Akylly adamlar gündelik başagaýlyklary bilen ýetmek isleýän maksatlarynyň arasynda deňagramlylygy saklamagy başarýarlar.

Iş ulgamynda üstünlige ýetýän şahslaryň esasy häsiýetleriniň biri goýberen ýalňyşlyklaryna ikinji gezek ýol bermezlik bolup durýar. “Fortune 500” kompaniýalarynyň 75 göterimden gowragyna duýgulary dolandyrmakda degişli hyzmat berýän “TalentSmart” kompaniýasynyň esaslandyryjylaryndan Trawis Bredberriniň ýazmagyna görä, şu aşakdaky ýalňyşlyklar akylly adamlaryň durmuşynda ýeke gezek duş gelýär.

1. Bir zadyň ýa-da biriniň adatdan daşary kämil bolmagyna ynanmak

Käbir şahslar öz biznesleri barada adatdan daşary gowy zatlary aýdyp, size çäksiz mümkinçilik döredip biljegini beýan etmegi mümkin. Akylly adamlar şeýle şahslar bilen işe girişmezden ozal ýerlikli soraglary bermek arkaly meseläniň anygyna ýetýärler. Sadalyk etmek we teklipleri seljermezden işe girişmek ters netijelere sebäp bolup biler.

2. Yzygiderli şol bir zady edip, tapawutly netijä garaşmak

Akylly adamlar şeýle ýagdaýa bir gezek gabat gelýärler. Şol bir çemeleşme bilen ýerine ýetirilen işden her gezek şol bir netije alnar. Tapawutly netije gazanmak isleýän akylly adamlar – kyn hem bolsa – çemeleşmelerini üýtgetmelidigine düşünýärler.

3. Üstünlige howlukmak

Häzirki zaman dünýäde çalt ýaşamak endigi iş dünýäsinde käbir kynçylyklary döredip bilýär. Akylly adamlar ýerlikli netijäniň çalt gazanylmaýandygyna we “sowgada” ýetmek üçin köp işlemelidigine düşünýärler. Şeýle adamlar bu ýagdaýy üstünlige ýetmek üçin geçilýän kyn ýolda höweslendiriji hökmünde ulanýarlar.

4. Býudjeti meýilnamasyz ulanmak

Býudjeti dogry dolandyrmazdan maliýe erkinligini gazanyp bolmaýar. Akylly adamlar tölegi geçirilmedik hasap kagyzlarynyň üýşmegine ýekeje gezek duçar bolýarlar. Nirä we näçe pul harçlaýandygyňa anyk göz ýetireniňden soňra býudjet bilen bagly ýerine ýetirilmeli işler aýdyňlaşýar. Ýyllyk çykdajysyny hasaplanyňda irdenlik içilýän “Latte”-den hem ýüz öwüräýmegiň ahmal. Býudjet dogry ulanmak düzgün tertibiň ýola goýulmagyna, dogry düzgün-tertip bolsa ýokary netijeli işiň ýerine ýetirilmegine sebäp bolýar.

5. Esasy “suraty” görmegi başarmazlyk

Akylly adamlar gündelik başagaýlyklary bilen ýetmek isleýän maksatlarynyň arasynda deňagramlylygy saklamagy başarýarlar. Olar maksatlaryna ýetmek üçin geçmeli ýollaryny dogry hasaplaýarlar. Kiçi göwrümli gündelik aladalar bilen başagaý bolup, bu ýoldan çykylan mahaly esasy “surat” hem ýatdan çykýar.

Bilim, bank tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir