Taryhda ilkinji gazet miladydan öňki 59-njy ýylda imperator Ýuliý Sezaryň karary esasynda Rim senaty tarapyndan çykarylypdyr. Bu gazetde doglan günler, durmuş toýlary, nikalaryň bozulmagy we ölüm hadysalary barada ýazylypdyr. Halkyň bolan wakalardan habardar bolmagy üçin Rimiň ähli künjegine gazet paýlapdyrlar. Okap bilmeýänler üçin bolsa köpçülik ýerlerinde gazeti sesli okap beripdirler. Bu gazet biziň eýýamymyzyň 131-nji ýylyndan başlap, kazyýetiň alyp barýan işleri we kanunlary hakyndaky habarlary hem halka ýetiripdir.
Çeşme: Trewor Gomer, «Ilkinjileriň kitaby».