Jynsy gatnaşyklarda bilinmeli zatlar

1. Jynsy gatnaşykda mustehap (diniñ buýrugy şeklinde edilse sogap bolýan hereketler) bolýan zatlaryñ biri hem ''Euzubillähimineşşeýtanirrajim'' (Bismillähirrahmanirrahim) bilen başlamalydyr. Niýeti özüñi we aýalyñy zynadan goramak we haýyrly nesil ýetişdirmek üçin etmeli.
2. Jynsy gatnaşyga başlamazdan öñ aýalyñ bilen ýeterli mukdarda göwnüñi açyp, söhbet edip oýnaşmaly. We zenanda kuwwatly bir arzuw belli bolandan soñra başlamak gereklidir, şonuñ ýaly başlangyç bolman jynsy gatnaşyga girmek zenena jepa-jebir bermeklikdir.
3. Jynsy gatnaşyk ýerine ýetirilýärkä howlukmaly däldir, aýalyñ hem lezzet almagyna garaşmalydyr.
4. Jynsy gatnaşyk gutarandan soñ dessine çekilmeli däldir, bir az aýalyñ bilen birlikde galmaga çalyşmalydyr.
5. Jynsy gatnaşykdan soñra täzeden ýakynlaşjak ýa-da ýatjak bolsañ dessine owrat ýerleriñi ýuwmalydyr. Täret almak ýa-da gusul etmek dessine hökman däl hem bolsa ýerine ýetirilse gowy bolar.
6. Jynsy gatnaşygyna Duşenbe (birinji gün) we Anna gijeleri (bäşinji gün, Juma gün) girişilse gowudyr.
7. Jynsy gatnaşykda kybla tarap aýak uzatmak, ýorgan-düşek we şuña meñzeş ýapynjasyz ýagdaýda çuw - ýalañaç ýanaşmak, edil orgazm edeniñde (meni syzdyranyñda) gürlemek, gülmek sesiñi beýgeltmek göwrede galjak çaga üçin zyýanlydyr. Eger şeýle edilse çaga dogulanyndan soñ geplemeginde ýetmezçilik emele geler.
Gürleşmek jynsy gatnaşygyñ lezzetini keser we nähoşluk döreder. Gürleşmek we pyşardaşmak başlangyçda ýerine ýetirmeli. Zenanyñ owrat (jynshanasyna) ýerlerine, zenan hem adamsynyñ ujudyna seretmekligi mekruhdyr (dinde haram däl-de, edilmegi halanmaýan kiçi günä). Bu görejiñ kütelmegine we ýatkeşligiñ azalmagyna sebäp bolýar. Eger zerury ýagdaý bar bolsa onda är-aýal biri-birleriniñ depeden-dyrnagyna çenli bütün bedenine seredip biler.
Kamarynyñ (musulman türkmen aýlary) birinji, orta we soñky günlerinde Jynsy gatnaşyk etmeli däldir! Är-aýal arasyndaky geçen jynsy gatnaşygyndaky mährem syrlaryny başgalaryna beýan edilip ýaýradylmagy haramdyr.
Käbir edebi kitaplarda - ýakynlaşma wagtlary hakynda belli wagtlaryñ dogjak çaga täsir edýändigi hakynda ýazylandyr.
Bular dini tarapdan edilmegi mejbur bolan hökümden däldir.
Jynsy gatnaşyklar üçin maslahat berilen wagtlar Duşenbe (hepdäniñ birinji güni), Sişenbe (hepdäniñ ikinji güni), Penşenbe(hepdäniñ dördünji güni), Anna (bäşinji gün, juma güni) gijeleridir. Gündüz edilmeli bolsa öýländen soñ bolmaýar, öýländen öñ ýerine ýetirmeli.
Maslahat berilmeýän wagtlar:
1. Hepdäniñ Ýekşenbe we çarşenbe gijeleri
2. Kamary aýlarynyñ birinji on bäşinji we soñky gijeleri
3. Remezan baýramy we Gurban baýramy gijeleri
4. Beragat gijeleri
5. Ýola çykyljak gije (sapara gitmek üçin)
6. Gündiz öýleden soñ.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir