Pariždäki bu muzeý 60000 m2 ýeri eýeleýän dünýäniň iň uly muzeýidir. Ol Parižiň taryhy ýadygärligi hökmünde kabul edilip, XII asyrda gurlan Luwr köşgüniň bir bölegidir. Luwr – bu diňe bir ajaýyp arhitektura ýadygärligi bolman, eýsem ol fransuz korollarynyň köşgi, dünýäniň iň abraýly adygan muzeýleriniň biridır.

1981-nji ýylda Fransiýanyň Prezidenti Fransua Mitteranyň karary esasynda Luwrda giň gerimli restawrasion işleri başlanýar. Onuň iň gadymy bölegi (baş binasy) dikeldilýär.

1985-1989-njy ýyllarda Napoleonyň köşgüniň öňünde täze zallary we howlyny köşk bilen birikdirýän meşhur piramida gurulýar. Onuň awtory asly hytaýly amerikan arhitektory Ýoh Ming Pi. Piramidanyň beýikligi 21 metr bolup, onuň töweregini fontan gurşaýar, fontanyň daşynda ýene-de kiçiräk üç sany piramida ýerleşýär.

Meşhur italýan suratkeşi Leonardo da Winçiniň dünýä belli eseri “Mono Liza” (Jokonda) Luwruň merjeni hasaplanýar. Suratkeş florensiýaly bankir Françesko della Jokondanyň buýurmasy boýunça onuň aýaly Mono Lizanyň portretini çekýär. Bu uly bolmadyk eseriň üstünde suratkeş dört ýyla golaý işleýär. 1911-nji ýylda “Mono Liza” Luwrdan ogurlanýar. Ony muzeýde agaç ussasy bolup işleýän Françenso Peruja atly italýan ogurlaýar. Iki ýyldan soňra, 1913-nji ýylda surat tapylýar we ol Luwra gaýtarylyp berilýär. Jenaýatçy Napoleon Bonapart tarapyndan bikanun getirilen bu kartinany diňe Italiýa gaýtarmak maksady bilen ogurlandygyny düşündirýär.

Nike grek mifologiýasynda ýeňşiň hudaýy hasaplanýar. Ol ähli söweşlerde, gimnastika we saz ýaryşlarynda, dini dabaralarda üstünlik gazandyrýan hudaý hökmünde görlüpdir. Nike Samofrakiýanyň heýkeli 1863-nji ýylda fransuz arheologlary tarapyndan Samofrakiýa adasyndan tapylýar. Ençeme bölejiklerden ybarat bolan bu heýkel seresaplyk bilen ýygnalýar. Emma arheologlara onuň kellesini we elini tapmak başartmaýar.

Häzirki wagtda Luwruň ýygyndylarynyň sany 400.000 eksponatdan ybarat. Olaryň 35.000 müňden gowragy muzeýiň 200-e golaý zallarynda sergilenýär.

HÄZIRKI WAGTDA LUWR MUZEÝINIŇ IŞ TERTIBI

Muzeý her gün sagat 9.00-dan 18.00-a çenli işleýär.

Dynç günleri: her hepdäniň 2-nji güni hem-de 1-nji ýanwar, 1-nji maý we 25-nji dekabr günleri.

Muzeý hepdäniň 3-5-nji günleri sagat 9.00-dan 21.45-e çenli işleýär.

Giriş petekleriniň bahasy: günüň dowamynda Luwruň ähli ekspozisiýasy üçin her adama 10 ýewrodan 14 ýewro çenli.

Her aýyň birinji ýekşenbesi we 14-nji iýul güni muzeýe giriş tölegsiz (mugt).

18 ýaşa çenli çagalar üçin muzeýe giriş hemişe tölegsiz. 18-25 ýaşlylar üçin her hepdäniň 5-nji güni sagat 18.00-dan soňra tölegsiz.

Taýýarlan Ogulşat Berdiýewa

Bilim, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir