— Bäh, fizika mugallymymyz bir gürrüňinde, «Jisim gyzanda ulalýar, sowanda-da kiçelýär» diýipdi welin, ugrunda bar ýaly-la-haw şoň?!
— Hä, näme üçin beý diýýäň?
— Aý, häli günortanlar howa yssyka kepkam kellämi çalaja gysyp durdy, indi salkynladam welin halparyp du-ur…
***
Eger-de düýşüňizde hajathana görseňiz, ulanaýmaň! Ol — duzakdyr!
***
— Şu gün mugallymyma öz ýazan goşgularymy okap berdim.
— Oňaraýypsyň! Oňa geregem şo-da!
***
— Kaka, matematikadan ikilik aldym…
— Näme üçin?
— Şo x-i tapyp bilmedim.
— Bäh! Şu wagtam tapylanokmy şol x?!
***
Kontaktymda käbir adamlaryň adyna «Işi düşdi» diýip belleýän. Onsoň jaň edýärler welin, «işi düşdi» diýip alamok…
***
— Öňräk mekdebimizde zähmet mugallymymyz bilen bedenterbiýe mugallymymyz uruşdy.
— Ýeri onsoň? Kim basdy?
— Elbetde, zähmet mugallym! Karate-de karatedir welin, çekijem çekiç-dä!
***
— Tüweleme! Öýlenenligiň bildirýär-ow! Eşikleriň arassaja, ütüklengije…
— Hawa, aýalymyň ilki öwreden zady şü-ü!
***
Bir gezek öýde matematikadan öý işimi edip duranymy görüp ejem begenjinden aglady. Indi men bular ýaly zady hiç wagt gaýtalamaryn! Ejemiň aglaýşyny görmek maňa hemme zatdanam agyr degýär…
MrOKaS 5 years ago- 👍👍👍 mlds.