Adamyň daýanç-hereket ediş ulgamynyň ösüşi. Skelet we myşsa adamyň düwünçeginde emele gelip başlaýar. Olaryň ösüşi, esasan hem, çagalyk we ýetginjeklik döwründe bolup geçýär. Myşsalaryň iň çalt ösýän wagty 14–17 ýaş aralygyndadyr. 18 ýaşda eýýäm myşsanyň göwrümi uly adamyňky ýaly bolýar. Täze dogan çaganyň myşsalary örän gowşak bolýar. Olar uzak wagtlap ýygrylmaga ukyply bolmaýar. Çaga ösüp ulaldygyça, onuň myşsalary güýçlenýär. Süňkleriň kadaly kämilleşmegi myşsalaryň ösmegi bilen baglanyşyklydyr. Myşsalaryň siňirleriniň süňklere berkleşýän ýerlerinde süňk büdür-südürleri, güberçekler, gerişler emele gelýärler. Olar özlerine birleşýän myşsalar näçe güýçli bolsa, şonça-da uludyr. Çünki süňk haýsy tarapdan gysylsa we dartylsa, şol tarapa hem güýçleri ösýär. Şeýlelikde, bedeniň myşsalary näçe güýçli ösen bolsa, skeletler hem şonça berk bolýar. Şeýle bolsa-da, bogunlara köp agramyň düşmegi olarda agyrynyň peýda bolmagyna, olaryň kesellemegine eltýär. Meselem, çakdanaşa semizlikden bedeniň agramy artýar, bogunlaryň üstüne düşýän basyş köpelýär. Bu çagalyk döwründe daýanç ulgamynyň kemala gelmegini bozýar, uly adamlarda bolsa bogunlaryň kesellemegine eltýär. Artykmaç semremeklik el-aýagyň gan bilen üpjün edilişini, bogunlaryň dokumalarynyň iýmitlenişini ýaramazlaşdyrýar.

Myşsalary türgenleşdirmegiň ähmiýeti. Fiziki zähmet, bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanylsa, myşsa süýümleri çalt ösýär, ýognaýar, adam güýçli, çalasynbolýar. Türgenleşen adamlar işe ukyply, çydamly bolýarlar, sebäbi myşsa süýümleri näçe köp iş etdikleriçe, gan olara şonça-da ýokumly maddalary köp getirýärler. Bu bolsa myşsa süýümleriniň ösmegini we ýognalmagyny üpjün edýär. Myşsa süýümleriniň ösmegi süňkleriň ösmegine hem ýardam edýär. Şonuň üçin hem çagalykdan fiziki maşklar bilen meşgul bolmak, mekdebiň okuw-tejribe meýdan- çasynda, mekdep ussahanasynda işlemek, synp otagyny arassalamak, öýde zerur işleri ýerine ýetirmek örän möhümdir. Bularyň hemmesi bedeniň fiziki taýdan ösmegine, saglygyň berkemegine ýardam edýär. Myşsalaryň işiniň kämilleşmegi birnäçe synalar ulgamynyň, meselem, ýürek-damar ulgamynyň, dem alyş synalar ulgamynyň işjeňlikleri bilen baglanyşyklydyr. Meselem, dokumalara kislorodyň köp barmagy öýjüklerdäki biohimiki täsirleşmeleri çaltlandyrýar, madda çalşygy tiz geçýär, organiki maddalar we energiýa köp emele gelýär. Bu bolsa myşsalaryň ösmegini güýçlendirýär. Beýik rus fiziology Iwan Petrowiç Pawlow 86 ýaşynda aradan çykdy. I.P.Pawlow ömrüniň ahyryna çenli fiziki taýdan berk, işe örän ukyply bolup ýaşady. Onuň mydama şähdi açyk boldy. Ol: «Bütin ömrümde men akyl hem fiziki zähmeti söýdüm, megerem, ikinjisini has güýçli söýýärdim» diýip ýazýar. Hakykatdanam, mellekde peljagazlaryň içini depip ýörenine, lyžada çalt ylgap, welosipedli bolsa gezelenç edip ýörenine köp duş gelmek bolýardy. Fiziki işjeňlik we bedeni bişişdirmek saglygy saklaýar we berkidýär. Şonuň üçin hem «Sagdyn beden – sagdyn paýhasyň önümidir» diýlen halk arasyndaky ýörelgeden ugur alynmalydyr.

Oňurgalygyň egrelmeginiň we ýasydabanlygyň öňüni almak. Adamyň bedeniniň dikligini, esasan, oňurga sütüni we myşsalar üpjün edýärler. Bedeniň dik ýagdaýda bolmagy üçin myşsalaryň, esasan hem, arka we beýleki myşsalaryň ähmiýeti has uludyr. Myşsanyň ösmegi süňküň kadaly ösmegi üçin örän möhüm şertdir. Ýerine ýetirilýän maşklaryň arasynda myşsalary ösdürýän görnüşleri hem köpdür. Meselem, oňurgalygy saga-çepe egmek, göwräni töwerege aýlamak hereketi, öňe egilmek, yza gaýyşmak bilen bagly bolan maşklar şolara degişlidir. Adamy dik halda saklaýan myşsalar diňe bir egiji myşsalaryň güýjüne däl, eýsem, olara täsir edýän agyrlyk güýjüne hem garşy durmaly bolýar. Şol myşsalary türgenleşdirmek adamyň syratly, owadan, gelşikli, sagdyn we işe ukyply bolmagyna ýardam edýär. Şeýle adamlaryň ýagyrnysy göni, egni ýaýraň, döşi gerimli, başy dik bolýar. Ýygrylan we gysylan eginler, çökgüt döş içki synalaryň, ýagny ýüregiň, kelle beýnisiniň, gan damarlarynyň işleýşini kynlaşdyrýar. Adamyň bedeniniň dogry, syratly bolmagy dogabitdi berilmeýär, ol ösüşiň çagalyk we ýetginjeklikdöwürlerinde gazanylýar. 18 ýaşdan soň bolsa bedeniň ýetmezçiliklerini düzetmek örän kyn bolýar. Çagalyk we ýetginjeklik döwürlerinde, entek oňurgadaky kitirdewük dokuma heniz süňk bilen doly çalyşmanka, stoluň başynda hat ýazylanda dogry oturmak örän möhümdir. Okuwçy birsyhly nädogry oturýan ýa-da nädogry ýagdaýda işleýän bolsa, onda onuň oňurgalygynyň egrelmegi mümkin. Oňurgalygyň egrelmegi içki synalaryň işleýşini kynlaşdyrýar. Ýaş çagalar we ýetginjekler öz güýçleriniň ýetjeginden agyrrak ýüki köpräk göterseler ýa-da beýik ökjeli aýakgap geýseler, olaryň dabanynyň nädogry ösmegine, ýagny dabanynyň gümmeziniň ýasylanmagyna – ýasydabanlyga eltýär. Semizlik hem ýasydabanlygyň ösmegine ýardam edýär. Ýasydabanlyk öz käri bilen baglanyşykly uzak wagtlap aýak üstünde durmaly ýa-da ýöremeli bolýan uly adamlarda-da emele gelmegi mümkin. Ýasydabanlylykdan ejir çekýän adamlar ýöränlerinde we duranlarynda olaryň dabanlarynyň gümmezinde agyry peýda bolýar. Oňurgalygyň egrelmesiniň we ýasydabanlygyň öňüni almak üçin birnäçe düzgünleri berjaý etmeli, ýörite fiziki maşklary ýerine ýetirmeli. ýörite düzediji maşklary ýerine ýetirmeklerini maslahat berýärler. Bu maşklar nädogry hereket etmek netijesinde bedende emele gelen we gelýän nädogry özgerişleriň aýrylmagyna kömek berýär. Fiziki maşk bilen meşgul bolmagyň zerurdygyny, küýkermeli däldigini, bükülip ýatmak bolmaýandygyny, örän agyr zatlary götermeli däldigini, hatda ýeňilräk ýüki daşanyňda hem agramyň iki ele-de deň düşmekligini, oturgyçda göni oturmalydygyny, hat ýazan wagtyňyzda, ussahanada işlän mahalyňyzda gapdala gyşarmak we bir egniňizi mydama ýokary galdyrmak bolmaýandygyny, dar we beýik ökjeli aýakgaplary geýmegiň zyýanlydygyny ýatda saklaň.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Biologiýa” dersi boýunça okuw kitaby

Bilim, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir