Bir adam ummanyň kenarynda gezmeläp ýörkä, bir ýaş ýigidiň ber-başagaý bolup deňze bir zatlar zyňyşdyryp ýörenine gözi düşýär. Ýanyna baryp görse, ol kenara çykan deňiz ýyldyzlaryny suwa zyňyp ýören eken.

Ýaşuly bilesigelijilik bilen sorag berýär:

– Näme işleýäň?

– Deňiz ýyldyzlaryny ummana oklaýan.

– Beh, deňiz ýyldyzy diýýäňmi? O nämçüýn?

Ýaş ýigit şonda-da eline ilenleri çaltlyk bilen deňze zyňmaga dowam edýär:

– Günüň ýokary galanyna esli wagt boldy. Suwam çekilip ugrady. Eger suwa oklamasam ölerler.

Ýaşuly haýran galýar:

– O diýýäniň dogry-la welin, kenarda ýatan müňlerçe deňiz ýyldyzy bar. Birnäçesini deňze oklanyň bilen üýtgeýän zat barmy?!

Ýaş ýigit ilk-ä sesini çykarman ýaşulyny diňleýär, soňam aşak eglip, guma bulaşyp ýatan deňiz ýyldyzlarynyň ýene birini alagada deňze zyňyp goýberýär:

– Ine, ýaňky deňiz ýyldyzy üçin gaty kän zat üýtgedi.

Mugallym çagada «kämilleşdirilmäge taýýar ukybyň» bardygyndan habarly bolmaly. Eger şol ukyp gowy kämilleşdirilse, il-gün üçin bahasyna ýetip bolmajak hazyna öwrülýär, gowy kämilleşdirilmese bolsa, il-günüň başyna düşen betbagtçylyga öwrülýär. Iň rehimsiz zalymlar hem geçmişde bigünä çagajykdy ahyryn.

Her kim näme bilim alan bolsa, şony miwe berýär. Mugallym hökmünde nä derejede uly iş bitirýändigimize biz juda ýagşy düşüneliň. Aýlyk haklarymyz näçe az bolsa-da, öz islegimiz boýunça göwün halan ýerimizde işläp bilmesek-de, kä ýerlerde janymyza howp abanýan bolsa-da, okuw maksatnamasyny durmuşa geçirmekde bilim bölüminiň hünärmenleriniň kesgitlän çäginden çykyp bilmeýän bolsak-da, iň bir zerur şertler köplenç ýeterlik döredilmän, hatda «ýok» diýiljek derejede az bolsa-da, halas edilmeli deňiz ýyldyzlary biz mugallymlara garaşýar.

Galyberse-de, ýatdan çykarmalyň, ene-atalar öz çagalaryny bize ynanýarlar. Hiç bir ene-ata çagasyny «kemsidiň» ýa-da «uruň» diýip mekdebe ugradýan däldir.

Her bir çaga ene-atasy üçin aňrybaş gymmatlydyr. Hiç kim çagasynyň ynjamagyny, şowsuzlyga uçramagyny isleýän däldir. Her bir ene-ata, elbetde, çagasynyň gowulygyny tama edýändir.

«Çagamyň eti seňki, süňki meňki» diýip, hemme jogapkärçiligi mugallymyň gerdenine ýükleýän köne düşünje nädogrudyr. «Mugallym, biz-ä şuny urmaga-da maý tapamzok. Gaýrat et-de, özüň biziň ýerimize-de eýini ýetireweri!» diýip çagasyny mugallyma tabşyrýan ene-atalar indi ýok. Şu wagtky ene-atalar mugallymyň çagasyna nämeleri öwredýändigine üns bilen gözegçilik edýärler. Hut, şu sebäpli-de, mugallym olaryň elýetmez hazynalary bolan çagalaryny öz perzendi ýaly görmeli, okuwçylaryň her birine şol göz bilen garap, şeýle çemeleşmelidir.

Taýýarlan, terjime eden Şatlyk Hudaýberdiýew

Edebiýat, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir