Meşhur Türkmen Serkerdeleriniñ aýdanlaryndan
Är sözi äre diýiler.
***
Ýigidiñ bakyşy gorkagyñ gylyjyndan kesgir bolmalydyr.
* * *
Hak üçin hakdan gaýry ýola düşmeris.
***
Ýylana gapynyñ bary-ýogy des deñ.
***
Müñ derdim bar, dermany güýjümde, güýjümem imanymda.
***
Bir syry gorap bilmedik, hiç kimsäni gorap bilmez.
***
Ömrümde zenana el galdyrmadym. Ýaradan meni ol utanja rowa görmesin.
***
Wagt ähli zadyñ dermanydyr, Ýalñyşlary-da görkezer, dogrulary-da.
***
Adalat pyşdyl ýalydyr, barjak ýerine ir-u-giç barar.
***
Ýaralarym meniñ hormat nyşanymdyr.
***
Arslan gapana düşse, şagallar dişini çarhlarmyş.
***
Mermer ýonulmasa, ynsan ýalñyşmasa kämilleşmez.
(Ärtogrul Gazy)
_________________________________
Söweşi halaýaryn, çünki soñunda ýeñiş bar.
***
Size şeýle bir Watan tutdym, ol ebedilik siziñki boljakdyr.
***
Bütin obalara, şäherlere jar çekiñ! Goý, meniñ halkym habarly bolsun,eger Çagry beg ogly Soltan Alp Arslan bu söweşde ýeñlip, halkynyñ ar-namysyny gorap bilmese, ýaşaýyş onuñ özüne-de merk bolsun!
***
Soltan Alp Arslan 27 müñ leşgeri bilen Wizantiýa topraklaryna gireninde, nökerleriniñ biri howsala düşüp: ''Soltanym, 300 müñ adamlyk agyr goşun bize tarap gelýär'' diýýär. Soltan Alp Arslan hiç dowla düşmezden ''Ýok tersine, biz olara tarap barýarys...'' diýipdir.
***
Meniñ ýeñşim esasy zat däl, garşydaşym ýeñilmelidir.
***
Garşydaşyñyza hiç wagt äsgermezçilikli çemeleşmäñ!
***
Ýüzleý maksatlardan ýüzleý netijeler emele geler.
***
Iñ uly ýeñiş öz nebsiñe erk etmekdir. Nebsine erk etmedik ynsanyñ ýagşysy, ilki bilen, öz nebsi bolar.
***
Jan bermekden heder etmeris, ýöne topragymyzdan asla bir garyş ýer bermeris.
***
Duşmanlar diñe bizden gutulmajaklaryna göz ýetirenlerinde, merhemet islärler.
(Alp Arslan)