Gadymy dünýäniñ her bir halkynyñ öz medeniýeti, öz edim-gylymy, däp-dessury bar. Her bir halkyñ öz çokunan hudaýlary, bolupdyr. Halkyñ şol çokunan hudaýlarynyñ arasyndaky meñzeşlikleri dünýä rowaýatlarynyñ, mifleriniñ biri-birine gabat gelýän ýerleri bar.
Şol halklaryñ içinde-de biz türkmenleriñ öz çokunýan Tañrymyz, dünýä derejesinde baý mifologiýalarymyz, rowaýatlarymyz bolupdyr.
Gadymy Türkmenleriñ ynanjy şol Gök Tañry diýilýän ynanjynyñ başynda Gaýry han atly Tañry bolupdyr.
Gaýry han ýaradyjy we ilkinji
bolup, Tañrylaryñ iñ ulusy we başlangyjy bolupdyr.
Hemme zady ýaradan beýik üstünligi bar. Ol gögüñ onýedinji gatynda oturýardy.
Beýleki tañrylary hem ol döredipdir. Beýleki Tañrylaryñ ýanynda ol öz emirlerini ýerine ýetirdip bilýän eken.
Eger şeýle bolsa biziñ yslam düşünjämize görä Gaýry han beýleki döreden tañrylaryna perişde diýip düşünmek bolar. Sebäbi Yslamdan öñki döwürlerde Türkmen medeniýetinde perişde, melek diýilýän zat ýokdy.
Gaýry han hemme zadyñ ýazgydyny ýazyp goýýar. Ýagşylygy gowy görýär.
Ýer ýüzüni ýaradanyndan soñ dokuz şahaly bir pyntyk dikdiripdir. Şol pyntyk ýer bilen gögi biri-birine baglanyşdyrýan ýaşaýyş bagy bolup şoña hem ''Ulug kaýyn'' ady berlipdir.
Adamzadyñ atasy bolan dokuz kişi bu bagyñ şahalaryndan döräpdir we dokuz taýpa şolaryñ neslinden emele gelipdir.
Gaýry hanyñ döreden; Ülgen, Mergen we Gyzagan atly üç oglany bolupdyr.
Ülgen Ýagşylygyñ we merhemetiñ, Mergen ylym-bilimiñ, hikmetiñ eýesi hasaplanypdyr.
Adam keşbinde suratlandyrylmadyk Gaýry han Gyşyna ýer ýüzünde, Ýazyna bolsa Gök äleminde geçirýär. Gerek ýerinde adam keşbinde hem görünip bilýär eken. Ol adam keşbine girende köplenç uzyn donly, kellesinde matadan edilen börük ýaly telpegi, ok ýaýly we haýbatly görnüşde görenýär eken.
Her dürli reñklerde ýyldyrym çakdyrýar. Eger kimdir birini ýyldyrym çaksa şol kişi Şaman bolup ýetişermiş.
Käbir çeşmeler we alymlar Gaýry hany Gara han bilen çalşyrýarlar.
Gaýry hany Gara han bilen deñ görmeli däldir. Ýagny Gaýry han bilen Gara han ikisi aýry Tañrylardyr.
Gaýry hanyñ ýaradanlarynyñ arasynda bir kişi bardy. Ol Ýer şaryny ýaratdy. Onuñ diñe ýeri ýaratmaga gurby çatýardy. Ol şonda betnebislik bilen ýaradan Ýerinden bir az alyp agzyna salyp Asmana dolanyp bardy. Gaýry han onuñ şeýle etjegini bilýärdi. Gaýry han onuñ dil ýarman gezişini hem bir hili gördi. Ol agzynda gizlän şol topragy bilen özüne mekan ýasanmak isleýärdi. Emma hemişe Gaýry hanyñ mydama ýanyndagyny, özüni görüp durandygyny soñ bilýär. Soñra ol gönüden göni Keramatly Gaýry hana garşy gidip bäsleşip başlaýar. Adamlary azdyryp, aldap, miweli bagyñ Gün düşmeýän tarapyndaky miweleri iýdirýär. Munuñ üçin ol üç gat ýeriñ aşagyna oklanýar. Gaýry han Tañry oña Erlik adyny berýär. Gaýry han adamlara Erligiñ aýdanyny edeni üçin iýmiti özleriniñ gözlemelidigini aýdyp Ýeriñ üstüne ugradýar. Özi bolsa asman gurup şol ýerde ýaşaýar.
Gaýry han ýere Gök oglany iberýär. Ol adamlara köp zat öwredip, kömek edýär. Erlik Gök oglanyñ arada durmagy bilen Gaýry hanyñ günäsini geçmegi gazanýar.
Erlik Garýa handan özüne asman ýasanmaga rugsat bermegini soraýar. Rugsat alyp asman ýasanyp, keýpi-sapada ýaşap ol ýene-de adamlara ýamanlyk edip başlaýar. Keramatly Gaýry hanyñ tabşyrygy boýunça onuñ gowy görýän guly Uly Kişi Erligiñ asmanyny ýumurýar.
Aýdylmagyna görä Ýer şary tekiz eken. Ýöne Uly kişiniñ ýumuran asmany Ýere gaçyp depeler, daglar emele gelipdir. Gaýra han Erligi ýedi gat ýeriñ aşagyna salmagy Günüñ hem Aýyñ ýagtysyndan mahrum etmegi tabşyrýar. Soñra Gaýry han Göge çykýar. Ýerine gök ogly Gün Aşany, Uly kişini galdyrýar. Olar adamlara kömek edýärler. Ölenleriñ ruhlaryny Erlige bermän Tañra äkidýärler. Adamlara kän zady öwredip ýagşylygy ündeýärler.
Gaýry han Gögüñ on ýedinji gatyna çykyp oturdy.
Jeksparro