Jynsy gatnaşygyñ ýygylygy saglyk üçin zyýanlymy?

Adamlar jynsy islegi we işjeñliginiñ ýüze çykyş derejesi boýunça dürli-dürli bolup, ol ýagdaý beden aýratynlyklaryna baglydyr. Ýöne çenden aşa seksual işjeñlik, wagtyñ geçmegi bilen ruhy gamgynlylygyna, uky bozulmalara, gaharjañlyga, ýadawlyga, jynsy gowşaklyga getirip biler. Juda ýygy geçýän jynsy gatnaşyklarda, kadaly gatnaşyklara ýardam berýän biologiki suwuklyklaryñ bölünip çykmasynyñ yza galýandygy sebäpli ýaramly, lezzetli keýp alma duýgulary peselýär, olaryñ ýitiligi ýitýär. Käbir seksopotologlaryñ bellemegine görä juda ýygy geçýän jynsy gatnaşyklar, jynsy işjeñligi kadalaşdyrýan merkezleriñ dartgynlylygynyñ ýokarlanmagyna getirip, bedeniñ garrama ýagdaýynyñ wagtyndan öñ, has ir başlanmagyna hem itergi berip biler. Siziñ ýagdaýyñyzda uzak wagtdan soñ, jynsy gatnaşyklary bir gezek tapgyrlaýyn ýygy geçirmek hiç hili ýaramaz täsirlere getirmez diýip pikir edýärin. Öz seksual aýratynlyklaryñyza ýaşyñyza görä, jynsy gatnaşyklary kadaly geçirip, hemişe seksual ''açlygy'' duýup gezmek lukmanlar tarapyndan dogry hasaplanýar.

ok.ru

Bilim, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir