özüni bilip, dünýäniň müşgüllikleri bilen gabatlaşyp başlansoň, ol dürli meseleleri adalatly, dogry çözmekde aljyrap, daş-töwerekden haraý gözläp başlaýar. Aryf-danamyz bolsa, şol dem, ol biçäre türkmene: Külli işiň beýany, Kur’andadyr-Kur’anda... - diýmek bilen, Hak tagalanyň öz bendesine görkezýän hak ýoluny salgy berýär. Aryf-danamyz hak aýdýar. Çünki hezreti Magtymgulynyň şygyr diwanynda ýenede şeýle setirler bar: Kelamda bar iş beýandyr, Barça iş Haka aýandyr, Ynsan saňa imandyr, Ölmek hak, direlmek hakdyr. (“Bolmak hakdyr”)
* * *
Ölmek hak, direlmek-hakdyr,
Okadym Kur’an içinde... (“Seýran içinde”)
Aryf-danamyz hak sözi aýdýar. Çünki, Kur’an-Şerifiň “Imran maşgalasy” atly süresiniň 158-nji aýatynda şeýle habar berilýär: “Wellahü ýuhiý we ýumiýtü” ýagny“We Allatagala islänini öldürer we direlder”.
* * *
Hezreti Magtymgulynyň şygyr diwanyndan daş-töweregine ylahy nur çaýyp, ynsanyň kalbyny heýjana salýan mübärek setirleriň, dür dänesi deýin pikir-paýhaslaryň arkasynda mukaddes Kur’an-Şerifiň aýatlary bar. Geliň, käbir mysallara ýüzleneliň. Aryf-danamyzyň “Alla sen” atly şygyry: “Kün” lefzinden älemni, Mowjud etgen Alla sen... - diýen setirler bilen başlanýar. Bu iki setir Kur’an-Şerifiň “Imran maşgalasy” süresiniň 61-nji aýatyna gabat gelýär. Çünki, ol aýatda şeýle diýilýär: “... kale lehuw kün feýeküwni”. Manysy: “... Oňa (Adama) “Kün!” (“Bol!”) diýdi”. Şol hökümden soňra hezreti Adam ata jan girýär, ol ýaradylýar. Bu höküm soňra “Ýasyn” süresiniň 82-nji aýatynda hem: “Innemä: emr ühuw iz:ä era:de şeýen en ýekuwle lehuw Kün feýeküwnü” görnüşinde ýatlanylýar. Manysy: “Her wagt beýik Taňry bir zady ýaratmak islese, şol zada “Bol!” diýer, bes, şol dem ol zat dörär”. Şahyryň “Ýaranlar” atly 21 bentden ybarat şygyrynda hezreti Ýusup (aleýhissalam) pygamber bilen bagly şeýle setirler bar: Agalary gelip, tagzym kyldylar, Külli günälerin ötdi ýaranlar... ( Magtymguly, Saýlanan goşgular, Aşgabat, 1976, 617 sah., .) Akyldaryň bu setirleri Kur’an-Şerifiň “Ýusup” süresiniň 4-nji aýatyna gabat gelýär.
* * *
Aryf-danamyzyň “Guçar gider” atly şygyrynda (görkezilen eser, 591 sah.,): Ölüm bir ajy şerbetdir, Her kim ondan içer gider... -diýen setirler bar. “Daň atmazdan burun” (görkezilen eser, 478 sah.,) atly goşgusynda bolsa: Bu dünýä gelen geçer, Halaýyk ol şerbetden içer... -diýen setirler bar. Hezreti Magtymguly Pyragynyň bu aýdýany hak söz! Ölümden aman galýan ýok. Çünki, Kur’an-Şerifiň “En-nebiýe” süresiniň 35-nji aýatynda şeýle höküm bar: “Küllü nefsin zä:iketül mewti”. Manysy: “Bu dünýä gelen her bir janly – ölüm ajysyny datgyjydyr”.
* * *
Hezreti Magtymguly Pyragynyň “Joşa ýetdiň” atly meşhur goşgusynda şeýle bentler bar: Bir gün ataň yşk etdi, Sulbundan joşa ýetdiň. Owwal suwduň gan bolduň, Gandan soň läşe ýetdiň... (Görkezilen eser, 559 sah.,) Akyldaryň bu maglumaty Kur’an-Kerimiň 75-nji (“Kyýamat”) süresiniň 37-38-39-njy aýatlaryna gabat gelýär. Bu goşgynyň ikinji bendi bolsa şeýle: Höküm eýledi ol Hudaý, Dokuz sagat dokuz aý, Ýedi endam jaý-ba-jaý, Süňňi ulaşa ýetdiň... - Bu bentde beýan edilýän maglumatlar hem 75-nji süräniň ýokarda ýatlanan aýatlaryna hem-de “Möminler” süresiniň 12, 13, 14, 15-nji aýatlaryna gabat gelýär.
* * *
Aryf-danamyzyň “Şalar galmazlar” atly şygyrynda ynha şeýle setirler bar: Şuny kesipdir aklym, Ýykylar ýedi yklym, Ýer bolar büklüm-bülküm, Erir, daglar galmazlar. Hakdan ýetişse perman, Ne çäre bar, ne derman, Asman, Gün-ü Aý lerzan, Hem ýyldyzlar galmazlar... Lemmer-lemmer möwç uran, Ol derýlar galmazlar... Şahyryň bu setirleri ilkinji nobatda Kur’an-Kerimiň 101-nji (“Ka:ria”) süresiniň 5-nji aýatyna gabat gelýär. Ol aýat şeýle: “We teküwnül jibälü kel yhnil menfuwşi”. Manysy: “(Ol gün) Daglar edil daralyp pişge edilen ýüň ýaly ýeňil halda uçarlar”. Bu ahyrzaman güni baradadyr. Soňra bolsa bu aýat 81-nji (“Tekwir”) süresiniň 1-3-nji aýatlaryna gabat gelýär. Onda şeýle diýilýär: “Izeşşemsü kuwwiret, we izennüjuwmün kederet we uzel jibälü süýýiret”. Manysy: “Günüň öçüp, nury sönen wagty, ýyldyzlaryň ýagmyr ýagan deý Ýere dökülen wagty, daglaryň ýerlerinden gopup, howada gubar (çaň) ýaly gaýyp ýören wagty...”. Ondan soň bu setirler, 82-nji süräniň 1-3-nji aýatlaryna hem gabat gelýär. Ol aýatlarda gudratly Allatagalanyň gazabyndan külli Asmanda partlama emele gelen wagty, ýyldyzlar ýere dökülip, derýalar joşup... uly betbagtçylygyň has takygy, ahyrzamanyň boljakdygy habar berilýär. Elbetde beýik Taňry ýöne ýerden gazaba münüp, Asman-u Zemine ahyrzamany indermeýär. Sebäbi, ol ýagdaýyň emele gelmginde adamzadyň diňe özi günäkär bolup biler. Sebäbi Zeminde adamlaryň beýik Taňryny ýatlaman, ondan heder etmän, haramy-halal bilen garyp, haram işi pişe edinmekleri ýaly zatlar... ahyrzamanyň bolmagyna sebäp bolup bilerler.
* * *
Şahyryň “Ahyrzaman geler” atly şygyrynda: Uşbu dünýäden geçenler, Hakyň şerabyn içenler... - diýen setirler bar bolsa, başga bir goşguda şeýle setir bar: Mümüne hoş wadadyr we sakaahüm şeraben... Akyldaryň “Biwepalardan” atly şygyrynda bolsa şeýle setir bar: Şeraben tahuran kimge jam bardyr...Akyldar bu setirlerinde Haktagalanyň söýen bendelerine jennetde garaşýan ajap pursatlar barada beýan edýär. Şahyryň bu aýdýanlary Kur’an-Kerimiň 76-njy (“Ynsan”) süresiniň 16,17,18,24-nji aýatlaryna gabat gelýär. Ol süräniň 24-nji aýaty şeýle: “We hulluw esäwire min fizzatin. We Sakaahüm Rabbühüm şera: ben tahuwran”. Manysy: “We olara kümüş bilezik dakylar. We belent Taňry olara päkize şeraby içirer”. Gudratly Allatagalanyň jennetde öz sadyk gullaryna hödürleýän şeraby bu dünýädäki ýaly içeni azdyrýan, haram işlere ulaşdyrmaga ýykgyn etdirýän haram içgi, meý, arak, umumy alkogolly içgi bolman, düýbünden başga içgi bolmaly. Ol içginiň tagamy bu dünýädäkilere syr bolup galýar.
* * *
Hezreti Magtymguly “Zory gitmezmiş” atly şygyrynda şeýle bent bar: Ahatdyr, samatdyr ol Hakyň ady, Bir Allanyň güýji, zory gitmezmiş. Bolmaz onuň hergiz ýakyny, ýady, Gurulan bazary, şäheri gitmezmiş... Bu bentdäki üçünji setir barada şerh bersek, aryfdanamyz ol setirinde Kur,an-Şerifiň “Yhlas” süresindäki: “Lem ýeld welem ýowled” ýagny “(Beýik Taňry) Hiç kimiň perzendi däldir we perzendi ýokdur” diýen aýatdan habar berýär. Şahyryň ýokardaky üçünji setiriniň mazmuny hut şol aýatdan gelip çykýar.
* * *
Aryf-danamyzyň “Dag saýar” atly şygyry şeýle başlaýar: Daglar ýeriň myhydyr... Bu setiri okap: “Hezreti Magtymguly şuny-ha hak aýdýar!” diýýäris. Hakykatdan hem ol kesgitleme bihal aýdylan däl! Çünki, Kur’an-Şerifiň 78-nji (“En-nebe”) süresiniň 7-nji aýatynda şeýle habar bar: “Wel jibale ewtaden”. Manysy: “We (biz) daglary (Ýeriň sarsman durmagy üçin ýer saklaýan) myhlar (gazyklar) edip ýaratmadykmy?!”. Görnüşi ýaly şahyryň ol setirindäki pikir hem öz gözbaşyny Kur’an-Mejidiň aýatyndan alýan ekeni...
* * *
Aryf-danamyzyň “Ynsan ýaratdy” atly şygyry şeýle setirler bilen başlanýar: Bir Allaga aýdaý hamdy-senalar, Bir gysym toprakdan ynsan ýaratdy...Akyldaryň bu setirleri Kur’an-Mejidiň 3-nji (“Ymran maşgalasy”) süresiniň 61-nji aýatyndan habar berýär. Çünki ol aýatda şeýle diýilýär: “Hala-kahuw min türa:bin...”. Manysy: “(Beýik Taňry Adam atany) toprakdan ýaratdy”. Soňra bolsa ol şygyrda ýene-de şeýle setirler bar: Owwala ýaratdy Adam atany, Aňa jübüt eýledi Howa enäni... Bu setirler Kur’an-Kerimiň 4-nji (“Aýallar”) süresiniň 1-nji aýatyna gabat gelýär. Ol ýerde şeýle diýilýär: “Ýä: eýýühennäsüttakuw Rabbekümülleziý halakaküm min nefsin wähydetin we haleka minhä zenjähä”. Manysy: “Eý ynsanlar, beýik Rebbiňizden gorkuň, Ol sizi bir jandan ýaratdy we ol jandan (Adam atadan) onuň jübtüni (Howa enäni) ýaratdy”.
* * *
Şahyr “Seýran içinde” atly şygyrynda bolsa ynha şeýle möhüm setirler bar: Ölmek-hak, direlmek-hakdyr, Okadym Kur’an içinde... Aryf-danamyz dogry aýdýar. Çünki, Kur’an-Şerifiň 3-nji (“Ymran maşgalasy”) süresiniň 158-nji aýatynda şeýle habar berilýär: “Wellahü ýuhiý we ýüliýtü”.Manysy: [b"(Beýik Taňry) islänini direlder we islänini öldürer".[/b] Bu aýat bilen bagly ýene-de bir mysal... Akyldaryň “Kaýdadygy bilinmez” atly tapmaça äheňli şygyrynda bolsa, beýik Taňrynyň bu aýaty bilen bagly şeýle setirler bar: Atasy kyrkynda, ogly ýüz ýaşly, Ýasdadygy toýdadygy bilinmez... Bu sowala jogap bermek üçin, gadymy dini çeşmelere ýüzlenmek gerek. Gadymy kitaplarda beýan edilmegine görä, bir gün Uzaýyr pygamber arkasyna odun ýükläp öýüne ýetip gelýärkä, onuň kalbyna şeýtan aralaşýar. Şonuň üçin ol: “Beýik Taňrynyň inderen aýatynda Onuň birmahal ölen bendäni direltmek gudratynyň bardygy barada aýdylýar welin, öz-ä...” diýip, ol aýata birhili betgümanlyk edýär. Onuň ýüregine giren betgümanlyk dessine Taňra aýan bolýar hem-de beýik Taňry Uzaýryň janyny şol pursat, odun göterip gelýärkä alýar. Şol wagt Uzaýyr pygamber kyrk ýaşynda ekeni. Ol wakadan ýüz ýyl geçensoň, Perwerdigär Uzaýry ýene-de şol ýagdaýda, odun alyp gelýän ýagdaýynda direldýär. Uzaýyr odunyň aşagynda ýegşerilip gelşine, öz howlusynyň gapysyny kakýar. Gapyny bir örän garry goja açýar hem-de Uzaýyrdan: “Sen kim?!” diýip, soraýar. Ol özüniň şol öýüň eýesi Uzaýyrdygyny aýdýar. Ol goja ýaşuly oňa: “Sen maňa beýle gürrüň etme! Uzaýyr meniň kakam! Ol men entäk bir ýaşyma ýetmäkäm dünýäden gaýdypdyr! Men bolsa häzir ýüz ýaşymda!” diýýär. Onýança-da, olaryň howlusyna obadaşlary jemlenýärler. Olaryň hiç biri arkasy odunly gelen adamynyň Uzaýyr pygamberdigini ykrar edip bilmeýär. Jemagatda duranlaryň biri: “Adamlar! Meniň atamdan eşiden gürrüňlerime görä, Uzaýyr pygamber Töwrady doly ýatdan bilen adam bolmaly. Geliň, bu adamdan Töwradyň her ýerinden, her ýerinden soralyň!” diýýär. Uzaýyr pygamber olaryň sowallaryna säginmän jogap berensoň, oba adamlary ony Uzaýyr pygamber diýip ykrar edýärler. Uzaýyr pygamber ölende kyrk ýaşly bolan bolsa, onuň öleginden biraz öň dünýä inen ogly gaýyny açan şol aksakgally goja bolup, ol hem şol wagt 100 ýaşynda ekeni.
* * *
Akyldaryň “Bargaý men-ä” atly şygyrynda şeýle setirler bar: Halyk-a, bihuda ömrüm bada geçdi, bilmedim, Almadym toba nesuh, zulmat ýaragyn kylmadym... Hezreti Magtymgulynyň “toba nesuh” diýýäni Kur’an-Şerifiň “Et-tahrim” süresiniň 66-njy aýatyna bagly. Çünki, ol aýatda: “Kuwle tagala tubu ilelahi tubetan Nesuhan” ýagny “Toba etseň, Nesuhanyň tobasy ýaly toba et!” diýen höküm bar. Nesuhan kim?! Gadymy rowaýatlara görä, gadym zamanlar Nesuhan atly örän ýaramaz häsiýetli, zandyýaman, her bir ýaramaz işe baş goşýan bir adam ýaşap, şäheriň ýaşaýjylary onuň ýaramaz hereketinden peteň bolupdyrlar. Nesuhan bolsa öz edýän ýaramaz pişelerinden keýp edýän ekeni. Bir gün Nesuhan şäherdäki zenanlar hammamyna girip göreýin diýip, aýal lybasyny geýýär şäherdäki iň baý zenanlaryň hammamyna girýär. Hemmeler köýnekli suwa düşensoňlar, Nesuhanyň erkek kişidigini hammamdakylar aňlamandyrlar. Hammamda suwa düşýänleriň arasynda şol şäheriň hökümdarynyň gyzy hem öz kenizleri bilen bar ekeni. Nesuhan hem özüniň bu haýasyz işine guwanyp, suwa düşmegini dowam etdirýär. Hökümdaryň gyzy hammamdan çykmakçy bolup, eşik täzelenýän ýere barýar. Lybasyny çalşyrýar-da “Hany meniň göwher gaşly ýüzügim?!” diýip gygyrýar. Kenizleri hammamy tel-tagt edip, patyşaň gyzy-melikäniň göwher gaşly ýüzügini tapmaýarlar. Şonuň üçin melike hammamdan hemme zenanlaryň çalşyrgyç goşlaryny, eşiklerini ondan soň bolsa, aýratyn perdelenen ýerde ogurlan zenan ol ýüzügi teniniň bir ýerinde gizlän bolaýmasyn diýip, aýallaryň eginlerinden hammam lybaslaryny hem çykaryp barlamagy höküm edýär. Hammamdaky aýal-gyzlary hatara duruzyp, perdäniň arkasynda ýeke-ýekeden olary barlamaga başlaýarlar. Nesuhan hem şol hatarda bolup, öz nobaty perdä ýakynlaşdygyça syry açylar öýdüp gorkup başlaýar. Nobat bolsa gitdigiçe golaýlaşýar, ýüzükden bolsa habar ýok. Şol ýagdaýda Nesuhan: “Eý beýik Taňrym! Ozalky eden bet işlerime çyn ýürekden toba edýärin! Şu wakadan aman sypdyrsaň, galan ömrümde halal ýaşap, diňe halal iş bilen meşgul boljakdygyma lebiz edýärin!!!” diýip, Haktagala çyn ýürekden ýalbaryp, toba edipdir. Onýança hem Nesuhanyň öňündäki maşgala perdäniň aňyrsyna giren wagty, patyşanyň gyzy: “Ýüzügimi tapdym! Ony diwaryň ýüzündäki çüýe ildiripdirin!” diýip gygyrýar. Kenizler şol dem hammamdakylary barlamagy bes edýärler. Nesuhan bolsa, şol eden içen tobasy üçin ölümden we wejeralykdan aman galýar. Ol wejeralykdan sypan Nesuhan soňra tä ömri ötýänçä takwa, hudaýhon abraýly adam bolup ýaşapdyr. Aryf-danamyzyň ýokardaky setirleriniň şerhi şundan ybarat.
Sözsoňy
Görnüşi ýaly, türkmen milletiniň aryf-danasy Magtymguly Pyragynyň şygyr setirleriniň aglabasy özüne esas edip Kur’an-Şerifiň aýatlaryny, pygamberimiziň hadyslaryny alýan ekeni. Yslam dini bolsa ynsana telek zady öwretmeýär. Aýatlar we hadys bilen bagly şygyr setirleri ol hezretleriň diwanynda ýüzlerçe. Hut şonuň üçin hem, ol hezretleriň şygyr setirlerinden Ylahy nur çykyp, ynsanlaryň kalbyny nurlandyrýar. Ol diwandan çykýan Ylahy nur tä ahyrzamana çenli öçmez enşalla!
Juma ATAÝEW, Magtymgulyşynas.
Eýran Yslam Respublikasynyñ "Haweran" žurnaly, 2014-nji ýyl.
wagt 4 years ago- Jek serçe, eygilikmi? Biz-a bulary awtorlardan çöplap goyyas saýtymyzda. Senem aylan yeriñi gorkezman payradyp otyrsyñ? Alnan çeşmesi: www.kitapcy.ga diýeñde ya linkini goyañda bir zat bolar oytduñmi? Azabyñ siñipdimi bu zatlara oz zadyñ yaly payradyañ welin? Eger başga saytlarda paylaşjak diyp hayş eden bolsañ, alan çeşmañi gorkezmek şerti bilen ozumde name bolsa berayerdim-da (öñ sorañda beripdim-a) Eger talyplarda ya başga saytlarda goymak zerurlygyny duysak, awtor ya ozumiz goyardyk, sen azara galyp yorme. Saytymyzyñ ylmy çeşme hokmünde salgylanma mümkinçiligini, gymmatyny pese gaçyrmak u.n edyañmi ya, name u.n beydyañ? Awtoryndan ya ilki goylan saytyndan soraman beytmek ynsabyña dogry bolsa, goy, yene goy!