Ebu Hanyfa Ymam Agzamyñ asly we künýesi
Ebu Hanyfanyñ kakasynyñ ady Sabyt bolup atasy Zutanyñ (ýa-da Zewta) kabylasy Eýran eýeleneninden soñ musulmanlar tarapyndan ýesir alynypdyr. Gysga wagtyñ içinde ýesirlikden halas bolup azat edilende musulman bolupdyr we ata-watany Käbilden Yslam medeniýetiniñ ilkinji merkezlerinden bolan Eýrana ýakyn bolan Küfe şäherine göçüp barypdyr (1). Atalary Sasany döwletinde döwlet wezipelerinde işlän adamlar bolupdyr(2).
Ebu Hanyfanyñ atalarynyñ ata watany bolan ýurdunda şol wagtlar türkmenler bilen birlikde birnäçe musulman taýpalarynyñ ýaşandygyny nazara alsak onuñ aslynyñ Türkmen bolandygyny çaklamaga esas bar(3).
Atasy Zuta Küfede Hezreti Aly (Alla ondan razy bolsun) bilen duşuşypdyr we ony örän gowy görüp gezipdir.
Şol wagtlar Nowruz baýramy ýetip gelendigi üçin Hezreti Ala Paluza hödür edipdir. Hezreti Aly hem onuñ ogly bilen bile ony gowy görer eken.
Sabyta haýyrly bir ogul bermegi üçin oña we zürýadyna Alladan doga-dileg edipdir(4).
Kakasy Sabyt bolsa öz erkine musulman bolup dogulypdyr we çagalygynda Hezreti Alyny görüpdir, bu bolsa onuñ tabygyn hasap edilmegidir (5). Köpleriñ çaklamagyna görä ''Onuñ atasy Arap ýa-da Eýranly bolaýmasyn'' diýýän taryhçylar hem bar. Ýöne taryhçylaryñ köpüsiniñ pikiriçe Türkmen taýpalarynyñ Eýrana göçüp gelenleriñ maşgalasyndan bolupdyr.
Büs-bütin alymlaryñ bir agyzdan aýtmaklaryna görä Ymam Agzamyñ hezretleriniñ ady Nugmandyr (Muuman). Nugman diýmekligi sözme-söz terjime edilende ''Bedeni dim-dik saklaýan jan'' diýmekligi añladýar. Başga manysyny ýorumlaýjylaryñ aýtmaklaryna görä Owadan, ýakymly ysly gül ýada leýlak güli diýmekdir.
Ebu Hanyfa künýesiniñ dakylmagyna seretsek ''Hanyfe'' Hanyf sözünden gelip çykan ''Musulman we ybadat eden'' manyny berýär.
''Hanyf'' sözi Yrak lugadynda bir bölek syýa galamy (dip /ruçka/) añladýar. Ymam ýazgy ýazmak üçin ýanyndan syýa galamyny hiç aýyranok eken.
Şol sebäpdenem bu künýe bilen tanalmaga başlapdyr.
Käbir kişiler: ''Ymam Agzamyñ Hanife atly gyzy bolany üçin kakasyna şol lakam geçipdir'' diýýänleriñ sözleri dogry däl diýip hasap edýäris. Sebäbi
Ymam Agzamyñ ogly Hammadan başga perzendi bolmandyr.
Taryhçylar Ymamyñ bir perzendiniñ bolandygyny, onuñam Hammadan başga adam däldigini belläpdirler(6)
Çeşme:
1. Professor Doktor Muhammed Ebu Zehra, Yslamda Fıkhy Mezhepleriñ Taryhy sah-207 .
2. Professor Doktor Mustafa Uzunpostaljy, Ebu Hanife, 10/131.
3. E. R. Fyglaly, Ygtykady Yslam Mezhepleri, sah-60.
4. Ebu Zehra, Ebu Hanife, sah-23;
Yslamda Fykhy mezhepleriñ taryhy sah-208.
5. Heýsemi, Haýratul-Hisan, sah-77; (ondan başga-da H. Karaman, Yslam Hukuk taryhy, sah-185.
6. Heýtem, Menäkybi Imami Aazam sah-53.
Enes Selim
Terjime eden: Peşeñ ogly Afrasyýap