Är-aýalyñ jynsy gatnaşyklar hakda bilýänlerinden bilmeýäni kändir. Her bir är-aýalyñ jynsy gatnaşyklar hakda bilmegi, olary ýerine ýetirmegi, öwrenmegi zerur bolup durýar.
Jübütdeş är-aýalyñ jynsy gatnaşyklarda bilmeýän zatlaryndan mahrum bolýandyklaryny köpler bilmeýärler.
Bu bölümde biz size är-aýalyñ jynsy gatnaşyklaryndan öñ ýerine ýetirmeli peýdaly maslahatlary hödürläris. Är-aýal nikadan geçen görnüşde bolanlary üçin olara är-aýal diýilýär. Är-aýal jynsy gatnaşyga girişmezlerinden öñünçä nikaly bolmaklary zerurdyr.
Är-aýal jynsy gatnaşyga girişmezlerinden öñ ilki şulary bilmelidirler.
Zenan bilen erkek hammamyñ suwa düşülýän howdanyna gyzgyn suw guýup içine iki horjun möçberde bägül gülüniñ gozalaryny, gozanyñ dillerini atyşdyrsynlar. Bägüliñ reñki gyzyl bolsa has hem gowudyr. Şeýdip bägüliñ reñki suwuñ ýüzüne çykansoñ suw taýyn bolýar.
Eger suw howdany ýok bolsa uly demir pitä suw guýup ony otda gaýnatmaly. Gaýnansoñ ýarym horjun gyzyl bägüli pitä guýup reñki çykýança bulamaly. Soñra suwa düşülýän gaba guýup üstüñden akydyp gowy ýuwunmaly.
Şeýdip är-aýal gowy edip suwa düşenlerinden soñ Erek atly miswak bilen gowy edip dişlerini gorjalamaly. Erek bagynyñ barmak ýaly şahajyklaryny, ýagny miswaky diş gorjalamak üçin ulanmak hakda Huzeýfa şeýle diýýär:«Resulalla irden turan dessine, agzyny miswak bilen tämizlärdi». Şeýle etmek bilen biz pygamberimiziñ edenlerini gaýtalamaly.
Miswak agzyñ içindäki ýakymsyz ysy aýyryp ýakymly ysy döretmäge ukyply bolup, birem öýlenmekligiñ sünnet bolşy ýaly, miswagy ulanmaklygyñ sünnetdigi üçin ýerine ýetirmeli.
Miswak ýok bolsa biraz ary bal bilen gaýnan suw içmelidirler ýa-da bar bolsa horasan günebakarynyñ guradylan, çala gowrulan çigidini çigitlemeli. Çünki günebakar çigidi hem agzyñ ýakymsyz ysyny basmaga ukyplydyr.
Eger ol hem ýok bolsa Emir barbis diýlip tanalýan zirk (barbaris) atly ösümligi köpüräk iýmelidir. Eger onuñ miwesinden bal taýynlansa has hem peýdalydyr. Ol jynsy gatnaşykda wagty suwsamaklygy aýyrmaga ukyplydyr. Ýagny şol köp iýilse är-aýal ýadap suwa teşne bolmazlar. Jübütleriñ bagryny güýçlendirip, jynsy gatnaşykdaky hereketleri ýygjamlaşar.
Soñra erkek bilen zenan täret almalydyrlar we otaga girip iki rekagat nepil namazyny okamalydyrlar. Soñra ikisiniñ birlikde boljak otagyna erkek sag aýagy bilen ''Bismillähirrahmanirrahim'' diýip ätlemelidirler. Zenan hem sag aýagy bilen bismilläni aýdyp girmelidir. Zenanyñ ''Bismillähirrahmanirrahim'' diýmegi şertdir.
Soñra är-aýal ikisi kybla bakyp, nazar aýlap Alladan ýagşy dilegler etmelidirler. Soñra pygamberimiz Muhammet aleýhissalama salawat aýtmalydyrlar.
Soñra otaga girip oturansoñ edil aýakgabyny çykaryşy ýaly jorabyny çep aýagyndan çykaryp, iki aýagyny hem ýuwmaly.
Rowaýat edilmegine görä öýe nikaly ilkinji gezek gelen gelin täret almalydyr.
Soñda ýuwundynyñ suwuny öýüñ işigine, otagyñ çar tarapyna sepelemelidir.
Eger şeýle edilse Allatagala şol öýüñ daş-töweregini, içerisini-daşarysyny, howlusyny bereketli edip ýetmiş dürli garyplygy aradan aýyrar. Ýetmiş dürli bereketli baýlygy öýüñe bagş edip ýetmiş dürli rehmeti hem şolara bagş eder.
Soñra är-aýalyñ ikisi birlikde bir otagda bolup gapyny mäkäm baglamaly we ikisinden başga adam bu öýde bolmaly däldir.
Soñra är-aýal ikisi birlikde bir otagda gürleşip oturmaly. Jynsy gatnaşykda gürleşmezligi we utanmazlygy hakda biri-birleri bilen düşünişmelidirler we bu gijäniñ pynhan syrlary hakda hiç kimiñ ýanynda dil ýarmajakdyklaryna äht edip biri-birini ynandyrmalydyrlar.
Soñra başlangyçda erkek zenanyñ gabadynda oturup, ony gujaklap elleriniñ bileginden sypalap oña mähriñi ýakyndan duýdurmaly. Soñra zenanyñ mañlaýyndan ogşamaly. Zenan bolsa erkegine ykjam ýapyşyp gujaklap arkasyndan sypalamaly. Şol wagt zenan adamsyna şeýle diýip onuñ göwnüni awlamaly: ''Erkegim, güýçlije, gaýratly erkegim. Dünýä deñän söýgülim, söýýän seni'' diýip erkegi maýyl etmeli. Erkegiñ bu sözlere köñli gidip zenanynyñ iki ýañaklaryndan, dodagyndan sorup ogşamaly. Zenanyñ gulaklarynyñ ysyrga dakynýan ýerlerini, ýagny gulagynyñ ýumşak ýerlerini sorup, dişleñjiremeli. Zenan beýhuş boluberende onuñ çep tarapyna geçip emaý bilen zenany ýassyga ýatyrmaly we egin-eşikleriñi çykaryp üstüñe ýorgan örtüp ýatmaly.
Şeýle edenlerinden soñra är-aýal başlaryny kybla öwürip aýaklaryny gündogara ýa-da demirgazyga öwürip ''Euzubillähimineşşeýtanirrajim, Bismillähirrahmanirrahim'' diýip işe girişmeli. Ýagny zenanyñ gyrasynda ýatan erkek çep tarapdan üstüne emaý bilen ýerleşip zenanynyñ aýaklarynyñ arasyna öz aýaklaryny ýerleşdirip göwräñi zenanyñ üstüne atman onuñ bilen gujaklaşyp, ogşaşmaly.
Dodagyny, göwsüniñ uçlaryny sorup emmeli we ujudyñy zenanyñ gasygyna, jynshanasyna, sürtüp jynshanasyna salmaly. Şonda jynshana ujudy özüne kabul edip sorup alýar.
Şeýdip erkek asuda zenanynyñ üstünde howlukman gyssanman, ýanbaşynyñ biline baglanýan bölegini ýokaryk-aşak hereket etdirip kän zenana agram bermän zowky-sapa teşneligini almaly. Zenan hem janygyp, her dürli sesler edip, hopugyp äriniñ arkasyndan berk ýapyşyp ondan medet dileýän ýaly meýilli bolmaly. Jynsy gatnaşygyñ zowky-sapasy alynýarka gürleşip-gülüşmeli däldir. Özem jynsy gatnaşykda ýorganyñ ýa-da ýapynjanyñ açylmazlygyna gözegçilik etmelidir.
Jynsy gatnaşyk wagtynda ogşaşmak, biri-biriniñ dodaklaryny emmek peýdalydyr. Bu jynsy gatnaşygy gyzdyryp has hem hereketiñ ýygjamlaşmagyna getirýär.
Şeýdip esli wagtdan soñra erkegiñ tohumy bilen zenan tohumy, ýagny nemi syzdyrmaklary bilen jynsy gatnaşyk tamamlanýar. Jynsy gatnaşygyñ nem syzdyrylma pursaty ujut bilen jynshana gyzyşyp başlan pursatlary gelip bilýär. Eger ikisiniñem nemi birden gelip goşulsa bu has gowudyr.
Eger zenan adamsyndan öñ döl menisini syzdyrsa adamsyndan göwni üzülip, ol işini tamamlamanka ondan aýrylmaly däldir. Erkek hem döl suwuklygyny syzdyranyndan soñra derrew aýrylmaly däldir.
Jynsy gatnaşyk tamamlanyberende erkek zenany gujaklap ogşamagyny dowam etdirmeli. Şeýle ýagdaýda mährem-muhabbetiniñ ýene bardygyny erkek zenanyna indiki gatnaşyga çenli taýýarlygyny duýdurýar. Şeýdip ogşaşyp emaý bilen zenanyñ üstünden aýrylyp hoş söhbet edip bolanlaryndan soñ är-aýal derrew hammama girip gusul almalydyrlar.
Bu hakda Hüseýin bin Aly şeýle diýipdir: ''Eger är-aýaly bilen jynsy gatnaşyk etmek üçin jübütleşseler Allatagala iki müñ sogap ýazar, iki müñ günäsini ýok eder. Egerde zenan öz ärine söhbet kyldyrmaga çagyrsa Allatagala on müñ günäni ýok eder we on müñ sogap ýazar. Är aýal gusul alsalar, Allatagala Kirämi-kätibeýin atly amal depderlerine günä sogaby ýazýan perişdelere diýer ''Ol är-aýalyñ endamynyñ tüýüniñ sanyça sogap ýazyñ, şonça mukdar günälerini ýok ediñ, Jennetden müñ dereje ýazyñ we müñ hüýr gulmanlary beriñ'' diýip buýrar.
ㅡ Zenan bilen erkek gusul alyp bolup mazaly guranyp ýa-da süpürnip bolup hammamdan çykmalydyrlar. Soñra otaga girip ikisi birlikde ýatylýan düşekçäniñ üstüne keseleýin biri-birlerine bakyp ýatmalydyrlar. Olar şol ýagdaýda mähir-muhabbetini, şatlygyny, oýun-gülkilerini biri-birlerinden gysganmasynlar. Gujaklaşyp ogşaşmaklaryny dowam etdirsinler.
ㅡ Goý pygamberimiz Muhammet sallallahu aleýhi wesellemiñ ymmaty köpelip, kyýamatda päk dini buşlaýjy Muhammet Mustapa hezretleri öz ymmatynyñ köplüginden ýaña buýsansyn.
Allanyñ rugsady bilen bu bölüm şeýleräk görnüşde tamamlandy.




Muhammet Nasyr Horasany

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir