16. Isanyñ hawarylaryna erbet ýaşamakdan halas bolmak üçin beren dersleri

Bir gün Isa şägirtlerini çagyryp daga çykdy we çommalyp oturan wagty şägirtleri ýanyna geldiler we agzyny açyp olara şulary öwretdi: ''Allanyñ bize bagş eden nygmatlary beýikdir. Şol sebäpdenem, hakyky ýürek bilen oña hyzmat etmegimiz gerek. We iñ soñam, şeýle-de täze şerap täze kalplara gonýar, şeýle bolşy ýaly meñ agzymdan çykan her bir akydany alsañyz, sizem täze adamlar ýaly bolarsyñyz. Size aýdýaryn kiý, nädip bir kişi gözleri bilen gögi we ýeri bir wagtda görmese Allany we dünýäni söýmek oña peýdasyz ýaly bir zatdyr.
''Elli iki akylly bolsa bolsun, hiç kimem, biri-birine duşman iki ýolbaşça hyzmat etmez; çünki, biri seni söýse, beýlekisi seni ýigrener. Ana men size hakykaty aýdýandyryn, Allaha we dünýä (ikisinede birlikde) hyzmat etmersiñiz, çünki dünýä ýalançylyk, aç gözlülik we yza ezýet, jepa-jebirden doludyr. Ana şoñ üçinem, dünýede rahatlyk görmersiñiz, diñe zulum-sütem, utulanyñy görersiñiz. Allaha hyzmat ediñ we dünýäni hakyr görüñ.
Beden ruhlaryñyz üçin rahatlygy saýlap alarsyñyz; aýdanlaryma gulak asyñ, çünki size dogrymy aýdýaryn''. ''Hakykatdanam, bu dünýäniñ durmuşyna aglaýanlar begensin, çünki olar rahatlyga gowşarlar''. ''Dünýäniñ zowky-sapasyny ýigrenen ýoksul garyplar begensinler, çünki olar Allanyñ hökümdarlygy bolan ülkäniñ zowky-sapasyny işdämenlik bilen dadarlar''.
''Hakykatdan hem Allahyñ suprasyndan iýenler begensinler, çünki olara perişdeler hyzmat ederler''.'' Siz hajylar ýaly aýlanýarsyñyz. Bir hajy ýol ugrundaky saraýlar, ekinler we beýleki dünýewilik zatlara sarp eder özüni?
Ynam ediñ kiý, ýok! Emma ol ýol ugrunda ýany bilen we işe ýaraýan ýeñiljek pula geçýän zatlary alyp barýandyr. Siz bu aýdanlarymdan görelde almalysyñyz; we ýene görelde aljak bolsañyz, aýdanlarymyñ hemmesini berjaý etseñiz, ýene öwüt bereýin''.
''Dünýäni arzuwlan kalbyñyza agyrlyk etmäñ'' diýip Isa sözüni dowam etdirdi: ''Bizi kim geýindirýär?'' Ýa-da ''Bize kim nahar berýär?'' Rebbimiz Allah, Süleýmanyñ geýen bütin görmegeý egin-eşiklerindenem has gowy geýindirip beslän güllerine, baglaryna we guşlara serediñ, ol sizi ýaradyp öz hyzmatyna çagyran, zenanlaryñyzdan we çagalaryñyzdan daşynda sanlary alty ýüz kyrk bir müñe golaý gullary ýewreýlere çölde kyrk ýyllap asmandan gudratly halwasyny beren we eşikleri könelmez ýaly goran Allah, sizi hem şolar ýaly edip saklamagy başarar.
Size aýdýaryn, asman we ýer tükener, ýene-de onuñ özünden gorkanlara bolan rehmeti tükenmez.
Ýöne dünýäniñ baýlary, mal-mülki içinde aç we hiç zatlary ýokdur. Baýlygy artyp duran bir baý bardy we (şeýle) diýerdi: ''Näme etsemkäm eý ruhum? Mülkümi ýykjak, sebäbi olar kiçidir, täze we has ulylaryny dikelderin, şeýdip sen ahyry utarsyñ eý ruhum!'' diýdi. Wah görgüli bende! Onuñ şo gije jany çykdy. Ol şonda Ýoksullary, garyplary pikir etmelidi. We dünýäniñ haksyz baýlyklarynyñ sadakasyny alanlara (sadakalary bilen) dost bolmalydy; çünki, olar gögüñ soltanlygynda hazynalary getirerdiler.
''Aýdyñ maña haýyş edýän, puluñyzy bir pul guta (bank), bir pul ýygnaýan gutyça (bankir) berseñiz, ol hem size bereniñiziñ on esseseni, ýigrimi essesini berse, şol adama hemme zadyñyzy berersiñizmi? Ýöne welin size aýdýaryn, Allanyñ söýgüsi ugrunda näme berersiñiz, näme sarp edersiñiz, öwezine ýüz gatyny we soñsuz (ebedi) ýaşaýyşy alarsyñyz. Allaha hyzmat etmek bilen näçeräk söýmegiñiziñ gerekdigini görüñ ine''.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir