Tertipsiz jynsy gatnaşyklara ýykgyn etmek häsiýetine genler günäkär

Bingempton uniwersitetiniñ amerikan alymlary adamlaryñ ikilik etmäge mejbur edýän geni tapdylar. Barlaglara 180 sany ýaş erkek adamlar gatnaşdylar. Olaryñ hemmesiniñ DNK-nyñ nusgalaryny alyp, seksual häsiýetliligi barada soragnama geçirdiler. Seljermeler DRD4 görnüşli geni bolan erkek adamlaryñ hiç hili jogapkärçilik duýmazdan jynsy gatnaşyklary geçirip bilmäge meýillidigini ýüze çykardy. Alymlar bu geniñ beýniniñ lezzetliligine jogap berýän merkezi bilen arabaglanşygynyñ bardygyna güman edýärler. Ekspertleriñ düşündirmegine görä, uzaga çekmeýän gatnaşyklary bu geni saklamaýan adamlar hem açýan bolsalar, bu geni göterijiler tertipsiz seksual gatnaşyklary geçirmäge has ýykgyn bolýarlar.


https://m.ok.ru//www.saglyk.topic65058145053498

Bilim, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir