Subartu

Subari (Akkadyça: Ina Subarri) ''Subari topragy'' manyda aýdylýan añlatmadyr. Aýratynam Sumerçe: Subar, Assiriýaça: Mat Subarri, Amarna ýazgylaryna görä bolsa Subari Ugor dilinde S-b-r diýilýär eken. Olar demirgazyk Mesopotamiýada (Ýokary Dijl) miladydan öñki 3300 bilen 1200-nji ýyllar aralygynda Bürünç eýýamynyñ ýazgyly çeşmelerinde ady agzalan geçmişde ýaşan antik halklardan ybarat bolupdyrlar. Subartu etraplarynyñ anyk nirelerde ýerleşýändigine degişli maglumatlar häzirlikçe ýokdur. Müsürde tapylan miladydan öñki XIV asyra degişli Akkad çüý ýazgylarynda ýazylan maglumatlarda bir etrabyñ ady Subari ady bilen ýazylypdyr. Sumer, Akkad we Assir maglumatlarynda Subariler hakda agzalmak bilen ''Guti'' kä ýerlerinde bolsa ''Lullubi'' diýilýän halk hakda agzalyp geçilýär. Subari etrabynda ýaşaýan halklara bolsa dogrydan dogry ''Guti''ler diýlipdir[1]. Alymlaryñ arasynda Subarileriñ kimligi hakynda emele gelen çekeleşikli meseleler peýda bolup başlady. Şol alymlaryñ arasynda Subarlar Hurritler[2], Kürtler we ermeniler diýýänler bardy. Kabul edilen çaklama bolsa Akkad çeşmelerinde demirgazyk Dijlede (Erbil we Hakkari etraplary) ýerleşen Zubari neberesi öz adyny şol halkdan alyp gaýdypdyr diýilýär[3].


Edebiýatlar: Kedim Subar Türkleri. Professor doktor Feridun Agasyogly Jelilow[1] (azeriçe).


1. Egon von Eickstadt, Türkler, Kürtler,Eýranlylar. sah-97 (iñlisçe).

2. Finkelstein J.J. (1955), "Subartu and Subarians in Old Babylonian Sources" (Journal of Cuneiform Studies, Vol 9, No.1) (iñlisçe)

3. Mehrdad Izady. Kürtler.

Terjime eden: Gara han ogly Oguz

Bilim, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir