Taryhda Ilkinji äýnek 1280-nji ýylda Armati adyndaky italýan (wenesiýaly) fizik tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Bu äýnek jisimleri ulaldyp, aňsat görmek mümkinçiligini döredipdir. Ol tegelek we aýry jübüt böleklerden ybarat bolupdyr.

Häzirki zaman äýnegiň ilkinji görnüşini Rojer Bekon oýlap tapypdyr. Ilki bu äýnek el bilen tutulýan «lorgnette» görnüşinde bolupdyr.

1730-njy ýylda Edward Skarlet (Eduard Scarlett) gozganmaýan äýnek sapyny oýlap tapypdyr. Şeýlelikde ilkinji äýnek oýlanyp tapylandan 350 ýyl soň ýüzüň ortasynda durýan görnüşe getirilýär. Äýnegiň sapynyň uzynlygyny kellä görä sazlap bolýar. Bu bolsa burnuň üstüne az agram salyp, äýnegiň gaçmagynyň öňüni alýar.
Ilkinji äýnek dükany 1783-nji ýylda Filadelfiýada (ABŞ) Frensis MakAlister (Francis Mc Allister) tarapyndan açylypdyr.

Çeşme: Internet maglumatlary

Bilim, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir