Milli aňyýet öz-özünden döränok. Ol ençeme asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň paýhas eleginden geçirilip, bize galdyrylan mirasdyr. Ata Watanyňa, il-günüňe bolan belent söýgi, ar-namyslylyk, mertlik, gaýratlylyk, ruhubelentlik, rehimdarlyk, halallyk, agzybirlik, doganlyk, dostluk, goňşuçylyk gatnaşyklary ýaly ajaýyp häsiýetlerimiz uzak geçmişden gözbaş alyp gaýdýar.
Oguz han Türkmeniň ogullaryna eden sargytlaryny, nesihatlaryny ýada salalyň. Ol nesillerine döwletliligiň gözbaşynyň adyllykda, agzybirlikde, jebislikde, goň şular bilen hoşniýetli gatnaşykdadygyny düşündirip, öwüt-nesihat edipdir. Onuň şol nesihatlary bütin türkmen halkyna niýetlenen pentdir. Parahatçylyk, sabyr-takatlyk, dostluk, hoşniýetlilik we özgäniň pikirine sarpa goýmak ýaly häsi ýetler bolsa, naýbaşy derejä gö terilipdir. Munuň şeýledigini türkmenleriň däp-dessurlarynda we urp-adatlarynda, «Oguznamada», «Gorkut atada» we «Göroglyda», türkmen edebiýatynyň ussatlary Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Azadynyň, Keminäniň, Zeliliniň, Seýdiniň we beýlekileriň döredijiliginde görmek bolýar.
Hoşniýetlilik we sahawatlylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp sypatlar Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserinde adamzat jemgyýetiniň parahat, asuda, agzybir ýaşaýşynyň düýp binýady hökmünde görkezilýär. Şahyr ýa şaýşy adamlaryň, döwletleriň, halklaryň birek-biregi bilen özara bähbitli, sylaşykly, oňşukly, deň hukukly gatnaşyklarynyň esasynda guramalydygy baradaky pikiri öňe sürýär. Her bir jedelli meseleleri sypaýyçylyk bilen dü şünişmek, özara ylalaşykly çözmek ündelýär.
Magtymguly Pyragy «Gidiji bolma» şygrynda halkyň arzuw-hy ýalyny, maksat-myradyny beýan etmek bilen ynsanlary adamkär çilige, deňlige, doganlyga, dostluga, hyzmatdaşlyga, parahatçylykly ýaşaýşa, hoşsözlülige çagyrýar.
Ussat ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» eserini okanyňda hem türkmen halkynyň bitaraplyk we parahatçylyk baradaky garaýyşlaryna göz ýetirmek bolýar. Şükür bagşynyň häsiýetleri onuň kalbynyň arassa, niýetiniň düzüw, hoşniýetlidigini aňlatmak bilen dost-doganlygyň agzybirlikde, jebislikde ýasamak ýaly türkmeniň asylly ýörelgeleriniň köküne kuwwat berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eseri hem türkmen Bitaraplygy hakynda söhbet açýan kitapdyr.
Hormatly Prezidentimiz parahatçylygy, asudalygy, agzybirligi hemme zatdan ýokarda goýýar. Gahryman Arkadagymyz özüniň bu ajaýyp kitabynda parahatçylyk hakyndaky pikirlerini Şükür bagşynyň keşbinde görýändigini şeýle belleýär: «Meniň üçin Şükür bagşynyň keşbi filosofiki jähtden örän köptaraply bolup görünýär. Ýöne men şu keşpde jemlenen we ony çeper ýordumyň hem-de döwrüň çäklerinden has uzaklara alyp çykýan ideýanyň ählumumy ähmiýetiniň bardygyny bellemek isleýärin. Bu ideýa — sungatyň parahatçylygy döretmek wezipesi hem-de umuman, parahatçylygy döretmek sungaty baradaky pikirdir».
Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen Bitaraplygymyz gadymy geçmişimizden gözbaş almak bilen birlikde geljege ýol salýan ýörelgedir» diýip belleýşi ýaly, ol Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň beýik özgertmelerine badalga berýär. Bu günki gün her bir döredijilik adamy Bitarap ýurdumyza guwanyp, Watanymyzyň ajaýyp üstünliklerini buýsanç bilen wasp edýär. Şeýle goşgular diňe azy ýaran şahyrlarymyzyň eserlerinde däl, eýsem, ýaş şahyrlaryň döredijiliginde hem näçe diýseň bar. Munuň özi döwrüň şygryýetinde Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançdyr. Häzirki döwürde türkmen şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň parahatçylyk, ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk, halallyk hakyndaky parasatly pikirleri milli Liderimiziň ýöredýän parahatçylyksöýüjilikli syýasatyny dünýä çykarýar hem-de häzirki we geljekki ösüşlere görnetin täsir edýär.
Şu ýyl Bitaraplygymyzyň ykrar edilmegine 24 ýyl dolýar. Bu günki gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi dünýä bileleşigi üçin halkara gatnaşyklarynyň ulgamynda ählumumy bähbitleri utgaşdyrmagyň serişdesine öwrüldi. Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini, isleg-arzuwlaryny «Bitaraplyk» taglymatynda jemläp, ony daşary syýasatynda ugur alýan esasy ýörelgesine öwren Türkmenistanyň halkara abraýy barha ýokarlanýar.
Ata-babalarymyzdan gözbaş alyp gaýdýan ynsanperwer häsi ýetlerimiz has-da ösüp, kämilleşip, ykdysadyýetimizde açyk gapylar syýasatyna, daşary syýasatymyzda bolsa, hoşniýetli Bitaraplyk sy ýasatyna öwrüldi. Häzirki wagtda türkmeniň ýörelgeleri bütin dün ýä ýüzünde dabaralanýar, Gün kimin lowurdap, ýalkym saçýar. Jümle-jahana parahatçylygyň gül ysyny paýlaýar. Bu işleriň başynda bolsa jöwher pähim-paýhasly Arkadag Prezidentimiz dur. Goý, şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!