Bu dürli ykdysady derejeli we güýçli dini däpli köpmilletli işjeň dünýädir. Şonuň üçin arap ýurtlarynda işewür zenanlara, şeýle hem biznesmenleriň maşgalalaryna egin-eşik babatynda olaryň talaplaryny çynlakaý ýerine ýetirmek zerur bolup durýar. Bu esasan hem Eýran, Yrak, Liwiýa, Päkistan, Siriýa, Saud Arabystany, Iordaniýa, Azerbaýjan we Täjigistan ýaly ýurtlara degişlidir.

Duşuşyklary Remezan aýynda we anna gününde meýilleşdirmäň.

Alkogolly içgiler gadagandyr. Oňa derek size hemişe we hemme ýerde berk we hoşboý ysly kofe hödür ederler.

Doňuz etli tagamlary buýurmaň we soramaň. Bu göwnedegijidir.

Aýakgabyňyzyň dabany görünmesin. Gelşiksiz hasap edilýär.

Ähli hereketleriňizi sag eliňiz bilen ýerine ýetiriň, çep el hajathana kagyzyny ulanmak üçin diýen düşünje bar.

Arap däplerinde käte “Nähili ýagdaýlaryň?”, “Saglygyň nähili?” diýen ýaly jümleler ulanylýar. Ýöne bu seniň öz işleriň we saglygyň barada jikme-jik gürrüň bermelidigiňi aňlatmaýar.

Eger ilkibada arap işewürleri agras we tutuk bolup görünseler-de, siz çekinmäň. Hakykatda olar hyzmatdaşlyga we özara gatnaşyga taýýardyr.

Hat alyşmak bolsun ýa-da duşuşyk bolsun, tapawudy ýok, sypaýyçylyk aragatnaşygyň aýrylmaz bölegidir.

Arap işewürleri duşuşyga wagtynda barmaga känbir endik etmedikdir. Garaşmaga taýýar boluň.

Hyzmatdaşyňyzy örän oňat tanamazdan, oňa degişme we şadyýan äheňde bellikler etmek maslahat berilmeýär.

Onuň bilen dini tema açmak, şeýle hem aýalynyň saglygy bilen gyzyklanmak bolmaýar.

Arap ýurtlarynyň işewürleri üçin gepleşikler alnyp barylýan Pars aýlagy möhüm ähmiýete eýedir. Bu mertebelilik we milli guwanç duýgusy bilen baglanyşyklydyr.

Taýýarlan: Hazyna

Bilim, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir