Barnabasyñ Injili
Mesih diýilen Allanyñ Dünýä ugradan Täze pygamberi Isanyñ Hakyky kitaby: Hawaryç Barnabasyñ Düşündirişleri:
Mesih diýilýän Nasyraly Isanyñ habarçysy Barnabas, ýer ýüzündäki hemme adamzada ýaraşyk, rahatlyk we teselli dileýär.
Päk, beýik we uly Reb, beýik ylym we mugjyzalar merhemetinden şu soñky günlerde pygamberi Isanyñ arada durmagynda bize rehmet edýär. Şeýtan tarapyndan aldanan käbirleri bolsa dindarlyk perdesiniñ añyrsynda dinsiz ýol-ýörelgäni wagyz edip Isa Mesihe Allanyñ ogly diýmekde, Allanyñ soñsuza çenli emr eden çaganyñ pürçügini kesmegi (sünnetlemegi) red etmekde we her dürli (haýwanlaryñ) etlerini iýilmegine rugsat beren ㅡ birem bularyñ arasynda orun alan, Pawlus hem aldanyldy ㅡ halas bolsadyñyz şeýtan tarapyndan aldanmarsyñyz we Allanyñ hökmi öñünde günäkär bolmarsyñyz diýip Isa bilen duşuşyp gürrüñdeş bolan wagtlarymdaky hakykatlary ýazýaryn.
Şol sebäpden, saña ýazanym Täze Ähidi wagyz etjeklere üns beriñ, olaram ebedi halas bolanlara gowuşsyn.
Beýik Alla señ bilen bolsun, seni şeýtandan we hemme zatlardan gorasyn. Amin.
1. Bu ilkinji bölümde, perişde Jebraýyl Merýeme Isanyñ dünýä geljegini habar berýär
Bu soñky ýyllarda Ýahudy (ysraýylogullary) kowmundan bolan Dawudyñ (pygamberiñ) neslinden Merýem atly hamyla bolan zenanyñ ýanyna Allanyñ ugradan perişdesi Jebraýyl geldi.
Günäsiz, aýypsyz, ybadat edip, oraza tutup ýören Merýemiñ öýüne Jebraýyl perişde geldi we: ''Alla seniñ bilen bolsun, eý Merýem'' diýip oña salam berdi.
Bu gyz perişdäni görende gorkdy; ýöne perişde şeý diýdi:
ㅡ Gorkma Merýem; çünki sen, seni ýürek hakykaty bilen kanunlaryna görä ýöresinler diýip Ysraýyl halkyna
ugradan bir pygamberiñ ejesi bolduñ, Allanyñ razylygyna gowuşdyñ.
Merýem şeý diýip jogap berdi:
ㅡ Indi men, hiç hili erkek bilmeýändigimi görüp dursa-da, nädip oglany dünýä indireýin?
Perişde jogap berdi:
ㅡ Eý Merýem; adam ýok wagty ony ýaradan Alla, senden ýanýoldaşsyz adamyny ýaratmaga güýji ýetýändir. Çünki onuñ üçin hiç zat kyn däldir.
Merýem şeý diýdi:
ㅡ Allanyñ hemme zady başarýandygyny bilýärin: eger şeýle bolsa aýdany bolar.
Perişde jogap berdi:
ㅡ Indi pygamberi dünýä getirersiñ, Adyna Isa goýuñ we ony şerapdan, güýçli içgilerden we iýilmeli däl etlerden gorañ, sebäbi çaga Allahyñ keramatly (guludyr).
Merýem baş atyp şeý diýdi:
ㅡ Allanyñ hyzmatyndaky bu gul, onuñ diýenlerini ýerine ýetirer.
Perişde gitdi we bu gyz Allaha tagzym edip sena aýtdy: ''Eý kalbym, Hudaýyñ beýikligini bil we eý ruhum, Halasgärim Rebbi söý, çüñki ol gyz hyzmatkäriniñ alçak göwünliligini bildi, indi men bütin milletleriñ içinde keramatly saýylaryn; çüñki başarnykly bolan (Alla) meni beýgeltdi, Onuñ keramatly adyny gaýtalaryn. Çünki onuñ rehmeti nesilden-nesile, ondan gorkanlar üçin ýaýylar. Hemme zady başaran onuñ (gudraty güýçli) goluny uzaltdy.
Güýçli bolany oturan ýerinden düşürdi we aşakda bolany beýgeltdi. Aç bolany gowy zatlar bilen doýurdy we baýlary eli boş etdi. Çünki ol Ybraýym (pygamber) we onuñ ogluna berilen sözlerini gyşarnyksyz berjaý eder'' diýdi.
2. Jebraýyl Merýemiñ göwreliligi hakda Ýusuba aýdyp bermegi
Allanyñ eradasyny duýan Merýem, göwreli bolany üçin özüne zyna töhmedi atylmaz ýaly adamlardan gorkup, dindar, agras başlykda ybadat edip agyz bekläp Allaha çokunyp gezen aýypsyz Ýusup atly öz neberesinden bolan birine durmuşa çykmagy saýlap aldy. Şeýlelikde ylahy teklibi oña-da aýan etdi.
Dindar biri bolan Ýusup, Merýemiñ hamyla bolanyna düşünip, Alladan gorkup, ondan aýrylmagy ýüregine düwdi. Şonda tañla ukyda wagty gulagyna: ''Eý Ýusup, näme üçin hatynyñ Merýemi terk etjek bolýañ?'' diýip Allanyñ perişdesi oña seslendi. We şeýle diýdi: ''Ýadyñda sakla oña näme bolan bolsa, Rebbiñ eradasy bilen bolandyr. Ol bir çaga dünýä indirer. Adyna-da Isa goýarsyñ; şerapdan, güýçli içgilerden we her dürli (iýmesiz) etleri iýmekden ony daş tutuñ, çünki ol, ejesinden dünýä gelen Allanyñ keramatly guludyr. Ol Judany (Ýehuda) öz kalbyna öwürsin. Ysraýyl kowmy Musanyñ Kanunynda ýazylşy ýaly Rebbiñ kanunynyñ ýolunda ýöresin diýip Ysraýyl halkyna ugradylan Allanyñ pygamberidir.
Ol Allanyñ özüne beren beýik kuwwaty bilen geler, uly keramatlar görkezer we onuñ bu görkezen keramatlaryndan köp kişi şypa tapar''.
Ukydan oýanan Ýusup Rebbe şükr etdi we bütin süññi bilen oña ybadat edip, ömür-boýy Merýemiñ ýanynda galdy.
3. Isanyñ dogulmagy we Rebbi öwen melekleriñ görünmegi
Şol wagtlar Sezar Awgustusyñ buýrugy bilen Ýahudylylara Hirodes höküm sürýärdi we Arma we Saýfa şäherlerinde-de Pilotus häkimdi.
Bütin dünýä kütüklerine ýazgyly bellik galdyrmakda her kim öz mülküne gidýärdi we ýagyly bellik üçin kabylalary bilen özlerini özlerini ýakyn hasaplaýardylar. Şol sebäpdenem Ýusup Sezaryñ buýrugy bilen ýazgy belligini amala aşyrtmak üçin Beýtleheme (bu ýer Dawudyñ neberesiniñki bolmak bilen öz şäheridi) gitmekçi bolup durka aýaly Merýem bilen birlikde Galileýiñ bir şäheri bolan Nasyradan aýryldy. Beýtlheme baran Ýusuba bu ýer kiçi göründi, şeýle-de kesekilerden doly bolany üçin ýaşamaga ýer tapman şäher daşynda bir çopanyñ çatmasynda ýerleşdi. Ýusup bu ýerdekä Merýemiñem doguş pursaty gelipdi. Merýem parlak nura gaplanyp hiç hili agyrysyz-sanjysyz çagajygy dogurdy, gujagyna alyp gundagyna sarady we samanlykda ýatyrdy. Çüñki bu ýerde samandan başga hiç zat ýokdy. Birnäçe perişde Allanyñ buýrugy bilen Alladan gorkanlara salam berip begenip geldiler.
Merýem we Ýusup Rebbe Isanyñ dogulany üçin sena aýtdy we soñsuz şadyýanlyk bilen çagany gujagyna aldylar.
(dowamy bar)
Gurban93 5 years ago- Berekella dost! Aperin saňa. Hakykat gün ýalydyr ahyrynda dogar.