Mariýa Şarapowa – Amerikada ýaşaýan meşhur rus tennisçi. Ol iki Grand Slam-yň, ýagny 2004-nji ýylda Wimbldon we 2006-njy ýylda ABŞ açyk tennis bäsleşiginiň eýesidir.

Mariýa Ýuriýewna Şarapowa 1987-nji ýylyň 19-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Nýagan şäherinde dünýä inýär. Kakasy Ýuriý Şarapow, ejesi Ýelena Şarapowa. Mariýa heniz üç ýaşyndaka maşgalasy bilen Soçi şäherine göçýär. Bir ýyldan soňra bolsa meşhur rus tennisçisi Ýewgeniý Kafelnikow tarapyndan kakasyna sowgat edilen raket bilen ilkinji gezek tennis topuna urýar. 6 ýaşyndaka kakasy ony Moskwadaky tennis akademiýasyna alyp gidýär. Şarapowa şol ýerde meşhur tennis oýunçylaryndan Martina Nawratilowa bilen oýnamak mümkinçiligine eýe bolýar. Nawratilowanyň beren maslahaty hem-de kakasynyň goldawy bilen Amerika göçýär.

Ol 7 ýaşyndaka kakasy kiçijik Şarapowany alyp, Amerikanyň Florida ştatyna gidýär we kyn ýagdaýda bolmagyna garamazdan, tapanja puly bilen gyzyny «Nick Bollettieri» Tennis Akademiýasyna ýazdyrýar.

Çagalygynyň Amerikada geçmegine garamazdan, ol rus raýaty bolup galýar. Ýokary okuw jaýyny okamadyk. Hatda orta mekdebi hem onlaýn, ýagny internet üsti bilen tamamlaýar.

Kakasy hem Amerikada iş tapyp işläp başlaýar. Ejesi bolsa gyzynyň ýanyna wiza alyp bilmändigi sebäpli, iki ýyldan soň baryp bilýär. Mariýa Şarapowa resmi görnüşde tennis karýerasyna ilkinji gezek 2001-nji ýylda başlaýar. Kiçileriň bäsleşiginde 25 oýunda ýeňiş gazanyp, diňe 3 oýunda duşuşygy ýeňliş bilen tamamlaýar. Soňra bolsa ýeňişler yzly-yzyna gelýär.

Kiçikä nähili ukybynyň bardygyny subut eden Şarapowa «IMG» firmasy hemaýatkär bolýar we ähli okuw hem-de bäsleşik çykdajylaryny öz boýnuna alýar. Özünden uly iki sany gyz bilen umumy ýaşaýyş jaýynda galmaly bolan Mariýa iňis dilini gysga wagtda özleşdirýär, şeýlelikde töweregindäki adamlar bilen has hem gowy ysnyşýar. Şarapowa 2004-nji ýylda, on ýedi ýaşyndaka, Lottie Dod we Martina Hengisden soňra Wimbldon aýallar çempiony bolan üçünji iň ýaş tennisçi adyny alýar.

Şarapowa çärýek finalda Ai Sugiýamany (5-7, 7-5, 6-1), ýarym finalda Lindsay Dawenporty (2-6, 7-6, 6-1) we final oýunda yzly-yzyna iki gezek çempion bolan Serena Williamsy (6-1, 6-4) ýeňip, «Open Era» bäsleşiklerini gazanan iň ýaş ikinji oýunçy bolmagy başarýar. Mariýa Şarapowa Wimbldon bäsleşiklerini gazanan ilkinji rus raýatydyr.

Şarapowa 2004-nji ýylyň iýun aýyndan 2005-nji ýyldaky Wimbldon ýarym finallaryna çenli yzly-yzyna 22 oýunda ýeňiji bolýar. Wimbldonda ýeňiş gazananyndan soň, 2005-nji ýyldaky Awstraliýa Açyk Tennis bäsleşiginde ýarym finala çenli çykýar, emma Serena Williamsdan 2-6, 7-5 we 8-6 hasaby bilen ýeňilýär.

Ilkinji gezek 2005-nji ýylda WTA sanawynda birinji orunda durmagy başaran Şarapowa ýerini bary-ýogy bir hepde saklamagy başarýar we ornuny Lindsay Davenporta berýär. 2005-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bolsa ABŞ Açyk ýarym final oýnunda ýeňilmegine garamazdan, täzeden birinji orny eýeleýär. Bu gezek ýerini alty hepde goramagy başarýar, soňra ýerini ýene-de Davenporta bermeli bolýar.

Mariýa Şarapowa yzly-yzyna dört gezek Grand Slam bäsleşiklerinde şondan öňki turlardaky şol Grand Slam çempionyndan ýeňilýär. Awstralian Açykda ýarym finalda Serena Williamsa , Fransuz Açykda çärýek finalda Justin Hennin Hardenden, Wimbldon ýarym finalynda Wenus Williamsdan we ABŞ Açykda ýarym finalda Kim Clijstersden ýeňlen Şarapowa bu düzgüni 2006-njy ýylda bozýar we Awstralian Açykda Justin Henninden ýeňilmegine garamazdan, bäsleşikde Amelie Mauresmo ýeňiş gazanýar.

2006-njy ýylda ABŞ Açykda ýaralanandygy sebäpli, Kim Clijstersiň bäsleşikden el çekmegi bilen 3-nji orunda başlan Şarapowa ýarym finalda WTA sanawynda 1-nji ýerde duran Amelie Mauresmony 6-0, 4-6, 6-4-luk utuklar bilen ýeňýär. Finalda bolsa Hennin Hardeni 6-4, 6-4 hasaby bilen ýeňip, ikinji Grand Slam bäsleşiginde ýeňiş gazanýar. Bu karýerasynyň 13-nji, ýylyň bolsa 3-nji bäsleşigi bolýar.

2 ýylyň dowamynda žurnalynyň ýüzüne tennis oýunçysynyň suratyny goýmaýan «Sports Illustrated» žurnaly sahabyny Mariýa Şarapowa bezeýär. 2004-nji ýylda «Vogue» žurnalynda edilen barlagda iň gowy görnüşde ady agzalýan sport zenany hökmünde tanalýar. 2005-nji ýylda «ESPN» žurnalynyň sahabyny bezän Şarapowa iýulda «Forbesiň» ýüzünde 18 million dollarlyk ýyllyk girdejisi bilen «Dünýäniň iň baý sport zenany» bolýar. «People» žurnaly tarapyndan «Iň owadan 50 kişiniň» arasynda görkezilen Şarapowa Laureus tarapyndan «Ýylyň sport zenany» saýlanýar.

Oýunlarynyň arasynda 100 desibeli geçýän sesi bilen meşhur bolan Mariýa Şarapowa şol sebäpli kän duýduryş alýar. Goşa el «backhand» ulanýar. Güýçli «backhand» we «forehand» uruşlary bilen tanalýar.

Mariýa Şarapowa 2008-nji ýylda Awstraliýa Açyk finalynda Ana Iwanowiçi 7-5 we 6-3 hasaby bilen ýeňip çempion bolýar. Bäsleşigiň dowamynda dünýäniň çempiony Justine Hennini 6-4 we dünýä dördünji orundaky tennisçisi Jelena Jankowiçi hem 6-3 we 6-1 hasaby bilen ýeňýär. 2012-nji ýylda Roland Garros finalynda italýan Sara Eranini 6-3 we 6-2 hasaby bilen 2-0 ýeňip çempion bolýar. Şunlukda, ähli Grand Slamlerde çempion bolan 6-njy aýal tennisçi bolup sport taryhyna adyna ýazdyrýar.

Mariýa Şarapowa egninden ýaralanandan soň, dünýä sanawynda ilkinji 20-likden çykýar. Ol 2009-njy ýylyň 13-nji aprelinden bäri sanawda 53-nji ýerde durýar. Başarjaň tennisçiniň ýeňişleri şulardan ybarat:

2003 ý. WTA Newcomer of the Year
2004 ý. WTA Ýylyň oýunçysy
WTA ýylyň iň köp ösüş gazanan oýunçysy
WTA (serwis) oýunçysy
2005 ý. ESPY Iň gowy aýal tennisçi
Russiýa Tennis Federasiýasy – Ýurduň iň gowy aýal oýunçysy
«Master of Sports of Russia» baýragy
Ol häzirki wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Florida ştatynda ýaşaýar.

Edebiýat, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir