Ilkinji tozan sorujy
Taryhda ilkinji tozan sorujy 1901-nji ýylda angliýaly inžener H. Cecil Booth tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Emma onuň ýasan tozan sorujysy öý üçin däl-de, önümçilik ýerlerini arassalamak üçin niýetlenen uly awtomaşyn görnüşinde bolupdyr. Bu tozan sorujynyň ýene-de bir aýratynlygy ýangyç bilen işlemegi, önümçilige degişli bolup, köçä ýakyn dükanlaryň we edara jaýlarynyň içini uzyn şlangy bilen arassalamagy eken. Inžener oýlap tapan bu awtomaşynyna «Puffing Billy» diýip at dakypdyr.
Öý üçin niýetlenen ilkinji tozan sorujyny bolsa 1907-nji ýylda ABŞ-yň Ohaýo ştatynyň ýaşaýjysy, köp gatly jaýlaryň garawuly (wahtýor) Jeýms M. Spangler oýlap tapypdyr. Ol çotganyň ujuna wentilýatorly motor oturdyp, aşagyna ýassygyň daşy görnüşinde torba dakypdyr. Şeýlelikde, halylaryň üstündäki hapany we tozany sorýan enjam orta çykypdyr.
Az wagtdan bu enjamy öndürmek üçin «Spangler» atly kiçijik kärhana açyp, ol bu işiň söwdasyna başlaýar. Bir gün Spangleriň müşderileriniň biriniň adamsy Wilýam Huwer (1849-1932) kärhany satyn alyp, onuň adyny «Hoower» diýip üýtgedipdir-de, tozan sorujylaryň döwrebap görnüşini ýasap başlapdyr. Müşderileriň güýçli talaby netijesinde tozan sorujylar dünýä ýaýrap başlapdyr.
Çeşme: Trewor Gomer, «Ilkinjileriň kitaby»