Gujagy eşretli asuda Watanmyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly baýramlarymyzyň naýbaşysy bolan Bitaraplyk baýramy ýetip geldi. 12-nji dekabrynda Bitaraplyk günini diňe bir türkmen ilinde däl, dünýäniň parahatçylyk söýüji dost-doganlyk ýurtlarynda hem belläp geçýärler. Ýagny 2017-nji ýylyň fewralynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Bu hem biziň Milli Liderimiziň öňe süren başlangyjynyň rowaç alýanlygynyň şaýadydyr.
Bitaraplyk hukugynyň gymmatlylygy, mukaddesliligi, mizemezligi barada söz açanymyzda ony hormatly Arkadagymyzyň dana pikirleri bilen delillendirsek has-da ýerine düşer. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada “Bitarap Türkmenistan atly kitabynda: Türkmenistanyň Bitaraplygy-bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitarap türkmen halkyna rahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyryrlmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär” diýip belleýär.
Türkmenistanyň daşary syýasaty dost-doganlyk, parahatçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýaly gatnaşyklaryň aňyrsynda Bitaraplyk hukuk derejämiz ýatyr. Biziň hemişelik Bitaraplygymyz doly laýyk gelýär. Bitaraplygymyz ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni taýdan gülläp ösmegini doly esaslandyrýan mizemez berk sütün binýadymyzdyr.
Bitaraplyk-türkmeniň asyrlar dowamynda sünnälenip, kämilleşip kemala gelen Watançylyk, parahatçylyk, dost-doganlyk myhmanparazlyk, agzybirlik ýaly ruhy düşünjelerini kepillendirýän mizemez binýadydyr.
Goý, Bitarap Türkmen döwletimiziň Bitaraplyk derejesini mundan beýläkde berkitmekde degerli başlangyçlary öňe sürýän
Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri
Rowaç bolsun!

Bilim, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir