Miladydan öňki 475–221-nji ýyllar Hytaýyň taryhynda Çžango (Uruşýan patyşalyklar) döwri diýlip atlandyrylýar. Bu döwürde daşky duşmanlardan goranmak üçin Beýik Hytaý diwary gurlup başlanyp, milady 608-nji ýyla çenli dowam edipdir. Onuň gurluşygyna millionlarça adamlar gatnaşypdyr. Bu diwar umuman Hytaýyň demirgazyk günbaryna uzalyp gidýär. Huwanhe derýasyny hem bölüp geçýän bu diwar, Hytaýyň günorta-günbatar tarapyna-da uzalyp gidýär.
Han nesilşalygy (m.ö. 206 – miladynyň 220‑nji ýyllary) döwründe diwar günbatara tarap, Dunhuana çenli uzalypdyr. Şol döwürler söwda kerwenlerini daşky çozuşlardan goramak üçin gum içinde serhet diňlerini hem gurupdyr. Diwarlar daş plitalar, daş we kerpiç bilen örtülipdir. Bu diwaryň ýumurylan ýerleri bilen birlikde umumy uzynlygy 8851 kilometre barabardyr. Häzir ýumurylman galan diwaryň uzynlygy bolsa 2500 kilometr töweregidir. Diwaryň aglaba ýeriniň beýikligi 4-6 metr töwergi bolup, galyňlygy 7 metrdir. Beýik Hytaý diwarynyň her 200 metrinde gözegçilik edilýän diňleri bolupdyr.
Beýik Hytaý diwaryny hytaýlylar, Oguz kowumlarynyň çozuşlaryndan goranmak üçin gurypdyrlar. Esasanam Hun türkmen döwletiniň çozuşlaryna garşylyk görkezip bilmeýändikleri üçin gurupdyrlar. Diwaryň gurulmagynyň ýene-de bir maksady uruşlardan gaçyp gidýän hytaýlylaryň gaçmagynyň öňüni almak üçin gurupdyrlar. Bu taryhy ýadigärlik, 1986-njy ýylda bütindünýä mirasynyň ÝUNESKO tarapyndan ýöredilýän sanawyna goşuldy. Bu desga 2007-nji ýylda “Dünýäniň Ýedi Täsinlikleri”-niň sanawyna hem goşuldy.