Ötüken şäheri
Ötügen hakda soralsa öñler bilinmezdi türkmenler arasynda. Ýöne ine edebi-mirasymyza, medeniýetimize gowuşalymyz bäri köp sanly edim-gylymlarymyza, bilmäýänlerimize akyl ýetirip öwrenip başladyk. Şoña görä köp zatlara akyl ýetirip öwrenmek biziñ pişämiz boldy durdy.
Ötügen atly şäher bu biziñ ata-babalarymyz Hun türkmenleriñ Göktürkmenleriñ, galyberse-de ondan soñky dinastiýalaryñ ösüp ýetişen paýtagt şäheri bolupdyr. Hun türkmenleri Ötügen şäherini mukaddes hasaplapdyrlar.
Gadymy türkmen ynanjyna görä türkmenler şu ýerden ýer ýüzüne ýaýylypdyrlar. Orhan derýasy gözbaşyny bu ýerlerden alyp gaýdýar.
Ynanylmagyna görä Ötügen dagynyñ Namy (ähtimal: ㅡ Nama) atly sakçy ruh bar diýilýär. Bu ruh belkäm Nuh pygamberi yşaratlandyrýan Nama bolsa gerek.
Nuhuñ gämisiniñ Ötügen şäheri bilen baglanyşyklydygy bolup biläýjek ähtimallyklar bardyr.
Ötügen şäheriniñ adynyñ manysyny çykaranymyzda ''Öt'', ''Öd'' sözi doga etmek ýa-da (döl ýatagy) manyny berýär.
Mongolça bolsa ötög aýy diýmekdir.
Ötügen hakda Orhon ýazgylarynda galdyrylan maglumatlar gaty täsindir. Göktürkmen hany Bilge Kagan Orhon ýazgylaryny ýazdyranda Ötügen dagynyñ Türkmen ýurdunyñ ýüregidigini belledipdir.
Ol çyn-maçynlylaryñ syýasy oýunlaryna aldanmazlyk üçin ''Ötügen tokaýlygyndan aýrylmañ'' diýip wesýet edipdir. Ötügen şäheri häzir Russiýa bilen Mongoliýanyñ aralygynda galan Orhon derýasynyñ çeşmelerine ýakyn ýerlerde diýlip hasap edilýär.
Mahmyt Kaşgarly hem özüniñ ''Diwanylugatittürkmen'' atly eserinde Ötügen barada şeýleräk ýazgylary galdyrypdyr: ''Utukan (Ötüken) tatarystan çöllerinde ýerleşýän bir ýeriñ ady. Uýgur iline ýakyndyr'' diýmek bilen çäklenipdir. Mahmyt Kaşgarly özüniñ çyzan kartasynda Basmyl sähralyklarynyñ aşak ýüzünde ''Feiýafiý tatar'' sähralyklaryndaky Ili derýasynyñ çep taraplarynda (günbatarynda) şertli belgiler bilen belläpdir.
23.11.2019