Kiýewli Wera Prokofýewna kärhanalaryñ birinde köp ýyllaryñ dowamynda işledi. Ol indi pensioner. 4-nji iýulda ol jorasy, injener Aleksandra Stepanowna hem-de onuñ alty ýaşlyja gyzy bilen Kiýewiñ Gidroparkyna bardy. Ol ýerde näme bolup geçendigi barada Wera Prokofýewna ''Prawda Ukrainy'' gazetiniñ redaksiýasynda gürrüñ berdi.
ㅡ Iñrik garalyp ugrapdy. Biz Dnepr goşandyna geldik. Ol ýerde bir gaýyk durdy. Gaýykda üç adam bardy. Olaryñ eşikleri kümüşsow reñkde-di, ýakalary ýokdy, gije geýilýän köýnegiñ biçiminde-di. Ýüzleri ap-akdy, özlerem şeýle bir meñzeşdiler welin, edil ekizler ýalydy. Tylla reñkli saçlary uzyndy, ullakan şöhlelenip duran gözleri bardy. Biz olardan: ''Siz turistlermi? Nireden geldiñiz? ㅡ diýip soradyk. Olar bize haýsydyr bir gadymy aksent bilen rus dilinde jogap berdiler:
ㅡ Biz başga planetadan geldik. Biziñ planetamyzyñ nirdedigine siziñ aklyñyz çatmaz. Haçan-da, biziñ ýaly bolanyñyzda göz ýetirersiñiz. Biz her gün Ýerden bir adamy öz ýanymyza alýarys. Sizem äkideris. Şu ýerde biziñ korablymyz bar. Ony size görkezeris.
Olaryñ biri öñümize düşdi. Beýlekileriniñ her biri gapdalymyzdan ýöräp ugrady. Biz gygyrmakçy bolduk, gaçmakçy bolduk, emma ysgynymyz ýokdy. Ylla diýersiñ, bizi magnit özüne çekýän ýalydy.
Olar bize seredenlerinde endamymyzyñ ähli ýerine iññe dürtülen ýaly boldy. Aleksandra Stepanownanyñ reñki-peti galmandyr. Menem şondan gowy däldim. ''Bizi äkitmäýiñ, biziñ çagalarymyz bar''ㅡ diýip, ýalbaryp ugradyk.
Ýapraklaryñ arasynda agaryp bir zat görünýärdi. Reñki hem olaryñ eşikleriniñ reñki ýalydy. Daşyndan seretseñ, ullakan çelege meñzäp durdy. Üstünde-de tegelek antennasy bardy. ''Bolýar-da. Sizi almalyñ. Başga adam taparysda''ㅡ diýdiler. ''Çelegiñ'' içine girdiler welin, merdiwan ýokary galdy. Gapy edil liftlerdäki ýaly özi ýapyldy. Apparat sessiz-üýnsiz çañ-tozsuz, örän çalt asmana galdy. Tiz wagtdan kiçijik ýyldyza öwrüldi...
Redaksiýa USSR YA-nyñ obserwatoriýasynyñ ýyldyzlaryñ we galaktikanyñ fizikasy bölüminiñ işgäri, fizika-matematika ylymlarynyñ kandidaty A. F. Pugaça ýüz tutdy. Biz onuñ bilen USSR-ib Telewideniýe we radio gepleşikleri barasyndaky döwlet komitetinde wideoplýonka seredileninden soñ duşuşdyk. Wideoplýonka Gidroparkda surata düşürilipdi. Onda Wera Prokofýewna redaksiýada gürrüñ beren zatlaryny telekameranyñ öñünde gaýtalap, aýdyp berýärdi.
ㅡ Aleksandr Fýodorowiç, siz bu hakda nähili pikirde?
ㅡ Wera Prokofýewanyñ gören zatlaryny bolşy-bolşy ýaly gürrüñ berendigini aýtmak gerek. Mysal üçin apparat ýokary galanda çägäni gozgamandyr ㅡ tozan turmandyr, gaýygyñ ne ýelkeni, ne küregi, ne-de motory bar. Onuñ gürrüñine başga planetadan gelenler bilen aragatnaşygyñ adaty suratlandyrmasy'' diýip bolar. Sussupeslik, ''gelmişeklere'' doly boýun egijilik. Biziñ ýurdumyzda-da, ABŞ-da-da muña meñzeş suratlandyrmalaryñ giden toplumy bar. Beýle ýagdaýlar indi-indi aýdylýar. Ozallar şu hakda metbugatda gürrüñ etmek gadagandy. Köpsanly suratlandyrmalardan çen tutsañ, NLOnawtlaryñ özlerini alyp baryşlary birmeñzeş: duýgularyny daşlaryna çykaranoklar, ''nireden geldiñiz?'' ㅡ diýen sowala göni jogap berenoklar. Şonuñ üçinem bu waka bir aýalyñ fantaziýasy diýip bolmaz. Men munuñ şeýledigine 99 prosent ynanýaryn. Olar bilen işleşmeli goşmaça maglumatlar almaly.
Siziñ garşy çykmagyñyzam mümkin: ol nähili beýle bolýar? Şäheriñ meşhur parky, dynç alyş gününi, daş-töwerekde ýüzlerçe adam bar bolsa-da başga hiç şaýat ýok. Şaýatlaryñ, dogrudanam, bolmazlygy mümkin zat. Sebäbi bu hem aragatnaşygyñ çäklerinde ahyryn. NLO-nyñ fenomeninde (täsin, adaty däl ýagdaýㅡ red), gürrüñ bolsa gönüden-göni fenomen hakda barýar, biz bir zat bilen sataşýarys. Ol diñe bir biziñ durmuş tejribämizde gabat gelmeýän, öwrenişmedik zadymyz däl-de, tebigatyñ käbir kanunlaryna ters gelýär. Haçan-da, şeýle gapma-garşylyga sataşanymda mende müñkürlik döreýär: dogrudanam men görüp duran zadymy görýärmikäm? Şonuñ üçinem, mende şeýle wakalar hakykat ýüzünde bolup geçmeýär diýen ikirjiñlenme käwagt peýda bolýar. Ýöne bu zatlar bir adamyñ ýa-da birtopar adamyñ añynda hakykatda bolup geçen ýaly kabul edilmegi-de mümkin. Aýdaly teleekerandaky kartinalar ýaly ýöne oña özüniñ gatnaşmak hat-da hereket etmek täsiri bilen. Adamlar NLO-nawtlary gören ýaly, olar bilen gürleşen ýaly bolupdyrlar, ýagny spektakl illýuziona gatnaşypdyrlar.
ㅡ Diýmek, şeýle maglumat adamyñ añynda öz-özünden döräpdir ýa-da oña goýlupdyr-da?
ㅡ Näme üçin şeýle bolup bilmezmiş! Muny subut edýän faktlar bar ahyryn. Muhammet nädip pygamber bolupdyr? Düýşünde hudaýy ''görenden'' soñ, bilimsiz çopan ähli tiredeşlerini özüne gulak asdyrar ýaly derejede gürläp ugrapdyr.
Janna d Ark öz halkyny zulumdan azat etjekdigini ynanypdyr, hatda wagtyny-da aýdypdyr. Çünki onuñ hem gözüne ''hudaý görünipdir''. Bu zatlaryñ hakykatda däl-de adamyñ añynda kim tarapyndan, nähili, näme üçindigi belli bolmadyk ýagdaýda emele gelýän giñişleýin şekillendirmeler bolup bilmegi hem mümkin. Gatnaşygyñ bolandygyna şaýatlyk edýän materiýallar hem bar... Sowet alymlaryna mysal üçin, Primorýedäki Dalnegorsk posýologynyñ golaýyndaky syrly tapyndylar tanyşdyr. Spesialistler 661-nji belentlikden tapylan ''setoçkalaryñ'' (Bu hakda ''Sosialistiçeskaýa industriýa'' gazeti şu ýylyñ (ýagny, 1989-nji ýylyñ E.G.G. belligi) 9-njy iýulynda ýazypdy) emelidigini ynandyrýarlar. Komi ASSR-niñ Waşka derýasyndan tapylan metal bölegi öwrenilenden soñam şeýleräk netijä gelipdirler. Ol metal başda haýsy-da bolsa bir detalyñ bölejigini ýadyña salýardy.
Meniñ özüm NLO-ny gören pilotlaryñ birnäçesi bilen tanyş. Permiñ golaýyndaky Uswa derýajygynyñ töweregindäki obalaryñ ýaşaýjylary NLO-nyñ ýere düşüşini ençeme gezek gördüler. Spesialistler ol ýerde anomally (anomaliýaㅡnädogrylyk, normadan çykma) iki, üç zona tapdylar. Bu zonalaryñ NLO-laryñ gonýan ýa-da olaryñ haýsy-da bolsa energetik merkezleri bolmagy hem mümkin. Gidroparkda şeýle nädogrulygy tapmaga synanyşalyñ. Ýöne beýle diýdigim, 4-nji iýulda Gidroparkda hakykatdanam NLO gonupdyr diýdigim däldir. ''Gelmişekleriñ'' göze görünmeklerini başga bir usul bilenem gazanylyp biliner.
ㅡ Belki, Wera Prokofýewna fantastiki eserleri köpräk okandyr?
ㅡ Gelmişekler hakynda şeýle täsirli hem anyk gürrüñ bermegi, şeýle hekaýaty oýlap tapmagy diñe olar hakyndaky maglumatlary doly bilýän, ähli şertleri we inçelikleri anyk bilýän adam başarar. Wera Prokofýewna, onuñ jorasy-da bulary bilenoklar. Ol görnüp dur. Wera Prokofýewna olar bilen gürleşişini toslap bilerdi. Ýöne ol ýasama bolardy. Wera Prokofýewnanyñ gürrüñinde welin ýasamalyk duýulmaýar.
NLO-nyñ adamlary äkidýändigi hakyndaky gürrüñ pansperma gipotezasy bilen baglanyşykly. Şol gipoteza laýyklykda, Ýerdäki ýaşaýyş öz-özünden döredilmändir-de daşyndan, haýsyda bolsa bir güýç tarapyndan ýola goýlupdyr. Alymlar ýaşamak üçin DNK-nyñ molekulasynyñ taýýar görnüşi gerek, ol ewolýusiýa prosesinde döräp bilmeýär, çünki ol öz-özüni döredip bilmeýär diýen pikiri aýdýarlar. Şu pikiriñ özü-de başga pikirleri döredýär. Olaryñ biri hem şeýle: eger Ýerdäki durmuş daşyndan döredilen bolsa, onda adamlar hem emeli ýagdaýda döredilendir. Şonuñ üçinem kim Ýere ''tohum sepen bolsa'', şol hem öz genefonduny saklamak adamlary alyp biler ahyryn! Munuñ özi, öz görşüñiz ýaly, çaklama. Ýöne örän geñ görnen çaklamalaryñ hem subut edileni bar. WSNTO-nyñ (ylmy tehniki jemgyýetleriñ Bütinsoýuz Soweti) ýanynda daşky sredany goramak boýunça komitet bar. Bu jemgyýetçilik guramasy. Şonuñ ýanynda-da anomal ýagdaýlary öwrenýän komissiýa bar. Oña SSSR YA-nyñ habarçy çleni W.S. Troiskiý ukrain seksiýasyna bolsa USSR YA-nyñ hakyky habarçy-çleni G.S. Pisarenko ýolbaşçylyk edýärler. Anomal hadysalar hadysalaryñ temasy boýunça birnäçe gezek uly bütinsoýuz maslahat geçirildi. Ýöne anomal hadysalar barasynda maglumatlar şeýle bir köp welin, olar bir-birini gaýtalap başladylar. Göz öñene getirilýän NLOnawtlaryñ tehnologiýasyny gaýtalamak synanyşygy-da başa barmady.
Bu maglumatlary öwrenmek üçin düýbünden täze synanyşyklar gerek. Çünki olarda häzirki zaman fizikanyñ nukdaýnazaryndan seredeniñde gapma-garşylyklar örän köp.
Anomal gudratly ýagdaýlary öwrenmek üçin öñkülerden düýpgöter tapawutlanýan, däl bolup galan klassyky metodoligiýadan ýüz öwürýän täze ylym gerek.
A. Maslow. Ukraina.
Kiýew
P.S. ''Prawda Ukraina'' gazetinde çap edilen şu makala okyjylardan köp seslenme geldi. Iskuskowlaryñ maşgalasy şol gün (4-nji iýul) Kiýewiñ eteginde Podgorsy obasyndaky daçalaryndady. Hatda ýazylşyna görä, bütin maşgala 22 sagat 40 minutda uçýan uly, tegelek apparaty synlapdyr. ''Soñra biz kümüşreñk kostýumly adamlaryñ düşüşlerini gördük. Hemme zat Wera Prokofýewanyñ aýdyşy ýaly''.
Zähmet we uruş weterany G.I.Lermanyñ hatyndan setirler: ''30-njy iýunda agşam sagat 9 bilen 10-yñ aralygynda biz aýalym Anna Nikolaýewna ikimiz Raduga kölüniñ ýokarsynda (Kiýewiñ territoriýasynda) 0,5 ㅡ 1 km belentlikde ýanyp duran süýrümtik jisim gördük...
Ýangyn söndi-de ak-kümüşreñkli ballona öwrüldi. Biziñ hereketlerimiz birhili gowşady. Ýöne beýnimiz örän dury işleýärdi''.
24-nji iýunda kiýewli A.N.Olhowaýa balkonyndan Gidroparka golaý Obolon massiwiniñ üstünde dörtgyrañ obýektiñ asyl-asyl bolup durandygyny synlapdyr.
Olhowaýa gören zadyny goñşularyna hem görkezip, olary şaýat bolmaga çagyrypdyr. Onuñ goñşusy ''Komsomolskaýa znamýa'' gazetiniñ işgäri muny tassyklaýar. Ol ''Zenit'' fotoapparaty bilen obýekti iki gezek howlukmaç surata hem düşüripdir.
''Prawda Ukrainy'' gazetiniñ redaksiýasynda plenkadan şekili çykarmaga synanyşypdyrlar. Ýöne plenkada hiç-hili şekil ýüze çykmandyr.